10:48 Menandryň pähimleri | |
MENANDRYŇ PÄHIMLERI[1]
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Akyldar Menandr şeý diýipdir: Ata-eneňe sarpa goý. Gojalygy ýaňsylama— çünki seniňem ümzügiň şol tarapadyr. Özüňden ulyny syla, şeýtseň soň saňa-da hormat ederler. Gandarlyk etme. Hiç haçan eliň beýle ýowuz işe bulaşmasyn. Nähak ölüme sebäp bolan kişiniň özüniň hem uzak ýaşaýan halaty bolýan däldir. Eneň-ataň pendini pugta belle. Olary artykmaç alada goýma hem gynandyrma. Atasyna hyýanat ýa-da enesini agladanyň muzzy gara gylyçdyr. Ol ir-u-giç betbagtlyga uçrar. Biwepa aýalyň aýagy egrem-bugram ýollara elter. Ärine ikilik etmekden agyr günä bolarmy? Emma aýalyna adalatsyz daraýan erkek kişi hem ýalkanýan däldir. Ogluňy azgynlykdan, hyzmatkäriňi bolsa bikär üýşmeleňden daşda sakla, sebäbi zyna işleriň hem bikärligiň soňy ogurlyga elter. Şeraby çakyny bilip iç, serhoşlukda bolsa öwünme. Şerabyň tiz akyldan aýyrýandygyny unutma. Şerapdan kellesi sämän erkek kişi öwünmäge başlaýar, soň bolsa eden işine ökünýär, onsoň ähli kişiniň gözünden düşýar Köp ýatmak gylygyny ýigren. Uky ölüme barabardyr. Ukudaky adamyň ölüden tapawudy ýokdur. Hyjuwyny erkine goýberýän hem haram keýpden lezzet alýan adamlaryň soň eden işine ökünmeýänleri ýokdur. Hyjuwyny jylawlamagy hem agzyna buýurmagy başarýan adam geljekde şol işini kanagatlanmak bilen ýatlar. Ýaltalyk länetlidir. Ol açlygyň, teşneligiň, ýalaňaçlygyň hem zeýrenjiň üstünden elter. Ähli kişiniň unaýan zady zähmetsöýerlik hem yhlaslylykdyr: şeýle adamyň garny dok, ýüzi nurlukdyr. Jepakeş şowsuzlyga uçraýanda-da igenilmez. Dawa-jenjelden gaça dur. Özüňden ula el galdyrma. Bir gezek dostlary Gomerden sorapdyr: «Goja kişä el göteren adama näme garaşýandyr?» Gomer şeýle jogap beripdir: «Onuň gözi gapylar». «Onda ejesine el galdyrana näme bolar?». Ol jogap beripdir: «Ony ýer götermez. Sebäbi ýer ähli zadyň enesidir». Ondan ýene sorapdyrlar: «Eýsem kakasyna el galdyranyň jezasy näme bolar?» Gomer dostlaryna şeý diýipdir: «Beýle zat görlüp-eşidilen däldir. Şeýle bolansoň o hakda gürrüň edip oturmagyň hajaty ýok. Kakasyna el galdyrmaga het edip bilýän ogul bolmaz. Ejesi ony keseki biri bilen haram keýpden soň dogran bolsa başga gep». Ataňy oňat gör. Ondan çekin hem syla. Ejeňi ýigrenme hem gynandyrma, sebäbi ol seni on aýlap*(Siriýanyň edebi ýadygärliklerinde göwreliligiň möhleti on aý diýilýär.) garnynda göterendir. Onsoňam, ol seni dogurjak bolup, ölümiň bosagasyndan gaýdandyr. Garyplygy ýigrenme. Ynsanyň juda pese gaçan mahaly bolýar, onuň haçandyr bir wagt aýak üstüne galjakdygyna ynam edilmeýän pursady bolýar. Birdenem ykbal ony örän belende göterýär, şonda ähli kişi oňa hormat goýup ugraýar. Baýlygam garyplyk ýaly ebedilik däldir. Eger-de, öýlenmekçi bolsaň, ömür ýoldaşy edinmekçi bolýan zenanyňyň diliniň nähilidigini biljek bol. Ýaňra aýal— duranja dowzahdyr. Erbet är— başa düşen musallatdyr. Iki dogan sögüşende ýanyna barma hem olary ýazgaryjy bolma. Bir çete çekil-de, dawalaryna goşulyjy bolma. Sebäbi süýtdeş doganlar tiz ýaraşar, iki arada seniň ýigrenji bolanyň galar. Iňirdegen hem oňşuksyz bolma— beýle gylykly kişi hor-homsy günden çykyp bilýän däldir. Daban azabyňdan gazanan emlägiňi aýawly sakla. Ogurlyga bolsa nälet oka. Seniň halal emlägiň ömrüňe ömür goşar, ogurlykdan düşen zat bolsa başyňa ölüm wehimini salar. Öwünjeň özüne kest eder. Dogry ýoldan başyňy belent tutup git. Niýetiň-päliň päk bolsun. Oňat pikir et hem taş-töeregiňe syn kyl. Sen öz aýalyňyň keseki biri bilen biwepalyk etmegini isleýän dälsiň ahyryn, şonuň üçin hem gatnaşykda bolýan adamlaryň aýaly bilen hyýalyňda-da biwepalyk etme. Lybasyň tämiz, gapjygyň bolsa altyndan doly bolsa senden arzyly myhman bolmaz. Tagamly nahar myhmanlaryň sanyny artdyrar. Egsilmez baýlyk dostlaryň sanyny artdyrar. Büdrän günüň welin myhmandanam, dostdanam jyda düşersiň. Bikärlik ýalançylygy hem ogurlygy öwreder. «Sözüň agzyňda» diýip, gürrüňdeşiniň sözüni bölüp, özi gep goşýan ýaňrany ýigren. Onuň muň duşmany bolanda hem diliçe zyýan edip bilmez. Jedelde köplenç hakykat däl-de, gaýduwsyzlyk hem dilewarlyk üstün çykýar. Erbet adam bilen tabakdaş bolma. Ol zadyňy iýer, soňam pes gylyklylygyny edip, gürrüňiňi eder Biderek dawa başlan adam bilen gödek gepleş, ataňa dil ýetirjek bolsa, geçirimlilik etme Tä soňky demiňe çenli dowam edýan çyn dostluga ýetesi zat ýokdur. Jany sagat adam üçin ýaltalykdan ýaman zat bolmaz. Ganygyzgynlyk jenjele elter. Umyt ýüregiňi begençden doldurar. Erbet niýetiň soňy hesret bilen gözýaşdyr. Iýmit talap edýan garyn ynsany dek oturtmaz. Durmuşda iň oňat zatlary alyp hem ähli erbetlikden çetde durup bilen adam ýokdur. —————————— [1]Menandr biziň eramyzdan ozalky 343—291-nji ýyllarda ýaşan. #«GÜNDOGAR PÄHIMLERI» atly kitapdan. (Pähimler, şorta sözler, gysgajyk halk hekaýalary). AŞGABAT «MAGARYF» 1993 ý. | |
|