08:21 Döwrebap temalar we şahyrana ussatlyk | |
DÖWREBAP TEMALAR WE ŞAHYRANA USSATLYK Döwrebap temalar we şahyrana ussatlyk ХХ asyr garagalpak edebiýatynyň wekilleri A.Musaýewiň, A.Dabylowyň, S.Nurumbetowyň we Y.Ýusubowyň döredijiliginde ýüzüni görkezen Magtymguly temasy garaşsyzlyk ýyllarynda has-da rowaçlandy. Magtymgula ýanama görnüşinde ýazylan toplum häsiýetli goşgular peýda bolup ugrady. „Men şahyr“ diýýänleriň hemmesi diýen ýaly Magtymgulynyň döredijiligine meňzedip, ýa şonuň ideýalaryna laýyklap eser döretmäge diýseň höwesek bolýar. Biz bu pikiriň deliline garagalpak poeziýasyndan islendigiçe mysal getirip bilýäris. Emma kitabyň bu bölüminde olaryň hemmesi dogrusynda gürrüň etmäge mümkinçiligiň ýokdugyna görä, diňe käbir şahyrlaryň döredijiligine göz aýlamak bilen çäklenmekçi bolýarys. *** Magtymgula ýanama şekilinde ýazylan käbir şygyrlarda Durgunlyk ýyllarynyň – sowetler döwrüniň adalatsyzlyklary ýazgarylsa, käbirlerinde Aral deňziniň takdyry, heläkçiligi bilen bagly sossial meseleler gozgalýar. Başga bir toplumlarda bolsa, şu günki durmuşa has bolan ahlaky durumlar dogrusynda pikir ýöredilýär. U.Pirjanowyň „Magymgulynyň dilinden“ diýen goşgusy şeýle eserleriň biriudir. Ol temanyň saýlanyp alnyşy we formasy jähetden Magtymgulynyň „Başlady“ tipindäki goşgularyny ýatladýar, emma olaryň parhly taraplary-da ýok däl. Magtymgulynyň ХVIII asyryň gabahatlyklarynyň jebrini çekendigini, adalatsyzlyklara närazylyk bildirip, goşgular ýazandygy hemmelere mälim. U.Pirjanowyň goşgusyndaky tankyt naýzasy despotik düzgüniň kemçiliklerini paş etmäge gönükdirilipdir. Iki goşguda hem tankyt serişdesi bir, emma onuň obýekti welin başga. U.Pirjanowyň goşgusundaky aşaky bentler real durmuşda sataşyp durýan ýaramaz hadysalaryň üstünden düşýär. Gileň syrgyýalar auyz žalasyp, Ýene: Betke tutyp appak menen pahtany, (Mazmuny: Zora ýetişdirip ap-ak pagtany, toz-toz edip oba bilen galany, soňunda puç bolup süren döwrany, öz abraýny özi döke başlady.) /1/-„sowet Karakalpakstany“,1990, 3-nji mart. (Mazmuny: betpäller mydama agyzlaryny ýalaşyp, daçada, kurortda gizlin sataşyp, kä şöhrata, käte bolsa mekirlige ýüz urup, Ile geň-taň işler edip başlady.) „Döke başlady“ diýen goşgusynda Magtymguly ХVIII asyr ýagdağlaryny şeýle beýan edýär. U.Pirjanowyň goşgusyny “Magtymgulynyň dilinden...” diýip atlandyrandygy ýöne ýere däl. Awtor öz döwrüniň näsazlyklaryna Magtymgulynyň şahyranalygy nukdaý nazardan garaýar. Olary öz paýhasyna kybap edip, şahsy dünýägaraýşyna, döredijilik mümkinçiliklerine uýgunlaşdyrýar, täzeçe teswirler arkaly döwrebaplaşdyrýar. Şeýle özboluşlyk goşgynyň her bendinde görünýär. Eger Magtymguly halkyň başyna düşen külpetleri ýurdy weýrana dönderen adalatsyz jemgyýetiň emeldarlary diýip düşündirse, U.Pirjanow şygrynda sowet döwründe halky kynçylyklara sezewar eden bir topar egoist, wezipeparaz, nadan kişiler diýip hasaplaýar. Şahyryň tekrarlanmaly özboluşlygy hem şunda, ýagny Magtymgulynyň peýdalanan şekilini, öňe süren ideýalaryny, sadalap aýtsak, edebi “galybyny” täze zamana laýyklaşdyrýanlygyndadyr.Garagalpagystanyň haljk şahyry Tolybaý Kabulowyň Magtymgulynyň döredijiligi bilen utgaşykly garagalpak-türkmen edebi gatnaşyklaryny rowaçlandyrmakdaky hyzmaty-da ýatlanylmaga mynasypdyr. Ol hem Magtymgula öýkünip, birnäçe goşgy ýazdy. Awtoryň “Magtymgula myrajat” goşgusy häzirki zaman garagalpak şygryýetinde Magtymgulynyň görüm-göreldesiniň döredijilikli dowam edýändigine anyk bir mysaldyr. Magtymgula meňzedilip, şoňa ugurdaşlykda ýazylan bu goşguda hem durmuşymyz üçin möhüm ahlaky meseleler dile alynýar. Şahyr durmuşa dahylly bir topar sowallara Magtymgyla arkalanyp, jogap agtarýar. Bir näçe asyr öň dünýä inen şahyryň lirikasynda gozgalan gumanistik sypatlaryň şu günki ýaşaýş üçin hem häsiýetlidigini, Magtymgulynyň geljegi göz öňünde tutup bilen öte pähimdar şahyr bolandygyny täze ahlak düşünjelere ýugrup orta atýar. „Magtymgula murajat“ goşgusynyň U. Pirjanowyň „Magtymgulynyň dilinden“ diýen şygryndan tapawutly tarapy, T.Kabulowyň öwüt-nesihat häsiýetli ündewlere köpräk agram berýänliginde. Ol Magtymgulynyň şygyr beýanlaryndaky taglym ýorumlaryny öz döwrüniň ahlak taraplary bilen baglamaga we şeýle ýol arkaly goşga döwrüň şu günki jemalyny siňdirmäge çalyşýar, pikirleriniň terbiýeçilik ähmiýetine aýratyn üns berýär. Maktymkuly, makul gäpdir aýtkanyň, Ýa-da: „Dostuň-da dosty bar“ diýgen danalar, (Mazmuny: Magtymguly makul gepdir aýdanyň, ýigit ýigit däldir joşy bolmasa. Kim bilipdir, nebse tutuş batanny, arkasyny tutar dosty bolmasa. Danalar „Dostuň-da dosty bar“ diýipdirler, muny ähli ynsan ykrar edýär, dünýäniň giňligi bir pul sanalar, göwün gapyrjagynyň hoşy bolmasa.) /1/- T.Kabulow Taňlamaly kosyklary. Nökis,2009,,240 s./ Deňeşdirip görmegiňiz üçin Magtymgulynyň „Bolmasa“ goşgular toplumyndan käbir nusgalary getirýäris. Kysmatyn hak bilen ryzkyn azlamaz, Başga bir şygryndan ýene bir bent: Magtymguly, bildiň, mundag zamandyr, Magtymgulyda şeýle redifli goşgy bäş sany. Olar, şol bir meňzeş redifli bolsalar-da, tema gerimi giň, beýan usullary-da başgaça. Emma goşgulardaky şahyrana reňk—ahlak taglymy garaýyşlaryň umumylygy olary bir sapaga düzýär. Şahyryň şu zeýilli özboluşlygy, durmuş didaktikasy T.Kabulowy ylhamlandyrypdyr. Goşguda Magtymgulynyň „Bolmasa“ goşgularynyň tas barsynyň hem täsiri görünýär. Şol bir wagtyň özünde, „Magtymgula murajat“ akyldaryň „Bolmasalaryndan“ belli-külli tapawutlanýar. Mertlik, dostdanalyk, wada ygrarlylyk, hyýanatçylygy ret etmek we başga birnäçe ahlaky kadalar-dessurlar mynasybeti, ol ýa beýleki bir ýagdaýy tassyklamak ýa inkärlemek ideýalary Magtymgulyda ýeterlik hyjuwa eýlenen. T.Kabulow şeýle ugurdaş temalara özüçe çemeleşýär, olary şu gün bilen ykjam baglanyşdyrýar. Häzir zaman gärezsizlik zamany, (Mazmuny: häzir zaman Garaşsyzlyk zamany, Sen sözlar aýtkansaň aldyňdy bolžap, Aýdymçylaryň, baksylaryň we kyssahanlaryň bu goşgyny häzirki wagtda il içinde aýdýandyklary onuň terbiýeçilik ähmiýetini, gadyr-gymmatyny äşgärleýän ýagdaýdyr. Bu goşgy garagalpak-türkmen, türkmen –garagalpak edebi gatnaşyklary baradaky kitabyň mazmunly sahypalaryna goşulan mynasyp goşantdyr. Adam tanymasa akty-karany, (Mazmuny: Adam tanamasa agy-garany, mädesi dok göwre-gury jan bolar. Ýigit eger halkdan arany üzse, „ýekäniň hiç çaňy çykmaz“-hor bolar.)/1/.-Žaslar hauazy. Nökis, „Karakalpakstan“, 1987, 66 s./ Bent aňladyş şekili taýdan sada, pikirler dury, obrazly. „Ýalňyz atyň çaňy çykmaz, çaňy çyksa-da, şany çykmaz“ diýen halk nakylynyň bendiň mazmunyna uýgunlaşdyrylyp çykarylýan netijede ylalaşykly, arkalaşykly, köpçülik bilen bile bolmak kämilleşmegiň iň dogry ýoly hökmünde görkezilýär. Şahyr adamlardaky ýagşy hem ýaman häsiýetleri deňeşdirip tassyklamak usulyny ulanýar. Gapma-garşylykly duýgulary has-da täsirli bermek maksady bilen original, bir gezek okanda hem okyjynyň ýadynda galar ýaly sagdyn setirlerde ýüze çykarýar. Žagymsyzlar zyýapatka şakyrsa, (Mazmuny:Ýakymsyzlar zyýarata çagyrsa. Tentek törde ýalaňaýak ýatsa,Aňly ýigit işik agzy otursa, işik aç-ýap bolar, aç-ýap – tör bolar.) Magtymgulyda „Bolar“ atly alty goşgy sataşýar. Hemmesi bogun ölçeginde ýazylan. Temalary didaktik häsiýetli. Ýagşylygyň tarapynda durup, ýamanlara daş oklamak, ýagşylykdan göterimlenip, jahyllary näletlemek, kembagallary goldap, husytlary garalamak ideýalary her bir goşgynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.Bu iki polýusyň arasyndaky gapma-garşylyk adaty beýan ediläýmeýär-de, simwolik manyda, çeper detallarda, täsirli setirlerde aýdyňlaşdyrylýar. Magtymgulynyň „Ýat bolar“ goşgusynda şeýle bir bent bar: Garyp aýak ýalaň, kendir guşakdyr, Bendiň şekil gurluşy, çeper deňeşdirme usuly, şahyrana obrazlar we gelinýän netijeler E. Ajynyýazowyň ýokarda görkezilen bendini ýatladýar. Emma bu bendi E. Ajynyýazow köre-körlük bilen gaýtalamaýar. Birihjiden, garagalpak şahyrynyň goşgusyndaky durmuş materialy täze döwre dahylly. Ikinjiden, goşgynyň lirik gahrymanlary „garyplar“, „döwleti bihasap baýlar“ däl. Olar şahyryň zamandaşlary: „ýaranjaňlar“, „törüni bermeýän tentekler“ bilen pähim-parasatly „ýigitler“. Awtor gylygy taýdan biri-birinden beter ýoknasyz adamlar hakynda, položitel we otrisatel tipler dogrusynda gürrüň edýär. Häzirki zaman adamlaryna has bolan gylyk-häsiýetleri oňlamak ýa oňlamazlyk nukdaýdan eser döretmek üçin E.Ajynyýazowa nähilidir bir nusga gerek bolupdyr we şeýle zerurlyk ony Magtymgulynyň goşgularyndan täsirlenmäge iteripdir. Goşgynyň döreýşine şu jähetden garasak, onuň özboluşlygy ýene hem göze gelimli bolýar. Žan dostyň keuline härgiz dak salma, (Mazmuny: ýegre dost köňlüne hergiz dag salma, namardyň berenni köp görüp alma, „Asly ýaman bilen oturma-turma“,şonda sen ilsöýer dana bolarsyň.) /1/-Kus žoly. Poeziýa, proza, ädebiýattanyu. Toplum. –Nökis, „Karakalpakstan“: 1989,65 s. Awtoryň „žan dostyň žoluna koýgyl basyňdy“,„Tuury, hadal bolsyn, söýlegen söziň“ ýa-da „Nämärtke is tüsse mütäžiň pitpes“, „Däme kylma hasly žaman adamnan“, „Bir-bireuden hürmet kete baslady“ ýaly hatarlary terbiýeçilik ähmiýete eýe we olaryň emele getirilmeginde Magtymguly nesihatlarynyň täsiri bar, elbetde. Emma awtoryň şu hili jan etmelerine garamazdan, goşgusyny ýokarda ady agzalan şahyrlaryň şygyrlarynyň derejesine ýetirip bilmändigini welin aýtmagymyz gerek.Niýet ýagşy, temasy wajyp. Şeýle-de bolsa, onda şahyranalyk kemter, obrazlar öz kaddyna ýetirilmeýär. Goşgularyň ikisi-de Magtymgulynyň ol ýa beýleki bir şygrynyň gaýtalanmasy ýaly duýuldy bize. Ynha, oňa bir mysal: Nämärtlerge žüz sargaýtyp karama, Namartlara mätäçlikde ýüz tutma, Köňli garalary hergiz ýoldaş etme, çyn dostuňy kärsiz diýip horlama, şonda özüň çyn azamat bolarsyň.)/1/-şol ýerde, 66 s./ Dogrusy, bu bendi täze, özboluşly diýip bahalamak kyn. Magtymguly bu pikirleri mundan tas üç asyr ozal aýdypdyr ahyryn. Şu goşgynyň soňuragyndan ýene bir bölek okap göreliň: Köňli gara bilen bolmaňlar ülpet, Şunuň ýaly gönümel meňzeşligi täsire syrykdyrmak bolmaýar, ol Magtymguly ideýalaryna häki bir ýüzleý çemeleşmek, dogrusy. Munuň üstüne, bendiň dördünji „Sonda öziň şyn azamat bolarsaň“ diýen setiri Berdagyň şu aşakdaky: Syýlasaň gärip-ýetimdi, setirlerini-de ýadyňa salýar./4/-Berdak. Taňlamaly ýygarmalary. Nökis, „Karakalpakstan“, 1987, 87 s. Goşgulardaky „Dym orynsyz söz aýtpagyl hyş uakta“, „Dostyňdy orynly, syrtynan makta“ ýa-da „Aulak bolyň doslar, žaman kyýaldan“, „Märt penen katnassaň bolar agaýyn“ zeýilli habar türündäki mysralary hakyky zehiniň önümi diýmek çetin. Şahyrana obraza çolanmadyk beýle „ýalaňaç“ goşgular okyja lezzet bermeýär, ony hyjuwlandyrmaýar. Kerimbaý KURAMBAÝEW, | |
|
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||