15:00 "Magrypdan maşryga dünýäniň ýüzi" | |
«MAGRYPDAN MAŞRYGA DÜNÝÄNIŇ ÝÜZI»
Edebi makalalar
Dünýä edebiýatyny Gündogaryň — Eýran, Hindistan, Hytaý, Ýaponiýa, Orta Aziýa... halklarynyň edebiýatyny goşmazdan, bitewüligine göz öňüne getirmek kyn. «Bütindünýä edebiýatynyň kitaphanasynyň» 200 jiltligi, onuň ägirt uly ylmy-habar beriş diwanhanasy — düşündirişler, makalalar, şeýle hem meşhur alymlar topary tarapyndan döredilip ajaýyp görnüşde bezelen «Dünýä halklarynyň rowaýatlary» atly iki jiltlik kitap (Moskwa 1982 ý.) we beýleki neşirler bu ugurda işleriň ep-esli öňe gitmegine öz täsirini ýetirdi. Edebiýatda Günbatar we Gündogar ýazarlarynyň özara medeni gatnaşyklary, birek-biregiň döredijiligine ýetiren täsirleri barada agzara zat kän. Ýöne bu çaklaňja makalanyň çäginde bular barada giňişleýin gürrüň bermek mümkin däl. Şu ýerde beýik nemes şahyry Gýotäni agzap geçmegem ýeterlikdir. Ol iki medeniýetiň arabaglanyşygy baradaky takyk kesgitlenen meseläni öz öňünde goýmak bilen, «Günbatar-Gündogar diwany» atly ajaýyp şygyrlar toplumyny döretdi. Şahyr bu barada (1827-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda) öz kätibi Ekkermana şeýle diýýär: «Bütindünýä edebiýatynyň möwriti geldi». Gýote günbatar medeni gymmatlyklarynyň üstüni gündogar lirikasynyň çeper keşpleri bilen baýlaşdyrdy. Onuň meşhur ildeşleriniň biri Genrih Geýne (geň galmak bilen): «Gýote bu şygyrlara durmuşyň diýseň jadylaýjy lezzetini siňdiripdir, olar şeýlebir akgynly, şadyýana, asmanda pelpelleýär welin, şular ýaly başga bir eseri nemes dilinde hakydaňa getirip bolmaýandygyna haýran galýarsyň» diýip belleýär. Gýote ýewropaly okyjylary Gündogar medeniýeti, onuň taryhy we medeni aýratynlyklary bilen tanyşdyrmagy maksat edinip, öz şygyrlar ýygyndysyna giňişleýin düşündirişleri goşdy. Ol ýewropaly şahyrlaryň ilkinjileriniň biri bolup, iki medeniýeti — Gündogary we Günbatary birleşdirýän umumy ýörelgeleri tapmaga synanyşdy. Onuň «Günbatar-Gündogar diwany» — günbatarly söz ussatlarynyň gündogarly kespdeşlerine bolan hormatynyň ajaýyp ýadygärligidir. Dogrudanam, Gündogar ХVIII asyryň edebiýatçylarynyň ünsüni täsinlikleriň we ajaýyplyklaryň ülkesi hökmünde özüne imrindiripdir. Gündogaryň çeper keşpleri (elbetde, stilleşdirilen we hakykata golaýlaşmaýan), gündogar aýratynlygy aň-bilimi ýaýratmaga niýetlenen edebiýatda ulanylýar. (Wolteriň «Babyl şasynyň gyzy», «Zadig», «Zaira», Didronyň «Gelşiksiz hazynalar», Monteskýeniň «Pars hatlary» atly eserleri muňa mysaldyr). Gündogara degişli mowzuk iňlis ýazyjysy Goldsmitiň döredijiliginde, birneme soňrak bolsa Bekfordyň «Watek» atly powestinde hem ýüze çykýar. Gündogar-Günbatar edebiýatlarynyň bir-birine bolan täsiriniň mysaly hökmünde Antuan Gallanyň kimdigini aýtmaly. Antuan Gallanyň «1001 gijäni» 1704-1712-nji ýyllarda terjime edip, on iki jiltde çap etdirendigini, şeýle hem agzalan eseriň başga dillere şol dilden geçirilendigini, mundan başga-da, Fransuz ýazyjysy Žak Kazotyň 1788-1789-njy ýyllarda «1001 gijäniň dowamy» atly dört jiltlik ertekiler ýygyndysyny ýazandygyny nygtasa bolar. «1001 gije» Wilgelm Gauf Andersen ýaly meşhur ertekiçileriň döredijiligine hem öz täsirini ýetirýär. Olar bu ertekä öýkünme hökmünde birnäçe eserleri döredýär. Bu babatda beýik rus ýazyjysy A. S. Puşkiniň Kurandan käbir terjimelerini, Baýronyň «Gäwür» atly poemasyny, Omar Haýýamyň rubagylarynyň 1859-njy ýylda Edward Fisjerald tarapyndan edilen erkin terjimesini mysal getirsek bolar. Ýeri gelende aýtsak, bu rubagylaryň terjimesi günbatar şygryýetinde prerafaelitlere ( Prerafaelitler — XIX asyryň ikinji ýarymynda iňlis suratkeşleridir ýazyjylarynyň arasynda açykgöwünliligi, sada takwalygy, gaýtadan dikeltmegi öz öňünde maksat tutunýan akym.) has güýçli täsirini ýetirdi. Soňra E. Fisjeraldyň Abdyrahman Jamynyň eserlerini hem terjime edendigi barada maglumatlar bar. Häzirki wagtda arap dilinde çap edilen naýbaşy romanlara Arap edebiýatynyň halkara baýragy gowşurylýar. Beýleki Aziýa ýurtlarynda bolsa ýazyjylara Aziýanyň Buker baýragyna dalaş etmäge mümkinçilik döredi. Bu baýraga mynasyp bolan ýa-da onuň gysga sanawyna girizilen eserler iňlis we beýleki dillere terjime edilýär hem-de Günbatar okyjylarynyň arasynda uly gyzyklanmadyr seslenme döredýär. Şu ýerde dana şahyrymyz Magtymgulynyň şygyrlarynyň hem dünýä halklarynyň diline terjime edilendigi barada agzap geçmek gerek. Mysallara ýüzlensek, Wilnýus uniwersitetiniň ozalky talyby, şahyr hem-de gündogar medeniýetini öwreniji Aleksandr Hodzko Boreýkonyň yhlasy bilen baryp ХIХ asyryň ortalarynda, ýagny 1842-nji ýylda türkmen şahyrynyň eserleri ilkinji gezek çap edilip çykarylýar. Şonda Magtymgulynyň üç sany goşgusy Londonyň döwürleýin žurnallarynyň birinde goşgularyň ýazary hakdaky maglumatlar bilen çap edildi. Şeýle hem, biz wenger alymy Arminiý Wamberiniň diwana-derwüş lybasyna girip, 1863-nji ýylda Orta Aziýa eden syýahaty mahalynda Magtymguly şahyr hakynda maglumat ýygnamak üçin kän tagalla edendigi okyjylar köpçüligine mälimdir. 1865-nji ýylda çykan «Orta Aziýa syýahat» atly kitabynda ol ençeme halkyň söýgüsine mynasyp bolan Magtymguly Pyragy we onuň şygryýeti hakynda okyjylara düşünje berýär. Gündogar, umuman, şygryýet äleminiň merkezi hasaplanylýar. Ýöne kyssaýy eserler, roman žanry bu ýere Günbatardan gelendigi barada maglumat bar. Soňy bilen bu täsirlenme gündogarly ajaýyp ýazyjylaryň ençemesiniň kemala gelmegine getirdi. Gündogar — dünýä edebiýatyna Lu Sin, Mao Dun, Lao Şe, Rünoske Akutagawa, Ýukio Misima, Kobo Abe, Mortez Moşfeg Kazemi, Sadeg Hedaýat, Bozorg Alewi, Çingiz Aýtmatow... ýaly ýazyjylary berdi. Olaryň eserleri ähli yklymlarda diýen ýaly söýlüp okalýar. Ýokarda beýan edilenlere, başga-da şu babatda edilen ençeme işlere garamazdan, Gündogar we Günbatar medeniýetiniň özara täsiri baradaky mesele, häzirlikçe o diýen düýpli öwrenilen däldir diýsek, ýalňyşmasak gerek. Akademikler N. I. Konradyň we W. M. Žirmunskiniň agzalan mowzuk babatynda ýazan ylmy işleri onuň ör-boýuna galmagyna önjeýli täsirini ýetirdi, ýöne şeýle bolsa-da, bu meselä şu günki güne deňiç ýeterlik derejede üns berilmedigi hem hakykatdyr. Tutuş adamzadyň, onuň gulluk edýän belent taglymatlarynyň umumy hem bitewi bolşy ýaly, Gündogar hem Günbatar edebiýatlary-da bitewüdir, bölünmezdir. Biziň günlerimizde dünýä medeniýetini, edebiýatyny öwrenijiler meşhur akademik N. I. Konradyň «Dünýä edebiýatynyň taryhyny» düzmek baradaky pikirini goldaýarlar we ony amal etmek barada belli bir işleri geçirýärler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |