17:52 Hytaýly ýazyjy Mo Ýan bilen söhbetdeşlik | |
HYTAÝLY ÝAZYJY MO ÝAN BILEN SÖHBETDEŞLIK
Söhbetdeşlik
Hytaýyň tanymal ýazyjysy Mo Ýan, «Gurbaga», «Durmuş we ölüm ýadawlygy», «Ýolbaşçy zenan» ýaly onlarça romanyň awtorydyr. Ol bir näçe gezek döwlet we abraýly halkara edebiýat baýraklaryna mynasyp bolýar. 2012-nji ýylda bolsa, onuň «Gurbaga» romany Nobeliň edebiýat baýragyna eýe bolýar. Şu sebäpli, «Meşhurlar bilen söhbetdeşlik» gepleşiginiň alyp baryjysy Ýaň Ýaň onuň bilen edebi söhbetdeşlik geçirýär. Biz hem muny türkmen okyjylaryna ýetirmekligi makul bildik. — Mo Ýan halypa, sizi «Meşhurlar bilen söhbetdeşlik» atly gepleşigimizde hoş gördük. Işiňiz başyňyzdan agdykdyram welin, bize wagt tapanyňyz üçin minnetdar! — Hawa, iş ýüki ýetik-le welin, habar beriş serişdeleri bilen söhbetdeşlik geçirmek eýýäm meň «gaýragoýulmasyz» wezipelerimiň birine öwrüldi diýsegem boljak. Muňa bolsa Nobel baýragy günäkär. — Diýmek, Nobel baýragyny alanyňyza ökünýäňiz-dä? — Ýok, ökünemok, ýöne biz hytaýlylaryň Nobel baýragyna ýalňyş garaýşy bar. Meň pikirimçe, Edebiýat boýunça Nobel baýragy bilen Olimpiýa oýunlary deň däl. Olimpiýa oýunlarynda birinji orny eýeläp baýrak alsaň, onda sen dünýä birinjisi bolýaň, emma Nobeliň edebiýat baýragyny alanyň bilen seň iň gowy ýazyjydygyňy aňlatmaýar. Şeýle-de bu eseriň dünýäde iň aňrybaş eserdigine hem kepil geçmeýär. Hiç hili baýrak alyp görmedik ýazyjy, belki-de, senden has gowudyr. Bolup biler-ä, dogry dälmi?! Garaz, Nobel baýragyny almagyň seň deňsiz-taýsyzdygyňa güwä geçmeýär. — Onda ol nämä güwä geçýär, halypa? — Ol ökde ýazyjydygyňy mälim edýär, eseriň okalmaga degýändigini görkezýär. Ine, bar bolany. — Nobel baýragyny almazyňyzdan öň, özüňizi gowy ýazyjy diýip hasap edýärdiňizmi? — Elbetde, gowy ýazyjy bolmasam, Nobel baýragyna rowa görmezler-ä. Bu birinjiden. Ikinjiden, Hytaýda gowy ýazyjy menden başga-da kän. Ýöne özüme iň gowy diýip, aşa baha berip biljek däl. — Mo Ýan halypa, siz juda pespäl adam. Ýogsam siz Hytaýda-da, dünýäde-de iň gowy ýazyjylaryň biri. Men şu ýerde bir sowal bermekçi, siz «Gurbaga» romanyňyz üçin Nobel baýragyny aldyňyz. Şonda nähili duýgulary başdan geçirdiňiz? Şu hakda aýdyp beräýseňiz. — Oktýabr aýynyň 11-ne sagat 18:40-da, Nobel komiteti meň edebiýat boýunça baýraga mynasyp bolandygymy habar berdi. Olam edil siz ýaly nähili duýgulary başdan geçirýändigimi sorady. Menem juda buýsanýandygymy, şol bir wagtyň özünde-de meni bir hili gorkyň, aljyraňlylygyň gaplap alandygyny aýtdym. Sebäp diýseňiz, dünýädäki «men» diýen ýazyjylaram baýrak alyp bilmediler. Käbirleri bolsa bu bagta segseniň, togsanyň onlugynda eýe boldular. Men olara görä ýaş. Şoň üçin Ýer şaryndaky bu baýraga ýetip bilmedik mynasyp ýazyjylaryň öňünde özümi oňaýsyz duýýan. — «Her bir işiň aňyrsynda bähbit ýatyr» diýýärler. Eger-de, bir eseri okanyň bilen oň peýdasam, zyýanam ýok bolsa, ol okyja näme berip biler? Okyjynyň şol esere wagt sarp edenine degýärmi? — Bu adamdan adama üýtgeýän ýagdaý. Onsoňam okamaklyga bähbit gözi bilen seretmek dogry däl. Okamakdan hökman bähbit aramaly diýen zat ýok. Bir adam belki diňe okamagy gowy görýändigi üçin okaýandyr. Bir eser okyjynyň ýaşlyk ýatlamalaryny oýaryp, arzuw edýän bagtly durmuşyny hyýalynda janlandyryp, bir zatdan netije çykarmagyna sebäp bolup biler ýa-da jemgyýeti hemmetaraplaýyn tanap, agy-garany saýgaryp biler. Biz bularyň hemmesine okanymyzdan soň göz ýetirip bileris. Ýogsa, biz şu zatlary başdan geçirenimiz üçin okamzok. Onuň mekdep partasynda okan ýaly maksady anyk däl. Diplom üçin, ylmy dereje üçin ýa-da gowy kär edinmek üçin däl. Ol kino gören ýaly bir zat. Wagtyňy şadyýan geçirmek, ruhy taýdan aram tapmak üçin gerek. Kino görmänkäň, kino hakda hiç zat bileňok ahyry. Ol sende göreniňden soň täsir galdyrýar. — Amerikaly hytaýşynas «Durmuş we ölüm ýadawlygy» eseriňiziň Hytaýyň medeni ynkylaby döwrüniň ähli başdan geçirmelerini özünde jemleýändigini we onuň şol döwrüň romanydygyny belläp geçýär. Siz şu aýdylanlar bilen ylalaşýaňyzmy? — Bu eser hyýaly oýlanmalar bilen halk döredijiliginiň, hakykat bilen taryhyň birleşmeginden ybarat. Öleniňden soň dürli haýwanlara öwrülip, täzeden dünýä gelmek eseriň hyýaly ýordumy bolsa-da, haýwanlaryň gözündäki ynsan durmuşy — hakykat. Bu romanda 50 ýyl mundan öňki waka beýan edilýän hem bolsa, has irki döwürlerem öz içine alýar. Belki, mundan bir asyr öňki durmuşdanam söz açýandyr. Eger-de, hyýaly başdan geçirmeler bilen bezemän, diňe hakykaty ýazsaň, onda romanyň gyzygy bolmazdy. Ýa-da tersine, durşy bilen hyýaly wakalardan ybarat bolup, Hytaýyň durmuşyna içgin aralaşmasaň, onda-da gurak bolardy. Ýazyjy hakykaty ýazmak bilen bir hatarda, hakykatdan daş düşýän zatlary hem ünsden düşürmeli däl. — Siz Hytaýyň nusgawy edebiýatynyň sizde galdyran täsiriniň uludygyny aýdýarsyňyz, hususanda, «Geň-taň wakalar» romanyny gowy görýän ekeniňiz. Emma «Gyzyl köşgüň düýşleri» romanyny agzamansyňyz? Sebäbi näme? — Sebäbi men «Geň-taň wakalar» romanynyň awtory Pu Soň Liň bilen obadaş. Onsoňam men bu romandaky wakalary ýaş wagtym obaň ýaşulylaryndan eşidipdim. Galyberse, bu eser gadymy hytaý ýazuw dilinde ýazylan. Bir okap başlasaň, eliňden düşüresiň gelenok. «Gyzyl köşgüň düýşleri» hakynda aýtmaly bolsa, men ony ilkinji gezek 18 ýaşymda okapdym. «Üç karollyk», «Suwuň kenarynda» romanlaryndan has gymmatly eser. Mende galdyran täsirem uly. Ýöne ony durmuşyň ajysyny-süýjüsini dadabyňdan soň okasaň, has gowy düşünýäň. — Siz öň bir waka hakda gürrüň beripdiňiz: Gýote bilen Bethowen bile ýöräp barýan ekenler. Öňlerinden ýurduň şasydyr mertebeli adamlary çykypdyr. Bethowen olaryň deňinden ýüz bermän geçip gidipdir. Gýote bolsa aýak çekägede, başgabyny çykaryp, baş egip salam beripdir. Siz ýaş wagtyňyz Bethoweniň hereketini edermenlik hasaplaýan ekeniňiz. Emma ýaşyňyz duruşdygyça, Gýotäniň salam bermegini mertlik saýyp başlanyňyzy aýdýaňyz. Munuň sebäbi nämekä? — Bu hekaýany hemme kişi bilýän bolsa gerek. Bethoweniň mertebeli kişilere ýüz bermän geçip gitmegi örän batyrgaý hereket. Emma Gýotäniň başgabyny çykaryp salam bermegi, gorkaklyk hasap edilýär. Menem başda şeýle pikir edýärdim. Edil Bethoweniň aýdyşy ýaly: «Dünýäde ýekeje Bethowen bar, şalar bolsa köp». Ýaş wagtym şu jümläni okanymda, Bethowene göwnüm ýetýärdi. Emma wagtyň geçmegi bilen, bu meselä başgaça seredip başladym. Şany göreniňde salam bermän geçip gitmek bilen märekäň el çarpyşmalaryny gazanyp bolar. Emma «salam» bermezlik edermenligi aňladanok. Tersine, baş egip salam bereniň üçin gybatyň edilmegine, hususan-da, Bethowenden pesde görülmegiňe döz gelmek mertligi talap edýär. Gýote hem edil aglaba adamlar ýaly adatdan çykmady. Taňry salamyny unutmady. Şa diňe bir belent mertebeli ýolbaşçy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol tutuş bir ýurda wekilçilik edýär. Şonuň üçin, men özüni adaty adamlardan ýokarda tutýanlary gowy göremok. — Eserleriňizdäki wakalaryň hemmesi diýen ýaly dogduk obaňyz Gao Mi obasynda bolup geçýär. Munuň sebäbi, obaňyzda durmuşa ýakyndan aralaşmak, dürli külpetleri başdan geçirmek mümkinçiligi kän bolandygy üçinmi? — Men dogduk obama ýygy-ýygydan barýan. Ony jan-tenden söýýän hem oňa alkyş okaýan. Ýazyjy bilen durmuşyň arabaglanşygy hemme kişide deň bolmaýar. Ine, mysal üçin men, şu wagt Pekinde ýaşaýan, iş ýerimem bar, öýüm, ulagymam, hemme zadym üpjün. Ähli ýerde ýaşabam, günüňi görübem bolýar. Esasy zat, adaty durmuşymyzdan başga biriniň görüp bilmeýän zadyny görüp, ylham çeşmesine öwürip bilmeklik, ine bu ýeňil-ýelpaý zat däl. Onsoňam durmuşa aralaşmak diýen sözi nähili düşündirsemkäm. Mysal üçin, sen bir ýere baryp bir zat hakda eser ýazmakçy. Sen şol ýere baryp ýazanyň bilen ähli mesele çözülmeýär. Esasy zat, sen eserdäki gahrymanlaryň ýüregi bolup urmaly, olary duýmagy başarmaly, olar bilen bir jan bir ten bolmaly. Şeýle edilen ýagdaýynda kämil eser döräp biler. Mysal üçin, sen dilegçi hakda ýazmakçy bolýaň. Oň üçin sen dilegçi bolup görmeli. Ýogsa, oň keşbini çeper beýan edip bilmersiň. Munuň üçin näme etmeli? Egniň köne-küşülli köpriniň aşagynda çadyr gurup, sergezdan ýaly ýaşap görmeli. Men, hakykatdanam, şeýdip gördüm. Ýogsam dilegçi däl-de, ýazyjydygym aňymdan gidenok. Haçan adamlaryň gyýa göz bilen bakyşlaryna, göwni ýetmezçiliklerine, seni kiçeldişlerine ynjanyňda, ynha, şonda ol hakynda bir zatlar ýazmaga girişip bolar. Barjamlynyň iti dişlände, dilegçiniň baýa bolan ýigrenji ýürekden çykýar. Seň ýüregiň eserdäki gahrymanyň ýüregi bilen deň urmagy başaranda, has dogrusy, sen oňa öwrüleňde, ine, şuňa hakyky durmuşa aralaşmak diýilýär. Durmuşa aralaşmak isleýän ýazyjy giň göwünli, hyýallara baý, birewiň ýerinde özüni goýmagy başarýan adam bolmaly. Ýöne, esasy etmeli iş, basyrylgy duran ukyp başarnygyňy ýüze çykarmaly. Men özüme ene garnyndan ukyply adam diýemok. Emma ýazyjyda şeýle ukyp hökman bolaýmaly. — «Gurbaga» romanyňyzda bibiniň keşbi adamlarda uly täsir galdyrdy. Bu siziň döredijilik ukybyňyzy ýene bir gezek subut edýär. Bu eseriňiziň ähli adamlar tarapyndan söýülip okalmagynyň sebäbi näme diýip pikir edýäňiz? — Bir romanyň gowudygyna ýa-da erbetdigine baha bermegiň birnäçe ülňüleri bar. Romanyň üsti bilen adamlaryň ýadyndan çykmajak keşbi döretmek, meniň özümden edýän iň uly talabym. Bir romanyň şowly çykyp-çykmazlygy, şeýle keşbiň bardygyna ýa-da ýokdugyna bagly. «Gurbagany» ýazanymda, birentek meseleleriň üstünde durup geçenem bolsam, şol meseleleriň döredijiligi örtmegine, gizlemegine ýol bermedim. Bar zady aç-açan beýan etdim. Bu romanymda öňki eserlerimde gabat gelmeýän keşbi döretdim hemem öz talabymy berjaý etdim. Hususanda, bibiniň ömrüniň ahyrky ýyllaryndaky ahmyry has hem çuň many-mazmuna eýe. Bibiniň puşmany, şol bir wagtyň özünde meniň hem puşmanym. Romandaky köp adamlaryň ökünji, meňem ökünjimdir. Biz çaga dogulmagyna girizilen çäklendirmeleriň hupbatly döwürlerini başdan geçirdik. — Siz «Gurbagany» 2005-nji ýylda ýazmany bes edip, 2008-nji ýylda täzeden girişipsiňiz. Ara düşen üç ýylyň sebäbi näme? — Ýazmagy bes eden bolsamam, gözlegi, pikirlenmegi bes etmedim, köp meseleleriň üstünde oýlandym. Wagtyň geçmegi bilen çaga dogulmagyny çäklendirmek meselesi aç-açan wagyz edilip başlanyldy. Mysal üçin, Ren Min uniwersitetiniň öňki rektory Ji Bao Çeň, Tsinghua uniwersitetiniň professory Hu mugallym ýaly ençeme ykdysadyýetçiler, jemgyýeti öwrenijiler şu meseläni özleriniň dissertasiýa işi hökmünde saýlap aldylar. Menem öz gezegimde edebiýat arkaly bu hakda roman ýazmagyň wagty geldi diýip pikir etdim. Bu meniň batyrdygymy görkezmeýär. Ýazyjylar batyrlykda ýaryşmaýarlaram. 2008-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda «Gurbagany» täzeden ýazmaga başladym. Birinjiden-ä, «tüýs wagty geldi» diýip pikir etdim. Ikinjidenem, muň hötdesinden gelip biljegime ynandym. Haýsydyr bir eseri ýazasyň gelmegi, ony gowy ýazyp biljekdigiňi görkezmeýär. Nädip gowy ýazyp bolar? Ilki bilen-ä ýazyljak zat edebi eser bolmaly. Ikinjidenem, hiç bir meselede döredijiligiň üstüni örtüp, ýaşyrmaly däl. Gaýtam döredijilik ähli zady özünde jemlemeli. Döredijilik ähli meseleleri dolandyrmaly we gurşap almaly. — Mo Ýan halypa, ýazyjylara hemişe şowlulyk gülüp bakmaýar diýen ýaly. Belli bir döwür döredijilik ukuplary pese gaçýar. Siz nädip hemişe galamyňyzyň ötgürligini, ýitiligini saklamagy başarýaňyz? Bu wezipe borjuňyz bilen baglymy? — Ýazyjynyň wezipe borjy, eýýäm dünýä gelende berilýän zat. Biri saňa şuny et, şuny ýaz diýip üstüňe borç ýüklemeýär. Galam tutup başlanyňdan, garaşsyz, erkin pikirlenmegi, oýlanmagy başarmaly. Wezipe borjuňy durmuşa, edebiýata bolan garaýşyň kesgitleýär. Başga biri tarapyndan üstüne ýüklenilen borç bolsa, bir taýagy ýere dürten ýaly bolýar. Taýak bolsa hiç haçan güllemezem, miwe-de bermez. — Ussat ýazyjy bolmak üçin edebiýat dünýäsiniň garşysyna gitmeli diýýärsiňiz we edebiýat dünýäsini şöhrat meýdany diýip atlandyrýarsyňyz... — Ha-ha-ha, men edebiýat dünýäsine garşy gitmeli diýdigim, edebiýatçylar bilen araňy üzmeli diýdigim däl. Bu meniň döredijilikde saýlap alan ýolum. Edebiýatçy bar bolsa, diýmek, edebiýat dünýäsem bardyr. Meň ýaşymdaky adam, ýaşlykdaky ýaly kärdeşleri bilen basdaşlyk edip bilmez. Dostlarymyň aglabasy edebiýatçy. Gowy eser ýazýarlar. Edebiýata garşy gitmek hem özboluşly bir goşant. Edebiýata garşy gitmeklik, bu diňe meniň ruhy taýdan özüme duýduryşym, ýatlatmam. Men özümi şöhrat, at-abraý, nähilidir bir bähbit sebäpli çäklendiresim gelenok. Bulaň üstümden höküm sürmegini islämok. Bir zady anyk bilmeli: ýazyjynyň iň gymmatly zady näme? Ýazyjy nämäniň gözleginde? Nämäni talap edýär? Ine, bulary özümden mydam soraglap gezýän. — Onda siz abraýa, şöhrata, baýraga ähmiýet bereňizok-da? — Ýazyjy baýrak üçin ýazmaýar. Ýazyjynyň baýrak alan eseri, onuň iň gowy eseri bolman biler. Nobel komitetiniň emin agzalarynyň we okyjylaryň käsi «Gurbaga» Mo Ýanyň iň gowy eseri däl» diýip aýdýarlar. Edebiýat, ine, şular ýaly zat, kimsi ýokary, kimsi pes baha berýär. Emma «Gurbaganyň» şu dört ýylyň (2008-2012) içindäki iň täsirli eserlerimiň biridigini arkaýyn aýdyp biljek. Dogrymy aýdaýyn, hemme ýazyjynyň hem baýrak alasy gelýändir. Emma ýeňijini seçip-saýlamak işi iňňän çylşyrymly. Başga biri iki metr aralyga bökýär. Sen iki metr on santimetr uzaga bökeniň üçin saňa baýrak berilýär. Emma edebiýat baýragy beýle däl. Sen eseri gowy ýazmana çalyş. Baýrak berlip-berilmäni bilen işiň bolmasyn. Aslynda, baýrak ýazyja gülden täç geýdiren ýaly bir zat. Bu täç bir gün gurar we bir gyra zyňylar. Emma ençeme beýik eserler wagtynda ykrar edilmedi. Wagtyň geçmegi bilen olaryň edebi güýjüne, gymmatyna göz ýetensoň, nusgawy esere öwrüldi. Şonuň üçin, ýazyjy baýragyna däl-de, eserine bil baglamaly. Men ýaş edebiýatçylara bil baglaýan. Hytaý dilinden terjime eden: Sähetmyrat BEGENJOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |