KÜRÜŽDEÝLI BATYR
Bu kürüždeýli ýaşulyny Garrygala etrabynyñ at çapyşygynyñ janköýerleriniñ tanamaýany az-az bolsa gerek. Olar on-on iki ýyl mundan öñ "Öwez Heşrep ak telpek" diýseler, garaýagyzdan gelen daýaw, ak telpekli adamy görerdiler. Ol ýetmişi arka atýança hemişe işi aty bilendi. Ýöne şol wagtlar biz Öwez aganyñ gaty pajygaly wakalary başdan geçiren batyr bolanlygyny bilemzokdyk.
Öwez aga 16 ýaşynda obadaky kolhozda işe başlap, onuñ ody bilen girip, küli bilen çykyp, 8 ýyl zähmet çekenden soñ, turan nägehan uruş onuñ durmuşyna awy gatýar, gözel ülkesini taşlap, tutuş ýurdy basybalyjylardan goramaga gitmäge mejbur edýär.
Garadan gaýtmaz daýaw göwresini, gapak ýaly ýasy döşüni, çalasynlygyny, uzyn boýuny göz öñünde tutup, ony atly goşuna esgerlige alýarlar. Ol:
- Şol döwürde oba ýerlerinden urşa atlary hem alýardylar. Meni esbaply ata mündürip, ýola saldylar. Biz Gyzylarbat şäherine çenli atly gidip, ol ýerden otla münüp, Baýramaly şäherine bardyk. Bize harby bölümiñ komandiri Çary Ataýew uruş tälimlerini öwretdi - diýip gürrüñ berýär.
Öwez aga diñe at üstünde söweşmän, türkmen atly artilleriýasynda bolandygyny, uruş meýdanynda gaty agyr şertlerinde söweşendigini ýatlaýar.
Baýramalydan soñra Täjigistanda, Baku şäherinde atly harby tälimi kemsiz ele alandan soñ, Ö.Heşrebowyñ gulluk edýän harby bölümini Ukrainanyñ territoriýasyna geçirýärler. Ukrain halkynyñ başyndan geçirýän ejirli, gazaply günlerini gözi bilen gören Öwez agada duşmana bolan ýigrenç möwç alýar. Ol indi ýüregi bilen duşmany diñe ýeñmek däl, ony ýok etmegiñ küýündedi. Şeýle bolansoñ, dört ay çekýän 100 millimetrlik agyr topy işletmegem, her biriniñ agramy 16 kilogram bolan top okuny daşamagam esgerlere o diýen agyr düşenokdy. - Biz Dnepr derýasyny iki gezek eýeledik. Gaty güýçli ýaraglanan duşman derýany iji gezek hem bizden aldy. Faşist basybalyjylary derýanyñ añry kenarynda gaty uly berkitme guran ekenler.
Biz köp pidalar çekip, derýany ymykly eýeledik, duşmany has añry kowduk - diýip, Öwez aga tabak ýaly gözlerini asmana dikip; Ukrainanyñ tokaýlygynda gören horluklaryny ýatlaýar.
Hawa, olar duşmany ýok etmek üçin tokaýdan tokaýa surnugyp söweşýärdiler.
Sowukmy-yssy, ýagyşmy-gar, tapawudy ýok, hem çydamaly, hem duşman bilen garpyşmaly. Ine, şeýle söweşleriñ birinde bularyñ harby bölümi duşman gabawyna düşýär. Komandiriñ buýrugy şeýledi:
"Iñ soñky demiñe çenli söweşmeli, duşmana boýun egmeli däl!".
Bölümiñ esgerleri on bäş günläp duşmana boýun synman, tokaýda ondan-oña gaçyp söweşýärler. Agyr atly artilleriýanyñ oky tükenýär, ony hem ondan-oña süýräp ýörmäge indi asla mümkinçilik bolmaýar. Olar oksuz galan ýaraglaryny ýere gömüp, özleri partizanlarça söweşýärler. Ine, bir gije kiçeñräjik derýanyñ akymy bilen 5-6 kilometre gidip, dañdan bir ýerden kenara çykýarlar. Şonda olar duşmanyñ hüjümi astynda, zordan özümiziñkilere goşulýarlar.
Agyr ýagdaýlarda komandir Puşinskiý: "Türkmen, hany, Allany çagyr!" diýer eken. Ol bir gezek arakesme edip otyrkalar, graždanlyk urşy döwründe Türkmenistanda bolandygyny gürrüñ berýär. Ol şonda türkmenleriñ batyrlygyna haýran galypdyr, şu atly artilleriýa bölümine gwardiýa adynyñ ýöne ýere berilmändigini aýdýar we esgerleri gwardiýalarça söweşmäge çagyrýar.
Gwardiýa esgeri Öwez Heşrebow duşmanyñ diwiziýasynyñ ştabyna çozup, olary ýesir almakda görkezen batyrlygy üçin "Edermenligi üçin" diýen medala mynasyp bolýar.
Öwez aga söweşde taplanyp, ýeñşe sary öñe barýan günleriniñ birinde, duşmanynyñ sürenine ýetmäge - Berlin şäherine bary-ýogy 60 kilometr galanda, Oder derýasynyñ golaýynda uçardan taşlanan snarýadyñ ýarylmagyndan agyr ýaralanýar. Ol köp wagtlap harby gospitalda ýatýar, elini operasiýa edip, öñki ýagdaýyna getirjek bolýarlar, ýöne damarlaryñ üzülenligi zerarly, golak bolup galýar. Ol Ýeñşi gospitalda garşylap, şol ýylyñ awgustynda obasyna dolanyp gelýär.
Elbetde, bir eli çonak bolsa-da, ol urşy atly harby artilleriýada geçirenligi üçin, parahatçylykly günlerde-de bedew-atsyz ýaşap bilmedi. Ol ilki "Pobeda" kolhozynyñ (häzirki "Ýeñiş" d/b -t.b.) atyny seýisleýär, soñra göleli sygyr berip, ol aty satyn alýar, seýisläp at çapyşyklara goşýar.
Öwez aga kolhozda ferma müdiri bolanda-da, brigadir bolanda-da, gurluşykda işlände hem atsyz ýaşap bilmedi. Ol urşuñ ikinji topar inwalidi bolsa-da, özi at çapmaga ýaramasa-da, at seýisläp, toýlarda, baýramçylyklara çapyşyga at çykaryp, "Öwez Heşrep ak telpegiñ aty" diýdirmegi başarypdy...
18 medalyñ eýesi bolan uruş inwalidi Öwez Heşrep bilen äpet hoz agajyna golaý ösüp oturan armyt agajynyñ miwesine guwanyp oturan ýagdaýynda hoşlaşanymda, onuñ şu agaçlara çalymdaş hasyl getirip, ogully-gyzly, agtykly-çowlukly durmuşuna guwandym.
1994 ý.
Aşyr ORAZOW.
Taryhy şahslar