02:17 Leniniñ asly türki kowumlardanmyş!.. | |
LENINIÑ ASLY TÜRKI KOWUMLARDANMYŞ...
Taryhy makalalar
Leniniñ aslynyñ türki kowumlardandygy hakyndaky pikiriñ awtory Russiýanyñ we Çuwaşystan Respublikasynyñ Ýazyjylar soýuzynyñ agzasy Albina Ýuratyñ (Lýubimowa) öñe sürýän çaklamasy tassyklanaýsa, onda türki respublikalaryñ ylmy jemgyýetçiliginde gyzgyn seslenme dörejege meñzeýär! Ýazyjy we žurnalist Albina Ýurat "Leniniñ garry atasynyñ milleti boýunça çuwaşdygy hakyndaky pikir häzirlikçe diñe çaklamadan ybarat bolup durýar we muny subut edýän maglumatlardyr delilleri orta çykarmagymyz gerek" diýip gürleýär. Ynha, Çuwaş respublikasynyñ Ýazyjylar soýuzynyñ agzasy Ýuratyñ öñe sürýän täsin gipotezasy: "Rus patyşalary çuwaşlary hristian dinine salmak üçin her ilatly punkta rus missionerleri bolan pomeşikleri ugratdylar. Wagtyñ geçmegi bilen birnäçe ilatly punktlar öz gelip çykyşyny ýatdan çykarmaga başlady. Bu assimilleşdirme syýasatynyñ ýoly Leniniñ atasyndanam sowa geçmändir. Ýöne olam ähli daýhanlar ýaly özüniñ çuwaşlardan gelip çykandygyny inkär etdi. Leniniñ kakasy Ilýa Nikolaýewiç damarynda çuwaş ganynyñ akýandygyny gizläp duranokdy. Çuwaşystanda köp kişi Leniniñ maşgalasynyñ galmykdygyna ynanýardy. Emma sowet döwründe arhiw materiallary bukulyp saklanýardy. Arhiwi açmaga synanyşmak hiç kimiñ hetdi däldi. Resmi taryhy maglumatlara görä Leniniñ kakasy Ilýa Nikolaýewiç Ulýanow çuwaş alymy Iwan Ýakowlew bilen ýakyn dostdular. I.Ulýanow dosty I.Ýakowlewiñ çuwaş halkynyñ medeniýetini ösdürmäge goşýan goşantlaryny hemişe goldaýardy. Bu maglumatlar Leniniñ kakasynyñ özüni çuwaşlar ýaly duýýandygyny, şonuñ üçinem çuwaş halkynyñ medeniýetine ömürboýy hyzmat edendigine düşünmek üçin möhüm deliller hasap edip bolar. 1917-nji ýylyñ rewolýusiýasyndan soñ Iwan Ýakowlewe ölüm jezasy beriljek bolanda Lenin "Oña degilmesin!" diýip telegramma arkaly buýruk beripdir". Öñe sürülýän çaklamalary delillendirmek o diýen kyn işem däl. Munuñ üçin DNA ekspertizasyny geçiräýmeli. ■ "Ýüz sypaty-da türklere çalym edýär". Albina Ýurat Leniniñ şejeresini has içgin öwrenmek üçin professor Gennadiý Tafaýew bilenem maslahatlaşypdyr. Häzirki wagtda Çuwaş Pedagogiki unisersitetiniñ taryh bölüminiñ başlygy Tafaýewiñ pikirine görä, Leniniñ fiziki gurluşy we ýüz sypatlary boýunça türklere meñzeşligi, onuñ aslynyñ türki kowumlardan bolma ähtimallygyny hasam güýçlendirýär. # Vatan_2006 | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |