LAGNATY KITAP
Bu hekaýadaky obrazlar we sýužetler tutuşlygyna oýlanyp tapylandyr. Hekaýa we ondaky wakalaryñ durmuşda bolup geçen wakalar bilen meñzeşligini diñe tötänlik diýip hasap ediñ...
I.
1990-njy ýyl. Hindistanyñ adaty jokrama günleriniñ birinde Adam atly bir arheolog gadymy Müsür zamanyndan galan juda gymmatly bir hazynany ele salmak üçin Mumbaýyñ garañky köçeleriniñ ugrunda ýerleşen çola kafeleriñ birinde näbelli bir kişi bilen duşuşdy. Adam bilen ol kişiniñ duşuşygy birnäçe sagada çekdi. Adam bir million dollary ol kişä bermegi gaýgyrman berermen boldy. Olar ahyryn ylalaşdy. Adam ençeme ýyllap arzuw eden gymmatly oljasyny alansoñ, şäheriñ merkezindäki ýatakhana gitmäge hyýallandy.
Gije sagat 23:00, ol ertir ir bilen Amerikadaky öýüne dolanmalydy...
Ýarym sagat çemesi wagt geçenden soñ Adam bolýan ýerine geldi. Ýöne tolgunmakdan ýaña onuñ ukusy tutanokdy we içinden şeýle diýýärdi:
- Şu kitaby waraklap çykaýyn-la. Hany, göreli bakaly, gyzykly bir zada duşaýarmykam...
Ol ýatakhananyñ gapysyndan girende ümsümlikdi, daş-töwerekden her tüýsli ýakymly tüsse yslary añkaýardy. Hindistana mahsus ysy içine çekip, basgançaga tarap ýöneldi. Könelşen basgançaklar agaçdandy. Diwarlaryñ boýaglary gopum-gopumdy...
Basgançakdan galyp, otagynyñ ýerleşýän gatyndaky zalda ikibaka gezmelemäge başlady, ahyryn otagyna girdi. Otagyñ içem zaldan ibaly däldi. Ýöne Adam aljagyny alyp Amerika sary ýola düşmeli bolansoñ, bu zatlara intipis etmelidirem öýdenokdy...
Adam gapyny içinden kilitledi. Holodilnikden wiski çykardy. Stola geçip oturdy ele salan hazynasyny synlady. Hazyna bir kitapdy, ýöne ol ýönekeý kitaplaryñ hilinden däldi. Onuñ içinde iññän gadymy müsür elipbiýi bilen ýazylan ýazgylar bardy... Adam şeýle ýazgylary okamak üçin ýörite bilim alandygy üçin bu işiñ onuñ ýanynda hiç hili kynçylygy ýokdy...
Adam kitabyñ sahabyndaky ýazga üns berdi, ýazgyda: " - Hiç bir ölümli (ruh) şu kitaby okamaly däl. Bu kitap kimiñ eline düşse, ölümden we weýrançylykdan başga zat getirmez" diýen sözler bardy. " - Sen ölüm howply duýduryşlara gulak asmazdan kitaby okasañ, ruhuñy ebedilik azaba duçar edersiñ".
Adam bular ýaly zatlara ynanmaýardy, kitaba diñe antiki gymmatlyk hökmünde garaýardy. Ol bu ýazgylara şol döwrüñ adamlarynyñ bolar-bolgusyz ynançlary hökmünde garaýardy. Şonuñ üçin ol säginmezden kitaby okamaga başlady.
Kitabyñ başky sahypalarynda lagnaty ruhlaryñ nähili çagyrylýandygy baradaky maglumatlar we etmeli işler, ondan soñky sahyplarda bolsa ähli adamzada nähili höküm etmelidigi ýazylgydy. Adam her näçe okumyş we giñ gözýetimli biri bolsa-da, ynanjy sebäpli bu meselede bilýän zady azdy. Ol birinji sahypany okamak bilen kitapda ýazylan hemme zady kabul edendigini özü-de duýman galdy. Adam özü-de duýmazdan lagnaty ruhlary çagyrýan tilsimli sözleri okady, ikinji sahypa geçip-geçmänkä bolsa bedenine titreme aralaşdy. Çyra hem bir öçüp-bir ýanyp başlansoñ, Adam sowukganlylygy ýitirmän, bolýan zatlary sessizje synlamaga durdy. Soñra el telefonyndan Amerikadaky arheolog dostuna jañ edip, bolup geçýän zatlary aýtdy.
- Angel, ýagdaýlar niçik?
- Şowly gün bolmady. Sen nätdiñ, aldyñmy kitaby?
- Hawa, aldym. Biraz seredişdirdim welin, ekssentr mazmunly sözler, ruhlar, azaplar, pylan-pysmydan... Özüñ gowy bilýäñ-ä meñ bu zatlara ynanmaýanymy. Gadymy adamlaryñ ynanjy gaty üýtgeşik eken.
- Adam, men bolsa seniñ tersiñe bu zatlara ynanýan. Her dilde tapawutlyragam bolsa, aslynda şol bir barlyklar hakynda gürrüñ gidýär.
- Aý, goýsana. Maña bu biderek zatlaryñ dogrulygyny subut etjek bolma. Seniñ aýdýanyñ dogry bolsa, onda şular ýaly kitabyñ nämä geregi bar... Şuny aýtsana sen maña?
- Dünýäniñ çar künjünde bolýan her bir zat diñe kitaba bagly däl. Ýöne şumat eliñde saklap duran kitabyñ birtopar göze görünmeýän mahluklaryñ bärik gelmelerine, ýagny biziñ sypatymyza girmelerine sebäp bolup biljek kitap. Ondaky tilsimli ýazgylar olary herekete getirýän ähmiýetli sözler...
- Göze görünmeýän mahluk? Ha-ha-ha.
- Dagy näme. Olara hristianlarda "dižin", musulmanlarda "jyn" diýilýär. Ýewreýlerde bolsa jynlaryñ behiştden kowlan perişdelerdigine ynanýanlar köp. Aslynda ýewreýlerde bu ýagdaý buýr-bulaşyk, olar muña dürli-dürli at we sypat dakypdyrlar. Ýöne ähli dinlerde jynlaryñ bardygyna ynanylýar. Hatda buddistlerem. Şeýle-de bolsa, köp ýerde jynlaryñ ýetirýän zyýanlary agzalmaýar we adamlaryñ aglabasy jyndan gorkmaýar. Ýöne yslam ýurtlarynda ýagdaý başgaça, jemgyýetlere görä jyn hekaýatlary hem dürli-dürli. Dürli sypatly başga planetalylar bilen birlikde syrly mahluklaryñ barsy jyn kowmundan gelýär. Özem bu jynlar kimiñ başyndan musallat bolup inse, oña durmuşyny küle öwrüp taşlaýar. Jynlaryñ dini ynançlary dürli-dürli bolup bilýär. Olaryñ erkegi-urkaçysy bar, nesil öndürmäge we köpelmäge ukyply...
- Angel, görýän welin, sen agşam uklamansyñ öýdýän, herhal ertir bärden ugramakçy, nesip bolsa, Amerika baranymda seniñ bilen gowy dynç alasym gelýär.
- Sen meniñ diýenlerime hä diý. Aýdýan kitabyñam okamagy goýbolsun et. Ünsli bol.
- ….
Ertesi sagat 09:00.
Adam ýañy oýanyp, ýerinden galkdy we ýuwunmaga durdy. Ýüzüni ýuwup durka, aýnada bir zat ünsüni çekdi. Boýnunda gyzaryp duran kiçijik yz bardy. Iniñi tisgindiriji bu gyzylymtyk yzlar dyrnak yzlaryna çalym edýärdi...
(dowamy bar)...
Mistika we fantastika