07:06 Legendar jandarlar -1: Döw | |
TÜRKMEN EDEBIÝATYNDA LEGENDAR JANDARLAR
Mistika we fantastika
▶ DÖW • Döw näme? Döw ~ bu dünýäniñ ençeme halklarynyñ medeniýetinde, rowaýatlarynda, folklorynda we mifologiýasynda, ertekilerinde duş gelýän adatdan daşary mahluklaryñ biridir. Döw barada söz açylanda, häzir siziñ köpüñiziñ ýadyna heniz çagajykkañyz köp gezekler garry eneñizden diñlän "Akpamyk" ertekisindäki Akpamygyñ ýedi doganyny iýen äpet we açgöz döw hem-de "Jadyly hünji" kinofilmindäki ak we gara döwler ýadyñyza düşendir. Aslynda döwler barmy? Olar birwagtlar ýaşap geçipdirmi? Ýa dinozawrlar, mamontlar ýaly olaram antik döwre degişli jandarlardanmy? Ýa-da döwler diñe ertekilerde, mifologik hekaýatlarda hereket edýärmi? Eger olar aslynda bolmadyk bolsa onda döwleriñ obrazy ertekilere, rowaýatlara nädip girip bildikä? Geliñ şu sowallara kem-käsleýin jogap tapmaga synanyşalyñ. ▪︎ Döwleriñ sypatlandyrylyşy Döwler köplenç adam sypatynda, emma adatdan daşary ululykda we juda güýçli görnüşde sypatlandyrylypdyr. Döwleriñ erkegi we urkaçysy bolarmyşyn. Döwlere dürli medeniýetleriñ mifologiýasynda dürli hili garalýar. Mysal üçin döwler hindi-ýewropa mifologiýasynda haos bilen baglanyşdyrylan, näletlenen bir kowumdyr we ýabany durmuşda ýaşaýarlar. Döwleriñ köplenjem hudaýlar bilen özara oñuşmazlyklary bardyr. Muña mysal hökmünde grek mifologiýasyndaky titanlary alyp görüñ. Döwler ertekileriñ köpüsinde adam iýýän mahluk bolup hereket edýär. Olar esasanam daglaryñ gowaklarynda we tokaýlarda ýaşarmyşynlar. ▪︎ Döwleriñ dünýä medeniýetindäki orny Döwlere örän köp medeniýetlerde duş gelmek bolýar. Aslynda "döw" sözüniñ özi sanskrit (gadymy hindi) dilinden gelip çykýar we bu dilde asyl manysy "Tañry" diýmekligi añladýar. "Dewa" tañrylary, "Dewi" bolsa aýal tañrylary atlandyrmakda ulanylan adalgalardyr. Wagtyñ geçmegi bilen bu söz pars medeniýetine aralaşýar we pars diliniñ üsti bilenem "döw" görnüşinde türkmen diline geçýär. Beýleki halklarda-da döwlere we oña meñzeş mahluklara ýygy-ýygydan duş gelmek bolýar. Mysal üçin bolgar mifologiýasynda döwlere "Ispolin" diýip at berilýär we adamzat döremezden owal dünýäniñ olaryñ häkimiýeti astynda bolandygyna ynanýarlar. Olar daglarda ýaşaýan we köplenç çig et bilen iýmitlenýän jandarlardyr hem-de aždarhalara garşy göreşipdirler. Ispolin döwleri özüni zäherländigi üçin böwürslenden gorkupdyrlar we bu gyrymsy ösümligiñ ýoluna gurbanlyk kesipdirler. Syýahatçy Willýam Jody öz ýatlamalarynda indeýleriñ arasynda duş gelen mähnet skletlerinden söz açýar. Indeýler oña bu skletleriñ (adamlaryñ) gadymy döwürde ýaşandyklaryny, häzirki adamyñ göwresinden üç esse uly bolandyklaryny, bir eli bilen bir haýwany tutup iýip bilendiklerini gürrüñ beripdirler. Döwler barada gadymy dinlerde-de, ylahy dinlerde-de söz açylýar. Ylahy dinlerden beýleki dinleriñ aglabasynda döwleriñ ilkinji adamdan ozal ýaşan "Tañry ogullarydygy", Tañrynyñ adam ogullary bilen jübütleşen ýedi perişdesinden emele gelendigi barada aýdylýar. "Hanok" kitabynda agzalýan döwler bilen Nuhyñ eýýamyndaky döwler birmeñzeş aýratynlyklara eýe bolupdyr. Döwler hakynda az hem bolsa dokumantal filmler surata düşürilýär we ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Birnäçe mifde döwler diñe adamdan uly jandardyr we adamlar ýaly ýaşaýarlar. Skandinawiýa halklarynyñ mifologiýasynda bolsa döwleriñ jeñbaz we şerçi bolýandygy barada ynanç bar. Emma grek mifologiýasynyñ käbir ýerlerinde döwleriñ daglarda ýaşaýandygyny, olaryñ parahat söýüji bolýandyklaryny we adamlaryñkydan has uly şäherleriniñ bardygy aýdylýar. ▪︎ Urkaçy döw / "Ene döw" Ertekilerde urkaçy döwler irimçik we sallanyşyp duran äpet emjekli görnüşde suratlandyrylýar. Olar emjekleriniñ birini çep egnine, ýene birini bolsa sag egnine atyp goýberýärler. Ertekiniñ gahrymany gizlinlik bilen gelip onuñ egnine atyp goýberen emjeginden emýär. Şeýdibem ol ene döwüñ "ogly" ýa "gyzy" bolýar, ene döw özünden emip başarana gaýdyp zat diýmeýärmişin. Ene döwler ertekilerde köplenç položitel obrazda suratlandyrylýar. ▪︎ Erkek döw / "Ata döw" Ertekilerde erkek döwleriñ köpüsi ýeke başyna gowaklarda ýa-da altyn köşklerde ýaşaýarlar. Olar elmydama diýen ýaly otrisatel obrazda janlandyrylýar. Erkek döwler adamlara mydama elinden gelen ýamanlygy etmäge, zyýan ýetirmäge çalyşýarlar. Ertekileriñ gahrymanynyñ amala aşyrmakçy bolýan işine päsgelçilik döredýän esasy güýçleriñ biri hem döwlerdir. Şeýle-de bolsa hereket edýän gahryman döwleriñ akmaklygyndan, nadanlygyndan peýdalanyp olardan üstün çykýar. Bu diñe türkmen ertekilerinde däl-de, grek, ýewropa we hindi ertekilerinde hem şeýledir. Iñlis halk döredijiliginde hem döwleriñ akmak bolýandygy barada köp söz açylýar. Sikloplaryñ, titanlaryñ, patagonlaryñ döwüñ görnüşleridigi barada çaklamalar bar. Şeýle hem "Gorkut ata" eposynda hereket edýän Depegöz döwüñ bir görnüşidir. Ýalmawuz diýen söz hem döwüñ bir adydyr. ▪︎ Döwüñ "Gurhandaky" obrazy "Gurhanda" Dawut pygamberiñ Jalut atly juda güýçli döw bilen başa-baş tutluşyga girendigini we ony öldürendigi barada söz açylýar. Dawut pygamberiñ görkezen bu edermenligi üçin Ysraýyl ogullarynyñ hökümdary Talut oña öz gyzyny nikalap berýär. ▪︎ Döwüñ türkmen edebiýatyndaky obrazy Hezreti Süleýman pygamberiñ (a.s) patyşalyk süren döwründe jynlara, haýwanlara hökmürowanlyk etmek birlikde, döwlere hem hökmüni ýöredendigi barada ynançlar bar. Bu barada beýik ussat Magtymguly Pyragyda şeýle setirler bar: "Döw-periniñ, ynsyñ, jynsyñ patşasy, Soltan bolan şa Süleýman, şypa ber!" ("Şypa ber"); "Süleýman dek döwni permana salsañ..." ("Bolar sen"); "Isgender, Süleýman patyşa boldy, Hyzmatynda döw periler jem boldy..." ("Köp jan geçipdir") ýaly setirler bu ynançdan habar berýär. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyñ "Çakyr kelle" (Dostlar heý) goşgusynda Hezreti Pygamberimiziñ (s.a.w) çadyryny gorap duran sahaba Selman Parsynyñ (r.a) ýanyna bir kelläniñ togalanyp gelip, özüniñ musulman bolandygy üçin müşrikleriñ "Gazgurupben" atly bir döw patyşa ýamanlandyklaryny we ol döwüñ özüni, çagalaryny iýendigini, aýalyny bolsa hyzmatkär edendigini, şeýle hem aryny alyp bermeklerini soraýar. Zulum gören kelläniñ aryny ýerine salmaga Hezreti Aly (r.a) döwtalap bolýar. Kelläniñ yzyna düşüp, ukuda horruk çekip ýatan gümmez ýaly kelleli, minara ýaly göwreli, şahy-çynar ýaly golly, piliñ boýny ýaly barmakly äpet döwi oýarýar we Zülpükary bilen ýaralap janyny jähenneme iberýär. Hudaýyñ gudraty, Pygamberiñ şepagaty bilen ikinji ömür bagyşlanan kelle we onuñ döwüñ içinden çykarylyp dem berilen çagalary şady-horram bolup Pygamberimiziñ (s.a.w) huzuryna gelýärler we gaýtadan musulman bolýarlar. Surat: "Jadyly hünji" kinofilminden / "Türkmenfilm", 1988 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |