04:05 Mo Ýan | |
MO ÝAN
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Guan Moýe (Mo Ýan), hytaýly dünýä meşhur ýazyjy. Hakyky ady Guan Moýedir. Ýöne eserlerinde hytaý dilinde "Dur, gepleme!" manysyny berýän "Mo Ýan" tahallusyny ulanyp ýazdy. Ol 17.02.1955-nji ýylda Hytaýyñ Şandong şäherinde dünýä indi. Mo Ýan eserleri Hytaýda birsyhly gadagan edilen we bikanun ýollar bilen eserleri köpeldilen iñ meşhur hytaýly ýazyjylaryñ biridir. Günbatar dünýäsinde "Gyzyl daryly meýdanlar" kinofilmine esas bolan iki romany arkaly giñden tanalýar. Mo Ýan Hytaýyñ Frans Kafkasy ýa-da Josef Halleri hasaplanýar. Şwed akademiýasynyñ "som med hallucinatorisk realism förenar saga, historia och samtid - whi with hallucinatory realism merges folk tales, history and the contemporary", ýagny "realistik metod arkaly halk hekaýatlaryny, taryhy we häzirki döwüri utgaşdyrmagyñ" ussady hökmünde 2012-nji ýylda Nobel baýragyna mynasyp boldy. ESERLERI: 1. "Ýaz gijesi ýagan ýagyş" (1981); 2. "Gyzyl daryly meýdanlar" (1988); 3. "Sarymsak" (1988); 4. "Içerki respublika: bir roman" (1992); 5. "Big Breasts & Wide Hips" (1996); 6. "Sandalwood Death" (2004); 7. "Life and Death Are Wearing Me Out (2006); 8. "Change" (2010) we başgalar... | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |