06:29 Ördek ýa-da bürgüt | |
ÖRDEK ÝA-DA BÜRGÜT
Giriş Bir gezek bürgüt bilbiliň şan-şöhraty barada eşidipdir-de, bu gürrüňiň näderejede hakykatdygyna göz ýetirmek isläpdir. Onsoň olbilbiliň owadan ganat-perini synlamak we saýraýşyny diňlemek üçin tawusbilen torgaýy ugradypdyr. Dolanyp gelensoňlar tawus şeýlediýipdir: “Onuň ganat-periniň gözgyny haly meni lapykeç etdi, onsoň onuň saýraýşyna oňly gulak asybam bilmedim”. Torgaý bolsa şeýle diýipdir: “Onuň saýraýşy meni haýran galmakdan ýaňa bendi edip goýdy welin, men onuň ganat-perini synlamagy hem unudypdyryn”. Karlfrid graf Dýurkhaýl bir gezek bu tymsala kybap gelýän şu jümläni aýdypdyr: “Nämedir bir zady diňe seredýän tarapyňda görüp bolar, şonuň ýaly-da diňe gözleýän ýeriňden nämedir bir zat tapmak mümkindir”. Hemişe diňe aladadyr meseleleri görýän adamlar bolýar, sebäbi olaryň ünsi şol aladalara tarap gönügendir; Emma mümkinçilikleri görýän adamlar hem bar, çünki olar çözgütleriň bar ýerine tarap garaýandyrlar. Ýeri, siziň ünsüňiz gündelik nämede jemlenen?! Gündelik durmuşymyzda biz elmyda nähilidir bir iş bilen gümradyrys. Gep biziň hut zerur zady edýänligimizde ýa-da etmeýänligimizdedir. Ony biziň dogry ýerine ýetirýänligimizde ýa-da ýetirmeýänligimizdedir. Siz taslamanyň amala aşyrylmagyndan ýüz döndermek üçin hemişe degerli esas tapmagy başarýan adamlara degişli kişimi? Ýa-da siz çözgüt tapmak üçin çeýe hem ýeterlik derejede okgunly adammy? Siz dert-aladalaryň çözgüdini agtarmaga derek, olaryň gürrüňini edip oturmaga endik eden kişimi? Jemgyýetimizde meseledir alada-ha juda köp, olary çözmek isleýän adamlar bolsa örän az. Hut şu-da bu kitabyň ýazylmagyna esas boldy. Munuň hut häzirki siziň görýän ýagdaýyňyzda bolmagynyň sebäbiniň hem örän sada hem wajyp düşündirişi bar: öňler men köplenç adamlardan özümiň ýaltalygym barada eşidýärdim, wagtyň geçmegi bilen, muňa hatda özümem ynandym. Diňe ep-esli wagt geçeninden soň men özümiň barypýatan ýalta däldigime, diňe güýjümi aýaýanlygyma akyl ýetirdim. Göwnüme, bu örän tygşytly halda ýazylan şu kitap babatda-da şeýle. Men Siziň (hawa, hut Siziň!) bu kitaby eliňizde saklap, sahypalarynda barmaklaryňyzy ýöredişiňizi ýöredişiňizi göz öňüme getirýärin. Ähtimal, siz eýýäm munda nämedir bir zadyň bütinleý başgaçadygyny aňşyransyňyz! Dogry, bu beýleki meşhur kitaplardan parhlanýar: her bir tema aýratyn sahypada bolup, özbaşdaklyga eýedir. Suratlar bilen aňladylan tymsallaryň köpüsi aýratyn temalaryň özboluşly üstüni ýetirýär. Nähilidir bar ýagdaýbabatda netijä gelmeli bolanyňyzda, belki, hut şonuň bilen bagly bolan şekil siziň içki nazaryňyzyň alnynda ör-boýuna galar. Hany, indi meniň bilen bile öňe gitmek hem-de bütinleý başgaça — mini-maks (az çykdajy — köp üstünlik) ýörelgesine laýyklykda, düýbünden başgaça — tygşytly halda hereket etmek üçin çuslanyň. Bir amerikan ylmy-barlagy (onuň gelip çykyşy maňa mälim däl, aslynda bu beýle bir ähmiýetli hem däl) eger-de biz nämedir bir zada höwesli çemeleşsek, ony kabul edýänligimizi we 11 esse çalt öwrenýänligimizi görkezdi. Şonuň üçinem bu kitap siziň okamakdan lezzet almagyňyzy hem-de durmuşyň özi tarapyndan ýazylan tymsallara we durmuşda hemişe mümkinçilikleriň köp bolýandygyny ýatladýan heneklere ýylgyryp bilmegiňizi maksat edinýär. Beýan edilen käbir wakalar, tymsallar sizi oýlanmaga itermelidir. Ýöne sizi dürli baglanyşykly ýagdaýlar we teoretiki pikir ýöretmeler bilen oýa çümmäge itermezden öňinçä men kepderi hakyndaky bir rowaýaty gürrüň bereýin. Bir obada günlerini diňe şady-horramlykda geçirýän iki sany mekir ýaş ýigit ýaşapdyr. Ol obada bir dana goja kişi hem bar eken, onuň juda köp zat bilýändigini we hiç haçan ýalňyşmaýandygyny aýdar ekenler. Ol dana al salmagy ýüreklerine düwen iki ýigit şeýle niýete gelipdirler: kepderini alyp, ony arkalarynda gizläp, gojadan bu kepderiniň ölüdigini ýa-da diridigini soradylar. Eger akyldar kepderi öli diýse, ony boşadyp goýberjek ekenler. Eger-de diri diýse, şol bada kepderiniň boýnuny omrup, ony goja görkezjek ekenler. Her hal goja näme diýse-de, onuň jogaby ýalňyş boljak eken. Niýetlerini düwüşleri ýaly hem edipdirler. Emma ýaşlaryň hasaby barybir ters çykypdyr. Goja şeýle jogap beripdir: “Kepderiniň diridigi ýa-da ölüdigi diňe size bagly”. Gadyrly okyjylar, bu kitabyň we mundaky bilimleriň diriligi ýa-da ölüligi diňe size baglydyr. Ondan näme haýyr tapyp biljekligiňizi diňe Siz kesgitleýänsiňiz. Size üstünlik arzuw edýärin! Bu kitabyň ýaşamagyna mümkinçilik beriň, oňa, başardygyňyzdan, ýygyrak ýüzleniň! Bürgüdiň ýörelgeleri barada ýygyrak oýlanyň, özüňiziň şowly taraplaryňyzy ýygyrak peýdalanyň! Esasy zat — ruhdan düşmäň, ýaňy bir başlan badyňyza taşlama, eger nämedir bir zat ilkinji gezekde “bäşlige” laýyk bolmasa, gorkmaň! Kitaby boýdan-başa okamak hökman däldir. Men siziň üçin ýylyň 52 hepdesiniň her birine niýetläp bir tema taýýarladym. Şunlukda, özüňizde bürgüt ýörelgesini güýçlendirmek üçin, ine, size bir ýyllyk maksatnama. Kitabyň gurluşyna laýyklykda, özüňiziň şu günki ahwalyňyza görä tema saýlap hem-de kölçeden aňyrsyna garamagy ýa-da birneme ýokarrak uçmagy başarmak üçin ylham susup alyp bilersiňiz. Men size özgermegi, durmuşyňyzyň hilini gowulaşdyrmagy, şunlukda, mundan lezzet almagy arzuw edýärin. Size ömür ýoluňyzda iň gowy ýagdaýlar we üstünlikler ýar bolsun! Siziň Ardeşir Hagmaýeriňiz Meniñ durmuş filosofiýam Bürgüt bilen ördegiň arasyndaky tapawut, esasan, şol bir ahwalatyň olar tarapyndan başgaça bahalandyrylýanlygyndan ybaratdyr. Ençeme million ýyl ozal Biribar Zemini ýaradandan soňra ördegi hem ýaradyp, ony köle goýberipdir. Ördegi iýmläpdirler, bakypdyrlar, ol hiç zadyň gamyny iýmeli bolmandyr. Ol hiç bir zat babatda hiç bir jogapkärçilik çekmeli bolmandyr. Birnäçe wagtdan soňra Biribar bürgüdi hem ýaradypdyr. Onuň durmuşy jepaly zähmetden hem howp-hatardan doly bolupdyr. Ol dünýäniň iň belent gerişlerine çykypdyr, asmanda ganat ýaýypdyr we özüniň çäksiz erkinliginden lezzet alypdyr. Bu erkinligiň bahasy hökmünde iýjek awuny onuň özi aňtamaly bolupdyr, öz ömri üçin jogapkärçilik çekip dir. Hudaý ynsany hem ýaradypdyr-da, ördegiň içgysgynç durmuşy bilen bürgüdiň erkin durmuşynyň arasynda öz saýlawyny etmäge mümkinçilik beripdir. Ýöne soňra nämedir bir zad-a bolupdyr. Adamlar ördegi synlanlarynda olar diňe ine-gana dok durmuşyň eçilýän artykmaçlyklaryna eýe bolmak isläpdirler, şeýle-de munuň üçin hiç hili öwez tölegini tölemek islemändirler. Bürgüdi görenlerinde bolsa, adamlar onuň erkin durmuşynyň berýän gowulyklaryndan hem lezzet alyp ýaşamak isläpdirler. Emma munuň üçinem olaryň töleg töläsleri gelmändir. Soňra hemme zat bolmalysy ýaly bolupdyr. Adamlaryň aglabasy bürgüt. bilen ördegiň arasynda haýsyny saýlajaklaryny bilmändirler. Ýaradan bu saýlaw hukugyny ynsan üçin synag hökmünde hödürläpdir. Şondan bäri hem bir göwrede iki ruh mesgen tutýar: biri — goguldap, öz kölünden daşary çykmak islemeýän ördek; ikinjisi bolsa erkin halda belent uçuşyny amala aşyryp, azatlygyndan lezzet alýan bürgüt. Biziň her birimizde bürgüdem, ördegem ömür sürýär: hemme zatda diňe aladadyr meseleleri görýän ördekler we olaryň çözgüdini nazarlaýan bürgütler. Belki, siz häzir meniň haýwanat dünýäsinden näme üçin hut şu iki wekili saýlap alanlygym barada özüňize sowal berýänsiňiz. Ördekler naharnamalardan (menýu) tapyp bolýar, bürgütleri bolsa — Gyzyl kıtadan. Bürgüt ýolbarsdan soňra meşhurlygy boýunça döwlet tugralarynda (şol sanda Germaniýanyň hem döwlet tugrasynda) orun alan ikinji jandardyr. Medeniýetleriň köpüsinde ylahy hem döwlet häkimiýetiniň nyşany hökmünde bürgüde gabat gelmek mümkindir. Ördek bolsa iýmit pudagynda meşhur bolup, gowy naharyň nyşany bolup durýar. Meniň hem halaýan naharym ördek bolansoň, naharnamalardan (menýu) köplenç ony ideýärin, onsoň men ikinji nyşan hökmünde ördegi saýlap aldym. Ýene-de bir täsin ýagdaý bu guşlaryň ady agzalanda olara mahsus aňsatlyk bilen saýgardýan häsiýetler biziň göz öňümizde janlanýar. Bu kitapdan siz özüňi ördek ýaly ýa-da bürgüt ýaly alyp barmagy nämäni aňladýanlygyny bilersiňiz. Men bu sözleriň astynda haýsy ýagdaýlary, nähili pikirleri we hereketleri göz öňünde tutýaryn? Şeýle-de adamyň haýsy ýagdaýdalygyna — ördekmi ýa bürgüt — baglylykda oňa nähili çemeleşmeli? Siz täsin hekaýatlary okarsyňyz, höweslendiriji strategiýalar bilen tanşarsyňyz we özüňizde bürgüt akyl ýetirişini ösdürmek üçin peýdaly maslahatlary alarsyňyz. Ýa-da bir ýola Ralf Uoldo Emersonyň aýdyşy ýaly: “Özüňiň bolup biljek iň gowy derejäňe ýet, sebäbi bu sende bar bolan iň aňrybaş ýagdaýdyr”. Bürgüdiň mynajady [i]Özgerdip biljek zatlarymy özgertmek üçin maňa güýç-kuwwat ber, özgerdip bilmejek zatlaryma kaýyl bolmak üçin parahatlyk ber, şeýle-de bularyň birini beýlekisinden parhlandyryp bilerim ýaly, akyl-paýhas ber. 1.Bürgütler uly zada ýetmäge diňe bir ukyply bolman, eýsem, oňa ýetmegi isleýärler hem Bir gezek şägirt halypasyndan sorapdyr: “Durmuşda üstünligiň syry nämede?” Halypa şeýle jogap beripdir: “Ertir irden derýanyň kenaryna gel”. Irden kenarda durkalar halypa: “Hany, ýör, suwa gireli” diýipdir. Şägirt höwesek halda halypasynyň yzyna düşüpdir. Suw gerdenlerine ýetiberen çagy halypa birden, sen-men ýok, şägirdiniň kellesinden basyp, suwa çümdüripdir. Görgüli näçe çytraşsa-da, halypa uzak wagtlap ony sypdyrman saklapdyr. Biraz gowşadanda suwdan kellesini çykaran şägirdiň nägileligi duýlup duran eken. Halypa sowal beripdir: “Suwuň astyndakaň iň uly islän zadyň näme boldy?” “Elbetde, howa, howadan dem almak boldy!” şägirt öýkeli dillenipdir. “Ine, üstünligiň syry hem şunda. Eger sen suwuň astyndakaň nä derejede howa islän bolsaň, şol derejäňde üstünlige ýetmek isleseň, şonda sen oňa ýetmegi başararsyň” diýip halypa aýdypdyr. Bürgüdiň pendi Üstünlik — bu diňe bir başarnyga däl-de, eýsem, islege-de baglydyr. Bürgüt ahwally adamlar üstünlik üçin sebäbi bolmalydygyny bilýärler. Siz nämä we näme üçin ýetmek isleýändigiňizi bilýärsiňizmi? Umumy aýratynlyklarda özüňiz üçin (hawa, hut özüňiz üçin!) üstünligiň nämäni aňladýandygyny kesgitläň! Bu hiç bir zada borçlandyrmaýan ördek ýaňramasymy ýa-da nämedir bir zady özgertmäge ukyply bolan bürgüt netijesimi? Siz näderejede üstünlikli bolmak isleýärsiňiz? Nähili strategiýalary ulanýarsyňyz? Siziň üstünligiňiz nämä esaslanýar? 2. Bürgütler dünýäni däl-de, özlerini özgerdýärler Bir zenan kenarda iki ýana ylgaşlap ýören gyzjagaza sataşypdyr. Möwçli gomlar gaý-tupan wagtynda deňiz ýyldyzlarynyň müňlerçesini kenara taşlan eken. Olar ak çägäniň üstünde leýis bolup ýatan eken. Gyzjagaz ol ýyldyzlary ýerden göterip, yzyna deňze oklaýarmyşyn. Zenan oňa sowal beripdir: “Ýeri, sen muny näme üçin edýärsiň? Sen hiç haçan munuň soňuna çykyp bilmersiň, bu ýyldyzlaryň hetdi-hasaby ýok ahyry. Olar öler. Seniň edip bilen ýardamyň bolmaz”. “Belki, siz mamlasyňyz, ýöne, ine, şu ýekeje deňiz ýyldyzy üçin nämedir bir zat özgerer ahbetin” diýip, gyzjagaz zenana jogap gaýtarypdyr. Bürgüdiň pendi Ördekler goguldaşyp gowur turuzýarlar we özgerdip bilmeýän zatlaryna gaharlanýarlar. Bürgütler bolsa nämedir bir zady özgertmek üçin, hiç bolmanda, iki mümkinçiligiň bardygyny bilýärler. Olar ýa-ha zatlar babatda özleriniň garaýşyny üýtgedýärler, ýa-da ýagdaýy özgerdýärler. Ördekler özleriniň eýerýän üçünji bir mümkinçiliklerini oýlap tapypdyrlar: olar hemme zady öňki-öňküliginden galdyryp, goguldaşmaklaryny dowam etdirýärler… Ähtimal siziň hem: “Men muny edip bilmerin” diýen gezekleriňiz bolandyr. Eger-de siz bir ýola bu jümläni aýdan bolsaňyz (ýa-da diňe oýlanan bolsaňyz), onda şu ýerden siziň şahsy serhediňiz geçýändir. Geçen bir döwürde siz özüňiz üçin nämeleri başaryp biljekligiňizi kesgitlänsiňiz: belki, muňa öz tejribäňizde göz ýetirensiňiz, belki-de, özgeleriň sözüne ynanansyňyz. Bu serhet siziň şu günki durmuşyňyzyň ýagdaýyny kesgitleýändir. Bu gün özüňize ýene şeýle sowal bermekde many bardyr: “Men kim? Bu ynanç nireden gelip çykýar? Ol haçan-eýýamky zat?” Belki, ony täzelemegiň, özüňi başgaçarak ýagdaýa sazlamagyň müddeti gelendir, has takygy, size güýç-kuwwat berjek we şu günki ýagdaýyňyza has muwapyk geljek derejede özgertmegiň pursady gelendir. 3.Bürgütler ýakyndaky zada gowy düşünmek üçin uzaklara uçýarlar Gijäniň çakynda bir erkek kişi köçedäki çyranyň ýanynda emedekläp, nämedir bir zat gözleýär eken. Onuň gabadyndan geçip barýan polisiýa işgäri ondan soradyr: “Ýeri, bu ýerde sermenip näme işleýärsiňiz?” Ol: “Açar gözleýän” diýip jogap beripdir. Polisiýa işgäri hem eglip, üns bilen açar gözleşip başlapdyr. Emma oňa-da açar tapmak başartmandyr. “Siz, hakykatdanam, ony şu ýerde — çyranyň astynda ýitirendigiňizi anyk bilýärsiňizmi?” diýip, ol ýitigini agtarýan kişiden janygyp sorapdyr. “Ýok, men ony hol ýerde ýitirdim, ýöne o taýy açar gözlärden has garaňky” diýip, ol jogap beripdir. Bürgüdiň pendi Dürli basgançaklar dürli derejeleri açýarlar. Aýdaly, siz kölde ýüzüp ýörsüňiz. Siz näderejede uzak aralygy görüp bilersiňiz? Siziň bada-bat dogry karara gelip bilmek ähtimallygyňyz näderejede ýokary bolup biler? Emma eger-de birneme “ganatlaryňyzy” işledip, suwdan sähelçe ýokary göterilseňiz, eýýäm kenaryň kert gyralaryny görmegi başararsyňyz. Eger bürgüt ýaly bolup pelpelläp, asmana göterilip, barha belende galsaňyz, onda siziň öňüňizde, gör, nähili ägirt görnüş hem köp sanly çözgütler açylar! 4.Bürgütler geljege ymtylýarlar, ýöne şu gün hereket edýärler Göz öňüňize getiriň, siz nätanyş bir dükanyň bosagasyndan ätleýärsiňiz. Ol ýerde sizi bir mähirli, dostana ýaşuly garşylap, satlykda nämeleriň bardygy baradaky sowalyňyza şeýle jogap gaýtarýar: “Islän zadyňyzyň ählisi bar”. Siz şol bada hemişe eýelik etmek islän zatlaryňyzyň baryny sanamaga durýarsyňyz: -Başyna baran işlerimiň hemmesiniň şowly bolmagyny isleýärin. -Iň bir arzyly arzuwlarymyň hasyl bolmagyny isleýärin. -Baý hem hormatlanylýan adam bolmak isleýärin. -Gülküdir şatlygyň durmuşda hemram bolmagyny isleýärin. -Ylham berýän, ruhlandyrýan işimiň bolmagyny isleýärin. -Çyn dostlarymyň bolmagyny isleýärin. -Durmuşymyň täsirli başdan geçirmelerden doly bolmagyny isleýärin. -Hemişe sagdyn bolmak isleýärin. -… isleýärin… Ol ýaşuly ýakymly ýylgyryş bilen siziň sözüňizi bölýär: “Bagyşlaň, men düşnükli aýtmadym öýdýän. Biz taýýar zatlary däl-de, diňe önümleriň tohumyny satýarys”. Bürgüdiň pendi Durmuşda ajaýyp hem islegli zatlar örän köp, emma hiç bir zat mugtuna berlenok. Hatda ördekler muňa näçe umyt baglasalar-da, berilmeýär. Bankyňyzda siz karz alyp bilersiňiz, durumşda welin başarmarsyňyz. Sebäbi bu ýerde ilki ekmeli, soňra ormaly diýen kada hereket edýär. Bürgütler geljekleriniň diňe özlerine baglydygyny bilýärler. Özüňize nähili düşek taýýarlansaňyz, şoňa görä-de ýatarsyňyz. Özüňiziň geljegiňizi şowly gurnamak ýa-da maksatlaryňyza ýetmek üçin, elbetde, siz nähilidir bir işler gaýyrmalysyňyz. Eger hereket etseňiz, islegleriňiz hökman myrat tapar. 5.Bürgütler bagyşlaýarlar, ýöne unutmaýarlar Bir erkek kişi diwardan surat asmakçy bolýar. Onuň çüýi bar, ýöne çekiji ýok. Çekiç goňşusynda bar. Ol aşakdaky goňşusyndan çekiç soramak üçin aşak düşmegi netine düwýär, emma kalbyna müňkürlik aralaşýar: “Birdenkä goňşy çekijini bermek islemese näme? Düýn ol etek alty-ýeň ýedi bolup barýarka meniň bilen zoraýakdan salamlaşdy. Onuň bir ýaňa gyssanyp barýan bolmagy-da mümkin, belki-de, bilgeşleýin şeýdip, onuň maňa göwni ýetýän däldir. Näme üçin? Meniň oňa eden ýamanlygym ýok ahyry. Ähtimal, onuň nämedir bir zatda menden göwni galandyr. Eger kimdir biri menden sähel salymlyk iş guralyny sorasa, men-ä mähetdel etmän bererdim. Näme üçin ol bermeli dälmişin? Ýakyn goňşyň üçin şeýle ýönekeýje zadyňa-da dözmezlik, heý, boljak zatmydyr?! Şu ýigit ýaly adamlar özgeleriň durmuşyna-da awy gatýarlar. Ýene-de ol, hamana diýersiň, meni özüne garaşly kişidirem öýdýändir. Hil bir, çekiji barmyşyn-da. Çekiçli bolduň—ýitä galdyň. Besdir, mundan artyk çydap bolmaz!” Şeýle içgepletmeler bilen ol aşaky gata düşüp, goňşusynyň gapysyndaky düwmäni basypdyr. Ýigit gapyny açyp, salam berip, habaryny almaga ýetişmänkä, biziň gahrymanymyz onuň üstüne ajysyny pürkmäge başlaýar: “Çekijiňi aňry ýanyňda goý, garasöýmezmyrtar diýsäni!..” Bürgüdiň pendi Bürgütler gündelik owunjak aladajyklardan ýokarda bolmagy başarýarlar we weýran ediji ýaramaz pikirleriň lüýgüne batyp galmaýarlar. Olar bagyşlamagy başarýarlar, şeýlelik bilenem ownuk aladalardan saplanmaga hötde gelýärler. Ördekler bolsa, tersine, gyjalatdyr teýeneli sözlere pikir taýdan boýlary bilen çümýärler diýen ýaly, hiç zady unutmaýarlar, kimdir birini bagyşlamagy-ha asla-da başaranoklar. Özüňize we töweregiňizdäkilere ýaňadan şert dörediň, täzeden mümkinçilik beriň. Bu size her bir gezek başardanynda, şahsyýetiňiz öňküliginden birneme ösüp, ers-mers bolýandyr. Onsoň siz özüňize we özgelere ynsan bolup galmaklyga ygtyýar berýän kişi hökmündäki ýakymly duýgy bilen durmuş ýoluňyzy dowam edip bilersiňiz. 6.Bürgütler tejribelidirler, özgelerden hem öwrenýändirler Dört sany batyl adam piliň nämedigini bilmek isläpdirler, ine, onsoň olaryň ýanyna pil getiripdirler. Biri onuň holtumyny eline alypdyr-da: “Pil suw geçiriji rezin turba meňzeş eken” diýip oýlanypdyr. Ikinjisi onuň gulagyny sypalap görüpdir-de: “Ýok, pil ýelpewaja meňzeş eken” diýip garşy çykypdyr. Üçünji biri onuň aýagyndan tutupdyr hem öz pikirini aýdypdyr: “Seňkem dogry däl, pil sütüne meňzeş”. Dördünjisi elini piliň ýagyrnysyna goýup görüpdir hem: “Siziň hemmäňiz ýalňyşýarsyňyz. Pil edil tagt ýaly eken” diýipdir. Bürgüdiň pendi Körleriň hiç biri hem hakykata doly akyl ýetirip bilmändirler, hersi onuň diňe bir ülüşjigini bilmegi başarypdyr. Şeýle-de bolsa, olaryň her biri diňe özüniň mamladygyna ynanypdyr. Siziň täk özüňiz birbada hemme zada akyl ýetirip bilmersiňiz. Siz muňa borçly hem dälsiňiz, çünki başga-da adamlar bar ahyry. Bürgüt-adamlar arabaglanyşykda bolmagy başarýarlar. Işdeşleri bilen we biznes boýunça şärikdeşleri bilen ýa-da şahsy işleri babatda dost-ýarlary bilen söhbet gurnamagy, pikir alyşmagy başarýarlar. Şunlukda, özleriniň garaýyşlaryny özgertmek arkaly, olar başgaça garaýyşlary hem özleri üçin elýeterli edýärler. Özüňiziň oňyn ýa-da tersin tejribeleriňize özgeleriň hem gatnaşmagyna ygtyýar beriň. Özüňiziň aladalaryňyzy we umytlaryňyzy adamlar bilen paýlaşyň. Ördekler köplenç halatda töwereklerini özlerini tankytlaýan we aşaklygyna dartýan beýleki ördekler bilen gurşaýarlar. Hatda size ýagşylyk etjek bolýandyklaryny aýtsalar-da, beýle adamlardan gaçarak duruň. Dost —bu onuň ýanynda sesli oýlanyp bilýän kişiňizdir, dogry sowallary bermegi başarýan kişidir. 7.Bürgütler özgeleri bagtly halda görmek isleýärler, emma hemmeleri bagtly edip bilmeýärler Kakasy eşekli barýar eken, gapdalyndan bolsa kiçijek ogly ylgaşlap, oňa eýgerjek bolýarmyşyn. Ötegçileriň biri bu ýagdaýy oňlamazlyk bilen: “Bu nekgendä bir serediň-ä! Ol suw ýaly oglany eşegiň gapdalyndan ylgamaga mejbur edýär” dillenýär. Kakasy eşekden syrylyp düşüp, ogluny eýere gondurýar. Ýene sähel ýol külterläpdirler welin, başga biriniň nägile sesi eşidilipdir: “Bu ikisiniň bolup barşy dagy näteňenälet! Ogly-ha patyşa ýaly eşekde gaýşaryp otyr, ýaşuly adam bolsa pyýada barýar”. Onsoň ataly- ogul artlaşyp eşege bile münüpdirler. Ýene biraz wagtdan ötegçileriň başga biri geňirgenipdir: “Bu ikisiniň bolup barşy dagy nähilaýt! Heýem, bir janawary beýle horlamak bolar oguşýa!” Derrew olaryň ikisi-de eşekden düşüpdirler. Emma olaryň bu bolup barşyny ýene-de ýazgarýan kişi tapylypdyr: “Beýle derejede-de akmaklyk boljak eken-aý! Münmejek bolsaň, eşek nämä derkar?!” Bürgüdiň pendi Näçe jan etsegem, hemme kişiniň göwnüni görmek mümkin däldir. Şonuň üçinem edýän işimiziň özgelere ýarap-ýaramaýanlygy baradaky sowala berilmek bimanydyr. Olaryň garaýşy çeküw daşy bolup bilmez. Bürgüt-adamlar nämäniň özleri üçin dürsdügini, nämäniň bolsa tersdigini özleriniň kesgitlemelidigini bilýärler. Mümkin, siz käbir işewür ýygnaklarda oňa gatnaşýan ördekleriň biragyzdan meseleriň çözerden çökderdigi barada aýdýandyklarynyň şaýady bolup görensiňiz: -Döwür barha kynlaşyp barýar! -Bazar şertleri agyrlaşýar! -Go-go-go… Şunuň ýaly gürrüňlerden soň hatda ýeňillik we ynamlylyk duýgusy döreýän hem bolsa, hakykatda, hiç bir zat üýtgemeýär. Biraz wagtlyk ördek özüni gowy duýýar (sebäbi ol beýleki ördekler bilen goguldaşyp, keýpden çykdy), bürgüt bolsa eýýäm öýüne tarap barýarka hiç zadyň üýtgemänligini we gowulaşmanlygyny duýýar, tersine, onda wagtyny bihuda sarp edenligi barada duýgy döreýär. Şunuň ýaly söhbetdeşliklerden soňra özüňizden sorap görüň: “Şunuň maňa beren peýdasy näme?” Eger anyk netijeler we ýagdaýy gowulaşdyrmak üçin teklipler bolmasa, bu sowalyň jogabyny kanagatlanarly hasaplamak bolmaz. Dowamy bar. Terjime eden: Orazmyrat MYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |