01:40 Türkmen dil bilimi ösüş ýolunda | |
Türkmen dil bilimi ösüş ýolunda Berkarar diýarymyzda ylym-bilim ulgamyny özgertmek, ösdürmek, innowasiýalary giňden durmuşa ornaşdyrmak meselesi döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýurduň mundan beýläkki ösüşini, bäsleşige ukyplylygyny üpjün etmek wezipesi hem köp babatda ykdysadyýetiň innowasion görnttşiniň kemala getirilmegi, ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny giňden durmuşa ornaşdyrmak bilen pugta baglanyşyklydyr. Düýn ýurdumyzda Ylymlar güni giňden bellenilip geçildi. Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy amaly maslahat öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýyly «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip yglan etmegi türkmen diliniň gadymy taryhyny, onuň häzir-ki ösüş ýagdaýyny, baý sözlük goru-ny ylmy esasda düýpli öwrenmäge giň ýol açdy. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Yüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň ilkinji aýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna gelmegi türkmen alymlaryny täze ylmy gözleglere höweslendirdi. Hormatly Prezidentimiziň Ylymlar akademiýasynda eden taryhy çykyşynda: «Ylym jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurduň durmuşynda örän möhüm orny eýeleýär, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşulmagynyň esasy şerti bolup hyzmat edýär» diýip belledi we türkmen ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň ugurlaryny kesgitledi. Magtymguly adyndaky Dil we edebiyat instituty Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň dil we edebiyat babatynda öňe süren ýörelgelerinden hem-de «Türkmenistanda milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmegiň we wagyz etmegiň 2016-2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny», «Türkmenistanda ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017-2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» we «Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň 2018-2023-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çarelerin Meýilnamalaryndan ugur alyp, ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirýär. Institutda dil babatynda düýpli ylmy derňewleri geçirmek esasynda häzirki zaman türkmen diliniň ösüş ugurlaryny kesgitlemek; dilimiziň taryhyny öwrenmek; türkmen diliniň dürli ugurlaryna degişli sözlükleri düzmek; türkmen diliniň beýleki halklaryň dillerine bolan gatnaşygyny, mynasybetini öwrenmek babatda ylmyň häzirki zaman gazananlaryny umumylaşdyrmak; türkmen halkynyň medeni we ruhy baýlyklaryny öwrenip, halkyň arasynda hem-de halkara derejesinde wagyz etmek işleri alnyp barylýar. Institutda hereket edýän häzirki zaman türkmen dili bölümi türkmen diliniň fonetikasynyň hem-de grammatikasynyň wajyp meselelerini düýpli öwrenýär. Şonuň ýaly-da, türkmen dilinde dürli grammatik serişdeleriň ulanylyşy, sözleriň ýasalyş ýollary, dürli söz toparlarynyň many, gurluş we ulanyş aýratynlyklary bilen baglanyşykly meseleler boýunça düýpli ylmy derňewleri geçirýär. Täze ylmy maglumatlar esasynda işlenilen «Nusgawy şahyrlar dil hakynda» atly ylmy monografiýa şu bölümde alnyp barlan ylmy-barlaglaryň netijesidir. Monograflýada türkmen nusgawy şahyrlary Nurmuhammet Andalybyň, Döwletmämmet Azadynyň, Şabendäniň, Magtymgulynyň, Şeýdaýynyň, Magrupynyň, Gaýybynyň, Keminäniň, Seýdiniň, Zeliliniň, Mollanepesiň dil hakyndaky pikirlerini düýpli öwrenmek bilen, olaryň dil baradaky garaýyşlarynyň kökleri, diliň şol döwürdäki jemgyýetçilik-aragatnaşyk we çeperçilik hyzmaty ylmy taýdan seljerildi. Şeýle-de, işde dürli dilleri bilmegiň, öwrenmegiň, dil serişdelerini hertaraplaýyn çuňňur özleşdirmegiň, dil baýlyklaryny ýerlikli ulanmagy başarmagyň endikleri dogrusyndaky garaýyşlar ylmy-barlaga çekildi. Bölümiň düzümindäki fonetik barlaghanada türkmen diliniň çekimli we çekimsiz sesleriniň aýdylyş aýratynlyklaryny, sözleýişde olaryň ýerine ýetirýän hyzmatlaryny, sözlemleriň intonasiýa gurluşyny, onuň ýerine ýetirýän hyzmatlaryny, sözleýişde basymyň üýtgeýiş kanunalaýyklyklaryny anyklamak boýunça eksperimental derňew işleri alnyp barylýar. Häzirki zaman ösen tehnologiýalaryň ylma ornaşdyrylýan döwründe institutyň fonetik barlaghanasyna hormatly Prezidentimiziň alyp beren täze ygtybarly enjamlarynda yzygiderli ses ýazgylary geçirilýär. Dilimiziň fonetik gurluşyny döwrebap enjamlarda barlamagyň esasynda «Türkmen diliniň fonetikasy» atly jiltlik taýyar edildi. Jiltlik 2 kitapdan ybarat bolup, onuň 1-nji kitaby «Fonemalar sözleýişde» atlandyrylyp, onda fonetikanyň ylym hökmünde öwrenýän meseleleri, derňew usullary, türkmen diliniň çekimli we çekimsiz seslerinin aýratynlykda ýerine ýetirýän hyzmatlary, olaryň hasiýetleri, umumy we tapawutlanýan aýratynlyklary, özara tapawutlary, sözleýiş dowamynda üýtgeýiş kanunalaýyklyklary beýan edildi. Jiltligiň «Sözüň fonetik guralyşy» diýlip atlandyrylan 2-nji kitabynda türkmen dilinde bogunlaryň görnüşleri we olaryň esasy ulanylyş ýagdaýlary, sözüň singarmonizm hadysasy hem-de basymyň ýerine ýetirýän hyzmatlary anyk mysallar arkaly aýry-aýry bölümlerde häsiýetlendirildi. Sözlükçilik, adalgaşynaslyk we dil medeniýeti bölümi sözleriň, adalgalaryň manylaryny düýpli öwrenmek esasyna düşündirişli, iki dilli, adalgaşynaslyk we kesp-kär, hünär bilen baglanyşykly sözlükleri, şeýle-de, orfoepik, orfografik we frazeologik sözlükleri düzmäge ýöriteleşendir. Bölümde türkmen edebi dilini kämilleşdirmek maksady bilen, dili kadalaşdyrmagyň dürs ýazuw, dürs aýdylyş meseleleri öwrenilýär hem-de edebi aýdylyşyň, edebi söz ulanylyşyň düzgünleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmen sözleýiş medeniýetiniň meselelerine aýratyn üns berilýär. Terjimäniň nazaryýetini öwrenmegiň meseleleri boýunça ylmy-barlaglar geçirilýär. Bölümde alnyp barlan ylmy-barlaglaryň netijesinde «Türkmen diliniň sungat leksikasy», «Türkmen diliniň deňiz-derýa leksikasy», «Türkmen diliniň sport leksikasy» atly ylmy işler ýazyldy hem-de «Türkmen diliniň sport adalgalarynyň sözlügi», «Sungat adalgalarynyň sözlügi», «Türkmen diliniň nebit-gaz sözleriniň sözlügi», «Türkmen diliniň grammatik adalgalarynyň sözlügi» düzüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň nukdaýnazaryndan işlenilen «Terjimäniň nazaryýetiniň esaslary» atly ylmy monografiýada terjimäniň nazaryýetini öwrenmegiň meseleleri, dil serişdeleriniň seçilip alnyşynyň sertleri, sözüň leksik birlik hökmünde teswirlenilişiniň esasy mümkinçilikleri, taýsyz (ekwiwalentsiz) sözler we olaryň terjimesi, frazeologik serişdeler hem-de olaryň terjimeleri hakynda ylmy seljermeler berildi. Onda nakyllaryň we atalar sözüniň terjimesi, terjime edilýän tekstiň žanr aýratynlyklary boýunça dürli görnüşliligi, gazet habarlarynyň, maglumatlarynyň we ýörite ylmy-tehniki tekstiň terjimesiniň aýratynlyklary, jemgyýetçilik-syýasy edebiýatyň, gazet-žurnal publisistikasynyň terjimeleri dogrusynda anyk mysallar getirilmek arkaly giňişleýin ylmy-seljermeler geçirildi. Diliň taryhy we şiwe öwreniş bölümi düýpli ylmy derňewleri geçirmek esasynda dilimiziň taryhyny öwrenýär. Bölümiň ylmy işgärleriniň geçirýän ylmy barlaglary türkmen diliniň taryhyny, gadymy ýazuw ýadygärlikleriň, türkmen nusgawy şahyrlarynyň edebi mirasynyň dilini we ýerli gepleşikleri düýpli öwrenmek, toplanan maglumatlary ylmy dolanyşyga girizmek hem-de dialektologik sözlükleri düzmek işine gönükdirildi. Geçirilen derňewleriň netijesinde «Türkmen diliniň dialektlerinde sözde yüze çykýan ses üýtgemeleri», «Şiwe maglumatlary dilimiziň taryhynyň çeşmesidir», «Kitaby dedem Gorkudyň dili» atly ylmy işler ýazyldy. Ylmy barlaglarda ekstralingwistik we lingwistik maglumatlar esasynda gadymy türkmen diliniň taryhy yzarlanyldy. Ýerli gepleşiklerimiziň taryhy pursaryny hemmetaraplaýyn şöhlelendirýän baý maglumatlar esasynda türkmen şiweleriniň ýerleşişi giňişleýin häsiýetlendirildi. «Kitaby dedem Gorkut» şadessanynda ulanylan çekimli we çekimsiz sesleri häsiýetlendirilmek bilen, olardaky açyklaşma, inçelme, dodaklaşma, ses artma, ses düşme kanunalaýyklyklarynyň özboluşlylyklary ýüze çykaryldy hem-de olaryň taryhy sebäpleri ylmy esasda düşündirildi. Umuman, Magtymguly adyndaky Dil we edebiyat institutynda türkmen dil biliminiň möhüm meseleleri boýunça ylmy-barlaglary geçirmegiň hem-de dürli ugurly sözlükleri düzmegiň üstünde giň gerimli işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde, ylmy işler ýazylýar, dilimiziň söz baýlyklaryny öz içine alýan sözlükler düzülýär hem-de ylmy monografiýalar, köp jiltlikler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň nukdaý-nazaryndan neşire taýýarlanylýar. Ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilende hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary hemişe duýulýar. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň dil bilimi babatynda öňe süren ýörelgeleri türkmen dilçilerini täze gözleglere atarýar. Hezretguly DURDYÝEW, # turkmendili_2018 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |