19:56 Tupandan öñki sessizlik | |
TUPANDAN ÖÑKI SESSIZLIK
Publisistika
Tebigatda bolşy ýaly taryhda-da käwagtlar daş-töwerege adatdan daşary ýagdaý bilen garşylaşjakdygy hakdaky adatdan daşary ýagdaýa duş boljagyna degişli duýgurlyk, hatda dartgynlylyk ýaýylyp biler. Tupandan öñki sessizlik diýilýän wagt parçasynyñ içinde hemme zat çepbesine çöwrülýär we tupan başlaýar. Jemgyýetçilik durmuşynda-da munuñ ýaly adatdan daşary ýagdaýlary habar berýän dargynly durgunlylyklara gabat gelinýär. Edil şemalyñ duýdansyz tapba ýatmagy ýaly bir demde hemme zat durýar. Emma bu hemişeki ýaly adaty durgunlylyklara meñzemeýär. Düýpdäki däl-de, çürbaşdaky durgunlylykdyr. Hamana ädimiñizi ätseñiz ýa jennete ýa-da jähenneme gidäýjek ýaly dartgynlylyk bilen doly pursatdyr ol. Eýran Yslam Rewolýusiýasynda-da rewolýusiýadan bir ýyl töweregi öñ şuña meñzeş aýgytlaýjy pursatlar bolup geçipdi. Aslynda bu hadysa uzak wagt bäri polisiýa bilen halkyñ çaknyşýan adaty garpyşyklarynyñ biri. Emma bu gezekki garpyşykda hiç kimiñ çaklamadyk we garaşmadyk tapawutlylyk bar. Hemmeleriñ tapawudyny-da bilmän säginip galjak şeýlekin pursaty bolup geçer welin, şol pursatdan soñ hiç zat öñküligini tapmaz. Inisiatiwa indi polisiýanyñ elinden gidip, rewolýusionerleriñ eline geçipdi. "Aýgytlaýjy pursat gelip ýetip, ýurduñ, şanyñ we rewolýusiýanyñ ykbalyny kesgitläp biljek pursat polisiýa işgäriniñ köpçüligiñ bir gyrasynda duran adama tarap ýörän we sesini gataldyp oña öýüne gitmegini buýran pursatydyr. Bular ýönekeý, ady-sory tanalmaýan adamlaram bolsa, garşylaşmalarynyñ taryhy ähmiýeti bar. Ikisi-de uly ýaşly, nijeme çarşenbäni başdan geçiren we şahsy tejribesi ýetik adamlar. Polisiýa işgäriniñ synagy: Raýata gygyryp rezin dürrämi salgasam, ol ilki gorkup aljyrar, soñ ylgap gaçar. Köpçüligiñ bir gyrasynda duran raýatyñ synagy: Golaýlaşyp gelýän polisiýa işgärini gören badyma ýüregi agzyna gelýär we ylgap başlaýar. Şeýle synaglara goldanyp gowy senari taýýarlap bileris: Polisiýa gygyrýar, raýat gaçýar, beýlekileri ökjä tüýkürýär we meýdan boşaýar. Emma bu gezek hemme zat tapawutly formada başga tarapa özgerýär. Polisiýanyñ işgäri gygyrýar, ýöne raýat gaçmaýar. Şol ýerde polisiýa işgäriniñ gözüne dik bakýar, bul bakyş diñe seresaply we gorkuly-da däl, şol bir wagtyñ özünee berk we batyrgaý. Ine, ýagdaý şu merkezde. Kõpçüligiñ gyrasynda duran adam harby lybasly ygtyýarla alaryp seredýär. Polisiýa işgäri gymyldanogam. Töweregine göz aýlaýar we şeýle bakyşy beýleki ýüzlerde-de görýär. Şol raýatyñky ýaly beýleki ýüzlerem ätiýaçly, häzirem az-owlak gorkak, emma häzirden berk we ýerlikli. Polisiýanyñ işgäri bogazyna sygdygyndan gygyrmagyny dowam etdirýär, emma hiç kim gaçmaýar, ahyrynda olam sesini kesýär. Bir pursatlyk sessizlik. Polisiýanyñ işgäri bilen şol raýatyñ nämeleriñ bolup geçendigini bilip-bilmeýämdiklerini bilemzok. Raýatyñ gorkusy geçipdir, bulam rewolýusiýanyñ görnüp duran başlangyjydyr. Şindize deñiç şu iki raýat haçan biri-birine ýakynlaşsa, şobada üçünji biri ara giripdi. Üçünji şahs - gorkudy. Gorky bolsa polisiýa işgäriniñ ýegre dosty, raýatyñam ganym duşmanydy. Gorky öz düzgünlerini orta atýardy we hemme zady özi çözýärdi. Indi bolsa iki raýat ilkinji gezek ýeke, ýekme-ýek. Gorky ýok bolýar. Şindize deñiç ähli gatnaşyklary hemişe tolgunma, hüjüm etmeler, hülgentlik, sögünmeler, gahar-gazap ee terror bilen doludy. Emma şindiz gorky ýok bolup, bu ugruny ýitiren we ýigrenç doly birlik duýdansyz ýykylýar, hamana uly ýangyn söndürilen ýaly söndürilýär. Bu iki raýat diñe biri-birine garşy perwaýsyz we gyzyksyz ýagdaýa gelipdir, şonun üçin her kim öz bilenini edip biler. Şeýlelikde polisiýanyñ işgäri agyr-agyr polisiýa bölümine gaýdyp baranda, raýat ol ýerde peýda bolýar we gözden ýiten duşmanyna seredýär".¹ Şeýdibem rewolýusion prosesiñ inisiatiwasy indi köçedäki raýatyñ eline geçýär. Rewolýusiýa uzak wagt bäri çyr-çytyr bolup dyrmaşan depesinden aşaklygyna eñterilmäge başlaýar. Mişel Fukeniñ pikiriçe, rewolýusiýa halkyñ "arkasyna gonan gorkunç ýüki, bir bitewi dünýä düzgüniniñ ýüküni silterlemek isleýän ýaragsyz adamlaryñ gozgalañydy. Belki-de bu, planetalaýyn güýçlere garşy bolup geçen birinji tolgunşygyñ, iñ gazaply tolgunşygyñ iñ zamanabap formasydy."² Hatda bu, rewolýusiýadan has beter gozgalañ, belli bir derejede ytagatsyzlykdy. Bu ýagdaý bolsa ony goldamaga amatly ýagdaýa getirýärdi... Emma o günler yzda galdy we rewolýusion joşgun bilen birlikde adalat we azatlyk talaplary-da basgylanyp, taryh täzeden öz akymyna akmaga durdy. Fuke "SAWAK" gullugynyñ gynamalaryna garşy çykyşy ýaly, Rewolýusiýadam soñky ölüm jezalaryna-da garşy çykýar. Onuñ pikiriçe ilkibaşda aýaga galanlaryñ we ölüme gidenleriñ ýöreden magnawyýeti işan-mollalaryñ režimine dahylly ýeri ýok. Aslyýetinde ret edilen - şanyñ akmaklyk bilen we jemgyýete aşa gymmat düşen döwrebaplaşma maksatnamasydyr, "despotik ýaraglarydyr, çüýrän sistemasydyr..." Emma bu güýjüni ýitiren taryhy sistema birnäçe wagtdan bäri täze röwüşe salnyp täze ssena bilen sahnalaşdyrylmaga synanyşylýar. Eýranyñ prezidenti Ibrahim Reisiniñ ölümi meni ýene bir gezek şol günlere, uzakdan syn edilen rewolýusiýanyñ şol joşgunly ee umytdsn doly günlerine dolap getirdi. Gynansak-da, barha tersine öwrülen müddetde şanyñ polisiýasynyñ ýerini rewolýusiýanyñ polisiýasy aldy. Gysga wagta çeken sowukganlylyk we azatlyk howasy ýerini öñküden tapawutly-da bolsa diýdimzor döwüre berdi. Bir döwür ABŞ-nyñ sebitdäki žandarmalygyny eden Eýran bu gezek ýüzüni Gündogara öwürdi we sebitdäki taryhy gegemoniýa göreşine üýtgeşmeler girizen tapawutly strategiýa ýöneldi. Azatlyga bolan ymtylyşyñ ýerini agalyk etme arzuwy eýeledi. Yslam Rewolýusiýasy ideýalynyñ ýerini şaýy realsyýasaty aldy. Respublikan düşünjäni ösdürip bilmeýişleri ýaly, bir wagt premýer-ministrlik eden Mirhüseýin Musawy ýaly rewolýusion oppozisionerler ýa-ha öýtussaglykda (ýa-da türmede) saklanyp, sesleri sem edildi ýa-da Abdylkerim Süruş ýaly ýurda gaçmaga mejbur edildiler. Ýurduñ ýerüsti we ýerasty baýlyklary öñden çaklanyşy ýaly halkyñ bol-elin durmuşy, ösüşi, sosial adalat we raýdaşlygy üçin ulanmagyñ ýerine sebitleýin we hatda global gegemoniýa söweşine hem-de muña goldaw berýän atom bombasyny öndürmek ýaly podkladkasy sebäpli çykdajysy ummadan çykan absurd ugurlara sowuldy. Kapuşinskiý Eýrany garaşylmadyk rewolýusion prosese getiren şertlere degişli belliklerini şeýle dowam etdirýär: "Islendik despot adamyñ ýigrenji mahlukdygyna ynanýar. Köşgüni bolgusyz adamlardan doldurýar, töweregine dereksiz adamlary ýygnaýar. Howatyra düşen jemgyýet uzak wagtlap pikirlenme ukyby bolmadyk, hemme zada boýun egýän telbe ýaly hereket edýär. Oña aýdylany etdirmek üçin garnyny doýursañ ýeterlik. Bir zada güýmeseñ begenip monça bolýar. Adamzadyñ çaklañja syýasy hileler hazynasy müñýyllyklaryñ dowamynda onçakly üýtgemändir, baýlaşmandyr. Özlerine wezipe berlen ýagdaýynda nähili ýolbaşçylyk etjekdigini bilýändigine ynanýan birtopar höwesjeñ syýasatça eýe bolmagymyzyñ sebäbi-de şudur. Şeýle-de bolsa, mahal-mahal geñ galdyryjy wakalaram bolup bilýär. Bir seredersiñiz welin, gowy saklanýan we mazaly güýmelýän köpçülik aýdylana gulak asman başlaýar. Wagtynyñ has köp güýmenjä, toý-şagalaña sarp edilmegini talap edþär. Azatlyk, hak-hukuk, adalat talap edýär. Despot añk bolup galýar. Sebäbi ol adamy bolşy ýaly, bir bitewilikde we mertebesi bilen görmegiñ ugruny bilmeýär. Şeýle raýat ahyrynda diktatorlyga howp salýar we onuñ duşmany bolýar. Şonuñ üçin diktatorlyk ol raýaty ýok etmek üçin ähli güýjüni toplaýar".³ Jemgyýetleriñ, aýratynam Gündogar jemgyýetleriniñ takdyry rewolýusion prosesleriñ, gahar-gazaply partlamalaryñ yzyny ýetirmezlik, rewolýusiýadan soñky döwre degişli ideallaryñ yzynda durmazlyk bilen gutarýar. Edil "Arap bahary" ýaly nobatdan daşary we garaşylmadyk pursatlarda taryhyñ ugruny üýtgedip häkimiýetiñ garşysyna çykanlaryñ häkimiýet çalşansoñ täzeden öñki durmuşlaryna gaýdyp gelşi ýaly. Jemgyýetçilik synagyndan we syýasy gatnaşykdan daşdaky häkimiýetler bolsa ha rewolýusiýa bilen gelsin, ha agdarlyşyk bilen, ha-da saýlawlar bilen iş başyna gelsin, tapawudy ýok - belli bir wagtdan soñ beren sözlerini ýatdan çykaryp, endik bolup giden öñki ýerli gylyklaryna, häkimiýetlerini dowam etdirmegiñ añsat ýoluna, hasam ýamany häkimiýetleriniñ ebedileşdirilmäge synanyşylýan diýdimzor strategiýa ýönelýärler. Garşylarynda olary ünsli yzarlap duran, tankyt edýän, gözükdirýän, gowulygyny goldap erbetligine garşy çykyp bilýän jemgyýet hem bolmasa, meýdan çemeçillere galýar we suwlar täzeden öñki hanasynda akmagyny dowam etdirýär. Şeýlelik bilen hökümet özüni edýän işleri we sesleri bilen goldaýan halkyñ inisiatiwasyndan çykyp, islänini edip ýören we diñe bir adama mahsus tutumlara ýönelýär. Belli bir wagta çenli ugrugyp giden işler ýagdaýyñ üýtgemegi netijesinde ters ugta bakan gönügensoñ, bu gezegem häkimiýetini berkitmek üçin despotik ugurlara baş goşýar. Aýratynam arasyndan çykylan halk bilen üzñeleşip, häkimiýetiñ ömrüni uzaltmak üçin diýdomzor taktikalara ýüz urulýar. Köçelerden kowlan (para)militaristik güýçler täzeden köçelere agalyk edýär we "taryh gaýtalanyp duran çarh" sözüniñ dogrudygyna güwä geçýän ýaly ýene bir gezek gaýtalanýar. "Şanyñ ýok bolmagynyñ ýene bir sebäbi-de, öz ýurduny doly we dogry tanamaýanlygydy. Ol bütin ömrüni köşkde geçirdi. Köşkden çykan wagtynda ýyly otagdan gagşadyp batýan sowuga çykan adama meñzeýärdi. Saga-çepe ýaltaklap, derrew içerik girerdi. Aslynda ähli köşklerde ýumrujy we ýoldan çykaryjy kanunlaryñ geçginli gurluşy ömür sürýär. Örän gadymy döwürlerden bäri bu şeýle bolupdy, häzirem şeýle, soñam şeýle bolar. On sany täze köşk saldyryp bilersiñiz, emma salnyp gutarulan badyna siziñ köşgüñizem bäş müñ mundan salynan köşklerde höküm süren kanunlara tabyn bolar. Munuñ ýeke-täk alajy - köşki tramwaý ýa-da awtobus ýaly wagtlaýynça ulanmakdyr. Münýäñ, biraz wagt gidýäñ, soñam düşýär. Dogry duralgada düşmäge we gaty uzaga gitmezlige üns bermek gerek".⁴ Eflatun hem grek demokratiýasyny tankyt edende ideal dolandyryş formasy hökmünde suratlandyran "dana patyşalyk" modelinde ýolbaşçynyñ möhletini on ýyl bilen çäklendiripdir. On ýylyñ ahyrynda täze biri saýlanýar we öñki "dana patyşa" ömrüniñ soñuny kitaplarynyñ arasynda geçirmek üçin ümsüm burça çekilýär. ABŞ-da bolsa prezidentleriñ möhleti dört ýyl we bir adam yzly-yzyna diñe iki gezek prezidentlik edip bilýär, ýagny sekiz ýyl. Belki-de, adamyñ hem netijeli işlemegi hem-de ýoldan çykmazlygy, azmazlygy üçin maksimum on ýyllyk möhlet iñ amatlysydyr. Emma Eýranda 1989-njy ýyla çenli prezident bolan Ali Hamaneý şol wagtdan bärem Dini lider bolup häkimiýetiñ başynda otyr. Türkiýede bolsa Rejep Taýýip Erdogan 2002-nji ýyldan bäri premýer-ministr we prezident wezipelerinde ýurdy dolandyryp gelýär. Töweregimizdäki Russiýa, Azerbaýjan, Siriýa, Iordaniýa, Palestina, Müsür, Arabystan, Pars aýlagy ýurtlary... ýaly ýurtlaryñ ýagdaýyny-da görüp dursuñyz. Belki-de az-kem öte geçýän pikir bolup biler, ýöne komplimasiýa teoretiklerini ýene bir gezek herekete geçiren Ibrahim Reisiniñ uçran heläkçiligi we Ysraýylyñ Gaza gandöküşligine garşy bu ýurtlarda bildirilýän nägileligiñ Günbatarly ýurtlara garanda juda pes bolmagy ýaly ýagdaýlaram bu umumy jemgyýetçilik häsiýetnamasynyñ parçasy dälmi näme?.. • Çeşmeler: 1. Ryşard Kapuşinskiý, "Şalaryñ şasy". ("Metis" neşirýaty), 89-90-njy sahypalar. 2. Erik Paras "Fuke. Predmetiñ ýitişinden täzeden doguşyna", ("Kolektif Kitap" neşirýaty), 107-nji sahypa. 3. Ryşard Kapuşinskiý, a.g.e, 94-nji sahypa. 4. Ryşard Kapuşinskiý, a.g.e, 96-97-nji sahypalar. Ümit AKTAŞ. Anna, 31.05.2014 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |