13:48 KUTADGU BILIG'den altyn öwütler | |
SÖZLER
Sözler
▶ «KUTADGU BILIGDEN» ALTYN ÖWÜTLER 1. Gahar we gazap bilen iş etme. Eger etseñ ömrüñi hebes edersiñ. 2. Kimiñ saña ujypsyzja ýagşylygy ýetenem bolsa, sen oña iki essesini etmelisiñ. 3. Eý asyl adam! Adamçylygyñy ýitirme. Adamlar bilen mydama adamkärçilikli gatnaşykda bol. 4. Her bir işde adalatly bol we adalatly bolmaga çalyş. Hiç haçan zulum etme. Alla gulluk et we Allanyñ gapysyna ýüzüñi sür. 5. Haýsy işde bolsa bolsun, sen mylakatly bol. Her bir işde mylakatly bolsañ rowaçlyk ýanyñda bolar. Hiç bir işde gyssanma, sabyrly bol, özüñe erk et. Diñe sabyrly adamlar arzuwlaryna ýetýärler. 6. Diliñe we gözüñe eýe bol. Bokurdagyña üns ber. Az iý we juda halal iý.Haýsy işe baş goşsañam soñuny oýlan. Soñy oýlanylman edilen işler adama zyýan getirer. 7. Başgasynyñ zyýan çekmegini isleme, özüñem zyýan berme. Mydama ýagşylyk et, haý-höwesleriñe erk et. 8. Adamyñ bar çeken zähmeti baýlyk toplamakdyr we garny üçindir. Baýlyk ýygnar, iýip bilmez. Ölenden soñra bolsa, toplan baýlygynyñ jogapkärçiliginiñ aşagynda galar. 9. Men-menlik satýan, betgüman we kakabaş adam halanylmaz. Betgüman adamyñ ygtybary barha azdyr. 10. Eger özüñe çyn ýürekden bagly birini gözleseñ, özüñe özüñden başga çyny bilen bagly birini tapmarsyñ. Ýusup Has HAJYP "Kutadgu bilig" ("Bagt getirýän bilim") Terjime eden: © Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||