17:51 Legendar jandarlar -2: Bugra sypatly möýler | |
▶ BUGRA SYPATLY MÖÝLER
Mistika we fantastika
□ Mif we türkmen edebiýaty Mifler klassyky edebiýatymyzy we halk dessanlaryny nazara almanyñda, häzirki zaman edebiýatymyzda düýbünden işlenmedik temadyr. Diñe şunuñ özi hem biziñ döwrebap edebiýatymyzyñ dünýä edebiýatyndan nä derejede yzda barýandygyny görkezýär. Aslynda mifler dünýäni çeper añlaýşyñ hem añladyşyñ formasy hökmünde rowaýatdyr ertekiden düýpli tapawudy bar. Çünki mif olardan tapawutlylykda uniwersal çeper sistemadyr. Mifologiýa eseriñ dünýäni görkeziş usuly däl-de, gahrymanlaryñ içki dünýäsini açmagyñ iñ amatly ýoly bolup durýar. Sowetleriñ toslap tapan "sosialistik realizm" atly emeli metodynyñ çäklerinden çykyp, dünýä edebiýatynyñ altyn hazynasyna eserler beren Çingiz Aýtmatowyñ eserlerinde mifologiýanyñ çeperçilik funksiýalary ussatlyk bilen açylyp görkezilýär. Makalamyzyñ çäginde mif we edebiýat barada uzak gürrüñ edip durmakçy däl. Emma aýdanlarymy teoretik taýdan has çuñlaşdyryp öwrenmek isleýänler bu barada halypa ýazyjy Osman Ödäniñ "Mif we edebiýat" atly giñ göwrümli makalasyny okap biler. (Seret: Osman Öde "Garaşsyzlyk diwany" II tomluk, I-nji tom, Aşgabat "Ruh" 1999). Biziñ halkymyzyñ köp öwüşginli medeniýetinde häzirki ýazyjylarymyza esas bolup biljek ummasyz mifleriñ, legendalaryñ, ertekileriñ bardygyna garamazdan, nämüçindir bu temada eser döredip baryberýän ýok. Elbetde, synanşyklar ýek-tük ýok däl. Muny agzaman geçmek ynsapsyzlyk bolar. Ýazyjy zenan Ogulsenem Taññyýewanyñ powestleri bolmalysyndan az-owlak sozdurylyp ýazylýar diýmeseñ, bu ugurda belläp geçmeli şowly synanşyklaryñ biridir. Ogulsenem Taññyýewanyñ eserlerinde köplenç mifiki janawarlar däl-de, mifiki barlyklar bolan arwahlar, "eýeler", ruhlar (has dogrusy mistiki obrazlar) hereket edýär. Gündogar edebiýatynyñ iñ görnükli wekili Abylkasym Ferdöwsiniñ baryp müñ ýyldan gowrak wagt öñ ýazan "Şanama" epopeýasyny, "Müñ bir gije", "Sindbad" ýaly meşhur arap ertekilerini hasaba almanymyzda, biz miflere we mifiki jandarlara diñe ýewropaly ýazyjylaryñ romanlarynda we amerikan kinofilmlerinde duş gelýäris. Mysaly siziñ hemmäñize diýen ýaly mälim eserlerden alalyñ. Ž.Rowlingiñ "Garri Potter" we Tolkieniñ "Ýüzükleriñ hökümdary", "Hobbit" atly dünýä belli eserlerini we şol eserler esasynda ekranlaşdyrylan kinofilmleri ýada salyñ. Ýadyñyza düşen bolsa, "Ýüzükleriñ hökümdarynda" baş gahrymanlaryñ jadyly ýüzüge eýe bolmak üçin görmedikleri görde galýar. Iniñi üýşendirýän her hili janawarlar, mahluklar, äpet möýler we ş.m... □ "Ner, bugra sypatly möýler anda bar" Geliñ, makalamyzyñ bu sanynda "Ýüzükleriñ hökümdaryndaky" äpet möýler barada söhbet açalyñ. Bu äpet möýleriñ keşbini edebiýata ilki Tolkien girizdimi? Elbetde, ýok. Baryp üç asyr mundan öñ bular ýaly janawarlaryñ obrazyna biziñ klassyky şahyrlarymyzyñ ahlak-didaktiki temaly we eshatologiki mazmunly eserlerinde ýygy-ýygydan ýüzlenilýärdi. Magtymgulynyñ diwanyny açyp görüñ. Tolkieniñ depe saçyñy bir ýere getirýän äpet möýleri beýik ussadymyzyñ goşgularynda ýygy-ýygydan duş gelýär. Ussadyñ "Anda bar" goşgusynda ýedi gat ýer we onuñ her gatynda dünýäden asy bolup ötjek bendelere jeza bermek üçin garaşyp duran gorkunç jandarlar barada söz açylýar. Şonda Helde atly ikinji gat ýerde "guýrygy naýza dek keždumlaryñ we bugra sypatly möýleriñ bardygy aýdylýar: "Ikinji gat ýeriñ ady Heldedir, Guýrugy naýza dek keždum andadyr, Asy adam üçin gözi ýoldadyr, Ner, bugra sypatly möýler anda bar". Ýa-da "Rysman dakarlar" goşgusynda şeýle setirler bar: "Magşar güni Hak ýanda bolsañ uýatly, Pil, gäwmiş boýunly möýler onda bar" Mundan başga-da onuñ "bugra sypatly" möýlerden söz açýan setirleri az däl. Olardan: "Palanly gatyr dek bolup şanyna, Bugra boýun möýler soksa gerekdir" ("Dursa gerekdir"). "Çoh ýylanlar haşlaşyp, bugra sypat möýler çykar" ("Andadur"). "Bu jehim içre tutar möýler sag-u soluñ seniñ ("Päliñ seniñ"). "Bugra mysal möýler çykyp çakarlar, Azapda, hasretde-kände, çilimkeş! ("Munda, çilimkeş"). "Tutarlar şatlaşyp möýler, Teniñni, binamaz çirkin" ("Binamaz çirkin"). Beýik şahyryñ munuñ ýaly setirleri başga-da kän. Biz bu mysallary getirmek bilen ýene sözümiziñ başyndaky pikire dolanýarys. Magtymgulynyñ goşgularyndaky "bugra sypatly" mahluklar äpet möýler barada düşünje bermekden ötri, etmişli adamyñ başyna düşjek günleri göz önümizde janlandyrmaga çalyşýar. Bu setirler bizi şer işleriñ laýyna batan adamyñ içki dünýäsine, psihologiýasyna tarap äkidýär, çuññur oýa batyrýar. Megerem dünýäni çeper añlaýyşyñ we añladyşyñ şundan ajaýyp formasy ýok bolsa gerek. Hut şeýle eserler hem ölmez-ýitmez bolup añymyzda ýaşaýar. Dowamy bar... | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||