10:12 "Ömür kyssasy" - adam ykballary | |
«ÖMÜR KYSSASY» – ADAM YKBALLARY
Edebi makalalar
Meni on-on bäş ýyl mundan ozal, bir tanşym öýüne çagyrdy. Birinji gezek, şol ýerde Allaýar Çüriýew diýen adam bilen tanyş boldum. Ol gaty ýaş görünýärdi. Gepi-sözi jaýlydy. Megerem, şol döwürde ol «Edebiýat we sungat» gazetinde işleýärdi. Gürrüňimiz gazet temasyndan alşyp, edebiýat, şygryýet barada, adam ruhy, adam ykbaly temalaryna syrygyp gitdi. Şondan soň biz her gezek biri-birimizi görenimizde, uzak ýyllaryň ýoldaşy ýaly gadyrly görüşýäris. Ol şol mylaýym hem ýiti synlyçylygy bilen her gezekde oba-garany, Könekesir obasyny, il-gününi sorap, onsoň iş-aladadan söz açýardy. Bir gezek men «Metbugat öýüne» baranymda ol maňa «Ömür kyssasy» kitabyny sowgat berdi. «Syýasy söhbetdeş» gazetiniň redaksiýasy ençeme adamlaryň ykbalyny çeper, dogruçyl, taryhy nukdaý nazardan yzarlamagy başaran ýazyjy Allaýar Çüriýewiň «Ömür kyssasy» kitabyny Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna hödürlemek bilen uly iş edipdir. Allaýar Çüriýewiň bu kitabyny okasaň biri-birinden dartgynly, keç hem ejirli ykballar ör-boýuna galýar. Nedirbaý Aýtakowyň, Anna Muhammedowyň, Suhan Babaýewiň durmuşynyň açylmadyk gatyny açmagy, 37-nji ýyllaryň tutha-tutlugynda ömürleri köýen gerçekleriň ykballarynyň beýany bu kitabyň gadyr gymmatyny artdyrýar. Şu temadan soňky wagtlarda başga-da ýazýan awtorlar bar bolsa-da, Allaýar Çüriýew şu tema taryhy-publisistik nazardan özboluşly çemeleşmegi başarýar. Iň bärkisi biziň gazetimiz hem şu tema ýüzlendi, ýöne hut Garrygalanyň golaýynda repressiýa döwründe bigünä ölen adamlaryň äkidilip bir uly çukura «halk duşmany» hökmünde taşlanmagyny ýazyjy A.Çüriýew özboluşly ýazyp, ony gözi bilen gören, şu ýerde ýaşaýan adamlaryň gürrüňleri bilen, faktlary bilen tassyklady. Şol adamlaryň meýilleri zyndan çukurlardan soň-soňlar mata-marlyklaryň, adam süňkleriniň çykyşyny ýatlaýanyň, ýagny gözi bilen gören adam bolan şu setirleriň awtorynyň ýazyjynyň adamlaryň ýüregindäki öçmejek yzasyny gozgap «Ýatdan çykarylmagy» talap edilen ruhy dirilere hemaýatçy bolandygyny hakykatyň hatyrasyna aýdasym geldi. Allaýar Çüriýewiň gaty köp işleýänine, döredijilik bilen yzygiderli meşgullanýandygyna gözüm gidýär. Dogry edýär, ol ozal köp okapdyr, köp bilýär, hemişe gözleýär, şol gözleglerde duş gelýän zatlaryny öz ideýasyna, ýagny özüne ömürlik tema edinipdir. Ömür, ykbal, 30-njy ýyllaryň repressiýasy – bular ýazyjynyň umumy tema örüsini giňeldip, türkmen halkynyň ykbalyna sepleşip gidýär. Belki-de, onuň garrygalaly bolanlygy üçindir, megerem ol esasy däl bolsa gerek, men her gezekde radioda ýa-da telewizorda A.Çüriýewiň ady agzalanda diň salyp «näme diýerkä» diýip sabyrsyz garaşýaryn. Onuň sözlerine aýdylýan aýdymlar toýuň bezegi, her oturyşygyň gelşigi boldy. 200-den gowrak goşgyň aýdyma öwrülse, heý-de oňa ýetesi zat bolarmy? Diýmek, irginsiz zähmet çekilýär. Diýmek, «Ömür kyssasy» bilen adamlaryň ykballaryny yzarlaýan ýazyjynyň özi hem her öýüň ykbalyna aralaşyp, ýagşy niýeti bilen ýüreklere ornaşyp gidip otyr. «Ömür kyssasyndaky» wzwod komandiri Hajymyradyň, şahyr Oraz Täçnazarowyň, döwlet işgäri Batyr Ataýewiň ykballary baradaky ýazgylary tolgunman, gözüňe ýaş aýlaman okamak mümkin däl. Şuny okaýan döwrümde meniň bir dostumyň kakasynyň tutha-tutlukda türmede «halk duşmany» bolup aradan çykanlygy üçin ömürlik egni gysyk gezenligi ýadyma düşüp, şoňa göwnüm awaýar. Şu ýerde hem şol dostuma A.Çüriýew kömege ýetişýär, ol köýen ömürleri dikeltmek bilen meşgul bolýar. Häzirki günlerde ýazyjynyň mertebesiniň gün geldigiçe beýgelýänini aňýarys. Keç ykballara howandarlyk etmek gaty çylşyrymly hem köptaraply iş, onuň bu işiniň häzirki gezip ýören adamlaryň ençemesine ýaramajagyny hem bilýäris. Emma päk ruh, arassa ýaşaýyş hemme zady ýeňmeli. Ahyrda, hakykat bir ýerden çykmaly ahyry. Biz hem ýazyjy A.Çüriýewiň «Ömür kyssasy» kitabynyň üsti bilen ýüzlerçe, müňlerçe okyjyny dogruçyllyga ündeýänligini, türkmen iliniň ner ogullarynyň ömrüni dikeltmekde bitiren örän kyn işlerini nazara almak bilen oňa Magtymguly babamyzyň adyna goýlan Halkara baýrak berilse gowy boljak. Garaşsyz döwletimiziň saýrak bilbili bolmagyň jogapkärli wezipesiniň hötdesinden gelýän şahyr, ýazyjy, žurnalist A.Çüriýewe baýrak berilse Sumbar etrabynyň adamlarynyň arzuw-islegleri ýerine düşerdi. Aşyr ORAZOW, žurnalist. «Sumbar säheri» gazeti, 24.04.1992 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |