09:37 Lenin ýörite derejeli masondy! | |
LENIN ÝÖRITE DEREJELI MASONDY!
Taryhy makalalar
Birinji jahan urşy döwründe Russiýada işlän iñlis žurnalisti Wiktor Marsden Lenin hakynda şeýle ýazýar: "Nemes-ýewreý gatyşykly Leniniñ ýewreý aýalyndan doglan çagalary nemes we ýewreý sözlerini garyşdyryp gürleýärler". ("Cumhuriyet" gazeti, 29.01.1951 ý). Leniniñ atly-derejeli mason bolandygyny subut edýän resminama Fransiýada 1953-nji ýylda emigrant belaruslar tarapyndan çykarylýan "Suratly Russiýa" atly žurnaldan alynypdyr. Rus dilindäki fotokopiýada şeýle diýilýär: "Germaniýanyñ Baş goranyş müdirliginde ýokary wezipede oturan Graf de Martel bütindünýä masonlary tarapyndan giñden tanalypdyr. 1911-nji ýylda Lenin Germaniýanyñ we Awstriýanyñ Baş goranyş müdirliginiñ başlyklarynyñ görkezmesi bilen jansyzlyk edip ýörkä, graf Martel ony iñlis we fransuz mason ložalarynyñ (ady "Gara we ak magi") adminstrasiýasynyñ dolandyryjylary Lloýd Jorj we Briýa bilen tanyşdyrypdyr, Leniniñ adyny mason ložalaryna ýazdypdyr. Şol wagtdan başlap Lenin mason ložalarynyñ görkezmelerini gylyny gyşartman ýerine ýetiripdir. 1917-nji ýylyñ oktýabrynda bolup geçen bolşewik agdarylyşygynda bolşewiklere garşy uruş yglan eden Patyşa Russiýasynyñ generallary Angliýadan we Fransiýadan dalda isläp, "bolşewiklere garşy güýç birikdirip uruşmagy" towakga edipdirler. Lloýd Jorj Graf de Marteli rus generallarynyñ ýanyna ugradyp Russiýanyñ içerki işlerine goşulmajaklaryny mälim edipdir. Lenin rus generallarynyñ öz soýuzdaşlaryna eden towakgasyny eşden badyna uly ses edip gülüpdir..." Žurnal hususanam şu maglumaty aýratyn nygtapdyr: "Ýazyjy Belýaýew 1921-nji ýylda çapdan çykan "Gyzyl baýdaklaryñ astynda" atly eseriniñ 3-nji tomunyñ 64-nji sahypasynda hem Leniniñ masondygyny açykdan-açyk beýan edýär. 1917-nji ýylyñ rewolýusiýasyny siñe öwrenenler Troskiý, Rykow, Kamenýew ýaly Leniniñ iñ ýakyn egindeşleriniñ birtoparynyñ ýewreýdigini görerler..." Aslynda, häzirem bir zada gowy ýetirilişi ýaly masonlar bütin dünýäde ruhy gymmatlyklary ýykyp-ýumrup maddy üpjünçilige esaslanýan düşünje sistemasyny, ýagny öz ýerine we ýurduna görä käte kommunizmi, käte kapitalizmi agalyk etdirmek isleýärler. Prof. dr. Jemal ANADOL. _______________________________ ■ Bellik: Ýokarda orta atylýan pikirlere we çaklamalara okyjylarymyz has sagdyn garşylyklaýyn delilleri getirip bilerler. Bu makalany ýetirmek bilen maksadymyz okyjylarymyzy taryhy hakykatlara öz nukdaýnazarlary bilen baha bermeklerine şert döretmekdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |