22:17 Ördek ýa-da bürgüt / dowamy | |
ÖRDEK ÝA-DA BÜRGÜT
8.Bürgütler seýrek razy bolýarlar, şeýle-de bolsa, köplenç minnetdar bolýarlar Gadym zamanlarda bir şazada güneşli, al-elwan gülleriň burk urýan bir çemenzarlygynda ýatan eken, ol töwerekdäki ajaýyp reňbe-reň güllere ünsem bermändir. Ol hatda asmandaky göçüp geçýän bulutlara-da üns bermändir. Ol gabadyndaky baýra garap, oýlanypdyr: “Men patyşa bolsam, şu baýryň üstünde ujy çürelip gidýän minaralary bolan, köp sanly penjiresi kaşaň köşk guraryn”. Ýyllar geçipdir. Şazada şa bolupdyr. Şol baýryň üstünde ol ujy çürelip gidýän minaralary bolan we köp sanly penjireli kaşaň köşk gurdurypdyr. Ýaş patyşa indi özüniň köşgünden güneşe bulduraýan reňbe-reň gülli çemenzarlygy synlapdyr: “Wah, men häzir patyşa bolmadyk bolsam, şol çemenzarlykda ýatyp, ajaýyp güllerden lezzet alyp bilerdim, bölek-bölek ak bulutlaryň göçüşini gaýgy-gamsyz synlardym” diýip uludan dem alypdyr. Bürgüdiň pendi Kanagatlanmaklyk — bary-ýogy bezegdir, emma onsuzam öňe tarap hereket edilýändir. Ördekleriň edişi ýaly, kim özünde bar zatlaryndan hemişe göwnühoş, razy halda bolsa, olar durumuşda kän bir öňe gidip bilmezler. Elbetde, ýetmek başardan derejäň üçin şatlananyňa degýändir. Ýöne bürgütleriň edişi ýaly, minnetdar bolmagy hem başarmak zerurdyr. Olar ýeten maksatlaryny kaşaň baýram edip bellänlerinden soňra täze başdan geçirmelere we çözülmegi talap edilýän wezipelere tarap ymtylýarlar. 9.Bürgütler özlerine ynamlydyrlar we täze zatlary kabul etmegi hem başarýandyrlar. Bir gezek şäheriň ýakasynda bir gojanyň ýanyna gaýry ýurtly biri gelip, sowal beripdir: “Bu şäherde ýaşaýan adamlar nähili?” “Seniň soňky baran şäheriň adamlary nähili eken?” diýip, goja onuň özüne sowal bilen ýüzlenipdir. “Örän ajaýypdy. Men ol ýerde özümi juda oňat duýdum. Olar dostanadylar, päkgöwünlidiler, hemişe hemaýata gaýymdylar”. “Bu ýerde-de adamlar, takmynan, solar ýalyrakdyr”. Başga bir alys ülkeden gelen kişi hem gojanyň ýanyna baryp, oňa ýüzlenipdir: “Bu şäherde ýaşaýan adamlar nähili?” Goja bolsa ýene-de öňki sowaly gaýtalapdyr: “Seniň soňky baran şäheriň adamlary nähili eken?” Saýry kişi muňa şeýle jogap beripdir: “Ýaramazdylar! Betniýetli hem duşmançylyklydylar. Hiç kim birek-birege kömek berenokdy”. “Bu ýerde-de adamlar şol şäherdäkiler ýaly bolup çykar diýip güman edýärin”. Bürgüdiň pendi Agaçlar zerarly tokay görünmeýär diýen pikir size tanyşym? Ördekler hem bürgütler şäherde özleriniň ulagyny goýar ýaly amatly ýer peýlänlerinde täsin ýagdaý bolup geçýär. Ördek, adatça, ulagyny goýar ýaly laýyk ýer tapyp bilmeýär. Halys bizar bolup, kejigip, iň soňunda zoraýakdan bir ýer tapýar. Ýa-da gözläp wagt ýitirmän, ol derrew tölegli duralga tarap ugraýar, sebäbi her näçe jan etse-de, şäherden boş orun tapmajagyna ynanýar. Eger bir ýolagçy-bürgüt oňa ulag goýar ýaly köp sanly boş orun görkezse, ol: “Wah, men bulary düýbünden aňşyrmandyrynam!” diýip, geň galyp jogap gaýtarar. Aslynda ol aňşyryp hem bilmezdi, sebäbi onuň ünsi duralgada öň eýelenen orunlarda örklenip galandyr. Şol pursat ol özüniň kölçesiniň çäginden daşarda hiç bir zady hem gören däldir. Eger-de ol bir pursatlyk öz garaýşyna “ýokarrak uçnaga” mümkinçilik beren bolsady, onda ol, ähtimal, bürgüdiň belentlik derejesinden ulag goýmak üçin boş orunlary görüp bilerdi. Indikele garaýşyňyzy özgerdiň-de, ulag goýmak üçin boş orunlarda (ýa-da isleýän başga bir zadyňyzda) ünsüňizi jemläň. Şonda siziň hatda edil işigiň agzyndan hem boş orun tapaýmagyňyz mümkindir. 10.Bürgütler mümkin bolan zady gazanmak üçin mümkin bolmadyk zady amala aşyrmaga çytraşýarlar. XV asyrda Florensiýadaky meşhur ybadathananyň gümmezini gurmak üçin şäher häkimiýeti bu işi mynasyp derejede bitirip biljek arhitektor gözläpdir. Florensiýa bu işiň ussatlarynyň örän köp sanysy çagyrylypdyr, häkimiýet bu jogapkärli işi olardan haýsy birine tabşyrmalydygy barada anyk netijä gelip bilmän, kyn ýagdaýda galypdyr. Şonda florensiýaly arhitektor Filippo Brunelleski gümmezi gurmagy tekiz mermer daşyň üstünde ýumurtgany dik duruzyp bilen kişä tabşyrmagy teklip edipdir. Hemmeler synanypdyr, emma bu hiç kime başartmandyr, ahyry nobat Brunelleskä ýetipdir. Ol ýumurtganyň bir ýanyny çalaja basyp, içine gidiripdir we ony dikligine goýupdyr. Beýlekiler bu ýagdaýy oňlamazlyk bilen dillenipdirler: “Beýdip bizem goýup bilerdik!” Onda Brunelleski şeýle jogap beripdir: “Eger siz meniň çyzgylarymy görseňiz, gümmezem gurup bilerdiňiz. Size döredijilikli çözgütler gerek, mende bolsa ol eýýäm bar”. Bu h’kimiýetiň göwnünden turupdyr, bu iş hem Brunelleskä ynanylypdyr. Bürgüdiň pendi “Arzuwlar — bary-ýogy sözler” diýip, ördekler pikir edýärler. Barybir hasyl bolmajak bolsa, arzuw etmek nämä derkar? Emma bu düýbünden beýle däldir! Näçe köp arzuw etdigimizçe, şonça-da maksatlarymyza ýakynlaýandyrys. Çünki şeýle etmek bilen biz ýetmek isleýän derejämizi içki dünýämizde maddylaşdyrýandyrys. Bürgüt-adamlar arzuwlara döredijilik sapaklary hökmünde garaýandyrlar. Hakykylykdan üzňeleşmek bilen, olar biziň adatça mümkin däl hasaplaýan zatlarymyza-da aýgyt edýärler. Has çuňňur oýlanylyp görülse, biziň pikirlerimiz o diýen bir ýalňyşlyk hem däldir. Netijede, arzuw etmek üçin merlik tapyň we özüňize hem-de özgelere köpräk ynanyň. Şonda siz arzuw-hyýallaryň amala aşmaz derejedäki zat däldigini görersiňiz! Arzuwlaryň diňe bir söz bolup galman, eýsem, hasyl bolmagy üçin iki sany maslahaty ýürekden kabul ediň! 1.Kiçijek gudratlara ynanyň we her bir gün şatlanyň. Şu gün sizi näme bagtyýar etdi? 2. Arzuwyňyzy, mümkin boldugyndan, anyk göz öňüne getiriň we jikme-jik ýazyň. Şeýle usul bilen siz özüňiziň aňastyaňyňyza akyl ýetirersiňiz. 11.Bürgütler yzygiderli ýagdaýda işleýändirler, ýöne şeýle-de bolsa özleriniň eýerýän kadalaryny üýtgedýändirler Iki sany keşiş syýahat edip ýören wagtlary möwjäp akýan derýadan geçip bilmän, kösenip duran zyba zenana sataşypdyrlar. Kömek soran badyna keşişleriň biri pikirlenip durmazdan, ol zenany arkasyna hopba edip, garşydaky kenara geçiripdir. Esli wagt geçenden soň ikinji keşiş bu hereketi üçin ýoldaşyny ýazgaryp başlapdyr: “Biz zenan maşgala hatda barmagymyzy hem degirmeris diýip äht etdik ahbetin. Sen ony nädip arkaňa almaga milt edip bildiň?” Ol bu sowalyna ýoldaşyndan şeýle jogap eşidipdir: “Men ol zenany bir sagat mundan öň kenarda goýup gaýtdym, sen bolsa şindizem ony göterip ýörsüň”. Bürgüdiň pendi Stoluň üsti küt-küt kagyzlar, siz bolsa hatda pikirleriň izi hem tertibe salyp bileňizokmy? Hasabatlar dag ýaly bolup eýmenç mahluga öwrülýär, ýygnagyň beýany bolsa tükenmä geçýär, bularyň bary hem siziň ünsüňizi jemläp bilmeýänligimiz sebäplidir. Işde şunuň ýaly “batyp galmak” ýagdaýy size tanyş bolsa gerek. Bürgütleriň öz üstünlik strategiýasy bolýar — ýigrimi minutlyk dartgynli işden soňra olar nepesiňi durlaýjy arakesme alýarlar. Ördekler bolsa, tersine, işiň başdan agdyklygyndan nalaýarlar, zeýrenýärler, kagyzlary bir ýerden alyp, başga bir ýere goýýarlar, owunjak zatlar üçin derde galýarlar, birbada bäş işiň başyny tutjak bolup, olaryň hiç haýsyny hem yzygiderli soňuna çenli ýetirmäge hötde gelmeýärler. Işiň tehniki kadalaryny peýdalanyň hem-de nähilidir bir iş paşmaýan bolsa, onda demiňizi dürsemek üçin özüňizde mertlik tapyň. 12.Bürgütler gudrata ynanmaýarlar, ýöne gudraty mümkin derejä ýetirýärler Bir patyşa ýurdundaky ruhanylary, akyldarlary, oýlap tapyjylary we alymlary toplap, olara ýumuş tabşyrypdyr, ýagny dünýädäki bilimleriň ählisini, mümkin boldugyndan çugdam görnüşde jemläp ýazmagy buýrupdyr. Birnäçe aýdan soň alymlaryň wekilçilikli topary patyşanyň huzuryna baryp, adamzadyň ýüz kitapda jemlenen bilimleriniň toplumyny gowşurypdyr. Emma patyşa muny çenden aşa köp hasaplapdyr. Ol has-da gysgaça we çugdam görnüşde ýazmagy tabşyryp, wekiliýeti yzyna ugradypdyr. Birnäçe hepdeden soň wekiliýet ýene-de patyşanyň huzuryna baryp, oňa 10 kitap gowşurylypdyr, emma bu-da patyşa üçin juda köp görnüpdir. Iki hepde geçirip, olar ýene köşge baryp, diňe ýeke kitaby patyşa beripdirler, özleri hem mundan beter gysgaldyp bolmajaklygyna örän ynamly haldamyşlar. Emma ýeke jiltden ybarat bu galyň kitap hem hökümdary kanagatlandyrmandyr. Ol alymlary ýene yzlaryna gaýtarypdyr. Bir hepde geçirip, gaýtadan patyşanyň huzuryna gelen alymdyr akyldarlar diňe ýekeje jümläni aýdypdyrlar: “Ähli zat mümkindir!” Bürgüdiň pendi Bilim dünýäni dolandyrýar. Ýöne aýratynlykda alnan her bir adamyň nämäni bilmelidigini kim kesgitleýär? İlkinji nobatda, her bir adamyň nämäni başarjakdygyny kim belleýär. Adamlary ganatlandyrmagy ýa-da örkläp goýmagy, ruhlandyrmagy ýa-da kalbyna gorky salmagy başarýan nesil yzarlaýjylykmy ýa töweregi gurşap alan kişilermi, maşgalamy ýa dost-ýarlarmy? Bürgütler ähli zadyň mümkindigini bilýärler, hiç bolmanda, olar muňa ynanýarlar. Şunlukda olar, munuň mümkin däldigi barada zeýrençli goguldaşmagy bilýän ördekler garanyňda, has köp zat gazanmagy başarýarlar. Çünki mümkin däl zat asla mümkin däldir. 13.Bürgütler ýalňyz uçýarlar, emma pikirlerinde olar bilelikdedirler Bir gezek mugallym zenan okuwçylaryna bir sahypa kagyza synpdaşlarynyň atlaryny ýazyp, olaryň her biri hakynda nähili gowy zatlary aýdyp biljekdigi barada oýlanyp, şony hem ýazga geçirmegi tabşyrypdyr. Dynç alyş günlerinde mugallym okuwçylarynyň ýazgylaryny tertipleşdirip, olaryň hersiniň adyny aýratyn kagyza geçirip, synpdaşlarynyň şol okuwçy barada aýdan gowy häsiýetlerini hem kagyza dolulygyna ýazypdyr. Duşenbe güni ol okuwçylara özlerine degişli ýazgyny gowşurypdyr. Sähel salymdan begençden ýaňa çagalaryň ýüzi nurlanan ýaly bolupdyr. “Hakykatdanam? Synpdaşlarym meni şeýle gowy görýändirler öýdüp pikirem etmändirin” diýen şekilli pyşyrdylar eşidilipdir. Mugallymyň bu azaby maksadyna ýetipdir. Okuwçylar özlerindenem, özgelerdenem razy hem göwnühoş halda bolupdyrlar. Birnäçe ýyldan soň olaryň biri Wýetnamda wepat bolupdyr, ýygnanan gölegçileriň arasynda onuň mugallymy hem bar eken. Mekdepde bile okan dost-ýarlary hem jemlenen eken. Merhum depin edilenden soňra onuň ata-enesi mugallym bilen gabatlaşypdyrlar. “Biz size bir zat görkezmekçi bolýarys. Oglum ýogalanda onuň ýanyndan şuny tapypdyrlar. Bu, meger, size tanyşdyr” diýip, ýüregi daglanan ata gapjygyndan çykaran kagyz bölegini görkezipdir. Sary giden ol kagyzyň birnäçe ýeriniň ýelimlenendigi, hatda ýylmamak üçin ütük hem basylandygy bildirip duran eken. Mugallym zenan synpdaşlarynyň ýagşy sözlerini özünde jemleýän kagyz bölejigini tanapdyr.“Biz perzendimiz üçin eden bu ýagşylygyňyza minnetdarlyk bildirmek isleýäris. Görşüňiz ýaly, oglumyz muny juda gymmatly hazyna hasaplaýardy” diýip, merhumyň ejesi mugallyma sagbolsun aýdypdyr. Öňki okuwçylarynyň bary mugallymyň töweregine egele bolupdyrlar — görlüp oturylsa, olaryň hemmesi hem özlerine degişli ýazgyly kagyzy aýap saklaýar ekenler. Bu tolgundyryjy ýagdaýda mugallymyň owasy gözýaşdan dolupdyr. Bürgüdiň pendi Ýakyn ýaranlarymyz bilen söhbetdeş bolmakdan lezzet almak bilen, biz her bir ömrüň ahyry soňlanjakdygy barada oýlanmaýarys hem. Bürgütler etsem-goýsamlarynda, hereketlerinde özbaşdakdyrlar, töweregindäkilere gadyr goýýandyrlar we bu sarpalaryny kiçijek nyşanlar bilen hem bolsa, aňlatmagy başarýandyrlar, meselem, gerekli ýerinde taryply sözlerini eçilip bilýändirler. Ördekler süri bolup ýaşaýan hem bolsalar, höwes bilen bir-biregiň gybatyny edýändirler, myjabat ýapýandyrlar. Olar ýakynlaryňyz gadyryny hem bilýän däldirler, olara hormat-sarpa-da goýýan däldirler, emma özleri welin illerden hormat-sarpa garaşýandyrlar. 14.Bürgütlere ýeňlişler hem tanyşdyr, emma olar ýeňiji bolmaklarynda galýandyrlar Bir tejribesiz dellal Frankfurt biržasynda öz işleýän bankynyň 15 million ýewrosyny utdurypdyr. Şondan soň başlyk ony ýanyna çagyrypdyr. Göwnüçökgün haldaky hem-de özüniň işden kowuljaklygyna ynanýan ýaş ýigit başlygyň otagyñ a giripdir, ol ýarde başlykdan başga-da esasy dolandyryjylaryň ikisi oňa garaşyp oturan eken. Entek hiç zat diýmänkäler işden çykarylmagyny haýyş edip ýazan arzasyny stoluň üstünde goýupdyr-da, şeýle diýipdir: “Men düzedip bolmajak derejedäki çökder ýalňyşlyk goýberenimi bilýärin, meni kowmankaňyz öz islegim boýunça işden boşatmagyňyzy soraýaryn!” Emma başlyk oňa şeýle jogap beripdir: “Ýaş ýigit, men siziň bilimdir sapak almagyňyz üçin 15 million ýewro çykdajy etdim, men sizi işden çykaryp bilmerin!” Ýaş dellal gulaklaryna ynanmandyr. Bu ýagdaýdan ruhlanyp, ol indiki ýylyň dowamynda banka 60 million ýewro girdeji getiripdir. Bürgüdiň pendi Ýalňyşlyk goýbermezden, tejribe toplamak mümkin däldir. Bürgütler säwlik goýbermegiň ynsana mahsus ýagdaýdygyny bilýärler. Ördekler bolsa ýalňyşlyk goýbermekden heder edýärler. Olar ýalňyşlyk goýbermekden gaça durmak üçin şeýle bir köp energiýa harçlaýarlar welin, ahyrynda olaryň bar yhlasy netijesiz bolup çykýar. Men size ýalňyşlyklardan sapak almagyň iň çalt we netijeli usulyny teklip etmek isleýärin. 1.Men özümiň ýalňyşlygyma akyl ýetirýärin we ýüz beren ýakymsyz dert-aladalaryň sanawyny düzmek bilen, bu ýagdaýdan tejribedir sapak alýaryn. 2. Eger-de men şol bir ýalňyşlygy ýene-de gaýtalaýsam, men onuň beren ýaramaz tejribesini kagyz ýüzünde gyzyl reňk bilen bellik edýärin. Eger üçünji gezek hem goýberäýsem, men ony ýene-de aşagyny çyzyp, bellik edip goýýaryn. 3. Men başga bir kagyz alyp, ony iki sütüne bölýärin. Çep sütüne eýýäm üç ýola goýberilen ýalňyşlyklary ýazýaryn, sagdaky sütüne bolsa nämäni öwrenenligimi we gaýdyp beýle ýagdaýa sezewar bolmazlyk üçin näme çäre görmelidigimi bellik edýärin. Ýönekeý ýazgy we toplanan ajy tejribeler geljekde döräp biljek käbir meseleleri çözmäge kömek edýär. 15.Bürgütler geljek hakynda oýlanýarlar we her bir pursatdan lezzet alýarlar Agyr zähmet çekip tutanja awuny bazara äkidip gelen balykçy kenarda deňzi synlap oturan eken. Bir jahankeşde onuň nä sebäpden bankdan karz almaýanlygy bilen gyzyklanypdyr. Şeýle etse, ol hereketlendirijili gaýyjak satyn alyp, awuny iki esse artdyryp bilerdi. Bu oňa has köp düşewünt getirip, ulurak kater edinmäge we ýene bir kömekçini hakyna tutmaga-da ýeterdi. Günüň dowamynda deňze iki gezek gidip-gelmek puly dört esse köp gazanmagy aňladýar ahyry. Näme üçin ýaýdanjaňlyk edýärkä? Onsoň üçünji gaýygy hem edinip, deňiz baýlyklaryny has bähbitli peýdalanyp, bazarda-da uly abraýdan peýdalanardy; işgärleri hakyna tutup, balyk restorany, taýýar balyk önümlerini gaplaýan fabrik… Jahankeşdäniň gözleri ýalpyldapdyr. “Soňra näme?” diýip balykçy onuň pikir ýöretmesiniň arasyny bölüpdir. “Soňra size hiç bir iş etmek hem gerek bolmazdy. Günuzyn rahat oturyp, bagtyýar halda deňzi synlap bilerdiňiz!” “Men şu wagt hem şeýdip otyryn-da” diýip balykçy ýylgyrypdyr. Bürgüdiň pendi Siz durmuşy söýýärsiňizmi? Onda bagty ýitirmäň, Çünki ömür şondan ybaratdyr. Wagtyňyzy juda peýdaly ulanyň. Ördekler bir gün bilen ýaşaýarlar, bürgütler her gün doly ömür sürýärler. Belki, “Gunduz güni” atly film size tanyşdyr. Onda filmiñ gahrymany gaýta-gaýta şol bir güni ýaşaýar. Siziň ajaýyp günüňiz nähili şekilde bolýar? Näme eşidýärsiňiz, näme görýärsiňiz, näme duýýarsyňyz? Şol gün siz nähili gowy täsirleri başdan geçirýärsiňiz? Eger-de şol bir güni zol-zol ýaşamagy başarsaňyz, siz nämäni özleşdirerdiňiz? Eger nämedir bir zat islegiňize görä bolmasa, siz näme çäre görmäge synanardyňyz? Öz hereketleriňiz bilen nähili netije gazanjaklygyňyza garamazdan, indiki geljek günde geçen tejribeleriňize sapak alyp, täzeden başlap öwrenmäge synanyşyp bilersiňiz. Sebäbi hut şu gün ertir ýene gaýtadan başlanýar. Şu gün ertir ýene bolar. 16.Bürgütler mertdirler we öz gorkularyny ýeňip geçmegi başarýandyrlar Özüniň zabun ýolbaşçylyk ýörelgesi bilen tanalýan bir uly kärhana ýolbaşçysy edaranyň dolandyryjylarynyň 40-syny suw howdanynyň boýunda geçirilýän dabaraly agşama çagyrypdyr. Çykyş etmek bilen ol dolandyryjylaryň arasynda töwekgellik etmäge taýýar bolan dogumly kişini görmeýändigini, emma şu gün özleriniň mertligini subut etmek üçin onlarda mümkinçilik döreýändigini aýdypdyr. “Şu howdanda krokodil bar, muňa bökmäge ýürek edip, krokodilden başyny gutarmagy başaran kişi menden islän zadyny sorap biler” diýip, kärhananyň ýolbaşçysy düşündiripdir. Myhmanlar dymypdyrlar! Dabara dowam edýär eken, emma howdan a bökmäge welin hiç kim ýürek edip bilmändir, sebäbi bir islegi hasyl etmek üçin janyna töwekgellik etjek kişi tapylmandyr. Birden kimdir biriniň suwa bökenligi belli bolupdyr, dolandyryjylaryň biri güýjünde baryny edip garşydaky kenara tarap ýüzüpdir. Krokodilem onuň yzyndan okdurylypdyr. Ol, garaz, krokodile ýetdirmän, sag-aman beýleki kenara çykypdyr. Ýolbaşçy howlukmaç halda oňa ýüzlenipdir: “Gutlaýan! Ýöne beýle töwekgellik edip, howdana bökmäge seni näme mejbur etdi?” Entegem doly demini dürsäp ýetişmedik dolandyryjy şeýle jogap beripdir: “Bökmägemi? Kimiň meni suwa itenligini bir bilsedeim!” Bürgüdiň pendi Beýik arzuwlaryň käbiri diňe biziň sowuk suwa bökmäge aýgyt edip bilmeýänligimiz üçin amala aşmaýar. Ördekler durmuşda doly howpsuzlyga ymtylýarlar we hemme ýerde şony gözleýärler. Emma howpsuz kenara ýetmek üçin biz köplenç nämedir bir zada aýgyt etmäge borçludyrys. Bürgütler bolsa özleriniň, töwekgelçiliklerini hasaba alýarlar we seresaplylyk görkezýärler. Biržada oýnaýan kişi munuň üçin ýeterlik puly ätiýaçlykda saklaýandyr, onsoň oňa özüni çet gyrada tutmak hökman däldir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||