18:01 Meýdini perişdeler ýuwan şehit | |
MEÝDINI PERIŞDELER ÝUWAN ŞEHIT
Geň-taňsy wakalar
Meýdini perişdeler ýuwan sahaba Hanzalanyñ Uhud urşunda wepat bolşuny gürrüñ berýän bu täsirli hekaýat siziñ köpüñizi biperwaý goýmasa gerek. ■ Meýdini perişdeler ýuwan şehit Müşrikleriñ musulmanlara berýän yzygiderli horluk-süteminden goranmak maksady bilen Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) Uhut söweşinde duşmana garşy uruş yglan edipdir. Allanyñ ýolunda pygamberiñ emrine uýup, il-günüñ, musulmanlaryñ goragy üçin eline ýarag alyp jeñ meýdanyna çykanlaryñ biri-de ýañy öýlenen Hanzala bolupdyr. Uhut urşuna jeñden bir gün öñ öýlenendiginw garamazdan pygamberimiziñ emrine uýup Hanzala hem ikirjiñlenmän çykypdyr. Uruş gutaransoñ musulmanlar Medinä dolanyp gelipdirler. Urşa gidenleriñ hossarlary "biziñkilerden kim diri geldikä?" diýen alada bilen ýoluñ ugrunda hatara durup garaşypdyrlar. Olaryñ arasynda heniz ýeke günlük ýaş çatynja bolup, gijäñ ýary pygamberimiziñ (s.a.w) emrine uýup urşa giden we şehitlik şerbetini başyna çeken Hezreti Hanzalanyñ (s.a.w) aýaly-da bar eken. Hemmeler uruşdan gelenlerden öz ýakynlaryny sorapdyrlar, ýöne hiç kim sesini çykarmandyr. Soraglara diñe pygamberimiz (s.a.w) jogap beripdir. Sorag bermek gezegi Hanzalanyñ aýalyna ýetende, ol pygamberimizden (s.a.w): - Eý Allanyñ Resuly! Hanzala nirede? - diýip soraýar. Pygamberimiz (s.a.w) oña: - Hanzala şehit boldy - diýýär. Hanzalanyñ aýaly gamgynlyk bilen ýere seredip durşuna, ýuwaşlyk bilen: - Ýa Resulalla, şu aýtjagym maşgala syry bolup aramyzda galsyn welin, siziñem bilşiñiz ýaly, adamyma durmuşa çykan ilkinji gijämdi. Hanzala siziñ mübärek emriñize uýup, urşa gijä galmajak bolup, gusul alybam ýetişmedi. Şonuñ üçinem, emir berseñiz, ärimi tapyp soñky ýoluna ýuwundyryp ugratsalar... - diýýär. Şonda pygamberimiz oña şeýle jogap berýär: - Sen Hanzala üçin aladalanyp oturma! Men Hanzalany perişdeleriñ ýuwup oturandygyny gördüm. Men Hanzalany perişdeleriñ ýer bilen gögüñ arasyndaky kümüş legende ýagyş suwy bilen ýuwup durandyklaryny gördüm. Şonuñ üçin oña “Gasilül-melâike”, ýagny "Perişdelere gusul aldyrtan Hanzala" diýilýär. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |