01:24 Mertebesi her öñýetene mynasyp däl | |
MERTEBESI HER ÖÑÝETENE MYNASYP DÄL
Taryhy makalalar
Aradan tegelek bir asyr geçenem bolsa, häzirem Azat-edijilik söweşinde gazanan ýeñşimizi ykrar edip bilmeýänler bar. Geñ gerek? Çeper kinofilmiñ senariýasy arkaly döredilen Abdylhamydyñ çeper obrazyny hakykydyr öýdüp, taryhdan bilýänsireýänler bar. Tegelek ýüz ýyl geçdi... Bularyñ henizem akly goýalmady. Bu gidişleri bilen gelejekleri-de garañky. Çünki üýtgewsiz we nesilden-nesle geçirilen ýalan-ýaşryklaryny-da dowam etdirýärler. Özüñiz pikir edip görüñ, tegelek otuz üç ýyl soltanlyk süren, häkimiýeti elinden saklan Abdylhamyt II-ni "Näme üçin tagtdan inderdiler?" diýip örtenip-bişýän professorlar derejesindäki ylymly-bilimli adamlar bar bu ýurtda. Akly bolan adam soramazmy, heý: Soltanyñ ýene näçe ýyl tagtda oturmasy gerekdi, şeýlekin gynandyñyz welin? Iñlis flotiliýasynyñ tüpeñleriniñ gezelen köşgünde oturan patyşanyñ häkimiýetini mukaddes saýyp, Mustapa Kemala dilini uzadýanlar bar. Eýse ýurduñ basylyp alynandan soñky ýagdaýyny gören, eşden kartany eline alyp oña sereden her kişiniñ ýüreginiñ syzlamasy gerek dälmi? Içiniñ gan aglamasy gerek dälmi? Ýüregi burkulmaly dälmi? Ýadyñyza salyñ! Mondros şertnamasynyñ yzysüre ýurdy basyp almaga başladylar. Bogazlar iñlisleriñ eline geçdi. Soñra? Iñlisler Çanakkaleni, Mosuly, Batumini, Antepi, Konýany, Maraşy, Samsuny, Bilejigi, Merzifony, Urlany, Karsy basyp aldylar. Fransuzlar bolsa, Trakýa demirýolunyñ möhüm beketlerini, Dörtýol, Mersin, Adana, Afýon beketlerini basyp aldylar. Iñlisleriñ basyp alan Günorta-Gündogardaky käbir illerimiz has soñra fransuzlaryñ ygtyýarlygyna berildi. Italýanlar bolsa Antalýany, Guşadasyny, Bodrumt, Fethiýäni, Marmarisi basyp aldylar. Munuñ bilenem dynmady. Mondros şertnamasynyñ Gündogar Anadolyda alty welaýatyñ ermenilere beriljekdigi baradaky maddasy ermenileri herekete geçirdi. Karsda, Ardahanda uly gandöküşlikler bolup geçdi. Ýene dynmady. Grekler özlerine wada edilen Egeý sebitlerini eýelemek üçin iñlis, amerikan we fransuz gämileriniñ goragy astynda 1919-njy ýylyñ 15-nji maýynda Izmire girdler. Has soñra grekler üç tarapdan hüjüm edip Egeý sebitlerini basyp aldylar. Mustapa Kemal Izmiriñ basylyp alynmagyndan dört gün geçenden soñ iñlisleriñ çaklañrak goşun garnizonyny saklaýan Samsun şäherinde halkyñ öñüne çykdy: 1919-njy ýylyñ 19-njy maýy. Bütin bu bolup geçen zatlara "teatr sahnasy, uruş-puruş bolmady" diýmäge bogny ysýanlar bar. Özem patyşa tarapdarlarynyñ tegelek bir asyr geçensoñam näme diýýändiklerini bilýärsiñizmi? "Mustapa Kemal iñlis içalysydy." Allahym aklymyza eýelik etdir... O nähili içalyka, ähli basybalyjylaryñ külüni kakyşy ýaly, iñlis basybalyjylarynyñam syrtyna şakyrdak dakyp goýberipdir? Bu iñlisler şolar ýaly akmak halkmyka, hem-ä birini özlerine içaly tutunypdyrlar, hemem basyp alan topraklarynda şol tutunan "içalysyna" özlerini ýaragyñ güýji bilen kowdurypdyrlar? Bütin bu samsyklaç toslamalary ýazýan, okaýan we olara ynanýan adamlar bu ýurtda. Twit gönderýär, gazetlerde makala bilen çykyş edýär, ýokary okuw jaýlarynda "mugallymçylyk" edýär şeýle adamlar… Nämemiş, 19-njy maý gününi (Atatürki ýatlama güni) gutlamaýarmyş! Görnüp duran hakykat. 19-njy maý şan-şöhratly, mertebeli bir milletiñ watan goragynda nämeleri edip biljekdiginiñ başlangyç günüdir. Mübärek gündür. Mertebesine her öñýeten mynasyp bolup bilmez. Ahmet GÜRSOÝ, ahmetgursoy.028@gmail.com "Yeniçağ" gazeti, 20.05.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |