20:04 Magtymgula bagyşlanan özbek romany | |
MAGTYMGULA BAGYŞLANAN ÖZBEK ROMANY
Magtymgulyny öwreniş
1. Dramadan romana Horezmli tanymal edebiýatçy, ýazyjy hem dramaturg Kurbon Muhammadrizonyň „Gurbatda garib“ /sözme-söz „ýat ülkede ýalňyzlykda“ – „Magtymguly“/ atly sazly drama eserini ýazandygy we onuň Horezm Döwlet teatrynda goýlandygy barada Magtymgulynyň 200 ýyllyk ýubileýi geçirilýän döwürde – 1960-njy ýylda türkmen metbugatynda ýatlanylypdy. Şonda awtotyň ady Gurbanbaý Mätrzaýew diýlip görkezilipdi. Ýeri gelende aýtsak, şu ýazgylaryň awtorlarynyň biri özüniň „Özbek dramaturgiýasynda türkmenler“ / ž. „Sowet edebiýaty“, 1979, n. 10/ bu drama eseriniň üstünde hem ymykly durupdy. Drama geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda özbek edebiýatynda Magtymguly obrazyny döretmegiň ilkibaşky synanyşyklarynyň biridi. Şeýle bolansoň onuň özbegistanly, ylaýta-da Horezm welaýatynda ýaşaýan edebiýatçylaryň we türkmen edebiýatçylarynyň-da ünsüne sezewar bolandygy tebigydy. Ol K.Muhammadrizo üçin oňat bir synanyşyk bolmakdan ötri, onuň döredijilik tejribesiniň artmagyna-da belli derejede hemaýat edipdi. Görüp otursak, „Magtymguly“ dramasynyň ýazylanyna elli ýyl köpräk wagt geçipdir. Şu ýyllaryň dowamynda Magtymgulynyň şahsyýeti, onuň döredijilik ukyp-başarnyklary hakynda başga bir has düýpli edebi žanrda eser döretmek hyýaly awtory terk etmedik bolara çemeli. Ýazyjynyň 2010-njy ýylda „Horezm“ neşirýatynda çap edilen „Magtymguly“ taryhy romany awtoryň şonuň ýaly maksat-niýetiniň önümi. Roman her biri uly dört bölümden ybarat. Edebiýatda taryhy şahslaryň obrazlaryny döretmek boýunça özbek kyssaçylarynda toplanan tejribeler azlyk etmeýär. Özbek edebiýatyndaky Nowaýy, Ulugbek, Babyr, Meşrep, Mukymy, Öwez, Hamza, Çulpon we ş. m. meşhur kişileriň çeper obrazlary döredilen taryhy-biografik romanlar sözümiziň delilidir. Türkmen edebiýatynda hem taryhy-biografik häsiýetli romanlar bir ýa iki däl. Beki Seýtäkowyň Magtymguly hakyndaky hekaýalaryndan başlap, bu beýik şahsyýet Gurandurdy Gurbansähedowyň „Çakylyk“, Tañryguly Taganowyň „Dürler hazynasy“, Mämmet Seýidowyň „Kerwen“, Oraz Ýagmyrowyň „Armanly köňül“ powestlerinde, Tañryguly Taganowyň „Magtymguly“, Gylyç Kulyýewiň „Ýowuz günler“ we onuň üsti ýetirilen „Magtymguly“, Öwezdurdy Nepesowyň „Pyragy“ romanlarynda şekillendirildi. Andalyp, Baýram han, Seýdi, Zelili, Kemine, Zynhary baralarda powestler, romanlar ýazyldy. Olarda hem, edil özbek edebiýatynda bolşy ýaly, bu beýikleriň ömür ýoly, ýaşan döwürleri, döredijilik basgançaklarynyň möhüm sahypalary yzarlanylýar. Özbek we türkmen ýazyjylarynyň şu hili eserleriniň K. Muhammadrizo üçin belli derejede nusgalanmagyň we tejribe toplamagyň mekdebine öwrülen bolmagy gaty ähtimaldyr. Roman awtoryň „Gurbatda garyb“ dramasyndan belli-külli tapawutlanýar. Diňe bir žanr babatda däl, edebi-çeperçilik aýratynlyklary, obrazlaryň beýan edilişi, döwrüniň syýasy-jemgyýetçilik keşbiniň görkezilişi jähetden hem özboluşlyga eýe. Roman žanrynyň talapgöýlügi dramanyňka garanda örän ýokarydyr. Dramada doly şekilini tapmadyk ideýalar, gutarnykly işlenilmedik obrazlar, edebi garşylyklaryň çözülişindäki gowşaklyk, durmuş materialyny ýeterlik ulanyp bilmezlik we ş. m.-ler romanda öz degerli çözgütlerini tapýar. Bir söz bilen aýdylanda, Magtymgulynyň ýaşan döwrüniň –onsekizinji asyryň syýasy-sosial ýagdaýy, many-mazmun babatdaky hususy alamatlary edebi nukdaý nazardan seljerilýär, roman ideýa-çeperçilik, gahrymanlaryň häsiýetlendirilişi, Magtymgulynyň şahs we şahyr hökmündäki çeper keşbiniň çekilişi meselelerinde hem türkmen edebiýatyndaky eserlere meňzemeýär. Bu taýda tema çemeleşmekdäki täzeçillik açyk-aýdyň duýulýar. Eserde dört bölüm bolup, olaryň her biri –de ýörite sözbaşy goýlan baplary öz içine alýar. Awtor nähilidir bir uly-kiçi wakany ýa-da waka bölejigini emele getirmesin, haýsy ýerde, neneňsi edebi detaldan peýdalanmasyn, ählisini baş obraz—Magtymguly bilen baglanyşdyrýar, ähli hadysalary onuň hereketleri arkaly çözmäge çalyşýar. Eser Magtymgulynyň Hywa bilen hoşlaşyk pursatyny suratlandyrmak bilen başlanýar. Ynha, şahyr „Şiragazy han“ medresesinde üç ýyl tälim-terbiýe alyp, bilimini ýokarlandyryp, indi öz Watanyna gaýtmagyň aladasynda. Han oňa „ak pata“ berip, hoşlaşyp galmak üçin, „Taňrynyň öýüne“ gelýär. Magtymgula yzzaat-hormat edýär. Şahyryň deň-duşlary, medresäniň talyplary hem onuň bilen haýyrlaşmak üçin jemlenipdirler. Han nutuk sözleýär. Şahyra Hywa halkynyň we özüniň gadyr goýýandygyny aýdýar. Görkezilýän hormata ýüregi tolgunç tapan Magtymguly hyýal deňzine çümýär... ötüp giden ýaşlyk ýollaryny birin-birin ýatlaýar, çagalyk ýyllaryndan şu güne gadar okamak we ylym ugrundaky sergezdançylygy onuň göz öňünde janlanýar... Soňky wakalarda okyjy Magtymgulynyň oglanlyk döwri, onuň maşgala ýagdaýlary, ata-enesi, doganlary, gyz jigisi hakyndaky teswirler bilen tanyşdyrylýar, uly şahyr bolup ýetişmeginde, edebiýata köňül bermeginde maşgala dessurlarynyň roly nygtalyp görkezilýär. Döwletmämmet mollanyň ogly Magtymgula nesihatlarynda, edebi, durmuşy sapaklarynda, umuman, peder we perzent mynasybetine esaslanýan wakalarda okyjy şübhesiz mähirli atany, öz zamanasynyň beýik şahyryny, ylym-bilimlilikde kämil ynsany görüp bilýär. Bu ugur – ata we ogul mynasybeti „Gurbatda garyb“ dramasynda hem ýüzüni görkezýärdi. Ýöne welin, onda Azady obrazy illýustratiw-ýüzleý şekilde bolup, ol käteler bir görnüp, Magtymgulynyň takdyryna täsiri, ogluna sowat öwretmekdäki, onuň düýpli bilim almagyndaky hyzmaty örän öçügsi berilýärdi. Şundan ugur alynsa, Azady romanda hakyky çeper obraz derejesine göterilipdir. Magtymgulynyň şahyr bolup ýetişmeginde atasy Döwletmämmediň tagallalary, aladalary romanyň birnäçe babynda ynandyryjylykly suratlandyrylýar. Döwletmämmet obalaryndaky kiçiräk bir medresede oglan okadýar. Wagt tapyp, ogly Magtymguly bilenem goşmaça meşgullanýar, edebi türgenleşme ýollaryny görkezip, oňa maslahatlar berýär, döredijiligiň syrlary bilen tanyşdyrýar. Onuň goşgularynyň rüstem taraplaryny-da , kemter taraplaryny-da aýdyp durýar. Oglunyň şahyrçylyk zehininiň barha şekillenip, durlanyp barýanyny, emma, şonuň bilen bir hatarda, gös-göni täsirlenmek, başgalara öýkünmek ýagdaýlaryny görüp, oňaýly bir pursatda ogluna „Oglum, setirleriňe gepim ýok, emma beýtmek dogry däl. Men seniň dädeň we lekin başgalaryň ýazanyna beýle goşmaçalar /düzedişler/ girizseň, olaryň senden göwünleriniň galjagyna söz ýok. Näme üçin diýseň, her kimse ýüregindäkini ýazýandyr. Her kimiň öz bir bilimi, dünýägaraýşy, mümkinçiligi bolýandyr. Şonuň ýaly edilip ýazylyşyna garabam, ol galam eýesiniň kimdigini, ussatlyk derejesini anyklaýandyr. Aýtmak gerek ki, seniň öý tekjäňde ýap-ýaňy ýasap goýan ýüzügiňi alyp, men ony özümçe gaýtadan özgertsem nähili bolar? Her kimiň öz ýaradan zadynda onuň öz ýüzi-tagmasy galýandyr. Muny hiç kim inkär edip bilmez. Ýagny ki, başga kişi oňa el urdumy, onda ony döredeniň ýüzi, ruhy ýok bolýandyr“ –diýip, öwüt berýär. Awtor bu taýda iki ýagdaýy göz öňünde tutýar. Birinjiden, ol Azadynyň edebi döredijiligiň kada-kanunlaryny gowy bilýändigini aňlatsa, ikinjiden, ol başga bir şahyra öýkünilip ýazylýan eserleriň bizehinlilik alamaty bolup durýandygyny ogluna düşündirýär, ony ünsli, öz sesli bolmaga çagyrýar. Magtymguly bütin ömründe we döredijilik işinde beýle öwüt-nesihatlary unutmaýar, galamyny özboluşly ýöretmäge çalyşýar. Şunuň bilen baglanyşykly wakalar örän dogruçyl suratlandyrylýar. Azady Magtymgulydan ýygy-ýygydan „ekzamen“ alyp durýar, onuň din ylmyny ele almagyndaky yhlasyny makullaýar. Şahyrdaky ilkinji sopuçylyk garaýyşlaryň döremegi we bara-bara durnuklaşmagy oňa atasynyň gös-göni täsiri bilen utgaşdyrylýar. Şol döwrüň durmuş hakykaty bilen häsiýetlenýän bu ýagdaýlar romanda özüniň göwnejaý teswirlerini tapýar. Eger, sowet kökümeti döwrüniň diýdimzorlugy zerarly şahyryň yslam dini bilen bagly durmuşy hakda gürrüň etmäge ýa-da ýazmaga ýol berilmändigini nazarda tutsak, romanda Magtymgulynyň dini garaýyşlaryna ýaýraw, gerim berilýändigi, munuň häzirki zaman durmuşyna, halkyň umumy ruhuna laýyk getirilendigi okyjynyň Magtymgulyny, belki, sopuçylyk edebiýatynyň-da göze görnükli wekili şekilinde tanamagyna-da mümkinçilik döredýär. Dini äheňler, yslam taglymaty romanyň ençeme sahypalaryna siňdirilýär we şonuň netijesinde Magtymgulynyň ylahyýete hem-de sopuçylyk ylmyna bolan mynasybeti göwnejaý açylyp görkezilýär. „Gurbatda garyb“ dramasynda bu ýagdaý başgarak bir rewüşde berilýärdi, ýagny ol ateistlikde /dinsizlikde/ aýyplanyp, medreseden kowulýardy. Munuň üçin, ýazary ýazgarmak, bu günki gün, elbetde, ýerliksiz bolardy. Sebäbi ol döwür azat-erkin pikirlenmäge ýol bermeýän, şonuň bilen barabarlykda sopuçylygy-da düýp-teýkary bilen inkär edýän döwür bolupdy. „Magtymguly“ romanynda yslam düzgünlerine, dini taglymatlara ynsanyň içki mazmuny, onuň ahlak kämilligi we ruhy päklik ölçegi hökmünde çemeleşilýär. Şeýle çemeleşme dogrudyr, okyjy hem ýazyjynyň bu ýagdaýy, iki edebiýat göz öňünde tutulanda hem, ilkinji gezek edebi dolanyşyga girizendigini makullaýar. 2. Maksatly ädimleriň çeper beýany „Magtymguly“ romnynda ýene bir taryhy hakykatyň üstünden barýarys. Ol Magtymgulynyň Buhara gelşi we Gögeldaş medresesinde bilim alşy bilen bagly wakalar. Şahyryň Buhara barandygy we ady agzalan medresä maňlaý dirändigi hakynda ylmy çeşmelerde-de ýatlanylýar. Ýazyjy şol faktlara esaslanyp, Magtymgulynyň Buharada bolan wagtyny we ol ýerdäki hereketlerini ýeke-täk bir waka ýordumyna birleşdiripdir. Awtoryň Buharanyň taryhyny, döwrüň syýasy-sosial ýagdaýlaryny, halk durmuşyny we adamlaryň özara gatnaşyklaryny içgin öwrenendigi şol hili wakalarda oňat duýulýar. Ýeri gelende, beýik akyldaryň Buhara barandygy ozal diňe käbir ylmy makalalarda, şahyryň kitaplaryna ýazylan sözbaşylarda, ýek-tük halk rowaýatlarynda ýatlanylan bolaýmasa, çeper eserlerde asla şöhlelenmändigini aýtmagymyz gerek. Şahyr Buhara saparyny şähere aýlanyp görmekden başlaýar, uly-kiçi medresedir metjitler, bazarlar, owadan, belent minaralar, kaşaň köşkler, egin-eşik, bag-bakja önümlerinden hyryn-dykyn dükanlar, açyk göwünli adamlar – bularyň hemmesi şahyra öz oňaýly täsirini ýetirýär. Ynha, şeýle gezelenç mahalynda Magtymguly ýerli şahyr Mujrim Obid bilen tanyşýar. Başda ol ony „mert ýigitleriň biridir“ diýip hasaplaýar. „Mert ýigidem“ özüni haýdan-haý tanadybermeýär-de, Magtymgulyny öýüne myhmançylyga çagyrýar, „syr“ hem şol ýerde açylýar. Magtymgulynyň gözi tekjede hatarlanyp duran kitaplara düşýär. Hojaýyn bir iş bilen daşaryk çykan mahaly , ol kitaplary gözden geçirip ugranda, olaryň käbiriniň sahabynda „Mujrim Obid“, „Mujrim Obid diwany. Gazallar“ diýlen ýazgylary okap, haýran galýar. Içinden: öý eýesiniň pespälligine, kiçigöwünliligine, adamkärçiligine guwanýar. Şol günden başlap, oňa göwün berýär, ony halypa tutunýar, haýsy bir meselede geňeşmek zerurlygy ýüze çyksa, şahyr derhal Mujrim Obidiň ýanyna gelýär. Dostluk, halypa-şägirtlik berkeýär. Magtymguly onuň ýardamy bilen Gögeldaşyň söhbetdeşlik synaglaryndan geçip, okuwa kabul edilýär. Indi onuň durmuşynda täze bir döwür başlanýar. Medrese şahyryň bilimini, ylymyny çuňlaşdyrýar, durmuş tejribesini-de artdyrýar. Medresede we ondan daşarda bolup geçýän wakalary, çaknyşykly, gapma-garşylykly hadysalary, adalatsyzlyklary görende, Magtymguly olara biparhlyk etmeýär. Awtor baş gahrymanyny, ine, şeýle pajygaly pursatlar bilenen ýüzbe-ýüz goýýar. Bu bolsa okyjynyň Magtymgulynyň durmyş durumlaryna, ygtykatyna düşünmegine ýardam edýär. Şahyryň dini ylma, onuň ýörelgelerine we talaplaryna hertaraply düşünýänligi medresäniň mugallymlary bilen eden jedellerinde has-da äşgärlenýär. Romanda Magtymgulynyň Buhaarada ýaşanda gözi bilen görüp, şaýat bolan bir ýagdaýy orta atylýar. Şol waka arkaly ýazyjy halkyň agyr ykbalyna okyjynyň ünsüni çekýär. „Özbekbaý zyndanda“, „Dar astynda“ ýaly baplarda dartgynlylyk örän güýçli. Olarda iki sany ynsanyň takdyry, olaryň başyna düşen külpetleriň umumyjemgyýetçilik häsiýeti ýazgarylýar. Yhsanlaryň ikisi-de Magtymgula hem ýat adamlar däl. Özbekbaý Magtymgulynyň ýoldaşy, dosty, ol Buhara şahyr bilen bile gelen adam. Dänegül bolsa Özbekbaýyň siňlisi-uýasy, ol öň bir wagt Eýranyň alamançy nökerleri tarapyndan Horezmden ýesir alnyp, soňam Buharanyň gul bazaryna çykarylyp satylypdyr. Özbekbaý adam öldürmekde günälenip, töhmet atylyp zyndana taşlanan bolsa, Dänegülem şonuň ýaly bir karamyň „pidasy“ bolupdyr. Olaryň ömri gyl üstünde: ýa öläm, ýa-da ömürlik zyndan. Ikisi-de jeza meýdanyna, dar astyna getirilipdir. Ýagdaý örän agyr, ýürek paralaýjy. Mujrim Obid bu hakda Magtymgula habar berende, ol bu ýere gyssagly gelip ýetişýär. Köpüň içinde durup, hereketleri synlap ugraýar. Eger Özbekbaýyň boýnuna syrtmak salynsa, „Magtymguly bilindäki hanjary mäkäm gysymlap, hüjüme geçjek ýolbars ýaly gözleri ýanyp“, kömege taýýar bolup durýar. Jellatlar hökümi berjaý etmäge girişenlerinde, ahwalatyň soňuna garaşyp durman, eli hanjarly atylyp öňe çykýar. „Eger kim Özbekbaýy öldürmekçi bolsa, kellesini gök terne ýaly üzüp taşlaryn“ diýýär. Emir we onuň ýanyndaky emeldarlary garaşylmadyk bu ýagdaýa aňalyp galýarlar.Nökerler Magtymgulyny tutup, bendi kylmakçy bolanlarynda, emir: „Duruň, degmäň!“ diýip buýrýar. Dartgynlylyk az-kem gowşaýar. Şeýle wakany esere girizmek bilen ýazyjy Magtymgulyny mert, dostunyň hatyrasyna, her niçik agyr şertde hem bolsa, hatda öz ömrüni howp astynda goýýan –da bolsa, ony penalamaga, oňa galkan bolmaga taýýar, töwekgel gahryman şekilinde görkezmek isleýär. Emma munuň gowy niýet hem bolsa, onçakly bir şowuna düşmändigini aýtmak gerek. Şahyryň şeýle pajygaly pursatda „eli hanjarly“ meýdana „atylyp“ çykmagy, „kelläňizi üzüp taşlaryn“ diýip haýbat atmagy, emiriň edil şol müddetde hiç bir sebäpsiz, oýlanyp hem durman „duruň, degmäň“ diýmegi – bularyň hiç biri okyjyny asla ynandyrmaýar. Çeper eserde her bir hereket hyýaly, toslama, fantaziýa arkaly-da bolsa, okyjy ynanar ýaly derejede delile getirilmelidir. Biziň pikirimizçe, ýazyjy Magtymgulyny bu ýerde gany gyzma adam şekilinde däl-de, paýhasly şahsyýet hökmünde öňe çykaran bolsa, ýerlikli, ynandyryjylykly bolardy. Şunuň ýaly wakanyň dowamynda baş gahrymanyň häsiýetine mahsus ýene bir ýagdaý suratlandyrylýar. Buhara emiri Muhammedrahym bir ýerde şahyr bilen tötänden gabatlaşýar, sorag-jogap alyşýar. Şol gepleşik sahnasynda Magtymguly döredijilikde-de, hakyky durmuşda-da halkyň dilinden, söz baýlyklaryndan adalaty dabaralandyrmakdan gorkmaýan, nähak işlere barlyşyksyz, zalymlygy ret edýän serişde hökmünde peýdalanyp bilýän ökde, dilewar bir şahsyýet sypatynda ör boýuna galýar. Emir bilen şahyryň arasyndaky çekişikli, hyjuwa ýugrulan täsirli pikirler Magtymgulynyň emiriň berýän sowallaryna berýän jogaplarynda delillenýändiginden-de daşgary, şahyryň ynsanperwerligini hem, halky kyn günlere sezewar edýänlere gahar-gazabyny-da açyk-aýan edýär. Ol bütün ömründe milletine garamazdan adamy, halky söýüp, halkyň hyzmatyna taýýar bolup ýaşapdyr, halkyň aň-düşünjesini ösdürmegi, onda ýagşy-ýamany saldarlap, ölçäp görmek endikleri terbiýelemegi baş maksat edip saýlap alypdyr, şoňa görä goşgular ýazypdyr. Şeýle taryhy we ylmy hakykaty tassyklamakdan ötri, ýazyjy käte Magtymgulynyň özüne „söz berýär“, şygyrlaryndan peýdalanyp, bu ugruň ähmiýetini, jemagatçylyk üçin bähbidini ýene bir merte tassyklaýar. „Başlady“ redifli goşgy emire, guşbegä, kazy-kelana, umuman, adalatsyzlyga atylan ok bolup görünýär. Magtymguly halaýyga garap: Gömüldi derýalar, ýykyldy daglar, Ýetimler gözýaşyn döke başlady. Orramsydan bolan haramhor begler Ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady - diýip ýüzlenýär. Magtymgulynyň bu goşgusy sada adamlarda haýyrhonluk duýgularyny döretse-de, dürli hili pajygalaryň sebäbi bolup durýan bir topar emeldarlary ynjalykdan gaçyrýar. Hususan-da, şahyryň „Şalarda galmady hökmi adalat// Zalymlar bitoba öte başlady“ ýa-da „Pygamber ornunda oturan kazy// Para üçin elin aça başlady“ kimin setirleri okalanda emel eýeleri gyjynyp, Magtymgulyny derhal ýok etmäge perman bermegi emirden soraýarlar. Emma muňa emir razy bolmaýar. Sebäbi goşgynyň soňky bendindäki „Bäş gün synamaga iberdi seni// Senden ozal öten jananlar kany? // Her kim nobatynda öte başlady“ ýaly misralar emiri düýpli oýlandyryp, ahyreti onuň ýadyna salýar, ony „günäli“ işlere çynlakaý çemeleşmäge çagyrýar. Netijede, emir Magtymgulyny jezalandyrmak pikirinden belli-külli el çekýär, dar astynda duran Özbekbaýy ölümden saklap galýar, Dänegüli gulçulykdan boşadýar. Dogry, bu pursat garşylyklaryň çözülişinde birneme süýndürilýär, Emiriň birdenikä „aýypdarlaryň günälerini“ bagyşlap, „haýyr-sahabatlyk“ etmegi mantyga-da kän bir laýyk gelmeýän ýaly bolup duýulýar. Emir her näçe adalatperwer bolaýanda-da, onuň emelli ülpetleri oňa şeýle hereket etmäge ýol bererlermi näme? Bu taýda edebi çeperçilik meselesinde nähilidir bir ýetmezçilik bar ýaly görünýär. Her näme-de bolsa bu wakalaryň bellärlik örän häsiýetli bir tarapy bar. Ol-da Emiriň Magtymgulynyň goşgusyndaky pikirleri özüne gönükdirilen hasap etmänligidir. Bu eýýäm, şu wagta çenli suratlandyrylyp gelşiniň tersine, hanlaryň, emirleriň, şalaryň hemmesini bir aýakdan sürüp bolmajakdygynyň alamatydyr. Bu ýerde Emir öz oýlanmalaryny, pikirlenmelerini, durmuş hakdaky tejribelerini daşarky oňaýly täsirler bilen baýlaşdyryp durpýanlygy bilen gowy tarapa tapawutlanýar. Şahyryň Buharadaky durmuşy syýasy-sosial wakalar bilen köpräk baglanyşdyrylýar we, munuň tersine, onuň medrese bilen, okuw-bilim ugurlaryndaky ädimlerine, göwnümize bolmasa, örän az üns berilýär. Aslynda şahyr Buhara okamak, bilimini ýokarlandyrmak maksady bilen gelýär ahyryn. Şoňa görä, Magtymgulynyň ylmy, edebi düşünjeleriniň kämilleşmeginde ozaly bilen Gögeldaş medresesiniň täsiri, hyzmaty görkezilmeli. Awtor şahyryň Buharalyk durmuşyna şonuň ýaly görnüşde çemeleşen bolanlygynda ol taryhy kakykata-da, şahyryň göwün telwaslaryna-da has golaýlaşardy. Şeýle-de bolsa, roman Magtymgulynyň Buharadaky Mujrim Obid we Nury Kazym bilen halypa-şägirtlik mynasybetleri, şol döwrüň taryhy ýagdaýlary dogrusynda, belli derejede, düşünje berip bilýär. 3. Muhabbet we adat... Magtymguly Buharadaka enesiniň kaza tapanyny, iki agasynyň biwagt ýogalanyny eşidip, ýurduna gaýdýar. Onuň obasyna gelendäki durmuşy-da rahatlykda we asudalykda geçmeýär. Ol bu ýere gelse, özüne öňkülerden-de has beter, has ýürek gyýyjy wakalaryň garaşýandygyny güman hem edenok. Onuň muhabbete wepasy, maşgala söýgüsi, ata öňündäki borjy we käbir yrym-ynançlara bolan mynasybetini görkezmek maksady bilen ýazyjy çylşyrymly bir sýužet ýordumyny esere girizýär. Ol – Magtymgulynyň biwagt aradan çykan agasynyň dul galan aýaly Akgyza öýlendirilmegi bilen utgaşykly wakalardan ybarat. Türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynda bu meselä dürli garaýyş saklanyp gelýär. Mysal üçin G.Kulyýewiň „Ýowuz günler“ romanynda-da Magtymguly Akgyza öýlendirilýär. T.Taganowyň „Dürler hazynasy“ powestinde Meňli Şyhym harpyga berlen terzde gürrüň edilýär. Emma bu faktlar belli edebiýat tankytçysy S.Myradow tarapyndan örän delilli ýalana çykaryldy. Ýazyjylar ady agzalan eserlerini ýaňadan işlänlerinde S.Myradowyň getirýän delillerini dogry tapdylar we ony göz öňünde tutdular. K.Muhammadrizo bu ýagdaýa gaýtadan dolanyp gelýär we şol köne tutalgalara ýapyşýar. Bu onuň türkmen edebiýaty öwreniş ylmyndaky şol täzeliklerden bihabardygyny aňladýar. Her hal, şeýle-de bolsa, romandaky teswirlere garap görmegi dogry tapýarys. „Gurbatda garyb“ dramasynda hem Akgyz obrazy döredilipdi. Emma Magtymguly we Akgyz mynasybeti onda esli derejede ýüzleýdi, ýöntemdi, şahyryň hereketleriniň, häsiýetleriniň doly açylyşyna, onuň içki dünýäsindäki ruhy pese gaçmalara dahylly parçalar romandaky ýaly göze görnükli däldi. Roman bu meselä ymykly orun berýär. Obrazlar has duýarlykly edilýär, mahlasy sýužet roman žanryna mahsus elementler bilen doldurylýar. Wakalar ata we ogul, Magtymguly we Akgyz, Meňli we Magtymguly ýordumlarynyň dönmelerinde ösdürilýär. Romanyň „Iki oduň arasynda“, „Pederiň şerti“, „Nika“, „Hasrata öwrülen muhabbet“ ýaly baplarynda Magtymgulynyň ruhy dünýäsi göwnejaý açylýar. Onuň ýüreginde iki hili duýgy çaknyşýar. Olaryň biri agasynyň dul galan, özünden sekiz ýaş uly aýalyna öýlenmegi bilen bagly ata talaby, beýleki biri söýgüsini bütinleý terk edip, halaşan gyzy Meňlä biwepalyk etmegi. Barybir, ata öňündäki borç, jogapkärçilik, galyberse-de, urp-adat üstün çykyp, Magtymguly kysmata kaýyl bolmakdan başga alaç tapmaýar. Ýazyjy nika dessuryny teswirlände Magtymgulynyň ruhy ýagdaýyna ýene bir gezek dolanyp gelýär, biçäre gahrymanyň keç ykbalyna okyjyny ýene ýakynlaşdyrýar, derdine şärikdeş edip goýýar. Ynha, şol teswir: „Magtymguly haraý isläp bir Çowdur dostuna, bir Özbekbaýa seretdi. Görse, olaram başlaryny aşak egişip durlar. Döwletmämmet mollanyň özi şeýle edensoň, dagy ol derdini kime diýsin? Hudaýamy? Hudaý hem atanyň tarapynda. Ata razy – Alla razy. Ýigit iki oduň arasyndady“. Garaz, Akgyz Magtymgula nikalanyp berilýär. Onuň öz söýgüsi haraba çykdy, indi oňa söýgülisi Meňli bilen didarlaşmak, bile bolmak hiç haçan hem miýesser etmez. Bu pikir ony aldym-berdime salýar, gynaýar. Ýazyjy gahrymanynyň şu pursatdaky hal-ahwalyny daşky täsirler, tebigat görnüşleri bilen berkidip gidýär. Tebigat hem göýä diýersiň beýle adalatsyz dessurdan nala çekýär, maşgala, söýgi meselesinde ol şahyra ýürekdeş görünýär, onuň bilen bile aglaýar. Nika dessuryndan soňky aşakdaky teswire-de üns berip göreliň. „Ir säherden turan şemal barha batlanyp, soňy güýçli borana aýlandy, güneş töweregindäki gara bulutlary ýüzüne örtüp, „eňräp“ ugrady. Daga ýagan ýagyşlar sil bolup akdy, ekinzarlyk suw astynda galdy. Ýürek ygtykatynyň, päk söýgüniň paýhyn bolşy, gör, nämelere alyp gelýän eken! Döwletmämmet molla nikany gyýyp bolup, daşaryk çykdy, asman ýagyşyny bedreläp, onuň başyna eňterdi. Ol derrew içerik girip, gapyny ýapyp, „toba“ diýip, ýakasyny tutdy.“ Ýagdaýdan habarly Meňli hem gam-gussasyny kim bilen paýlaşjagyny bilmän, dert-elemini içine salyp, ejir baryny çekip otyr. Bu işlerde Magtymgulyny aýyplara onuň hiç hili tutalga-delili ýok. Dessur şeýle, däbiň garşysyna gitmegiň atanyň ýüzüne urmak bilen barabardygyna-da onyň gözi ýetik. Her nähili bolanda hem Meňli Magtymgula bolan söýgüsinden el üzüp bilmeýär, ol ony ýüreginde ezizläp saklaýar. Meňli obrazy romanda oňat işlenen obrazlaryň biri. Magtymguly bilen Meňliniň biri-birine muhabbeti türkmen romanlarynyň ilkinji nusgalaryndakydan tapawutlanmaýan-da bolsa, roman hemme zatdan öňürti özbek okyjysyna niýetlenilip ýazylyndygyna görä, bu ýerdäki wakalar Magtymguly obrazynyň bütewiligine öz oňaýly täsirini ýetirýär. Magtymguly we Akgyzly meselä dolanyp, ýene bir ýagdaýy ýatlamagy derwaýys hasaplaýarys: türkmen alymlarynyň pikirine görä, Akgyz taryhy şahs däl-de, oýlanyp tapylan gahryman. Şeýle bolansoň onuň çeper keşbine-de toslamalar mahsus. „Gurbatda garyb“ pýesasynda bu keşbiň hakyky kaddyna ýetip bilmändigini aýtmak gerek. Romanda bu ýagdaý esli özgerdilip, onuň sözlerine, hereketlerine käbir anyklyklar girizilipdir. Roman žanry beýleki edebi žanrlardan onuň waka dolanyşygyna alnan hemme närsäniň - has giň, has jikme-jik, has göze ilerlikli beýan edilýändigi bilenem tapawutlanýar. Ýazyjy öz teswirlerinde real durmuşy we edebi-çeper hakykaty ünsden düşürmeýär. Magtymgulynyň häsiýetleriniň doly açylmagynda bu obrazyň-da hyzmaty bar. Akgyzyň taryhy şahs bolup-bolmanlygy barada aýdylanda bolsa, şeýle obrazy döredýändikleri üçin ýazyjylara igenmek, biziň pikirimizçe, gaty bir dogry däldir. Sebäbi, bu obrazda döwrüň ruhy, umumyjemgyýetçilik ýaşaýşynyň laýykaty, türkmen halkyna mahsus alamatlar, dessurlar umumylaşdyrylýar, olary Magtymgulydan we onuň zamanyndan aýryp bolanok. Ol okyjylaryň göz öňünde ilki bilen, şol döwrüň ahlak durumlarynyň bir bölegi ýaly bolup janlanýar. Şu hili tejribe, ýagny epsanaly, rowaýat häsiýetli hyýaly gahrymanlary döretmek tejribesi özbek edebiýatynda hem az sataşmaýar. Mysal üçin, I. Soltanyň „Alyşir Nowaýy“ dramasynda ýüzüni görkezýän Gül taryhy şahs däldir, agzeki edebiýatyň däplerine görä oýlanyp tapylan gahrymandyr. Nowaýynyň muhabbet mynasybetleri, söýgi duýgusyna oňyn garaýyşlary Gül obrazy arkaly açylyp görkezilýär. Aýbegiň „Nowaýy“ romanynda Gül obrazyna sataşylmaýar. Emma ony romanyň kemçiligi diýip aýtmaga esas ýok. Garaz, ýazyjylaryň Gül obrazyny döredip ýa döretmänligi üçin olara närazylyk bildirmegem hiç bir hakykata laýyk gelmeýär. Her bir galam eýesi bu meselede erkindir. Şeýle erkinlik bolmasa ýazyjynyň hakyky sungat eserini döredip bilmejekdigi aýan zat. Mesele ideýanyň täsirli ýüze çykarylmagyndadyr. Şu nukdaý nazardan garalanda „Magtymguly“ romanynda döredilen Akgyz obrazy, biziň pikirimizçe, ýazyjynyň öňe sürmekçi bolýan ideýalaryny kuwwatlandyrmagyň hyzmatynda goýulýar. 4. Magtymguly „Şirgazy han“ medresesinde „Magtymguly“ romanynyň ikinji ýarymyndaky wakalar şahyryň Horezm topragyndaky, Hywanyň „Şirgazy“ medresesindäki durmuşyna bagyşlanýar. Bu taýda şahyryň üç ýyl okanlygy taryhy hakykat. Ýazyjy anyk taryhy maglumatlar esasynda gyzykly, çeper waka toplumlaryny döretmegiň hötdesinden gelipdir. Awtor Magtymguly bilen bagly faktlary, on sekizinji asyr Hywa taryhyna degişli ylmy-çeper çeşmeleri öwrenip, oňat özleşdiripdir. Eseriň her bir sahypasyndan döwrüň roýuny, adamlaryna has bolan aýratynlyklary görmek mümkin. Dogrusy, başga bir ýurtda ýaşaýan dörediji Horezmiň koloritini edil şonuň ýaly şekilde we mazmunda berip bilmese garek. Horezmiň on sekizinji asyrdaky syýasy-jemgyýetçilik hem-de edebi ýagdaýy çeper hem janly şekillendirilýär, okyjy özüni göýä şol durmuşyň içinde ýaşap ýören ýaly duýýar. Magtymgulynyň şahsy durmuşy, onuň ylym-bilim, döredijilik ýolundaky ösüş, taplanyş, kämillik etaplary, ynha, şeýle çeper suratlandyrmalarda görkezilýär. Magtymgulynyň üç ýyllyk durmuşy, „Şirgazy“medresesindäki okuwy, onuň talyplar, halypalary, mugallymlary, beýleki döredijiler bilen gatnaşyklary romanda jikme-jik seljerilýär. Uly-kiçi wakalar bir maksada – Magtymgulynyň gözýetiminiň giňeýiş we çuňlanyş basgançaklaryny aýyl-saýyl etmäge gönükdirilýär. Halypa-şägirtlik meselesine-de mynasyp orun berilýär. Şahyryň döredijiliginiň many, şekil, ideýa, çeperçilik babatlardaky öňe gidişi, ösüşi medresede berlen bilim bilen birlikde, ussatlaryň oňa ýetiren täsirleri bilenem baglanyşdyrylýar. Bu ahwaly anyklaşdyrmak üçin ýazyjy Kiromy, Andalyp we Pälwanguly, Rawnak ýaly şahyrlary esere girizýär. Bular şol döwrüň Horezm döwletiniň adygan şahyrlary. Magtymguly olar bilen tanyşyp, olardan öwrenip we muşaýra agşamlarynda goşgy okaşyp, tejribe baryny toplaýar. Rawnak hem, Kiromy hem türkmen şahyrynda üýtgeşik ukyby, ýiti zehini görüp, ony her tarapdan goldaýarlar. Magtymguly şahyrlar dostlugynyň, halklar dostlugynyň tarapdary bolup çykyş edýär, şeýle dostlugyň halklar üçinem, edebiýat, medeniýet, bilim, ylym ugurlary üçinem bähbitlidigine ol örän oňat düşünýär. Ýazyjy muny Magtymgulynyň dilinden berilýän şygyr setirleri bilen tassyklaýar: „Biliň, Pyragynyň iki gözi bar// Biri türkmen bolsa, biri özbegim!“ romanyň iň bir ähmiýetli tarapy-da şu ýerdedir: kysmatdaş halklaryň, edebiýatlaryň hemdemligini, agzybirlige, ylalaşykly ýaşaýşa ymtylyşlaryny şu günki ýaşlara görelde edip goýmakdan ybaratdyr. Magtymgulynyň dünýägaraýşyny, çeperçilik mümkinçiligini, dilewarlyk ukybyny, suhangöýlük başarnygyny „barlap görmekden“, ony eseriň beýleki gahrymanlaryna we okyjylaryna aýan etmekden ötri, ýazyjy wakalaryň ýene bir „şahasyna“ ýapyşýar: onuň diňe bir şahyrlykda däl, eýsem sufizm ylmynda hem beýik şahsyýet bolup ýetişendigi şol „barlagyň“ netijesinde açyk-aýan bolýar: „Şirgazy han“ medresesi. Talyplar hem mugallymlar jemlenipdirler. Rawnak, Kiramy we türkmen şahyrlary Andalypdyr Magtymguly-da şu ýerde.söhbetdeşligiň soňy goşgy okaşlyga ulaşyp gidýär. Şahyrlar yzly-yzyna goşgy okaýarlar. Nobat Magtymgula ýetýär. Ol şeýle bir täsin goşgy okaýar welin, şondan soň goşgy okamak bes edilýär. Mähelle, talyplar, müderrisler – hemmesi Magtymgula „Aperin!“ aýdyp, ony alkyşlaýarlar. Emma munuň bilen „barlag“ gutarmaýar. Indi Magtymgula medresäniň müderrisi adyny almak üçin ýene bir „synagdan“ geçmek gerek. Talyplaram, Magtymgulynyň özi-de bu ýere mugallym bolmak üçin däl-de, bilim almak üçin gelendiklerini, müderrislige Magtymgulynyň höwes etmeýändigini düşündirserler-de, olara kän bir gulak gabardylmaýar. Hatda Kiromy: „Pyragynyň sowady haýsy müderesiňkiden kem? Oňa ekzamensizem müderreslik makamyny berse bolýar“ diýýär. Muňa Ahun razy bolmaýar. Sowal-jogap başlanýar. Ahun soraýar: - Ylmyň başy haýsy, ahyry haýsy? - Ylmyň başy Alla we ony tanamakdyr, ahyry bolsa Allatagalany tapmakdyr. - Tarykat makamynyň owwaly nedir? „Kubbatul yslam“ – bu haýsy makam? - Tarykat owwaly „Toba“ kelamy, Horezm zamyny „Kubbatul yslam!“... Şeýdip, sowal-jogaplar Magtymgulynyň rüstemligi bilen tamamlanýar. Bu sowal-jogaplar şahyra dünýäniň akyldary, danasy diýmäge esas berýär. Awtoryň we onuň gahrymanynyň nazarýet düşünjeleri biri-birine kybap geläýmeli, çünki ýazyjynyň dünýägaraýşy gahrymanyň dünýägaraýşyny, düşünje derejesini aňladýar. Awtor bu meselede güýçli bolsa, onuň gahrymany-da özüni güýçli we kämil görkezip bilýär. Bu-da, öz nobatynda, okyja hem-ä estetik lezzet berýär, hemem onuň-da düşünje gabaralaryna oňaýly täsir edýär. Beýik akyldaryň „ekzamen synagyna“ gaýtadan dolanyp, ýazyjy şahyryň öz eserlerinden-de ýerlikli peýdalanýar. Olary Ahun bilen bolan sorag-jogap zolagyna örän ussatlyk bilen goşup goýberýär. Magtymgulynyň Durdy şahyr bilen sowal-jogap görnüşinde aýdyşan bir goşgusyny ýazyjy Ahun bilen Magtymgula diýseň ynandyryjylykly paýlaýar: - O nämedir, ýakasy bar, ýany ýok? O nämedir, adam ýuwdar, jany ýok? - Ol kependir, ýakasy bar, ýany ýok, Gara ýerdir, adam ýuwdar, jany ýok. - O nämedir, derwezesiz galadyr, O nämedir, penjiresiz binadyr? - Ol köňüldir, derwezesiz galadyr, Ol gabyrdyr, penjiresiz binadyr... Gepiň gysgasy, medresäniň baş müderrisi-de, Ahun hem Magtymgulyny „ýeňip“ bolmajakdygyna ymykly göz ýetirenlerinden soň, olara kaýl bolmakdan başga ýol galmaýar. Hatda sowal baryny berip, Magtymgulyny ýeňlişe sezewar etjek bolup dyrjaşan Ahun hem indi onuň talantyna guwanýar, ony bagryna basýar: „Berekella! Söz ýok, jogaplar dogry! Şirgazy medresesi şu günden başlap, ýene bir ajaýyp mugallymyny köpeltdi, gutlaýaryn, Magtymguly!“ Ahun obrazy „Gurbatda garyb...“ dramasynda köpräk paş ediji, Magtymgulyny dinsizlikde ýazgaryp, medreseden kowdurmak üçin çalyşan tip mysalynda göze görünýärdi. Romanda bolsa bu obraz has „ýumşadylan“ rewüşde, ep-esli „akyllanan“ terizde berilýär. Dogrusy, ol roman wakalaryna, häzirki zaman talaplaryna laýyklaşdyrylyp, gaýtadan işlenilipdir. Ylmy edebiýatlarda Magtymgulynyň „Şirgazyda“ okanlygy tassyklanylýar. Emma onyň bu ýerde mugallymçylyk edendigi barada ylmy ýa edebi bulaklarda hiç hili maglumat ýok. Ol ýazyjynyň toslap tapan, fantaziýasy arkaly emele getirilen waka. Bu diýdigimiz ýazyjy durmuşyň real ýagdaýlaryndan daşlaşypdyr diýlenini aňlatmaýar. Sebäbi, ýazyjy Magtymgulyny köpugurly ezber şahsyýet şekilinde tanatmak isleýär. Şeýle bolansoň, awtoryň ol ýa beýleki bir wakany, tipi „hyýalynda“ döretmegi we olary eserde real waka, real tip hökmünde suratlandyrmaga hakly. Şahyryň medresäniň müderrisi derejesine mynasyplygy eseriň edebi gahrymanlarynda-da, okyjyda hem şübhe döretmeýär, ýazyjy ol ýagdaýlary mahtyk taýdan jebis we ynanarly beýan edipdir. 5. Muhabbetli sahypalar Syn berilýän bu eserde okyjyny gyzyklandyrýan ýene bir ugur bar. Ol ugur Magtymgulynyň özüne mahsus bolan häsiýetleri, şahyryň yşky heserlerini, Meňlä bolan ýokary derejedäki yhlasyny onuň ýüreginiň „iki bölegi“ bilen utgaşykly duýarlykly we anyk edip görkezmek bilen bagly. Aýsere obrazy romanda şonuň ýaly niýet bilen döredilýär. Ol akylly, aň-düşünjeli, şahyrana ýürekli bir gyz. Kiramynyň ýegençisi. Aýsere eseriň ençeme sahypalarynda görünýär. Nirede goşgy-şygyr aýdyşlygy – muşaýra ýygnanyşygy bolsa ol hem, köplenç, şol ýerde. Ol „Men!“ diýen şahyrlar bilenem ýaryşmakdan çekinip durmaýar. Beýle hereketler onuň suhangöýlügine, zehinliligine şaýatlyk edýär. Dogrusyny aýtsak, Aýsere romanyň esasy gahrymanlarynyň biri. Özem şol döwrüň meşhur şahyr zenanlarynyň umumylaşdyrylan tipik wekili. Ynha, şu gyzyň Magtymgula göwni gidýär, ony halaýar, söýýär. Şahyryň maşgalasynyň, söýüşýän gyzynyň barlygyny bilse-de, barybir, Magtymgulydan umydyny üzmeýär. Magtymguly-da ondaky şeýle gyjynmalary, özüne bolan ýürek telwaslaryny syzýar, özüniň hem kalbynda Aýserä höwesiň, , inçe duýgularyň döräp barýandygynam ol bilmän duranok. Ýazyjy bu wakany janly şekillerde suratlandyrýar. Bularyň birek-birege yhlas-höwesleri, köplenç, muşaýra aýdyşyklary, edebiýat söhbetdeşlikleri mahalynda äşgär duýulýar. Magtymguly Aýseräniň sypatynda Meňliniň keşbini, onuň owadan jemalyny görýär. Gyzyň gözelligi, pähimliligi, özüni alyp barşy, edep-terbiýesi oňa Meňlini häli-şindi ýatladýar. Ol „Aýserä bolan söýgüm – Meňlä bolan muhabbetimdir“ diýen hyýalda ýaşaýar. Aşyk-magşuklykda emele gelýän gyjynmalary täsirli beýan etmek maksady bilen awtor ýene-de Magtymgulynyň öz goşgularyna ýüzlenýär, olaryň belli-belli pursatlardaky ruhy ahwallaryny görkezip biljek şygyr setirlerini wakalara aralaşdyrýar, şeýle usul bilenem häsiýetleri aýan etmäge we parhlandyrmaga çalyşýar. Aýseräniň-de gatnaşýan muşaýyralaryň birinde şahyr „Dogrusy“ diýen goşgusyny okaýar: Eý peri, men aşygam saňa, ýanaram, dogrusy, Görmeginçe gül ýüzüň, bikararam, dogrusy. Şähriňizde bir peri, adyň eşitdim men seniň: Bilbili biçäreýem, çoh ahy-zaram, dogrusy... Goşgynyň okalyp gutararyna mähetdel, Aýsere „janalyjy bir garaýyş bilen“ Magtymgula ýüzlenip: „Soramagyň aýby ýok, haýsy bagtly gyza bagyşlananka bu goşgy?“ diýenini özi-de duýman galýar we „utanyp gyzarýar“. Magtymguly hem „Elbetde, Meňlädir, başga kime bolsun, bar ömrüm şol melikä berlen“ diýip jogap berýär. Şunuň ýaly jogapdan „gyzda gabanjaňlyk döräp, oda çirkizilen gyl ýaly bolup gowruldy. Bir salymyň içinde gül ýüzi sargaryp, ýanýan göreçleriniň uçguny sönüp galdy.“ Aýseredäki bu göwniçökgünlik ony muhabbet duýgularyndan daşlaşdyryp bilmeýär, gaýtam şahyr sebäpli ýüreginde dörän ol ataş has-da alawlanýar. Hatda Magtymguly „Aýserebanu, seniň suratyňda Meňlini görüp durun, dogrusyny aýtsam, gizläp durmaýyn, aýyň bir parçasy ol, beýleki bir parçasy hem sen! Allatagala seni onuň bir nusgasy edip ýasany üçin oňa alkyşym kändir“ diýeninde-de, Aýseredäki söýgi rişteleri üzülmeýär... Kitaphon romanyň „Myhmanparazlyk“ babynda bu meselä dahylly goşmaça bir waka bilen tanyşýar. Kiromy Magtymgulyny bir gyra çekip, oňa ýegençesi hakda „gyza öýlenmegiň alajy tapylmazmy?“ diýip soraýar. Magtymgulynyň jogaby: „Özge bir näzenine öýlenip bilmeýänimiň sebäbi ýüregimiň aramy ýok, ony Meňli eýeläp, özge birine ýer galdyrmandyr“. Bu teswir, bu beýan onçakly bir ýerine düşmändir. Beýle ýalaňaç, morta teswirler söýgi ýaly mukaddes duýgyny beýge götermeýär, gaýtam ony gadyrsyzlandyrýar. Awtor bu taýda durmuş hakykatyndan, ýagny jemgyýetçilik gatnaşyklaryndaky sypaýyçylyk dessurlaryndan ýerlikli, göwnejaý peýdalanyp bilmändir. „Ol sowal-jogaplar 2-3 ýüz ýyl mundan ozalky yşky garaýyşlary ýazyjy şu güne laýyklaşdyrýan bolaýmasyn?-diýen pikiri-de döretmän duranok. Magtymguly bilen Aýsereli waka ulgamynda yşky mynasybetiň görkezilişinde durmuş hakykatyndan daşlaşmak, halkyň gadymy däp-dessurlaryny nazardan düşürmek, hususan-da, aýal-gyzlaryň kysmatyna dahylly käbir ahwalatlaryň çözülişinde emeliligiň, ýüzleýligiň duýulýandygyny bellemek isleýäris. Özbek gyzlaryna mahsus utanç-haýalylyk, çekinjeňlik, akyllylyk ýaly häsiýetler romanda hasaba alynmandyr. Aýseräniň Magtymguly bilen goşguly sowal-jogap alyşmalarynda muhabbet syrlary açykdan-açyk, örän gönümel äşgär ediliberýär. Aslynda, beýle hereketler perdeliräk aýdylsa gowy! Magtymgulynyň maşgalalydygyny, söýýän naçarynyň-da bardygyny eşitse-de, Aýseräniň bu meseledäki kesirligi kän bir maňza batarlykly däl. Muňa „aý, bolýa-da“ diýeliň. Ýowar güni tötänlikde Magtymgulynyň aýagyndan çýan çakýar. Ýowara gatnaşýanlaryň barçasy ylgap gelip, şahyra nädip hemaýat etjeklerini bilmän durkalar, Aýsere sen-men ýok, „işe“ girişýär, başyndaky ýaglygy bilen Magtymgulynyň çýan çakan aýagynyň ýokar ýanyndan mäkämläp daňýar. Çýanyň çakan ýerine „lebini goýup“ zäheri sorup taşlamaga başlaýar. Dogry, ilde şeýle ýol bilen ynsan ömrüni saklap galmak tejribesi bar. Emma häzir gep bu hakda däl. Wakanyň ýüz beren ýerinde şeýle köp adamlar barka we ýagdaýy gözleri bilen görüp durkalar bu işe Aýseräniň goşulmagynda heý bir zerurlyk barmy? Ol edebi-çeper beýanlaryň mantygyna bir laýyk gelýärmi? Mähelleden gypynç etmän, nämährem bir kişiniň aýagyny köpüň gözüniň öňünde „öpüp“ tebiplik edip durmasy ýaş gyza gelişýän zatmydyr, eýsem? Okyjyda şeýle sowallaryň döreýändigi tebigydyr. Elbetde, ýazyjy şeýle hereketde Aýseräniň Magymgulyny jan-dilden halaýandygyny, oňa muhabbetiniň uludygyny, yhlasynyň güýçlüdigini nygtamak isleýär. Emma awtoryň islegi bilen okyjy islegini gatyşdyrmak bolmaýar, olar biri-birine ters gelmän, biri-birine kybaplaşmalydyr. Ýöne welin, bu wakada hiç hili ynandyryjylyk ýok. Başga bir teswirde hem ýagdaý edil şunuň ýalydyr. Munda-da awtor halk däp-dessurlaryny unudan şekilli görünýär. Magtymguly ýurduna gaýtmagyň ugrunda. Onuň bilen hoşlaşmak üçin deň-duşlary bir öýde oturşma guraýarlar. Aýsere-de bar. Ol Magtymgulynyň il içinde aýdylyp ýören goşgularyny öz eli bilen göçürip, diwan görnüşine getiripdir. Ol diwany sowgat hökmünde şahyra gowşurýar. Munuň ybratly, ähmiýetli, göwnemakul faktdygyny, ýazyjynyň şowly çeper tapyndysydygyny aýtmak gerek. Ýagdaýdan heýjana gelen Magtymguly „Aýseräniň ýanyna gelip, onuň alma ýaly gyzaryp duran ýaňaklaryny taýly gezek ogşady“. Minnetdarlyk bildirmegiň başgarak, saýhallyrak ýoly hem tapylardy ahyryn! „ýaňaklaryny taýly gezek ogşady“ diýmän, „maňlaýyndan öpdi“ ýa-da „maňlaýyna dodagyny degrip“ minnetdarlygyny bildirdi diýlen bolsa, şeýle teswir milli edebe, milli dessura has-da laýyk bolardy. Her halda, iki ýüregiň şu hili mynasybetinden okyjynyň göwni göterilendir diýmek kyn. ХVIII asyrda ýaşan gyzlaryň beýle hereketine „hä!“ bermek örän müşgil. Ýazyjynyň beýle ýagdaýlara dykgatly, çynlakaý we örän jogapkärli çemeleşmegi gerek eken. 6. Dartgynly wakalaryň jümmüşinde Romanda başga-da bir topar waka ugurlary bolup, olarda şahyryň häsiýetleriniň entek açylyp görkezilmedik taraplary bilen tanyşýarys. Magtymgulyny halk, halky Magtymguly bilen bile, bitewi bir göwre şekilinde görkezmek arkaly olaryň özara mynasybeti, yzzat-hormaty, umumy duşmana garşy göreşde pikirdeşlik,berk baglanyşykly söweşjeňlik ruhy romanda dogruçyl teswirlenýär, halkyň ykbalynda şahsyýetiň, şahsyýetiň ykbalynda halkyň roly ynanarlykly beýan edilýär. Birnäçe bapda şahyr dartgynly, pajygaly hadysalaryň içinde hereket edýär. Şonda ol synçy däl-de, ýerine ýetiriji hökmünde suratlandyrylýar. Magtymgulynyň Hywadaky ýaşaýşy hem birsydyrgyn asudalykda – rahatlykda geçmeýär, köplenç halatda ol çekeleşikli, tutluşykly ýagdaýlarda ýüzüni görkezýär. Adalatsyz jemgyýetiň gynançly, töhmetçilikli pursatlary, pitneler onuň durmuşynda öz yzyny, möhrüni goýýar. Magtymguly hem wezir Muhammadwefo arasynda döreýän garşylyk bilen bagly hysyrdyly wakalar eserde diňe bir iki şahsyň arasyndaky däl, tutuş döwrüň gapma-garşylyklary edebi taýdan umumylaşdyrylýar, aňlylyk hem nadanlyk, adalatlylyk hem adalatsyzlyk arasyndaky dartyşmalar sypatynda şekillendirilýär. Romanyň „Weziriň gara niýeti“, „Nadanlygyň netijesi“, „Şahyra hüjüm“, „Ölüm hem ömür arasy“ zeýilli baplarynda Mgtymgulynyň kysmaty, zamananyň syýasy-jemgyýetçilik durumlary, her bir sagdyn pikirli adamlaryň ykballaryna otrissatel täsir edýän ýagdaýlar, ahwalatlar okyjylary düýpli pikirlendirýär. Esasan hem, beýle wakalaryň beýik şahsyň dartgynly-da bolsa, köptaraply aladalaryny, halky häsiýetli tagallalaryny ýene bir sapar aýdyňlaşdyrýanlygy bellenilmelidir. Muhammadwefo, onuň meslekdeşleri, şeýhulyslam, işan-mollalar, kazy-kelanlar , müfti hem-de „yslam goragçylary“ Magtymgulyny hiç zat ýok ýerden aýyplap, daşlap öldürmäge buýruk berýärler. Emma olara bu ýowuz niýetlerini amala aşyrmak miýesser etmeýär. Rawnak, Kiromy, Andalyp, golaý-goltumda duranlar Magtymgulyny töwerekläp penalaýarlar. „Magtymguly daşlanýarmyş“ habary gulaklaryna ilen bazar mähellesi-de, „eline näme ilse alyp, şahyry halas etmek üçin metjit tarapa eňip gaýdýar.“ Özbekbaý-da atyny çapdyryp, ýetip gelýär. Gepiň gysgasy, dostlarynyň, halkyň goldamagy, arka durmagy netijesinde Magtymguly ölümden gutulýar. Şeýtmek bilen ýazyjy özbek halkynyň Magtymgulyny nä derejede ýokarda goýup, sylaýandygyna, hormatlaýandygyna okyjysynyň ünsüni gönükdirýär. Awtor kowumlar, uruglar arasyndaky oňşuksyzlyklar bilen bagly wakalary-da özbaşyna bir sapaga düzýär. Olarda hem Magtymguly obrazy täze durmuş hadysalarynyň, täze edebi gahrymanlaryň üsti bilen doldurylýar, kämilleşdirilýär. Magtymguly kowumlar, kabylalar, uruglar arasyndaky agzalalyga garşy we gapma-garşylyklaryň soňuna çykmak, tireleri birleşdirip, halklaryň doslukly gatnaşyklaryny ýola goýmak ugrunda dyngysyz göreşen, şeýle göreşe we asylly maksada bagyşlap goşgular ýazan şahyr. Bu ýagdaý ýazyjy tarapyndan anyk wakalarda, anyk obrazlarda täsirli gürrüň berilýär. ХУ111 asyr durmuşynda halklar, milletler arasynda döreýän şonuň ýaly nägilelikleri köredip, güýçlendirip goýberýän, olary bir-birine küşgürip, öz häkimligini pugtalandyrmaga çalyşýan hökümdarlardyr emeldarlar az bolmandyr. Çowdur Allanazar bilen Rejep ýomut suw üstünde tersleşýär. Garşylyk şeýle bir derejä ýetýär, Allanazaryň käýmelerine, ýanamalaryna çydamadyk Rejep ony pilsapy bilen urup öldürýär. Allanazaryň tiredeşleri, garyndaşlary „gana – gan“ diýip, Rejebiň-de ýoguna ýanýarlar. Şeýdip, iki tiräniň arasynda dawa-jenjel tutaşyp gidýär. Şunuň ýaly ýagdaýda gurban bolanlary depin etmek dessury mahalynda bu ýere Kiromy, Andalyp, Rawnak dagylar bilen Magtymguly hem gelýär. Ol jemagata ýüzlenip, söz sözleýär, musulman bilen musulman arasyndaky şeýle pajygaly çaknyşyga halys ýürekden gynanyp, goşgularyndan okap, beýle ýaramaz hadysalaryň gaýtalanmaly däldigini köpçülige delilli düşündirýär. Şol ýerde okalan goşgular romanyň dartyşykly wakalaryna mantyk taýdan göwnejaý goşulyşýar. Şuňa meňzeş heýjanalykly pursatlar romanda azlyk etmeýär. Hususan-da, „ Agyr ýük“, „Ýene-de suw wakasy“, „Gala derwezesiniň öňündäki çaknyşyk“, „Kast etmek“ ýaly baplary tolgunman okamak mümkin däl Wakalar ýaýbaňlandygyça olaryň gyzyklylygy-da ýokarlanýar. Magtymgulynyň „Şirgazy han“ medresesindäki soňky günleri. Şahyr ýurduna ugramazynyň öň ýanynda Mahmyt Pälwanyň aramgähine zyýarat etmegi, onuň bilen hoşlaşmagy ýüregine düwýär. Sebäbi, ol „Her jumada onuň dergähine gelip, Gurhany-kerimden dogalar okardy, mürşidi bilen şägirt-mürit bolup, gaýybana „sözleşerdi“, dertleşerdi, soň ýeňil ädimler bilen medresä- hüjresine barardy. Bu oňa adat bolupdy.“ Magtymgulynyň Mahmyt Pälwan aramgähine barşy diňe epizod häsiýetli, kömekçi teswirden durmaýar. Awtor gahrymanyň içki psihologiýasyna gerim berýär, indi onuň oýlanmalary şahyryň „gizligin“ galan käbir häsiýeti arkaly mälim edilýär. Magtymguly Mahmyt Pälwan barada atasynyň beren gürrüňlerini ýatlaýar. Aýratyn-da ol hakda aýdylan bir rowaýaty hem hakydasynda janlandyrýar. Şahyr Mahmyt Pälwan bilen hyýalda „söhbetleşip“, özüni serinden aýrylmaýan sowallara jogap tapan ýaly duýýar. Bu waka bölejigindäki psihologik teswirler bir tarapdan, Magtymgulynyň ussat pirlere, öten-geçen mukaddes öwlüýälere hormatynyň belent ekenligini, beýleki bir tarapdan, „arkasy ýere degmedik, ady dillere aýdym bolan edebi şahsyýetiň – şahyr sypatynda-da taryha giren Mahmyt Pälwanyň mirasynyň nesiller üçin hemişelik baýlyk bolup gelýändigini okyjy aňyna çeper we täsirli rewüşde ýetirýär. 7. Sarsgynly wakalaryň girdabynda Şeýlelikde,Magtymguly hywadan öz ýurduna – Etrege, Hajygowşan obasyna aman-esen dolanyp gelýär. Atasynyň ölümi, Akgyz bilen sowuk mynasybet, çagalarynyň ikisiniň agyr kesele uçrap dünýäsini täzelemegi – bular bu ýerde şahyra ykbalyň taýýarlap goýan zarbalarydy. Bu hili wakalar şahyra ýiti täsirini ýetirýär, ol wakalar psihologik terizde ýa-da real wakalaryň beýany usulynda şekillendirilýär. Beýle hadysalar anykmy ýa anyk däl başga bir sebäbe görämi, aýaly Akgyzyň diş-dyrnak garşy çykmagyna garamazdan, Magtymguly daş ýurtlara syýahat etmek kararyna galýär. Romanda ol syýahat baralarda giňden durulmaýar, diňe şahyryň baran, gören çet ülkeleri sanalyp geçilýär. Ýedi ýyllyk syýahatdan soň, onuň Etrege gaýdyp gelendigi aýdylýar. Ýazyjy soňra-da şahyry uly-kiçi, birneme imisalarak ýa-da sarsgynly wakalaryň ulgamynda hereket etdirýär. Ol söýgülisi Meňlini görmek isläp, onuň obasyna barýarka, „elli-altmyş adamyň ýazlagyň ortasyndan geçýän araba ýoldan tabyt göterip gelýänini görýär.“ Soň anyklap görse, ol Meňliniň tabydy bolup çykýar. Meňli Şyhyma äre berlensoňam, Magtymgulyny dilinden düşürmänligi üçin, äri tarapyndan boglup öldürilýär. Bu pajygaly wakalara romanda ep-esli sahypa bagyşlanýar. Garaşylmadyk bu elhençlik şahyry lerzana salýar, ony psihologik silterlenmeleriň gujagyna taşlaýar, ýüregine öçmejek möhür basýar. Mundan hem daşgary Astrabat hany Magtymgulyny köşgüne çagyrmak teklibi bilen onuň ýanyna ýörite wekillerini ýollaýar. Teklip kabul edilmeýär. Netijede, hanyň we şahyryň tarapdarlarynyň arasynda dartyşma, uruş-jenjel ýüz berip ugraýar. Ganly çaknyşyklaryň birinde Magtymgulynyň tarapdarlarynyň biri, onuň ýakyn dosty Çowdur han heläk bolýar. Bu waý-waýly gyrgynçylyk we oňa şahyryň garaýşy, duşmana gahar-gazaply ok bolup atylýan şygyrlary Magtymgulynyň şahsyýetini ýene bir gez ýokarlandyrýar, onuň häsiýetlerine millilik, hereketlerine halkylyk bagyşlaýar. Şunuň ýaly waka-da „Gurbatda garyb“ dramasynda hem ýok däldi. Eser Magtymgulynyň han nökerleri tarapyndan Astrabada alnyp gidilişi bilen çözülişe ýakynlaşdyrylypdy. Emma romandaky parça ondan az-owlak tapawutly. Hususan-da, Magtymguly bilen han wekili Rüstem begiň arasyndaky sene-menli söhbet dramadaka garanda ýaýbaňrak we täsirli berilýär. Aýratynam, aýny gerek ýerinde awtoryň Magtymgulynyň aşakdaky goşgy setirlerini ulanmagy bu söhbetdäki esasy maksady – şahyryň Watana bolan beýik söýgüsini gowy aýdyňlaşdyrýar: Bir biwepa ýara gülüp bakandan, Şirin jany yşk oduna ýakandan, Ýat illerde musapyrlyk çekenden, Ursa, sögse, horlasa-da il ýagşy. *** "Magtymguly" romanynyň gowy taraplary dogruda ýene-de gürrüň etmek mümkin. Eserde diňe bir baş, esasy gahrymanlaryň obrazlary däl. Eýsem ikinji, üçünji derejeli gahrymanlaryň-da obrazlary döredilipdir. Dänegül, Şyhymbaý, Medrese müderrisi ahun, siriýaly Nury Kazym, emir Muhammetrahym, özbek we garagalpak ýigitleri Mätýakup, Orunbaý, Geldinazar serdar, Termirgazy, wezir Muhammadwefo, Türkmenbaý, Çowdur han we beýlekiler hem özboluşly häsiýet gabaralary bilen ýatda galýarlar. Romanyň ýene bir utukly ýeri, onda belli derejede, biziň pikirimizçe, türkmen häsiýetleri, tebigaty öz milli öwüşginlerinde suratlandyrylýar, adam atlarynyň berlişinden başlap, ençeme ululy-kiçili wakalarda hereket edýän,ýüzüni görkezýän türkmen obrazlarynda bu halkyň dili, urp-adaty, pikirleniş aýratynlyklary milli şekillerde beýana çolanypdyr. 8. Romanyň kemçilikleri hakynda käbir bellikler Biz romany her näçe gowy diýip bahalaýan-da bolsak, ondaky bärden gaýtmalar, awtoryň ýol beren säwlikleri, umumy kemçilikleri dogruda hem ýatlamagy ýerlikli tapýarys. Ýalňyşmaýan bolsak, bu roman ýazyjynyň ilkinji iri eseri. Ilkinji çeper synanyşygyň, ilkinji uly döredijilik tejribesiniň hemmetaraplaýyn kämil bolup çykmaýandygy tebigydyr, belki-de onda gowulyklara derek kemçilikleriň köpräk orun almagy-da mümkin. Şu jähetden romanda ýokarda ýüzugra görkezip geçen nogsanlyklarymyzdan daşgary çeperçilikde, wakalaryň mantyky baglanyşdyrylyşynda başgarak kemçiliklerem göze ilmän duranok. Ozaly bilen eseriň synasynyň gurluşynda /kompozisiýasynda/ dagynyklygyň bardygyny aýtmak gerek. Göwnüňe bolmasa, wakalar başly-baradrak bolup, olarda yzygiderlilik saklanmaýar. Esasy waka ulgamyna onçakly baglanyşmaýan, baş gahrymanyň häsiýetiniň, iň bolmanda, haýsydyr bir tarapyny açmaga-da ýardam berip bilmeýän artykmaç epizodlar-da ýok däl. Romanyň „Nedirşa“, „Ilbars han“ baplaryndaky wakalar Magtymgulynyň obrazyna hiç bir ugurdan goşulyşmaýar. „Gul bazary“ atly bap hem, ol her näçe gyzykly, täsirli ýazylan-da bolsa, şoňa çenli we ondan soňky durmuş hadysalary bilen utgaşdyrylmaýar. Elbetde, ýazyjynyň öz ýazýan eserine baş ugry, esasy meseläni aýdyňlaşdyrmakdan ötri, folklor materiallaryny girizmäge, halk epsanalaryna, rowaýatlara salgylanmaga hukugy bar. Ýöne olar obraza, häsiýete hökmany suratda täsirini ýetirmelidir, wakalaryň ösüşine, şaha-şaha bolup ýaýbaňlanyşyna, her wakanyň we umumy ýordumyň çözülişine hyzmat etmelidir. K. Muhammadrizo hem sýužet gurmakda şeýle usuldan peýdalanypdyr. Emma ol usulyň birsydyrgynlyk tarapyny käte ünsden düşüripdir. Mysal üçin, romanyň ikinji bölüminiň birinji babynda Özbekbaý Magtymgula Nyzamy bilen patyşa hakdaky bir rowaýaty gürrüň berýär. Ol rowaýat eseriň ýigrimi sahypasyny dagy eýeleýär, ony ýazyjy gysgarak hem berip bilerdi. Häzirki ýagdaýynda ol ýazyjynyň maksadyna gulluk etmeýän özbaşdak bir hekaýa meňzeýär. Şeýle bolansoň, „ýazyjy ony esere näme üçin girizdikä?“ diýen sowalyň okyjyda döremegi gaty bir mümkin zat. Eseriň umumy sýužet akabasyna zorluk bilen goşulan waka, ol täsirli, gyzykly bolsa hem, esasy meseläniň hyzmatynda goýulmasa, onuň hiç hili gymmaty bolmaýar. Magtymgulynyň goşgularyndan mysal alnan parçalaryň käbiri barada hem ýokardaky aýdylanlary gaýtalamak mümkin. Olar gahgymanyň ne-hä hereketine, ne-de psihologiýasyna laýyk gelýär. Bu ýagdaý Magtymgulynyň gatnaşýan şygyr okaşlyklarynda, han-begler bilen ýüzbe-ýüzlik mahallarynda, sorag-jogap häsiýetli sahnalarda köpräk duýulýar. „Geldinazar“ diýen bapdan şeýle sözleri okaýarys: „Magtymguly Hywada okan döwründe, Goňrat, Maňňyt, Gürlen, Kätgala, Gazabat, Haňka we beýleki obalarda bolup, şol jelagaýlarda ýaşaýan türkmenler bilen gatnaşygy ýola goýdy.“ Şahyryň Hywadan başga, teswirlerde görkezilýän ýerlerde bolup-bolmandygy barada Pyragynyň öz eserlerinde-de, ylmy çeşmelerde hem maglumata gabat gelinmeýär. Awtor şeýle diýip ýazanda nämä esaslandyka? Magtymguly taryhy roman. Şoňa görä, wakalar romanda nähili görkezilýän bolsa, okyjy-da şoňa ynanmaly bolýar. Ýöne şeýle ýalan ynanç ýazyjynyň peýdasyna däl. Galyberse-de, awtor, barybir, Magtymgulyny şol töwerege „syýahata“ çykarjak bolsa, onda ony Hywa bilen Goňrat aralygynda bir topar türkmen obalaryna hem „aýlamaly“ eken.Şeýle edilen bolsa, ol häzirkä garanda taryha golaýrak bolardy, iň bolmanda, ynandyryjylyk babatda-ha utuş gazanardy. Ýazyjynyň ynanyp bolmajak ýene bir bärden gaýdýan ýeri bar. Türkmen halky Magtymgulynyň 275 şyllygyny 2008-nji ýylda belledi. Andalybyň 350 ýyllygy bolsa 2010-njy ýylda belenilip geçildi. Görkezilen seneleriň arasynda 75 şyl ýaş tapawudy mese-mälim görnüp durka, Andalyby Magtymgulynyň döwürdeşi ýaly, üstesine ýaş gyz Dänegüle öýlenen ýaly edilip görkezilmegi, biziň pikirimizçe, ýazyjynyň goýberen hatalarynyň iň görnüklisidir. Romandan şu aýdylanlardan başga-da käbir näsazlyklary tapmak mümkin. Emma maksat başga – özbek edebiýatynda türkmeniň beýik akyldary, filosofy, şahyry Magtymguly hakda şeýle köp gahrymanly, köp wakaly eseriň ilkinji gezek ýazylýandygyny, şunuň bilen birlikde özbek halkynyň türkmen şahyryna, onuň degişli bolup durýan milletine, milli medeniýetine we tutuş ýurduna goýýan gadyryny, ýürekdeşligini ýene bir sapar çeper lybaslarda nygtap görkezmekden ybaratdyr. Beýle roman, biziň pikirimizçe, oňlanylmaga, gutlanylmaga mynasypdyr. Biziň ýatlap geçen kemçiliklerimiz ýazyjy tarapyndan geljekde, romanyň täze neşirlerinde düzediler diýip umyt edýäris. Ýöne welin, roman häzirki durşunda-da özbek okyjylaryny Magtymgulynyň ömri, döredijiligi, ýaşan döwri bilen tanyşdyrmakda ähmiýetlidir. Aýratyn-da, şeýle tutumly, köp ýyllar zähmet siňdirilip ýazylan romanyň iki ýurduň Garaşsyzlygy zamanasynda, hormatly Prezidentlerimiziň iki halkyň köpgyraňly gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, ýaýbaňlandyrmak ugrundaky tagallalary döwründe peýda bolmagy makullanarlykly we guwanarlykly edebi hadysadyr. Kerimbaý KURAMBAÝEW, filologiýa ylymlarynyň doktory, Ajynyýaz adyndaky Nöküs döwlet mugallymçylyk institutynyň professory, Garagalpagystan Respublikasynyň ylymda at gazanan işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||