23:18 Meňki bu gezegem paşmady / satiriki hekaýa | |
MEŇKI BU GEZEGEM PAŞMADY
Satiriki hekaýalar
Eger ýadyňyzda bolsa, men öňräk size kandidatlyk dissertasiýasyny gorajak bolup, oklaw iýşimiň taryhyny gürrüň beripdim. Ýöne siz onuň yzy şol bir oklawyň awusy bilen gutarandyr öýtmäň. Ýok, ol beýle däl. Maňlaýymyň çişi biraz gaýdyşansoň, men “atylan ok daşdan gaýtmaz” edip, ýene-de Dil-edebiýat institutyna bardym. Ýöne olar bu sapar: “Tema almak üçin, öňürti kandidatlyk minimumyny tabşyrmaly” diýdiler. Menem onsoň batyrsyrap, islendik wagty ekzamen tabşyrmaga özümiň taýýardygymy aýtdym. Olar-da onsoň maňa ekzamenasion komissiýanyň jaýyny görkezdiler. Ekzamenasion komissiýanyň başlygy ýüz keşbine garanyňda, onçakly garry sypat bolmasa-da, onuň maňlaýyndaky ýygyrtlary barmak basyp sanardan köpdi. “Hernä hyýrsyz bolaýmasa biridir” diýip oýlandym. Saýlap çeken biletimiň birinji soragy-da dissertasiýam üçin tema edip aljak bolup ýören şol dodak çekimlileri eken. - “Gulagymyz sizde, aýdyberiň” diýlensoň, men “a” edip, agzymy açanymam şoldy welin, komissiýanyň başlygy şapbadyny ýokary galdyrdy. - Täzeden gaýtalaň! Men ýene “a” edip, agzymy açdym. Ekzamenator ýene-de şapbadyny ýokary göterdi: - Duruň. Grammatikada bolup geçen özgerişlerden düýbünden habaryňyz ýok eken. Eýsem mundan diňe ýarym asyr ozal adamlar “a”-ny aýdanlarynda, agyzlaryny siziňki ýaly giň açypdyrlar. Elbetde, onuňam öz sebäbi bar. O wagtlar adamlar sowatsyz, medeni taýdan örän yzagalak bolupdyrlar. Şonuň üçinem olara näme diýseň, agyzlaryny açyp, “a-a-a” edişip durupdyrlar. Ondan bäri durmuş-da, adamlar düýpgöter özgerdi. Hemmeler sowatly bolup, ýokary derejede medeniýetleşdi. Biziň döwrümizde indi sizden başga şunuň ýaly agzyny açyp “a-a-a” edip duran tapylmasa gerek. Hany, indiki harpyňyza geçiň. Men “o” edip, dodaklarymy tegelänim hem şoldy welin, komissiýanyň başlygy ýene şapbadyny göterdi: - Bolmaýar, indiki. Men “ü” edip, dodaklarymy çommaltdym. Emma komissiýanyň başlygy ýene-de şapbadyny göterdi: - Duruň. Siziň “ü” aýdanyňyzda dodak çommaltmaňyz biedepligiňizden başga zady aňlatmaýar. Biziň döwrümiziň adamlary diýseň düşbi we sypaýydyr. Olar seniň dodagyň heniz gymyldamanka, diýjek bolýan zadyňy aňýarlar. Onuň üçinem olaryň üstüne dodagyňy çommaldyp durmak düýbünden derkar zat däl. Indiki harpyňyza geçiň! Indiki aýtjak harpym “u” bolansoň, men ony dodaklarymy näçe çömmeltmän aýtjagam bolsam bolmady. Ine, onsoň ýene meni komissiýanyň başlygy saklady: - Dogrudan-da, siz häzirki zaman fonetikasynyň kada-kanunlaryny düýbünden bilemzok. Çekimli seslerde soňky bolup geçen üýtgeşikliklere laýyklykda, indi “u” harpy-da “ü” harpy ýaly Demiňi içiňe çekip aýdylýar. Sebäbi diýeniňde, häzir sözleriň aglaba köpüsi içiňden aýdylýar. Indiki harpyňyza geçiň! Meniň indiki aýtjak harplarym dodak çömmeltmesiz bolansoň, ýüküm ýeňlän ýaly bolup, “i”, “e” edip, dişlerimi görkezdim. Emma komissiýanyň başlygynyň birhili muňa-da gahary geljek boldy. Ol maňa: - Beýdip dişleriňi syrtardyp durmaň-da, hany, çaltrak “i”, “e” çekimlilerinden bir gysgajyk sözlem düzüň – diýdi. Meniňem heniz-de dişlerim syrtaryp duransoň, agzyma gelen sözlemim-de, “Dişleri merjenden gelin” boldy. Onsoň ekzamenator ýene maňa mäkäm duýduryş etdi: - Siz sözlem düzeniňizde real-hakykaty aňlatmaýan, şonuň üçinem ulanmakdan galan sözleri peýdalanýarsyňyz. Gelinlere “pisse dahan” ýa-da “dişi merjen” diýip, diňe geçen asyrlaryň şahyrlary öz goşgularynda aýdar ekenler. Onuňam sebäbi bar. Ol wagtlarda gelinler ýaşynyp gezipdirler, şonlukda agzylaryny erkeklerden gizläpdirler. Adamlaryňam tebigy gurluşy şeýle: eger sen tötänden eliňi arkaňa gizläýseňem, olar dessine aýaň içinde bir gymmatbaha zat bardyr öýdýärler. Ine, onsoň owalky eýýamyň gelinleri ýaşynyp, agyzlaryny gziläp ýörseler, şahuyrlar-da olaryň dişleri merjendendir öýdüpdirler. Indi biziň döwrümizde gelinler ýaşynanoklar. Ana, onsoň bizem olaryň agyzlaryndaky dişlerini görmäge doly mümkinçilik aldyk, görüp otursak, olaryň dişleri merjendenem, dürdenem däl eken... Mern içimden “Bä, walla, bu mugallym-a meni tüýs nalajedeýin etdi goýaýdy” diýip, oýlananymam şoldy welin, ol: - Hatda siizň şol edip duran pikiriňizem köne sözlerden düzülen – diýdi. Soňra ýene meniň agzymy açdyrman, sözüni dowam etdi. - Hawa, biziň döwrümizde gybatkeş, aldawçy, köp aýally, ýaranjaň, ikiýüzli, ýüzgörüji, nebsewür we başga-da şuňa meňzeş köp sözleriň ýat bolup gidişi ýaly, nanýagysy, garabokurdak ýaly sözler-de bireýýäm öz manysyny ýitirdi. Sebäbi diýeniňde, biz öz garabokurdagymyz üçin ýaşaman, belent maksatlar üçin ýaşaýarys. Ýagny, gadymy grek filosofynyň aýdyşy ýaly, biz iýmek üçin ýaşaman, ýaşamak üçin iýýäris. Bu gürrüňleriň baryny jemälp aýdanyňda bolsa, siziň taýýarlygyňyz ýok... Meniňki bu gezegem paşmady. Durdy BAÝLYÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 06.06.1971 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |