11:52 Lagnaty jynlar / mistiki hekaýa | |
LAGNATY JYNLAR
Mistika we fantastika
Başymdan geçen geñ-tañsy, ýöne hakyky bolan bir wakany size gürrüñ bermek isleýärin. Şol wagtlar men on iki ýaşlyja çagadym. Aýal doganym bilen bir otagda ýatyp-turýardym. Otagyñ içi giñdi, ýatýan krowatlarymyz biri-birine bakdylyp goýlandy, birem otagyñ ullakan bir penjiresi bardy. Bir gije uklap ýatyrkam, bir el meni hürsekledi. Men nämäñ nämedigini añşyrman, oýaly-ukuly halda göz aýladym. Görsem, doganymyñ aýagujynda kölege şekilli ullakan hargulak bir zat äwmezeklik bilen daşaryny synlan bolup durdy. Doganym uklap ýatan eken. Añyma hiç zat aýlap bilmän, gorkudan ýaña titir-titir edip gözümi ýumdum. Ýorganymy başyma çekdim. Tä uka gidýänçäm "Gurhanyñ" aýatlaryny sarnadym. Ertesi ir bilen bolan zatlary ene-atama, doganyma gürrûñ berdim. Ejem: - Al-arwahdyr - diýip, gaty gorkdy. - Molla äkideliñ muny derrew. Kakam bolsa: - Agajyñ kölegesi dagy düşendir-le - diýip oñdy. Ýöne biziñ otagymyzyñ penjiresiniñ öñi boş meýdança we onda ösüp oturan bir agajam ýokdy. Ertesi agşam men ene-atam, doganym we gundagdaky jigim Ozan dagy bilen bir otagda ýatdyk. Ýene-de meni bir el hürsekledi. Men ýene biygtyýar penjirä seretdim. Ýene ol sudur üstüme abanyp durdy. Ozanjygam şobada aglap başlady, onuñ sesine oýaýan ejem çyrany ýakdy. Sudur ýom-ýok bolupdy. Soñabaka ýagdaýlar has çuñlaşyp başlady. Düşegimde uklap ýatyrdym. Oýananymda özümi bagyñ içinde, eýwanda, üçekde ýa-a ene-atamyñ arasynda ýatanygymy görýärdim. Bir gün turanynda bolsa agzym bir gapdala gyşaryp ýatyrdy!!!.. Alkymym ysmaz bolan ýaly, äñimi gymyldadyp bilemokdym. Äñim hemem ernim gyşaryp ýatyrdy. Öýdäkiler "Seni al kakypdyr!" diýip menden gorkmaga başlady... Ejem meni lukmana görkezdi. Lukman meniñ bolşuma haýran galdy. On bäş günläp fizoterapiýa etdiler, äñim öñki kaddyna geldi, ýagdaýym gowulaşdy. Öýe geldim. Gelen gijämem meni turuzdylar, ýöne bu gezek lagnaty jynlar däl-de, şol bir sudurdaky başga bir zat. Emma ondan nur we ýagtylyk seçelenip durdy. Men ýene gorkdum. Ertesi ejem meni kakama bildirmän molla okatmaga äkitdi. Bolan zatlaryñ ählisini gürrüñ berdim. Molla maña arwah-jynlaryñ duşandygyny we olaryñ meni öz ýanlaryna alyp, ýoldan çykarmak isländiklerini aýtdy. Oñarmansoñlaram (aýat okandygym üçin) meni urup gidendiklerini, ýöne soñky görenimiñ Allanyñ meni öz penasynda aman saklamak üçin ugradan perişdesidigini aýtdy. Soñra ullakan sahaply "Gurhan" getirdi we elini kellämiñ üstünde goýup, okamaga başlady. Şol günden başlap hiç zat görmedim we arwah-jynlaryñ lagnatyndan halas bolup, bagtyýar durmuşda ýaşap başladym. Ynha, şeýdibem men "Gurhanyñ" we aýatlarynyñ ähmiýetiniñ neneñsi uludygyna göz ýetirdim. Häzir men on dokuz ýaşadym. Özem her gije aýat okaman ýatamok... Gülten AŽDAR. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||