11:36 «Magtymguly sözüm hakdyr» | |
«MAGTYMGULY, SÖZÜM HAKDYR»
Magtymgulyny öwreniş
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Karara gol çekmegi hem-de 2022-nji ýylyň 23-nji dekabryndaky Karary bilen şahyryň doglan gününi dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklamagy bu ugurdaky işleriň gerimini has-da artdyrdy. Tassyklanan meýilnamanyň esasynda beýik akyldaryň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem gymmatly edebi mirasyny düýpli öwrenmek bilen, ylmy monografiýalary ýazmak, makalalar we goşgular ýygyndylaryny taýýarlamak, «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny» döretmek hem-de olary neşir etdirmek ýaly ençeme işleri berjaý etmäge girişildi. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mahsus ýene bir döwletli işiň başlanandygyna şaýatlyk edýär. Magtymguly Pyragynyň özboluşly, köpöwüşginli edebi mirasy külli adam zat üçin bimöçber hazynadyr. «Magtymguly, sözüm hakdyr» diýip nesihat eden akyldar şahyryň öňe süren ruhy ýörelgesi, erkinlik, ynsaplylyk, päklik, halallyk, adalatlylyk bilen bagly durmuşy garaýyşlary dünýä halklary üçin şu günki günem juda gymmatly ündew bolmagynda galýar. Şahyryň poeziýasy syrly duýgy öwüşginlerine baýdygy bilenem tapawutlanýar. Belki, şonuň üçindir, onuň şygyrlarynyň manysy nadüşünmekde okyjynyň çuslugy, inçe synçylygy zerur bolup durýar. Mysal üçin, şahyryň gam-gussa ýugrulan ýaly bolup görünýän setirleriniň aňyrsynda durmuşyň höziri hakdaky pikirleriň gizlenip ýatandygyny görmek bolýar. Garaşsyz, Bitarap döwlet gurmak wezipesinde şahyryň setir lerini ýol-ýörelge edinen türkmen halkyna Magtymgulynyň şygyrlary ruhy güýç-kuwwat berdi. Şahyryň döwletli halkyň geljegini çeper aňda janlandyrmagy we ony tutuş milletiň aňynda herekete getirip bilmegi Magtymgulynyň ýene bir ussatlygyny kepillendirdi. Magtymgulynyň şygyrlarynyň häzirki zaman adamlarynyň göwnüne, duýgusyna, kalbyna, aň-düşünjesine ýakynlygy, düşnüklidigi onuň kämil ýörelgeleriniň we garaýyşlarynyň baky çagyryş bolup ýaňlanandygyny görkezdi. Magtymguly Pyragy dürdäne şygyrlarynyň üsti bilen halkymyzyň agzybirligi we jebisligi, Watanymyzyň azatlygy hem asudalygy hakyndaky arzuwlaryny dünýä ýaýan türkmen şahyry hökmünde tanalýar. Beýik akyldaryň öz Watanyňda erkana, para hat ýaşamagyň gadyrynyň başgaça bolýandygynyň şahyrana beýany bolup ýaňlan ýan we Watan mukaddesligi, gymmaty hakyndaky «Türkmeniň», «Türkmen binasy», «Gadryn näbilsin», «Gidiji bolma», «Jyda etmesin», «Hyratdan aýrylsa», «Terk eýleme bu mekany», «Gymmat ýagşydyr», «Nurana düşmez», «Ýetirmez hijran», «Ötgül, Pyragy», «Zemine batar», «Pynhan eýlär» atly goşgulary islendik milletiň wekiline birmeňzeş täsir etmäge ukyply eserlerdir. Şeýlelik bilen, şahyryň bütin döredijiliginiň özeni, örki agzybirlige we bitewülige hyzmat edendigini bilýäris. Onuň çeper aňyň üsti bilen bu babatda gazananlary-da az-küş däl. Akyldaryň ruhy kuwwat bolup durmuşa aralaşan ideýalarynyň halkylygy milli isleg, arzuw çygryndan çykyp, adamzat ähliniň umumy ýörelgesini salgy bermegi şahyryň döredijiliginiň agramyny kesgitläp bilen ikinji bir aýratynlyk bolup durýar. Aýratynlyk hökmünde bellenilmeli ýene bir zat, ol hem Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde Watan, il-ýurt meseleleriniň bitewülikde beýan edilmegidir. Onuň şeýledigini şahyryň «Gymmat ýagşydyr» goşgusyndaky şu setirler tassyk edýär: Magtymguly, gördüň ýagşy-ýamany, Ýalançynyň bolmaz anty-imany, Bir ak öýe barsaň, almaz myhmany, Herkimiň öz ili — watan ýagşydyr. Şahyryň döredijiligi öwrenilende akyldaryň dünýä, adamzat, Watan baradaky pelsepewi garaýyşlarynyň ynsana mahsus inçe duýgular bilen bitewüleşip, onuň pikir ýöretmegiň iň kämil tärlerinden ussatlarça peýdalanmak bilen halk hakydasynda müdimi orun alandygyna göz ýetirmek bolýar. Beýik söz ussadynyň döredijiliginde gozgan meseleleriniň ählisinde ynsanyň ynsana mährem bolmalydygy, dünýäde ynsandan belent zadyň ýokdugy hakyndaky garaýyşlar öňe sürülýär. Munuň üçin nusgawy şahyryň «Mert bolmaz», «Daşlar bile» ýaly pelsepewi şygyrlaryndaky dünýä, adam zat barada öňe sürýänga raýyşlaryna üns bermek ýeterlikdir. Öz Watanyňda erkana, parahat ýaşamagyň hözirini Watandan aýra düşen ynsanyň bagyr awusynyň suratynyň üsti bilen beýan edýän şahyryň edebi tilsimi hem aýratyn üns berilmeli nazary aýratynlykdyr: Her ýigit kim, garyp düşse watandan, Habar sorar her bir ýoldan ötenden, Telmuryban hajat dilär ýetenden, Hajaty bitmese, kyl-u-kal olar. («Elip kaddyň dal olar»). Şahyr Watanyňda sapaly ýaşamak bilen Watandan aýry ýaşamagy biri-birine garşy goýup, watançylygy ündemegiň iň ygtybarly tilsimini eserlerine siňdirip bilipdir: Watandan aýrylan aglar yzlaşyp, Sapa bilen geçen ömrün sözleşip, Ahyn çekip, dönüp yzyn gözleşip, Hiç ili ýurtdan yhraç etmesin. («Jyda etmesin») Watanyň gadyryny bilmek, onuň mukaddesligine düşünmek meselesi şahyrda iň ýokary derejede goýlan meseledir. Bu meseläniň okyjynyň hemişelik hemrasy bolmagyny gazanmak bolsa akyldaryň ýene bir baş aladalarynyň birine öwrülipdir. Onuň «Gadryn nä bilsin» goşgusynda: Aýralyk oduna ýanyp bişmeýen, Zalymlar elinden ülke aşmaýan, Watandan aýrylyp, garyp düşmeýen, Ülkesinde iliň gadryn näbilsin — diýen halatynda baş mesele bilen baş aladanyň bir göwrä öwrülişini görüp bolýar. Şahyr «Gidiji bolma» goşgusynda öz okyjysyna şeýle nesihat berýär: Gel, eý, köňlüm, saňa nesihat kylaý: Watany terk edip, gidiji bolma! Magtymgulynyň türkmeniň ajaýyp topragyny janyndan eziz söýen beýik danadygy hakda ýokarda-da belläpdik. Dogrudanam, Magtymguly Pyragy bu mukaddes düşünjäni oňa bolan baky ynanjy esasynda has beýiklige galdyrypdyr. Ol özüniň ynançlaryny we oňa bolan garaýyşlaryny çeper aňyň miwesine öwrüp, öz halkyna hödürläpdir: Kybla tutar men ýüzüm, Galat imesdir sözüm, Magtymguly diýr, gözüm Gaýry watana düşmez. («Nurana düşmez») Mahlasy, Magtymguly il-gününi, dogduk Diýaryny jany-teni bilen söý megiň nusgasyny öz eserlerinde açyp bilen we halkyň aňyna siňdirmegi başaran ussatdyr. Ol öz ýurdunyň gerçek ogullaryny, öz dogduk mekanynyň dünýäniň hiç bir baýlygyna çalşyp bolmajak gözelligini belent heňde wasp edipdir. Şahyr Watanyň bir gysym topragyny eşrepä deňäp dir. Magtymguly Pyragynyň ýaşan zamanasy bilen baglylykda pikir öwreniňde şahyryň türkmen halkynyň bir bitewi döwletliligi baradaky islegini watan söýüjiligiň ýokary derejesi h saplamak bolar. Beýik akyldar şahyryň kalbynda Watana, il-güne bolan egsilmez söýgi joş urupdyr we onuň her bir goşgy setiri şol mukaddeslige ýugrulypdyr. Bu bolsa Watana gulluk etmegiň belent nusgasydyr. Munuň özi ýurdumyzda yglan edilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahat durmuşyň, asuda ýaşaýşyň gadyryny bilmäge, mukaddes Watanymyzy jandan söýmäge gönükdirilen terbiýe mekdebidir. Bagtyýar döwletde eşretli durmuşyň hözirini görüp, türkmeniň asly halallygyny gorap saklamak, her bir işiň düýbüni halallykdan tutmak, at-abraýy diňe halal zähmet bilen gazanmak ýaly meseleler esasy wezipeleriň hataryna çykýar. Türkmen döräli bäri iň gymmatly mekdebe öwrülip, halkymyzyň esasy ýörelgesi hökmünde hereket edýän halallyk nusgawy şahyr Magtymgulynyň dö re dijiliginde-de bir tutuş halkyň mertebesine, abraýyna täsir edýän häsiýet bolup ör-boýuna galýar. Şahyr halallyga uly sarpa goýup, oňa öz durmuşynda ýüregi bilen uýýar we halal ýaşamagyň düzgünleri baradaky edebi-çeper pikirlerini şygyrlarynyň üsti bilen okyjylara ýetirmegi başarýar. Akyldaryň «Bu işi» şygrynda halallyk hem nebisjeňlik hakynda aýdylyp, bendesine bet işlere baş goşmazlyk sargyt edilýär. Magtymguly adamzada öňünde halal we haram ýaly iki ýoluň keserip durandygyny ýatladyp, ynsany halal ýol bilen gitmäge çagyrýar. Bu çagyryş goşgyny okanyňda mese-mälim görünýär: Bir ýolda günä bar, bir ýolda sogap, Arasatda senden istärler jogap, Halala hasap bar, harama — azap, Şeki ýokdur, ýada salgyn bu işi. Goşguda halal bilen haramyň biri-birine garşy goýulmagy şahyryň ündewini hasam berkidýär. Ussadyň «Halala hasap bar, harama — azap» diýip çykaran netijesi bolsa durmuşy hakykaty has-da aýdyňlaşdyrýar. Ömrüň geçip baran ýazdyr bir sagat, Ne bolar, bu ýazda eýle seň tagat, Sogaba şatlyk bar, jürme — hyjalat, Boýnuňa almagyn, gelgin, buişi — diýen setirleriň adama berlen ömürde bet işlere baş goşman, ony halal-sogaply işler bilen bezemelidigini wesýet edýändigini hasaba alanymyzda şahyryň halal bilen haramyň arasyna goýýan serhedine düşünmek kyn däl. Şahyryň «Zor bolar», «Ahyrzamana», «Döke başlady», «Joş olmasyn» ýaly şygyrlarynyň-da on iki süňňi bilen ýagşylyk etmek, halal ýaşamak, iliň alkyşyny gazanmak ýaly ideýalara eýlenendigini, olaryň türkmeniň durmuşy kadasyna öwrülendigini hem ýaýdanman aýdyp bo lar. Görşümiz ýaly, halallyk, nebis terbiýesi meselesine taryhymyz a baş mesele hökmünde garalandygyny we ol hemişe beýik şahsyýetleriň ünsüni özüne çekip gelen digini Magtymgulynyň eserleriniň mysalynda-da doly delillendirip bolýar. Çünki ynsanyň abraýy tutuş halkyň, milletiň abraýy hasaplanylýar. Ony saklamak üçin her bir azaşan ynsany dogry ýola — halallyga, arassa ahlaklylyga gönükdirmeli bolýar. Biziň hemmämiziň umumy maksadymyz türkmeniň asly halallygyny gorap saklamaklan, ony milli gymmatlyk hökmünde geljekde-de dowam etdirmekden ybarat bolup durýar. Bu işde Magtymguly Pyragynyň ylmy-pelsepewi garaýyşlara ýugrulan çuň manyly şygyrlary kömege gelýär. Magtymguly Pyragy bakylygyň şahyrydyr. Onuň sözlerinden, çuň manyly şygyr setirlerinden adamyň ýaradylyşynyň, ýaşaýşynyň düýp matlabynyň belentligini öwrenýärler, ynsanlyk mertebesiniň manysynyň beýikligine akyl ýetirýärler. Şahyryň ýiti zehini, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, beýleki milletleriň we halklaryň ruhy mülküne öwrülen şygyr şalygy, bu günki gün biziň paýhas-parasadymyzy, dünýä garaýşymyzy äleme ýaýýar. Hezretguly DURDYÝEW, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary, filologiýa ylymlarynyň doktory. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |