13:26 Mahsa Amininiñ oýlandyrýanlary | |
MAHSA AMININIÑ OÝLANDYRÝANLARY
Publisistika
Eýranlylar we türkleriñ taryhyñ dürli döwürlerinde basdaşlyga we täsirlenmä esaslanýan gatnaşyklary bolan, ýöne ikitaraplaýyn deñagramlylyga-da gözden sypdyrman ünsde saklan iki gadymy halk. Geçen asyryñ başynda Eýran meşrutyýete (konstitusion monarhiýa) geçdi welin, türklerem olara eýerdi. Soñraky gezekde eýran halky gijem bolsa Türkiýä eýerip, respublika geçdi. Eýran Yslam Respublikasyny esaslandyryjy Homeýni Fransiýada sürgünde gezip ýörkä demokratik konstitusiýany taýýarlamagyñ pikirindedigini aýdanam bolsa, Rewolýusiýadan soñky Eýranyñ konstitusiýasy mezhepçi we hatda "Welaýaty-Fakyh" prinsipi arkaly respublikany-da depgilän konstitusiýa boldy. Edil türk konstitusiýasynyñam Atatürk nasioanlizmine goldanýan idelogiýalaýynlygy we aýratynam köpdürliligi basgylaýan konstitusiýasynyñ bolşy ýaly. Iki ýurtda-da ýakyn döwürlerde yslamy düşünjeler bilen häkimiýet başyna gelenler öñki häkimiýetleriñ haksyzlyklaryny, bölüşikde edilýän adalatsyzlyklaryny, jemgyýetçilik deñsizliklerini tankyt edip häkimiýete gelenden soñ käbir meseleleri çözdüm edip, soñundanam jemgyýeti güýçlendirmegiñ ýerine döwleti güýçlendirmek ýaly strategiýany ýöredipdirler. Parahatçylyk söýüji wadalary edýändiklerine garamazdan jeñbazçylykly syýasatlara ýönelen we global güýçler bilen hyzmatdaşlyk etmekden gaýra durmaýan bu häkimiýetler Yrakdaky, Siriýadaky, Azerbaýjandaky çaknyşyklarda-da garşyma-garşy gelipdiler. Netijede iki respublika-da özlerine mahsus bahanalar bilen demokratiýa geçişe, ýagny köpdürlilikleriñ syýasata iştirakine garşy durup, respublikan we awtokratik syýasatlaryny güýçlendirdiler. Munuñ özi aýratynam sebitdäki kürtleri, Türkiýe üçin alawylary, Eýran üçinem sünnileri syýasatdan daşda tutmagy añladýar. Beýleki bir ýandan aýal-gyzlara-da her iki ýurtda ýeterlik derejede wekilçilik edilenok, aýratynam örtünmek-ýapynmagyñ üstünden dürli rollar arkaly oýnalýan dawa-jenjelli oýunlaryñ kynçylyklaryna duçar bolýarlar. Türkiýede Milli Görüş hereketiniñ kemalizme garşy yslamçy-osmanlyçy-konserwatiw nukdaýnazar bilen häkimiýete ýakynlaşan ýyllarynda kemalist gatlak öz pozisiýalaryny gorajak bolup başýapynjanyñ üstünde gadagan ediji tutumy ýöretdi, oppozisiýa bolsa başýapynja bilen simwollaşan görnüş arkaly aýal-gyzlaryñ aktiwleşen göreşine ýönelip, aýal-gyzlaryñ jemgyýetçilik ugurlaryna gatnaşygynyñ artdyrylmagynyñ öñüni açýar. Şuña meñzeş formada Eýranda-da rewolýusiýa döwri aýal-gyzlaryñ jemgyýetçilik ugurlarynda işjeñleşen we hatda bu babatda yslam dünýäsi üçinem nusga bolan döwrüdir. Ilkibaşdaky rewolýusioner we azatlykçy synanşyklara garşy şol döwrüñ oñynlygy Eýran ýaly Türkiýede-de barha köpçülikleýin we azatlykçy garaýyşlara çenli aýal-gyzlaryñam basgylanyp hem-de häkimiýete beren goldawlaryny kesmäge başlan döwrüne öwrülýär. Jemgyýetçilik meseleleri we talaplary görmezlige salnyp, jemgyýetçilik üýtgeşmesine jogap bermeýän hiç bir häkimiýetiñ uzak wagtlaýyn saklanyp galmagynyñ kepilliginiñ bolmaýandygynyñ we şeýle tipli häkimiýetleriñ sap polisiýa çäreleri arkaly epistolýar häkimiýetde saklanyp galmajagynyñ iñ açyk mysaly bolsa bir wagtlar durmuşa geçmegi mümkin hasaplanmadyk iki jemgyýetdäki üýtgeşmäniñ hut özüdir. Eýranda rewolýusiýanyñ ideologlary bolan Şeriati, Talegani ýaly sosialist (azatlykçy, rewolýusioner, deñlikçi we sosial adalatçy) akyldarlar dura-bara rewolýusion akymdan çetleşdirilip, birmeñzeş pozisiýadaky akyldar Abdylkerim Süruş-da ýanamalardan ýaña Günbatara gitmeli boldy, oppozision lider (öñki premýer-ministr) Mir Hüseýin Musawi bolsa öý tussaglygyna höküm edildi. Türkiýede häkimiýet başyna gelen AK partiýa bolsa başýapynja boýunça gadagançylyklary ýatyryp, kürtler bilen başyny başlan parahatçylykly ýaraşyk müddetinden barha daşlaşyp, Eýrandaky režim ýaly kürtlere we oppozisionerlere garşy sütemkärçilikli syýasat ýöretmäge başlady. Eýranda rewolýusiýanyñ üstünden biraz wagt geçensoñ ýola goýlan bürenjek mejburyýeti bolsa gitdigiçe akla-huşa sygmajak derejede basyş guralyna we özbaşyna paranoýýa öwrüldi. Şeýdibem rewolýusiýanyñ bady bilen gelen bürenjek konserwatiwleriñ prosesi rewolýusionerleriñ elinden gañryp alyp, döwletleşdirmekleri bilen üzülen azatlyk gaý-tupanyna tozap gitdi. * * * Ýakyn günlerde Kürdüstan welaýatyndan Tährana gezelenç etmek üçin gelen Mahsa Amini režim bilen oppozisionerleriñ arasyndaky çekişmede bar bilen ýoguñ arasynda simwoliki çykyşa dönen "hijaba" eýermändigi üçin "ahlak polisiýasynyñ" sütemine uçrap öldürildi. Şeýle nähak ölümiñ garşysyndaky nägilelerem öz ýany bilen onlarça ölümi getirdi. Şular ýaly zalymlarça çemeleşmä bildirilýän nägilelikleri global güýçleriñ oýny bilen üçürdikläp tiken režimçi hünärmenler bolsa şu nukdaýnazardan hereket edip, köpçülikleýin tolgunşyklara dogry düşünmegiñ ýerine diýdimzorluk etmegi makul bildiler. Häkimiýetleriñ halk köpçüligine garşy gönükdiren şular ýaly diýdimzor düzgünleşdirmeleri arkaly dolandyrmaga dyrjaşýan biçüwlendirme tagallalary şol bir wagtyñ özünden ABŞ-dyr Hytaý ýaly ýurtlarda-da zorlukly basyp ýatyrma taktikasydyr. Aýratynam görkezijili ideologiýa we medeniýete çapraz ýüzleriñ we meýilleriñ gödeklik bilen irizdir(il)me tagallasy häkimiýetleriñ gaýry meselelerdäki kemçiliklerini ýa-da aýratynam ykdysady deñsizlikleri we haksyzlyklary-da örtmegiñ ýoly. Tunisde Muhammet Buaziziniñ ölüminden tutuñ-da, ABŞ-daky Jorj Floýduñ öldürilmegi ýa-da Hytaýdaky Tiananmen gandöküşligi ýaly zalymçylykly wakalaryñ jemgyýetlerde sistema çalşygy talabyna sebäp bolşy ýaly, Emininiñ öldürilmegi-de jemgyýetçilik gahar-gazabynyñ oýanmagyna ýol açdy. Ýol açdy, çünki egin-eşik boýunça aýratynam aýal-gyzlaryñ üstündäki şular ýaly polisiýa çäreleri ýa-da jemgyýetiñ gowşak ýa-sa azlykdaky gatlaklaryna garşy edilen basyş we ýanama gitdigiçe faşizme öwrülip barýar. Bular ýaly diýdimzorluk ynanjy-da döwlet ideologiýasyna öwrüp we imana goldanmaly tutumlary sa:p formalaýyn mejbyrylyklara öwrüp, içini köwýär. Ýogsam bolmasa, düýbi içki oñlaýyşa esaslanýan ybadatlary we wajyplary jemgyýetiñ köp bölegine ýa-da ynanmaýanlara zor bilen berjaý etdirip bolmaýar. Gaýtam bu zor bilen berjaý etdirjek bolunanda, haka garşy zuluma, Şeriati aýtmyşlaýyn, "dine garşy dine" öwrülýär. Mynapyk we ryýagär sosiologiýa alyp barýar. Şol sanda juda çuñ mähir-muhabbete esaslanmaly ynançlar tebigy taýdan soñabaka ýigrenç elementine öwrülip bilýär. Beýleki bir ýandan egin-eşik diñe örtýän däl-de, şol bir wagtyñ özünde bezeýän zerurlyk we medeniýetdir. Eger munuñ özi belli bir forma getirilen bolsa, adamy bir tipleşdirýän, birmeñzeşleşdirýän çekip-çydap bolmajak figura görnüşine-de gelip biler. Elbetde, şeýle zorluk diñe döwletler tarapyndan ýa-da diñe Eýranda bolup geçenok. Günbatarly ýurtlaryñ gümrük postlarynda egin-eşiginiñ, üst-başynyñ ýa-da reñkiniñ üýtgeşikdigi sebäpli göýä tarakandan enaýy garşylanmaýan, göwnüýetmezçilikli bakyşlar bilen kemsidilýän we medeni zorluga sezewar bolýanlaryñ ýagdaýy görnüp dur. Şuña meñzeş ýagdaýlar ýurdumyzda-da duş gelmän durlanok. Ýöne geçmişde mejlisinden, mekdebinden, hatda hassahanasyndan kowulan, masgaralanan adamlaryñ häzirki garşylygy rewanşist (ar alyjylykly) garşylyga öwrülmese gowy bolardy. Aýal-gyzlaryñ ýalañaç jesetleriniñ köçelerde süýrelmegini we oglunyñ süñkleri torba salnyp hasratdan ýüzi garaört bolan atanyñ eline berilmegi ýaly adamzat gymmatlyklaryna düýpgöter ters gelýän tutumlara-da garşy durulsa nähili gowy bolardy. Şular ýaly ýürekbulanjy tutumlaryñ garşysynda ses çykarylmazlygy, häkimiýetiñ saklaýan formalaýynlygyna garamazdan adamkärçilik duýgularynyñ ýitip barýandygynyñ iñ bärkije alamatlary dälmi? Din özeninde formalaýyn berjaý etmeler bolmaýşy ýaly, häkimiýetleýin gural-da däldir. Onuñ ahlaga we edep-ekrama dahylly taraplary, salyhatlylygy we mylakatlylygy borç we zorluk bolmakdan ötri, yaşaýyş-durmuş näzikligi bilen agzalmalydyr. Bular hijem ýerine ýetirilmedi, sebäbi-de mesaña ortada. Syýasat, aýratynam şu günün populist syýasaty köpçülikleýin, güýç galñamagyna we gatlaklaryñ jelbine we jebrine goldanýan ugra gyşardy. Gatlaklaryñ basyşy bolsa şu tagallany salyhatlylykdan we jogapkärçilikden uzaklaşdyryşy ýaly ahlakdan we hoşgylawlylykdan, hasam beteri hak-hukukdan we adalatdanam uzaklaşdyrýar. Şeýle wagtda bolsa gatlak medeniýetiniñ formalaşdyran hyltly seredişleri özlerine ideologiýa edip alan prinsipleriniñ gymmatlyklaryndanam barha daşlaşýar. Şu meselede jogapkärçilikli çemeleşmeli progressiwler, ulamalar, alymlar, syýasatçylar hem şol bir psihologiki atmosferanyñ astyna girensoñ, adamzadyñ nijeme tagallalar bilen edinen ähli gymmatlyklary we prinsipleri-de, sozulyp, gymmatyny ýitirýär. Puluñ, güýjüñ, häkimiýetiñ şöhweti öñden dowam edip gelýän gymmatlyklary ezip, ýerine iñ ýöntem motiwleri geçirip bilýär. Nähak ýere öldürilenligi külli adamzadyñ ölümini añladýan adamyñ, adamlaryñ üstünden ýöredilýän bular ýaly syýasat bilen ylalaşmak mümkin däl. Adam hukuklarynyñ eldegrilmesizligi bilnip durka, yslamy guramalaryñ we progressiwleriñ bu boýunça edýän tagallalaryny haýallatmagynyñ özi häkimiýet ötegeçmeleriniñ döredýän meseleleriniñ biridir. Şonuñ üçinem bular elinde saklaýan adalat terezisi babatda asla eglişikçi beýanatlar bilen çäklenmejek bolmaly. Biziñ imanymyz garawsyz bendeleriñ we haky iýlenleriñ tarapynda durmagy talap edýär. Ady tutulmaga mynasyby bolsa häkimiýetleriñ we jemagatlaryñ talaplaryna däl-de, hak-hukuga we adalata deñ göz bilen garalmagydyr. Görlüşi ýaly, uzaga çeken häkimiýetler döwründe Eýran we Türkiýe konserwatiwligi hak-hukukdan we adalatdan daşlaşyp, sagçy we tekepbir syýasy pozisiýa ýönelýär, bular bilen kontaktyny ýitiresi gelmeýän käbir yslamçylar bolsa häkimiýetiñ tarapyny tutjak bolup, adalatyñ hakyny iýenlerini gowy görýärler. Bularyñ barsy bir ujy adamkärçiligimize, kollektiwleşmegimize, häkimiýeti paýlaşma kemçiligimize esaslanýan problemalar. Nämüçin adamkärçiligimizi ýa kollektiwleýinligimizi ösdürmegiñ, gymmatlyklarymyzy we mümkinçiligimizi paýlaşmagyñ ýerine urha-urluga ýa-da dymdyrmaga we äsgermezçilikli ýok saýmalara ýönelýäris? Nämüçin ynjytmazdan bar saýmagyñ, deñdeş bolmagyñ hemişeki oýlanyşykly ýollarynyñ zähmetine döz gelmegiñ ýerine gorkynyñ zäherli, zäherleýäniñ özüni-de zäherleýän rehimsizligini saýlap alýarys? Edilýän şonça tagallalara garamazdan jemgyýetçilik we syýasy gatnaşyklarymyz nämüçin häzirem "gul-hojaýyn" gatnaşygdan saýlanyberenok? Dürli-dürliliklere takatsyzlygymyz nämeden? Näme sebäpli içimizdäki wagşylygy adamlaşdyramzok, meselelerimizi akylly-başly gepleşikleriñ tegelek stoluna dökemzok? Aryf däl-de, zalym bolmagy saýpap almagyñ özi, belli bir wagtdan soñ özümiz üçinem wagty-sagadynyñ gelip ýetjek gumsagadyny tersine öwürmekden ybaratdyr. Elbetde, diñe bulam däl. Hemmämiz üçinem wagtyñ ýitip barýan dogrulyk pozisiýasyndan daşlaşmagyñ ynjalyksyzlygyny eşitmezlik şol bir wagtyñ özünde akyl-paýhasyñ pikirlenme ukybyny-da ýitirýändigini añlatmaýarmy? "Dile geldi bile geldi" kemsitmegiñ keýpine gömülmek ýa-da duşmanlaşdyryp ýok saýmak... Hasam beteri bolsa, häkimiýet gezeginiñ, ýagny, hyltymyzy çykarmagyñ, arzuw-isleglerimizi kanagatlandyrmagyñ we garşydaşymyzy ezmek gezeginiñ bize gelendigini duýmagyñ hemişeki haýwanpisint sabyrsyzlygy. Gymmatlyklar bilen ýükli añ-düşünjeleriñ ygtybarsyzlaşdyrylyp, sözüñ, ýol-ýörelgäniñ, rutinanyñ wagşyýana erk-islegleriñ ygtyýaryna berilmegi. Synaglaryñ, nusgalyklaryñ we sözleriñ üstünde durmagyñ inçeliklerini-de biderek iş hasaplamak... Çünki ol(ar), ýagny garşydakylar-häkiler muña laýyk däl, mynasyp däl, pylan-pysmydan!.. Akyllandyrmagyñ añsat ýollary barka, salyhatlylygyñ ýa-da oýlanyşykly añ-düşünjäniñ inçe zähmetiniñ hajaty barmy. Ýalanlaryñ ýa-da çynlaryñ gitdigiçe gury sanawaja öwrülen ýerinde arzuwy edilýänem, ine, şol çuw-ýalañaç we gymmatlyklardan binesip häkimiýetdir, haywanpisint erk-islegleriñ kanagatlandyrylmagynyñ berýän keýpidir. Ýagny, häkimiýetiñ "akyl taýagynyñ" ölçegsizliginiñ ýeke-täk ölçege öwrüljek utopiki wagtlary. Hem-de her ekstremizmiñ garşysyna göwreligini görnetin bilýän halatynda-da. Ümit AKTAŞ. Çarşenbe, 05.10.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |