03:33 Meleguşuñ gaýdyp gelmegi | |
MELEGUŞUŇ GAÝDYP GELMEGI
Çagalar edebiýaty
Kesearkajyň etegindäki bir obada goja seýis ýaşapdyr. Ömrüni bu käre bagyş eden ussadyň seýislän bedewleri il-halkyň guwanjy, toý-tomaşalaryň bezegi bolupdyr. Ýyndamlygy, owadanlygy bilen janly-jemändäni özüne bendi edýän Meleguş gojaman seýsiň wepadar ýoldaşy eken. Ussadyň ýeke dikrary bolan agtygy hem ezber çapyksuwar bolup, toý-tomaşalarda bu aty çapmak şoňa ynanylar eken. Meleguşyň owazasy Diýardan çykyp, alys ülkelere ýaýrapdyr. Çet ýurtlardan atşynaslar, tütjar baýlar bu gamyşgulak bedewi görmäge geler eken. Argamagyň hyrydary köp bolupdyr.Olar bu behişdi bedew üçin mal-mülklerini orta goýmaga razy ekenler. Ýöne at eýesi ýyldyrym kimin çakgan, tebigatymyz ýaly gözel Meleguşyny hiç bir zada çalyşmak islemändir. Günleriň birinde oba alaman dökülipdir. Şonda Meleguş talaňçylaryň eline düşüpdir. Gymmatly oljany ele salan saýrylar dal bedewi öz illerine alyp gidipdirler. Gam-gussanyň laýyna batan goja seýis gije-gündiz gyr atyny ýatlaýardy. Çar tarapa habar ýollap şunça idese-de, wepadar ýoldaşy barada hoş habar alyp bilenokdy. Atasynyň düşen halyna dözmedik çapyksuwar agtygy bir gün Meleguşy gözläp ýola rowana bolupdyr. Az ýöräp, köp ýöräp, dag-düzlüklerden geçip, ýat illere aralaşypdyr. Duşan adamlaryndan Meleguş barada ugruny tapyp, osmaklap habar-hatyr sorapdyr.Ýöne hiç kim bedewden nam-nyşana bilmändir. Şol gün çapyksuwar öýden ýantorba salyp gaýdan ununyň galanja böleginden çörek bişirinýärdi. Ol indi ýitgisini tapmakdan tamasy üzeňkirläp, yzyna gaýtmagyň aladasy bilendi. Ýerçöregiň ýakymly ysy uzaklara ýaýrapdyr. Şol melul kylyjy mähirli ys golaýan geçip barýan bir ýaş ýigidi çapyksuwaryň ýanyna sowulmaga mejbur edipdir. Oda ýylynan ötegçä çapyksuwar gömmeçörekden hödür-kerem edipdir.Ol horaşan eşikli ýaş ýigit özüniň garyp çopandygyny aýdypdyr. Bir saçakdan bile duz-emek iýen adam türkmençilikde dost-dogan saýylýar. Olar şondan soň bir-birewe kast etmän, gaýtam başarsalar kömek-ýardam edýärler. Şonuň üçinem ýaş çapyksuwar çopandan derdini birjik-de gizlemän, oňa ähli matlabyny açypdyr. “Hudaý berse guluna, getirip goýar ýoluna”diýenleri. Gürrüňiň tamamlanmagyna mähetdel çopan ýigidiň ýüzüne nur çaýylan ýaly bolupdyr.Ol türkmen bedewi Meleguşyň nirede gizlenip saklanýandygyndan habarly bolsa nätjek! Galtamanlardan satyn alnan Meleguşy has uzaga aşyryp, birgiden maly-dünýä çalyşmak üçin buky ýerde saklap ýören dellal söwdagäriň bu syry eýýäm bu etraplarda dilden-dile düşüp ugran eken. Özem bu tütjaryň elinden çürkelip, bagry tütäp ýören çopan-çolukdyr daýhan bendeler az däl eken. Garaz, bahasyna ýetilmez argamagy goluna salyp, bir ýerde saklanyp bilmün öwnen dellalyň paltasy daşa degipdir. Edermen çapyksuwar we onuň bilen ysnyşyp giden ýetim çopan bir gije amatyny peýläp, onuň dölesine aralaşypdyrlar. Meleguşy ýagdan gyl sogran ýaly edip alyp çykypdyrlar-da, artlaşyp, türkmen sährasyna tarap ýüzün saldyrypdyrlar. Tütjaryň howlusyny çybyk bilen dörjelenen arynyň öýjügi ýaly gowgy-gykylyk gurşap alypdyr. Nökerler ýaraga ýapyşyp, atlaryny eýerläpdirler. Emma kowgy aýaga galýança Meleguş garlawaç ýaly dag gerşinden aşyp, gaýyp bolupdyr. “Türkmen bedewleriniň ganaty bolýarmyş diýenleri hakykat eken” diýip, üstüne iki ýetginjegi alyp, süýnüp barýan Meleguşy gören adamlar haýran galmakdan ýaňa bir-birleriniň ýüzüne garapdyrlar. Bir menzil hopul-sopul kowan bolup, Meleguşy gözden sypdyransoňlar nökerler näalaç yza dönüpdirler. Iki dost bilen dogduk mekana sag-aman dolanan gamyşgulak bedew obanyň ileri çetinden girende çarpaýa galyp, şeýle bir kişnäpdir welin, ukuda ýatan bimar seýis onuň owazyna tisginip oýanypdyr. Hassalygyndan gutulyp, ylgap daş çykanyny hem duýman galypdyr. Şondan soňra seýis, çapyksuwar we gamyşgulak at hiç haçan bir-birlerinden aýra düşmändirler. Gapysy Meleguşly bu ojaga tizden döwran dolanyp, basym gapydan ak gelin ätläpdir. Bedewiň halas edilmegine sebäp bolan ýaş çopan hem şol obada öý-işik bolup, seýisler maşgalasynyň edil öz biri ýaly agzybir goňşyçylykda bagtyýar ýaşapdyr. Şahymerdan Sary ogly, Türkmenbaşy şäheri, # “Güneş ” žurnaly, O4.07.2012 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |