13:46 "Kutadgu biligden" parçalar | |
XI ASYR TÜRKMEN EDEBIÝATY
Poemalar
"BAGT GETIRÝÄN BILIMDEN" ("KUTADGU BILIG") PARÇALAR • Ynsanlyk mertebesi bilim we añ bilen ölçelýändigi aýdylýar Ynsany Biribar ýaradyp erdi, Oña hünär, bilim hem okuw berdi. Oña akyl berdi, dil berdi ýüwrük, Nurana ýüz berdi, häsiýet, gylyk. Umman ýaly bilim berdi ýüzmäge, Okuw berdi düwünleri çözmäge. Baýat kime berse okuw hem bilim Uzatdyk hasapdyr şol taýa golun. Bilimi beýik bil, okuwy uly, Bular bilen beýik, Tañrynyñ guly. Dillerim sözleýär söz barysyny, Sözüme gulak sal, çöz manysyny. Kim okuwly bolsa, ol uly bolar, Kim bilimli bolsa, beýige galar. Okan adam ozar, bilimli utar, Bilimliñ, okuwlyñ dilegi biter. Bilim şeýle diýer, oýlan ýagşyrak, Bilimli kişiden ähli dert yrak. Bilimsiz kişiler derde ýolugar, Derde em tapmasa, olar ýogalar. Gel, eý sen bilimsiz, emiñi agtar, Bilim al, ol seni bagta atarar. Okuw bir burundyk, ony iýtse är, Dilegi duş bolar, arzuwy gögär. Okuwlynyñ köpüräkdir nepleri, Bilimliniñ ýerde ýatmaz gepleri. Okuw bilen bar iş añsada biter, Bilim bilen begler maksada ýeter. • Dana kişiler, alymlar bilen nähili gatnaşmalydygyny aýdýar Dana kişiler bar, bilimli, alym, Olaryñ ylymy ýagtyldar ýoluñ. Olary hormatla, sözüne ynan, Az diýme, köp diýme, olardan öwren. Olardyr dogryny, egrini oñlan, Ölçerip hem seçip, göni ýol saýlan. Olaryñ bilminden al ýetdik paýyñ, Olary sylagla, ýetir serpaýyn. Hakykat bagynda sözleri ülñi, Şerigatyñ köki olaryñ bilmi. Bu dana kişiler bolmadyk bolsa, Ýerden hasyl alyp bolmazdy ýogsa. Olaryñ ylymy ile çyradyr, Tün hem bolsa, azaşdyrman ýöreder. Olara hezzet et süýji söz bile, Olara tagam ber güler ýüz bile. Olara ajy söz urmakdan eýmen, Olara awydyr ajy söz diýlen. Duz-emek hödür et gaýta, çagyryp, Olara gadyr goý edip agyryk. Diýdiklerin eşit, sesiñ kes diýme, Päliñ ýaman ýa gylygyñ pes diýme. Olardan geregi saña ylymdyr, Ylymlaryn alsañ, dogry ýoluñdyr. Bulardyr, bilseñiz, süriñ erkeji, Erkeçdir süriniñ başyn çekiji. Ýagşy gatnaş hem bulara gyrat dur, Şonda seniñ iki dünýäñem abatdyr. • Diliñ peýdasy hakda aýdýar Okuwyñ, bilimiñ dilmajydyr dil, Dildir ýolumyza ýagty saçýan, bil. Dildir başymyzy bagta atarýan, Dildir başymyza bela getirýän. Dil göýä arslandyr ~ işikde ýatar, Habardar bolmasañ, ol seni atar. Dilinden ýananyñ diñläñ sözlerin, Özüñe sapak bil diýýän sözlerin: "Meni howp-emgege telim, Başymy kesmesin, keseýin dilim. Sözüñe ahmal bol, başyñ synmasyn, Diliñe ahmal bol, dişiñ synmasyn. Köp kişi aýdanyñ çişirip geplär, Şeýdip ol kişiler etiñi kaklar. Saña dil berene görünme ýaman, Eý-a, dil eýesi, sözleme ýaman. Esenlik dileseñ başyña özüñ, Diliñden çykarma ýakymsyz sözüñ. Il dana sözleseñ, bilimli diýer, Bilimsiziñ başyn öz sözi iýer. Artyk sözden artykmaç nep görmedim, Ýene kän sözleşip, peýda bermedim. Artykmaç sözleme, azyrak sözle, Dümen söz düwünin bir sözde çözle. Az sözle, az söze bereket ýagar, Köp sözleme, köp söz başyñy eger. Köp sözleseñ, ýañra adyn dakarlar, Sözlemeseñ, güñ-lal diýip bakarlar. Eger şeýle bolsa, bol ortalykda, Abraý taparsyñ şol ortalykda. Diliń uzaltmasañ, amandyr başyñ, Sözüñ gysga bolsa, uzyndyr ýaşyñ. Diliñ peýdasy bar ~ ony öwerler, Diliñ zyýany bar ~ oña sögerler. Sözüñ bilip sözle, şeýle söz bolsun - Gözsüzler diñlese, oña göz bolsun. Göýä bir gözi ýok kördür bilimsiz, Nadanlar, bu sözden sapak alyñ siz. Doglan öler gider, gelmez öwrülip, Sözüñ ýagşy sözle, sözüñ ömürlik. Är undulmaz iki ýagşylyk bilen, Ýagşy sözi bilen, hoş gylyk bilen. Ölüp, onuñ ýumulsa-da gözleri, Ýaşar ýörer ady bilen sözleri. Baky ýaşaýyşy isleseñ özüñ, Bolsun düzüw päliñ hem dana sözüñ. Käte öwdügim bar, käte sögdügim, Saña diýilen söz ~ saña dilegim. Bilýän diýip, hemme sözi sözleme, Ile gerek sözi ilden gizleme. Ogluma diýdigim sözlerim ~ altyn, Oglum her sözümden manylar alsyn. Saña sözledim men sözüm, eý ogul, Saña berdim pendi özüm, eý ogul. Menden saña altyn, kümüş galandan, Hoş söz galsa, ýagşyrakdyr ol ondan. Kümüşimden bersem, her dem azalar, Sözümi ulansañ, kümüş gazanar. Sözler miras galsyn nesilden-nesle, Ol mirasyñ nepi zyýat ýüz esse. • Tebipler bilen nähili gatnaşmalydygyny aýdýar Ýene kän kişi bar, ýetik ylymy, Biri-birlerinden zyýat bilimi. Olardan birisi tebipler bolar, Derdiñ ählisine emçidir olar. Bular-da señ üçin gerekli kişi, Olarsyz oñ bolmaz dirilik işi. Adam diri bolsa, tapylar derdem, Ony emçi görse, em eder her dem. Gümany ýok, dert ölüme ýoldaşdyr, Ölüm dirilikde görülen düýşdür. Özüñe ýakyn tut bu tebip halkyñ, Gerekli kişidir, köýdürme hakyñ. • Porhanlar bilen nähili gatnaşmalydygyny aýdýar Bularyñ yzyndan porhanlar geler, Ýeldirgän arwaha em eder olar. Porhanlar bilen-de gatnaşmak gerek, Ýeldirgän derdiñden saplaşmak gerek. Özüñe peýdany taparyn diýseñ, Eý merdana kişi, gör ony eý sen. Tebipler unamaz, porhanyñ sözün, Porhanlar tebipden öwürer ýüzün. Olaryñ birisi ~ derdiñ dep eder, Beýlekisi ~ ýeldirgäne nep eder. • Düýş ýorujylar bilen nähili gatnaşmalydygyny aýdýar Ýene bir bilim bar, gör, düýş ylmy ol, Düýş görüp hem ýorup açar ajap ýol. Adam uklan wagty görer dürli düýş, Dogry ýorgut tapyp, dogry ýola düş. Düýşi ýagşylyga ýorulan kişi, Begener, şatlanar, etmez teşwüşi. Eger görlen düýşüñ bolsa oraşan, Ýoksullara zat ber, özüñ gora sen, Düýş ylmy, seretseñ, buýrugy Hudañ, Ol öz bendesine bagyrsak mydam. Adam şatlyk tapar, ýagşy düýş görüp, Ýaman bolsa, Alla sygynar turup. Ýoksula eçilip, kümüşi, maly, Belasyn dep eder, kök bolar haly. Ähli düýşler ýagşylyga ýorulsyn, Pygamber ýorgutly düýşler görülsin. Düýş ýorýanlar ussat kişiler bolar, Ylymly, bilimli, bagyrsak bolar. Gardaşym, olara kän hormat goý sen, Gelişer "gardaşym", "doganym" diýseñ. • Şahyrlar bilen nähili gatnaşmalydygyny aýdýar Geldiler şahyrlar, bolaýma kowjak, Şolardyr adamy öwjek hem döwjek. Gylyçdan ýitiräk bularyñ dili, Emma gyldan inçe hatarly ýoly. Datly, näzik sözler eşitjek diýseñ, Bularyñ gepine gulagyñ goý sen. Söz deñzine guwwas deýin bökerler, Göwher, hünji, ýakut alyp çykarlar. Olar öwse, ile meşhurdyr adyñ, Döwse, hiç bir ýere ýetişmez dadyñ. Bulary eý görüp, hormatla, gardaş, Ýamanlyk ýetirme, mylaýym gürleş. Özüñ öwülmegiñ isleseñ eýsem, Bularyñ öñünde başyñy eg sen. Şatlandyr, sahy bol, uzaltma sözüñ, Bularyñ dilinden satyn al özüñ. Ýusup BALASAGUNLY. Häzirki zaman türkmen diline geçirenler: Kasym NURBADOW, filologiýa ylymlarynyñ kandidaty; Myratgeldi SÖÝEGOW, akademik. | |
|
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |