10:30 Läheň ýagyndan gara altyna çenli | |
LÄHEÑ ÝAGYNDAN GARA ALTYNA ÇENLI
Edebi makalalar
Edwin Lorentaýn Dreýk 1819-njy ýylda Amerikada dünýä iýnýär we onuň dünýäniň nebit we gaz ulgamynda bitiren işleriniň ilkinji açyşlaryň gözbaşydygyna şübhe ýokdugy bu günki gün taryhy muzeýleriň üsti bilen subutnama tapýar. Şowsuzlyga nijeme gezek uçuran nebitçiniň elbetde ilkinji gezek ädimleri şowsuz çyksa-da onuň özi demirýolçy hünärini ele alany sebäpli nijeme ýyldyzly gijeler asmana seredip, ýyldyzlary “ýanyp duran nebit çyralary” hökmünde göz öňüne getiripdir. Dünýäniň haýsy tarapyna seretse çyralar bilen gurşalan ýagtylygy gündizine hem görýän adam diňe öz nukdaýnazaryndan geçirmek islän nijeme nebit känleri bilen işleşýän kompaniýalar bilen şertnamasyny bozmaly bolupdyr, çünki şowsuzlyga uçrapdyr. Aklynda bolsa diňe at salýan pikir: “Nädip läheň ýagy guýulyp, ýanýan çyranyň çig malyny nebit edip bolar?” bu pikirden asla sypyp bilmedigini ol hakdaky taryhy maglumatlar beýan edýär. Çünki läheňleri bu meseleden halas etmek birinji, ikinjiden hem “tebigatyň bu janly ýaradylyşyny aýap saklamak bilen tebigata ýeňişimizi çendenaşa başa goýbermezlik” diýen pikirde durupdyr. Üstesine-de eger-de nebit çyralary emele gelse, näme üçindir hemmeler üçin oňaýly bolaýjak ýaly, pikiri bilen hem-de gazanç etmek üçin kompaniýalara häli- şindi ýüz tutupdyr. Nijeme alymlara ýüz tutmak bilen nebit çüwdürimlerindäki önümden ýag almagyň maslahaty ýyllara çekipdir. Onuň garaýşyndan “bu meseläniň çözgüdi hökman bolaýmaly!” Şeýle pikirler demir ýol menzilini bäş barmagy ýaly bilýän , demir ýol ýangyçlarynyň syryny bilýän ilki demirýolçy, soňra nebitçi Edwin Lorentaýn Dreýki gaty gyzyklandyrypdyr. Onuň nukdaýnazaryndan dünýäniň nijeme jandarlaryny halas etjek bu önümçiligiň “çözgüdinden wajyp zadyň ýokdugyny bilmek” has zerur bolupdyr. Edwin Lorentaýn Dreýk sorujylaryň kömegi bilen 1859 –njy ýylyň 27 –nji awgustynda nebit almagy başarypdyr we şeýlelikde dünýäniň nebit ugry boýunça öz nukdaýnazaryndan bir pikirde durup, nijeme şowsuzlyklardan soň läheňleri halas eden adamdyr. Taýtuswill şäherinde ýerleşýän nebit skwajiniýesiniň bu günki gün Dreýkiň muzeýidigi hem munuň subutnamasydyr, hat-da ol dünýeden gaýdanyndan soň hem onuň mazar daşynyň ýüzünde nebit skwajiniýesiniň şekilini suratlandyrypdyrlar. Ilkinji pikirlerden nusga alan adam ömrüniň logalary ýa-da nukdaýnazarlary bu günki gün dünýäniň iň iri nebit we gaz kompaniýeleriniň dilinden düşenok. Munuň özi bolsa, ynsana öz şahsyýetiniň awtory bolmak, bu dünýeden ötensoň hem öz şekiline mynsayp bolmak duýgusyny oýarýar. Biz şeýle şahsyýetleri öwrenip, öz ideýalary bilen öz durmuşlaryny bakylyga tarap üýtgeden şahsyýetleriň durmuşyny öwrenýäris. Munuň özi biz ýaşlara gelejekde nijeme menzilleri öz ideýa- nazarymyz bilen geçmäge, belli bir pikiriň üstünde sowatly durup, öz pikirimizi durmuşa geçirmäge çelgi bolýar. Häzirki wagtda nebit we gaz ulgamynyň sanlaşdyrylan tehnologiýalar bilen dünýä ösüş standartlarynda durmasy şeýle çeşmelerden gözbaş alan adamalryň beýik mana eýe bolan atlarynyň şeýle ösüşleriň ýanyndadygy bolsa, buýsandyrýar. • Awtor hakda Gözel Ýangibaýewa - Türkmenistanyñ Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we Gaz uniwersitetinde Sanly tehnologiýalar fakultetinde okaýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |