18:33 Şodurda-şodur / ýumoristik hekaýa | |
ŞODURDA-ŞODUR
Satiriki hekaýalar
Duşuşyga mundan on ýyldan öň dil-edebiýat fakultetini bileje gutaran ýoldaşlarymyň biri-de galman gelen ekeni. Dilçi halkyň özüňize belli, olar beýleki adamlara görä gowrak gürläp, azajyk öwünjeňräk bolýarlar. Belki, şonuň üçin bolmagam mümkin, heniz-de çykyp geplemeleriň yzy gutaranokdy. Onsoňam her çykyp gepleýän “men hem filologiýa ylymlarynyň kandidaty boldum” diýip oturyberýärdi. “Diýmek, piliň gulagynda uklap galan diňe men ekenim-ow” diýip, uludan demimi aldym. Şol günüň ertesem niredesiň dil-edebiýat instituty diýip eňdim. Sorag-ideg edip, meniň baran kabinetimde öňi aýnaly gyz habarymy diňledi-de, kartotekalary dörüp başlady: - Ýogsa-da, siz haýsy ugurdan tema almakçy? Atlardanmy, sanlardanmy, ýöňkemelerdenmi ýa-da işliklerdenmi? - Maňa tapawudy ýok, tema bolsa bolýar. işliklerden berseňem garşy däl. Ol gyz kartotekalary dörüp durşuna pyşyr-pyşyr edip başlady: “goşma işlik, kömekçi işlik, hal işligi, ortak işlik, geçen zaman işligi, häzirki zaman işligi, geljek zaman işligi”. Ine, ol ahyrynda maňa ýüzlenip: - Işlikleriň hemme görnüşlerinden dissertasiýa goralypdyr – diýdi. - Bä, onda men düşümlerden alaýsam näderkä?.. - Hany, onda seredip göreýin – diýip, gyz ýene başga bir ýaşşikdäki kartotekany dörüp başlady. – Baş düşüm, eýelik düşüm... Ol ýuwdundy. Soňra ýene maňa ýüzlendi: - Ýok, düşümlerden hem galany ýok. Belki, siz harplaryň birini alarsyňyz? - Maslahat sizden... - Açykdanmy ýa-da ýapykdan? – diýip, ýene ol gyz menden sorady. Men oňa çalaja gatyrganyp jogap berdim: - Açyk ses bolsa-da, ýapyk ses bolsa-da, meniň üçin tapawudynyň ýokdugyny men size eýýäm aýtdym ahyry... - Onuň ýaly bolsa, häziriň özünde – diýip, gyz indi başga bir ýaşşigindäki kartotekalary dörmäge oturdy. “A, b, w...” - Görýän welin, dodak çekimlilerinden başga hiç zat galmandyr öýdýän. Alsaňyz-a, “o” bilen “ö” bar. Ýogsa-da... - Onda “ö”-ni beräýiň – diýip, men begenjimden ruçkamy jübümden çykaryň “ö”-ni bloknodyma göçürip ýazmakçy bolanym hem şoldy welin, ol gyz: - Wiý, bagyşlaň! Asyl “o” hem “ö” hem düýn alnan ekeni – diýdi. - Hany, oňatja seretseňizläň. Näme indi maňa, hiç bolmanda, “ь” dagam galmadymy? – diýip gygyrdym. - Häzir göreýin – diýip, gyz ýene-de kartotekalaryny dörmegi dowam etdirdi. - Wah, ony-da biziň bölümimiziň starşiý ylmy işgäri Gubanow alan ekeni-dä... - Diýmek, indi özümiziň milli dilimizi ösdürmek ylmyna men goşant goşup biljek däl-dä? – diýip, gaşlarymy çytyp, ýürekdäki närazylygymy ýüzüme çykardym. Ine, onsoň ol gyz ýene maňa duýgudaşlyk etdi: - Ýörüň, gowsy men sizi edebiýat bölümine alyp baraýyn, megerem, ol ýerde size bir tema tapylar. Hawa, dil bir kän ýitirilip tapylyp ýören zat däl, emma edebiýatda welin ady ýitirilip tapylýan şahyrlryň hetdi-hasaby ýok. - Belki, meniň bagtyma-da bir şahyr tapylaýady-da – diýip, men ol gyzyň yzyndan galmadym. Hernä edebiýat bölüminde hem kartotekalara eýelik edýän gyz ekeni. Ýöne habarymyzy eşidensoň ol pahyryň-da maňa tema tapjak bolup, eden emgekleri biderek boldy. - Ýeri, indi nätmeli? Eýse men ähli kursdaşlarymyň arasynda ala-böle kandidat bolman galaýmalymy? – diýip, ol gyzdan soradym. Ol gyz bir kartoçkany saýlap aldy-da, maňa uzatdy: - Siz şu şahyryň öýüne baryp gürleşip görüň. Onuň durmuşy, döredijiligi barada bary-ýogy dört sany dissertasion iş ýazylypdyr. Siz bäşinji bolarsyňyz. - Indi bir öňüme biri düşäýmesin – diýip, men duran ýerimden ady salgy berlen şahyryň ýanyna eňdim. Hernä ol öýünde ekeni. Saglyk-amanlyk soraşanymyzdan soň, men özümiň näme maksat bilen gelenimi aýtdym. Ol bolsa gaşlaryny çytyp ýüzüni kürşertdi: - Hiý, indi menden başga şahyr tapmadyňyzmy? Ozalam bir ýigit dissertasion iş diýip, tükeniksiz soraga tutup, üç aýlap dagy elimi işe ýetirmedi. Ondan dynanyma heniz bir hepde hem bolanok. - Men ol ýürege düşgüçlerden däl. Ynha, men soragsyzam siz barada köp zatlary çak bilen ýazyp biljek. Meselem, siziň garyp daýhan maşgalasynda eneden dogandygyňyzy, soň ýetim galyp ýaşlykdan baýlaryň işiginde gije-gündiz talabançylyk çekip, görgi baryny görendigiňizi, soňra-da şähere gaçyp gelip, internata okuwa girendigiňizi, ony-da sap bäşlik bahalar bilen tamamlap, okuwyňyzyň dowamyny paýtagtyň ýokary okuw jaýlarynda dowam etdirendigiňizi, hawa, ol mekdebi hem üstünlikli tamamlap, respublikamyzyň gazet-žurnallarynda işläp başlandygyňyzy we şol döwürlerde hem ilkinji goşgularyňyzyň çapdan çykyp ugrandygyny, ine şol wagt Beýik Watançylyk urşy başlanyp, siziň-de meýletinlik bilen galamy bäşatara çalşandygyňyzy we onlarça duşmanyň janyny jähenneme ýollandygyňyzy men soraşdyryp oturmasamam bilýärin. - Siz meniň doga maýypdygymy görmeýärsiňizmi? - Görýän. - Görýän bolsaň, hiý, sen maýyp adamyň fronta gidip, ok atyp, nyşana urýanyny eşitdiňmi? - Düzediş bereniňize sag boluň. Ýöne bu ýerde uly ýalňyşlyk ýok. Eger siz bäşatardan duşmana ok atmasaňyzam, peroňyzy naýza çalşyp, haýyn duşmanlaryň böwründen sanjandygyňyza, sözleriňizi-de gülle edip, nejis duşmanlaryň edil gursaklaryndan urýandygyňyza hiç bir hili şek-şübhe bolup bilmez. Şahyr ýerinden gobsunjyrap, turjak ýaly etdi. Emma başarmady. - Hemme zady özüň bilýän bolsaň, menden näme sorajakdyň? - Häzirki wagtda maşgala durmuşyňyz barada sorajakdym. - Iki gyz, iki ogul, bir aýal. - Gyzlaryňyz ulumy-kiçi? - Olaryň ikisi-de durmuşa çykan. - Ogullaryňyz nirede? - Olaryň ikisi-de goşun gullugynda. - Siz aýalyňyzy söýşüp aldyňyzmy? - Hat-pat-a alşyp öýlenemok. Ýöne oňat ýaşaşyb-a ýörüs. - Ýogsa-da, aýalyňyz size wepalymy? - Sen ony aýalymyň özünden sora. Ol hol içki otagda hamyr edip oturandyr – diýip, şahyr ýerinden turdy. Men hem haýdan-haý içki otaga boýnumy uzadyp seretsem, dogrudanam, bir gartaň aýal hamyr ýaýyşdyryp otyr ekeni. Men oňa-da şahyra soňky beren sowalymy gaýtalap, jogabyny bloknodyma ýazmakçy bolup, gilenim hem şoldy welin, edil çat maňlaýyma oklaw patylap degdi. Şol barmana-da ol aýal: - Maňyzsyz! Hany, sen bir dur – diýip, maňa topuldy. Men bloknodymy-da gaçyryp, zordan gutuldym. Maňlaýymyň awusyna çydap bilmeýärdim. Gelip aýna seretsem maňlaýymda ýumurtga ýaly çiş emele gelipdir. Ine, onsoň meniň dissertasiýa ýazyşym şodur-da şodur. Aýyplaşmaň, köp hozuň içinde bir sany pak çykýanam bolýar ahyry. Durdy BAÝLYÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 21.04.1971 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |