19:25 Ol meniñ agamdy / ýumoreska | |
OL MENIŇ AGAMDY
Satiriki hekaýalar
Arakesme wagty gazetlere göz gezdirip otyrkam, täzelikde bize işe ýerleşen ýigit ýanyma geldi-de, iki elini stoluma diräp, üstüme abşaryldy. - Ýeri-how, gazetlerde näme täzelik bar? – diýip, ol şelaýynsyrady. Täze işe giren adama üstüme abanyp durma diýmäniň ebeteýini tapman, okap oturan gazetimi onuň eline tutdurdym. - Alyň, özüňiz okap göräýiň. Ol gazetiň içki gatyny hasyr-husur açdy-da, ylymda we tehnikada edilen açyşlary üçin baýraga mynasyp bolan adamlaryň biriniň adynyň üstünden eli bilen patladyp basdy. - Ynha, biziň garyndaşymyzam baýraga mynasyp bolupdyr. Täze kärdeşimiň adyny görkezip durany ýurdumyza belli alymdy. Şonuň üçinem gözlerimi tegeläp ýerimden turdum-da, kärdeşimiň elini gysdym. - Gutlaýan! Siziň beýle uly alym garyndaşyňyzyň bardygyndanam habarym ýok. Ol siziň nämäňiz bolmaly? - Öz-ä şu aýalymyň ejesiniň bir zady bolmaly. Doganoglanymy, dolananymy ýa çykanymy, aý, garaz, ýakyn garyndaşy öz-ä. - Baryş-gelşiňizem barmy? - Wiý, gürrüňi näme. Moskwa barsam, myhmanhana ýerleşeýin aladam bolmaz, ak “Wolga” garaşyp durandyr. Şeýle uly alym garyndaşy bolan adamynyň häzir üstüme abanyp duranyna menem öz ýanymdan monça boldum. Onýança-da kärdeşim gazetiň beýlesini agdardy-da, ýene barmagyny basdy. - Muny okadyňmy? - Ýok... - Biler bolsaň, ol heniz kyrkyny hem dolduranok. Gazeti gözüme dürtüp diýen ýaly okadym. - Siz ony tanaýaňyzmy? - Partadaş dostum! Çagalar bagyna-da bileje gatnapdyk. - Häzirem gatnaşýaňyzmy? - gatnaşman näme, edil düp-düýnjügem onuň öýünde boldum. “Myhmanlary sowmaga kömek et” diýip, özi yzymdan adam iberipdir. - Toý dagy tutdumy? - Onuň ýaly adamlaryň öýünde her gün toý. Sen onuň ýanyna oturmaga barýan adamlaryň kimdigini beri bilýämiň? - Men nireden bileýin, dost? - Bilmersiňem... Düýn, ynha ol ýerde biziň öz edaramyzyň başlygam bar ekeni. - Gör-le, muny! Onsoň seni gördümi? - Dagy näme, men onuň paltosyny çykaryşmaga-da kömek etdim. Biler bolsaň, men o ýere baran adamlar bilen birlaý elleşibem çykdym. Dogrusyny aýtsam, ketde, epeý adamlar bilen birlaý elleşip çykan edaramyzyň başlygynyň paltosyny çykaryşmak miýesser bor diýib-ä ýatsam-tursam oýuma-da getiremokdym. Pursatdan peýdalanyp, menem uly adamlar bilen elleşen kärdeşimiň penjegine ilen sary gyljagazy çekip aldym-da: - Hany, dost, daşary çykyp tüsseleşmerismi? – diýip, jübimden gaby açylmadyk çilimi çykardym. - Tüýs meniň halaýan çilimim-dä – diýip, ol birini-hä agzyna, birini-de gulagyna gysdyrdy. Men “Bardy-geldi ol oturgyçda oturmakçy dagy bolaýsa” diýen ätiýaç bilen gazetleriň birki sanysyny hem öz ýanym bilen alyp çykdym. Ýöne täze dostum aýak üstünde durup çekmäni gowy görýän ekeni. Özi-de çiliminiň tüssesini gaýta-gaýta meniň ýüzüme üfläp goýberýärdi. Bary-ýogy bäş minut mundan öňem ol şeýle eden bolsa, eýýäm oňa bir çylkasyzymy aýdardym welin, häzir onuň agzyndan-burnundan burugsap çykýan tüsselerinden gözüm ýaşaryp gitse-de, bir ädimem yza tesemokdym. Şol wagtam köçe bilen zybyrdap gelýän “Wolga” deňimize gelip, tizligini peseltdi. Şofýoryň ýanynda oturan adama gözi düşende, maşyn saklanar öýdüp gara janym galmady. Çünki maşyn saklanaýsa, onuň ýanynda oturanyň menden pul dilejegini bilipjik durdum. hernä şofýor meniň howatyrlanýanymy aňdymy-nämemi, ol haýallan maşyna ýene gaz berdi. Edil ýüküm ýeňlän ýaly bolup uludan demimi aldym, dostum. - Ýaňky “Wolgada” kimiň barýanyny bilýämiň? – diýip, maňa ýüzlendi. Men “gel, şu näme diýerkä” diýip: - Ýok, bilemok – diýip jogap berdim. - Professor. Tehniki ylymlaryň doktory. Kibernetika we elektronika bilen iş salyşýan ýeke-täk türkmenistanly alym – diýip, täze kärdeşim barmagyny çommaltdy. Haýran galmakdan ýaňa agzymy açaýypdyryn. - Siz ony nireden tanaýaňyz? - O nähili nireden tanaýaňyz? Institutda bileje okadyk. Jan ýaly dostum! Ýaňy ol meni tanamady öýdýän. Ýogsam, hökman maşyny saklap salamlaşardy... Men ýene uludan demimi aldym. Sebäbi onuň “Wolga” nä söý bilen münüp ýörenliginden-ä habarym ýok welin, ýöne şofýoryň gapdalynda oturan adam meniň hut süýtdeş agamdy. Özem ýaňy-ýakynda gelmelije ýerinden gelipdi. Kibernetikadyr elektronika bilen ol şol ýerde tanyşyp ýören bolaýmasa, aslynda onuň sekiz klasam bilimi ýokdy. Durdy BAÝLYÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 09.02.1980 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||