23:08 Men-menligiñ özeninde göriplik bar... | |
MEN-MENLIGIÑ ÖZENINDE GÖRIPLIK BAR...
Jemgyýetçilik tankydy
"Men-menlik edeniñ tanapy çüýrük..." Magtymguly Pyragy. Men-menlik, tekepbirlik, özüñi beýleki adamlardan ýokarda görmeklik adamyñ ýaramaz häsiýetleriniñ içinde adam gatnaşyklaryna howp salýan iñ pis gylyklaryñ biridir. Aslynda adam näme üçin men-menlik edýärkä? Men-menlik satýan adam özüni beýlekilerden ýokarda tutmak bilen çäklenmeýär. Özüni özi ýaly adamlardan ýokarda tutýan adam özünden artykmajrak at-abraýly ýa-da hünärli, ýa bolmasa bilimli kişä elinden gelen-u gelmedik ýamanlygy etjek bolup gara-başyna gaý bolýar. Sebäbi ol; adamlar "artykmaç hünärliräk" kimdir biriniñ daşyna jemlenişiberse, öz abraýyndan bir zatlar kemelýändir öýdýär. Men-menlik satýanlaryñ göwni diñe munuñ bilenem kanagatlanmaýar. Men-menligi göýdük dünýäsine ornaşdyranlar, hroniki tekepbirlik keseline ýoluganlar bu häsiýeti Hudaýyñ iñ näletlän ýaramaz häsiýetidigini unudýan bolara çemeli. Ýogsam bolmasa birwagtky Müsüriñ faraonlary özlerini hudaý hasaplamazdylar. Söhbetimizi gadymy rowaýatlaryñ biri bilen berkideliñ. Birwagtlar özüne "hudaý" diýdirip ýören faraonlaryñ birine näletsiñen Iblis sataşypdyr. Ynha, şeýtan görse faraony kejebeli we bezemen nosilkada gullar göterip barýarmyşyn. Şeýtan faraona ýüzlenip: - Hany, dursana, dostum. Saña bir sowalym bar. Sen özüñe "Ena Rabbikum aglá" ("Iñ beýik hudaý men!") diýdirip ýörsüñ welin, nämä esaslanyp beýle diýdirýärsiñ? Munuñ hikmetini bilip bolmazmy? - diýipdir. Faraon oña: - Sebäbi meniñ aýdanym aýdan, diýenim diýen ýerinde. Daşymda ýetmiş sany men diýen jadygöýler, gurrandazlar. Meniñ islegime görä ellerini salgap goýberseler islän zatlaryny, islän tilsimlerini edýärler. Ýeri, onsoñ men hudaý däl-de, kim bolýan? - diýýär. Şeýtan onuñ akmaklygyna içi gülýär we şeýle diýýär: - Bar seniñ aýdanyñ bolsun. Ýöne ol jadygöýleriñi üýşür. Göreli bakaly, nähili hünärleri, tilsimleri barmyşyn. Faraon ähli jadygöýlerini üýşürýär. Jadygöýleriñ hersi bir tilsim edip gara-başyna gaý bolýarlar. Biri asmandan nämedir bir jandar ýagdyrsa, biri mähnet-mähnet ýylanlary orta çykarýar. Ýene biri elini salgaýar welin bir demde ortada aždarha peýda bolýarmyşyn. Şeýtan faraona bir gülüp bakýar-da, elini bykynyna urup: "Indi meniñ edişime seret!" diýýär-de, ortada peýda bolan aždarhalary, ýylanlary, ähli janly-jandarlary ýanyndaky jadygöýleri bilen birlikde bir demde demine sorýar. Soñam ýene çilimiñ tüssesini üfleýän ýaly edip, daşyna çykarýar. Ýene sorýar, ýene çykarýar... Şeýdip on gezek içine sorup, daşyna çykarýar... Soñra aññalyp galan faraona bakyp: "Ýeri kimiñ gudraty güýçli ekeni, dostum? Seniñkimi ýa-da meniñki?" diýýär. Agzy uçuklap, simap ýaly galdyrap duran faraon: "Señki güýçli ekeniñ, dost, señki!" diýip gygyryberipdir. Şonda şeýtan aleýhyragna: - Eý akmak! Eý mañlaýygara! Men Allanyñ buýrugyna boýun egmän, onuñ ýaradan bendesine sežde etmänim sebäpli, Allatagala meni bir gezekde adyma "Melgun" dakdy we näletledi. Sen nädip ýörsüñ... - diýip, gamgynlyk bilen boýnuny aşak salypdyr we sumat bolupdyr... Görşüñiz ýaly, şeýtanyñ men-menligi onuñ näletlenmegine getiripdir. Emma şeýtany men-menlige iteren zat näme? Elbetde, göriplik, bahyllyk! Özüniñ otdan ýaradylandygyny bilip durka, toprakdan ýaradylan jandaryñ mertebesiniñ öz mertebesinden ýokarda goýlanyna namys eden Iblis göriplikden ýaña ýere-göge sygmaýar. Şeýdibem ol kyýamat-ahyra çenli näletlenen durmuşyny özüniñ näletlenmegine sebäpkär hasaplaýan adam ogluna ýamanlyk etmäge bagyşlapdyr. Göripligiñ bar ýerinde töhmetiñ, ýalan-ýaşryk gep-gybatyñ barlygy hem şonuñ üçindir. Sebäbi başgalara töhmet atmasa, başgalaryñ gepini-gybatyny etmese, ýalan-ýaşryk toslama gepleri ýaýradyp, adamlaryñ ýüregini bulamasa göriplige ýugrulan men-menlik, megerem, öz ýaşaýşyny dowam etdirip bilmezdi... Şeýtanyñ men-menligi onuñ özüni has ylymly saýmagy. Muña belli bir derejede esasam bar. Sebäbi ol bir döwür ähli perişdelere ymamlyk hem edipdi. Onuñ ymamlygy barada "Şeýtanyñ nalyşy" goşgymyzda-da ýañzydyp geçipdik. Emma bir gysym toprakdan ýaradylan Adam atanyñ nesilleri näme üçin biri-biriniñ aýagyndan aslyşjak bolup garabaşyna gaýka? Näme üçin biri beýlekisini nadan hasaplap, özüni hemmelerden ylymly hasaplaýarka?! Näme üçin käbir adamlar asyl matlaplaryny hüýt gara kalplarynda bukup, özlerinde ýok düşünjäni, özlerinde ýok ylymy bilýänsiräp gürleýärler? Şeýtan özüni hernäçe ylymly hasap edýänem bolsa, oña ylmy Allatagalanyñ berendigini, ylahy bereketden paý alandygyny unudan bolmaga çemeli. Oña bu ylyma gowuşmaga amal, yhlas we ybadat sebäp bolandygyny duýmadyk bolara çemeli. Diýmek onuñ ylmynda bir köstlik, kemterlok gidipdir. Ýogsa Allatagalanyñ ezeli eradasyna garşy gitmäge het edip bilmezdi. Käbir adamlar hem şeýle. Art-bujaksyz ylym ummanyndan bir goşawuç alyp-almanka töweregindäkilere ylym satyp başlaýar. Özüni beýlekilerden akylly sanýar. Özünden ylymlyrak birini görse-de, oña elinden gelen şyltagyny atmaga çalyşýar. Näme üçin beýlekä? Ýa oturanda-turanda şeýtan dagy agzyna çüfleýärmikä? Diýmek, şeýle adamlar ylymly bolmak beýle-de dursun, ylymyñ ysynam alyp bilmeýärler. Ylymdan ýeterlik ýüküni tutan adamlar agras, salyhatly we az sözli bolýarlar. Olar hatda şular ýaly ýöntemje makalany ýazmak derejesindenem bir basgançak ýokarda bolýarlar. Olar ylymlysyraýan nadanlara biziñ kimin şeýle ýazgylary ýazardan has belentdedir. Ylymam ylymdyr welin, Allatagala ilki bilen adama akyl berewersin. Men-menlik belasyna ýolukdyrmasyn. Şeýtan agzyna tüýkürenleriñ hyşy-wyşysyna, gep-gybatyna, töhmetine gahar edip ýorganyny otlanlardan etmesin... Şu ýerde telewizora tomaşa edenimizde ýadymda galan bir ýönekeý pursat ýadymyza düşýär. Biri üç litrlik banka ulurak daşlary salýar. Soñ kiçiräklerini. Soñ çagyl. Ondan soñ çäge. Yzyndanam suw. Barsy jaýlaşyp dur. Emma ýene bir bankany tersine edip görýärler. Özüñizem çak edişiñiz ýaly çägeden soñ hiç zat banka sygmaýar. Ylym hem şeýle. Diñe tötänlik bilen okan haýsydyr bir ýek-tük kitaby okap, olam mürrük beýnisine çägeden başga zat sygdyryp bilmedikler adamlara bilenu-bilmedik ylmyny satmaga synanyşýar. Emma hernäçe arryklaryny gynap, men-menlik etselerem, garşydaş hasaplan kişilerine pitjiñ atsalaram, barsy bihuda. Ahyrynda her kimiñ eden işi, aýdan sözi özüne galýar. Ol bolsa bular tetellileriñ asyl ýüzüni görmek üçin bähbitli bolýar. Magtymguly atamyzyñ: "Goşulsalar köp nadanlar kämil bolup, merdan çykar" diýşi ýaly, olar ýaly ylymlysumak nadanlar käte özbaşlaryna üýşüp, toparjyk döredip, basdaşlyk edýän kişileriniñ üstüne hüjüm etmäge-de pälleniberýärler. Maksatlary bolsa belli: galmagal turuzmak, pitjiñ atmak, ýalñyşdyrmak, masgaralamak, ýañsylamak. Sähel tanapyñy gowşak tutdugyñ depäñe münüp surnaý çaljak bolşup durlar. Ýöne näme, hemme zat öz niýetiñe-päliñe görä myrat tapýar. Olar öz hasaplaryndan başga bir uly hasabyñ ~ Ýokardakyñ hasabynyñ bardygyny unudýarlar. Hudaý "Men bir mahluk ýaratjak, içiñizden biri eradama garşy çykyp, oña sežde etmez, şeýdibem ol towky-nälet bolar" diýende, "şol gün saña garşy gidene nälet bolsun" diyip, şeýtanyñ öz-özüne 3.000 ýyllap towky-nälet edişi ýaly, ol betpygyllaryñam öz hasaplary ahyrynda öz ýakalaryna ilişýär. Elbetde, şeýtanyñ amalyny gaýtalasañ, şeýtanyñ gününiñ başyna geljegine şek-şübhe bolup bilmez. Hawa, gaýtalap we sözümi jemläp aýdýan: men-menligiñ bar ýerinde göriplik bar, göripligiñ bar ýerinde töhmet bar, gybat bar... © Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |