16:31 Meniñ tanaýan Leninimiñ hakyky keşbi | |
MENIÑ TANAÝAN LENINIMIÑ HAKYKY KEŞBI
Taryhy makalalar
1917-nji ýylyñ Oktýabr rewolýusiýasynyñ 100 ýyllygyndan soñ "rewolýusiýa" sözi bilen birlikde Wladimir Iliç Ulýanow-Leniniñ (1870–1924) ady-uda ýygy-ýygydan ýatlanmaga başlandy. Oktýabr rewolýusiýasy babatda taryhçylar iki topara bölündi. 1917-nji ýylyñ oktýabr aýynda bolup geçen bu wakany kimler "öwrülişik", kimler bolsa "agdarylyşyk" diýip teswirleýär... Wakanyñ nähili atlandyrylyşynyñ bize o diýen ähmiýeti-de ýok, bärde esasy zat bu öwrülişikmi ýada agdarylyşykdygyna seretmezden onuñ arkasynda gizlenip ýatan hakykatlardyr. Mälim bolşy ýaly bu ganly teraktyñ ýolbaşçysy Lenindir. Ölen adam depin edilende "Şu adamy tanaýardyñyzmy?" diýip soralýandyr. Lenin barada menden sorasalar, çaga ýüregim we ýaşlyk hyjuwym bilen "ýaman gowy tanaýan!" diýip jogap bererdim. Hernäme-de bolsa, ömrümiñ tutuş ýigrimi alty ýylynda sowet rejiminde ýaşadym ahyryn. Sowet zamanasynda kemala gelenler Lenini mekdep ýaşyna barmanka tanap başlaýardylar. Halal, ýadamazak zähmetkeş, uçursyz paýhasly diýen ýaly birgiden gowy we aýratyn artykmaç häsiýetleri özünde jemlän bu beýik ideal ynsan biziñ gözümizde kemçiliksiz ýolbaşçydy. Leniniñ kemçilikleriniñem bolup biläýjegini pikirlenmek, "kemçiliksizem bir adam bolarmy?" diýen soragy bermek ýatsak-tursak oýumyza-huşumyza gelmezdi. Mahlasy, Lenin hemmeler tarapyndan soragsyz-jogapsyz biragyzdan kabul edilen beýik şahsyýetdi. Mekdeplerde Lenini öwüp arşa çykarýan goşgulary ýat tutardyk, Leniniñ durmuşy bilen baglanyşykly hekaýalary okardyk, rowaýatlary diñlärdik. Gimnaziýada Leniniñ eden işlerini, üstünliklerini (!) taryh kitaplaryndan okardyk. Ýokary okuw jaýlarynda bolsa Leniniñ eserleriniñ aglaba bölegini bilmeseñ ekzamenlerden geçmek mümkin däldi. Sowet döwründe Leniniñ ýok ýeri ýokdy. Edara-kärhanalarda, bilim ojaklarynda hökmany suratda Leniniñ portreti bolaýmalydy. Käte Leniniñ keşbi halylara çitilip, käte hudožnikleriñ işleri bilen garşymyza çykardy. Meniñ mugallym bolup işlän ýerimde-de Leniniñ hala çitilen portreti bardy, aşagyna-da "1870-1970" diýip ýazylandy. Munuñ Leniniñ doglan ýylynyñ 100 ýyllyk ýubileý toýy üçin edilendigi mälimdi. Diwarda asylgy duran bu hala her gün gözüm düşe-düşe halydaky seneler añyma ömürlik siñipdi. Her şäherde, her köçäniñ ugrunda, her obada, hatda her ýüzüñi öwren künjüñde Leniniñ heýkeli bardy. Şonuñ üçin sowet döwründe ulalan çagalar Lenini gaty "gowy tanaýandyr"... Mälim bolşy ýaly, 1917-nji ýylyñ fewral we oktýabr rewolýusiýalary taryhy şertleriñ emele gelmegi netijesinde dörän syýasy wakalardyr. Rewolýusiýany başdan geçirmezden onuñ halka näme getirjekdigini hiç kim bilenokdy. Oktýabr rewolýusiýasy rus däl halklar üçin umyt uçgunydy. Russiýada bolşewikler häkimiýet başyna gelenden soñ halklar babatda Leniniñ etjek pikirine garaşdylar. Bu boýunça pantürkizmiñ atasy hasap edilýän Ýusup Akçura (1876–1935) bilen Lenin 1916-njy ýylda Şweýsariýanyñ Sýurih şäherinde dört sagada çeken bir duşuşygam geçiripdi. Duşuşyga Eziz Meker (1877–1941) hem gatnaşypdyr we bu duşuşykda orta atylan meseleleri 1917-nji ýylyñ 20-nji dekabrynda "Lenin bilen duşuşyk" ady bilen "Taswiri Efkâr" gazetinde çap etdiripdir. Halklaryñ ykbalyny çözmek babatda Ýusup Akçura bilen Leniniñ pikirleri çapraz düşüpdir. (Kerimullin 1996: 155). Patyşa Russiýasy döwründe Kazan tatarlaryna we beýleki rus däl kowumlara edilen zulumlar Idil-Ural sebitiniñ progressiw adamlarynyñ Leniniñ tarapyna geçmegine sebäp bolupdyr. Şol sanda "deñlik" wadasy, "halklaryñ öz ykbalyny özleriniñ çözmeklerini üpjün etmek" sözleri tatar rewolýusioneri Mirseýit Soltangaliýew (1892–1940), başgyrt taryhçysy we belli döwlet işgäri Zeki Welidi Togan (1890–1970) ýaly tanymal şahslaryñ Lenin bilen güýç birikdirmegine getiripdir. 1991-nji ýylda SSSR-iñ dargamagy netijesinde ýeke ýerde ne Leniniñ suraty, ne-de heýkeli galdy. Suratlar ýyrtylyp, heýkeller döwüldi we zir-zibile oklandy. Çärýek asyrlyk ömri sowet döwründe geçen biri hökmünde sowet geşmişine şu günüñ gözi bilen seredenimde, hemme zadyñ niçiksi derejede ýöntemdigine we ýalandygyna indi has gowy göz ýetirip, has gowy teswirläp bilýärin. Sowet döwründe bolýan zatlary bolşy ýaly kabul edýän ekenik, bize aýdylýanlara aýdylyşy ýaly düşünýän ekenik. Megerem, gözümize dakylan "at äýnekleri" daş-töweregimizi görmezligimiz üçinmiş... Oktýabr rewolýusiýasynyñ rus däl halklara berenlerini we alanlaryny terezä goýanymyzda, alanlarynyñ getirenlerinden has-has köpdügini görýäris. Eýsem, Lenin biziñ tanaýşymyz ýaly kemçiliksiz ynsanmydy? 1991-nji ýylyñ güýzünde SSSR-iñ dargamagyndan soñ arhiwleriñ belli bir böleginiñ açylmagy netijesinde sowetleriñ rehim-şepagatsyz hakyky keşbi ähli detallary bilen orta çykdy. Arhiw maglumatlaryna seretseñ, Leniniñ adynyñ "terrorizm" sözi bilen bire-bir gabat gelýändigini görmek mümkin. Leniniñ her dürli ukazlar çykaryp halklaryñ depesinde terrorizmiñ ýelini öwüsdirendigi äşgär edilen hakykat. Bolşewikler häkimiýete gelen badyna "Sowetler ýurdunda hiç hili jelep bolmaly däl!" bahanasy bilen müñlerçe aýal-gyzy ölüme sürendigi terorrizmden başga zat däl bolsa gerek. Leniniñ hut öz beren ýazmaça görkezmelerinde "Gazaply we rehimsiz boluñ", "Terrorizmiñ üstün çykmagyny we giñ gerim almagyny üpjün etmelidiris!", "Gizlin ýagdaýda terrorçylylykly hadysalary taýýarlañ! Bu biziñ üçin juda möhüm we gerekli zatdyr" diýen ýaly jümleler bar. Leniniñ 1918-nji ýylyñ 11-nji awgustynda Penzadaky komministlere ýazan ýüzlenme hatynda şeýle setirler bar: "• Bäş sebitdäki daýhanlaryñ gozgalañyndan peýdalanyp, kulaklary[1] ýok etmeli. Bu rewolýusiýanyñ hökmany şertidir. Häzir bir kulaklary syryp-süpürip aýyrmagy esasy etmeli işimiz diýip hasaplaýarys. Goý, bu başgalara sapak bolsun! • Kulaklardan, baýlardan we gan sorujylardan azyndan 100 adam dardan asylmaly. Olar halkyñ göz alnynda asylmaly, goý, görsünler! • Asylanlaryñ atlary gazetde çap edilmeli! • Asylanlaryñ ýeke zady goýulman alynmaly! • Düýnki telegramma esasynda zamuna alyñ! • Şeýle bir çäreler geçiriñ welin, ýüz çakrym uzaklykdaly halk gorkudan ýaña saññyldasyn, ödi ýarylsyn we bar sesi bilen bagyrsyn: gan sorujy kulaklaryñ öldürilýär we ýene-de öldürmäge dowam etmeli. • Görkezilen işleriñ nähili ýetirilişini telegramma arkaly mälim ediñ. • Dogumly, eli gaty adamlary tapalyñ!"[3] (Gyýlejew 1997: 43–44). Leniniñ Penza ugradan hatlary munuñ bilenem çäklenmeýär, ol telegramma arkaly "Gowşaýmañ!", "Mylakatlylyk - jenaýatdyr!", "Hiç kime rehimiñiz inmesin!" diýen ýaly görkezmeler beripdir. Leniniñ rehim-şepagatsyzlygy bäri-bärde bolmandyr: hatda ol 1918-nji ýylyñ 3-nji iýunynda iñlis ýa-da osmanly goşunlarynyñ Bakuny eýelemek howpy abanan ýagdaýynda, şäheri tutuşlygyna otlamagy buýrupdyr. Leniniñ zalymlygy halklaryñ progressiw gatlaklarynyndanam sowa geçmändir. Ol akylly-başly adamlary ýurtdan çykaryp kowupdyr. Lenin 1922-nji ýylyñ 19-njy maýynda "Hemmesini uçdantutma seljerip, professorlaryñ, ýazyjy-şahyrlaryñ geçen durmuş we zähmet karýerasy baradaky maglumatlar toplanandan soñ, üns merkezine düşenleri ýurtdan kowmak ýaly kararlar kabul edilmeli" diýipdir. Ol bu mesele boýunça 1922-nji ýylyñ 17-nji iýulynda Staline ýazan hatynda şeýle diýýär: "Hiç hili rehim etmän ýurtdan kowmaly! Ýekesini goýman Russiýadan kowmaly! Ýüzläp-ýüzläp tussag etmeli we sebäbini düşündirmän: "Gaçyñ, jenaplar, gaçyñ! Biz Russiýany uzak möhletleýin sizden arassalaýarys!" diýmeli!". (Gyýlejew 1997: 45). Netijede iki ýarym million progressiw (!) adamlar dogduk depesini terk etmäge mejbur boldy. Hususanam 1921–1922-nji ýyllarda Idil-Ural sebitinde bolan guraklyk netijesinde ambarlaryñ däneden doly bolandygyna garamazdan halka ýalandan-çyndan kömek edilmändir. Ilatynyñ aglaba bölegi türki taýpalardan bolan bu sebitde halkyñ açlykdan tükgermegine hökümetiñ diñe tomaşa edip oñmagy hut Leniniñ görkezmesi bilen bolan zatdyr. 1921–1922-nji ýyllarda Tatarystanda açlykdan gyrylanlaryñ resmi hasaby 123.111-e ýetýär. Meşhur tatar ýazyjysy Aýaz Gyýlejew (1928–2002) Leniniñ ganly teraktlary barada şeýle ýazypdy: "Taryhyñ biziñ döwrümizdäki ganly sahypalarynyñ ilkinji jümlerini gönüden-göni hut Leniniñ özi ýazdy we ol görkezen ýolundan azaşman öñe gitmäge çagyrdy" (Gyýlejew 1997: 45). Sowet režiminiñ maksady deñlik we halklarynyñ azatlygyny getirmek däldi. Sowet diktaturasy rus dilinde gepleýän "bir ülñüdäki sowet adamsyny" döretmek arkaly ruslaşdyrmak syýasatyny öñe süren diýdimzor düzgündir. Leniniñ amala aşyran ganly teraktlary-da, ölüm jezalary-da SSSR-iñ ýaşamagyny üpjün edip bilmedi. Diýmek, gorkuda saklamak, sürgün etmek, öldürmek bilen režimi goramak mümkin däl eken. Taryhda bolup geçenler muny açykdan-açyk subut etdi. Çagalyk ýyllarymda haýran bolan, okuwçykam oňa mynasyp bolmaga çalyşan, talypkam onuñ okan okuw jaýynda bilim almagyñ buýsanjyny beren Leniniñ hakyky keşbini görmek, her görýän zadymyzyñ görnüşi ýaly däldiginiñ aýdyñ subutnamasydyr. Rehim-şepagatdan mahrum, doñýürek, zalym adamy halka kemçiliksiz adam edip görkezmek hem sowetlerden miras galan nysaklaryñ biri bolsa gerek... Roza KURBAN. • Giñişleýin öwrenmek üçin edebiýatlar: 1). Aýaz Gyýlejew "Hany, doga-dileg edeliñ!" ("Yegez, Ber Doğa!") Kazan-1997; 2). Ebrar Kerimullin "Ýazgyt, ýazgyt..." ("Yazmış, Yazmış…"), Kazan-1996; 3). Roza Kurban "Biz Idilden, Uraldan…", Stambul-2014. • Bellikler: [1] Kulak - "kulak" sözi "gurply rus daýhany" diýmegi añladýar. [2] Çakrym - 1,06 kilometre deñ bolan aralyk ölçegi. [3] Makaladaky ähli terjimeler (rus dilinden) özüm tarapyndan edildi (awtoryñ belligi). [4] 1921–1922 yyllarda Idil-Ural sebitlerinde bolup geçen açlyk hakynda giñişleýin maglumat üçin Roza Kurbanyñ "Biz Idilden, Uraldan..." atly işine serediñ. 2014, s: 319–328. # www.altaylı.net saýtyndan alyndy. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |