12:40 Mollany haýykdyran waka | |
MOLLANY HAÝYKDYRAN WAKA
Jemgyýetçilik tankydy
Goñşy obalaryñ birinde ýaşaýan tanşymyñ enesiniñ ýasyna - kyrkyna görünmäge barşymdy. Ýas ýerine gelip-gidýänleriñ yzy üzülmeýärdi. Köçäniñ gyrasynda gelen-gidene ugur-ýol görkezip oturan ýaşuly jaýyñ kölegesinde ýazylan keçäniñ üstündäki adamlara tarap barybermelidigini salgy berdi. Biz diýlen ýere baryp, türkmençiligiñ däbine görä, görşüp çykdyk. Saçak ýazylyp, tagam getirildi. Merhumyñ ruhuna aýat-töwir galdyryldy. Gabat garşymda oturan gür sakgally, peşeneli ýaşulynyñ gelene-gidene aýat okap berşine gabak astyndan synlap oturyşyma, şol obanyñ mollasydyr çak etdim. Men ýalñyşmandyryn. Hakykatdanam, şol peşeneli ýaşuly obanyñ iñ hormatlanylýan mollasy eken. Oba adamlary mollanyñ gyzyl ýaly adamlaryñ hilindendigini gürrüñ berdiler. Şol mahal taýak atym golaýymyzda bäş-alty ýaşlyja çagalar öz oýunlary bilen gümrady. Sähel salymdan ýañky çagalaryñ sözleri azaşdymy-nämemi, biri çirkin aglap başlady. Şol çirkin çykan ses oturanlaryñ hemmesiniñ ünsüni çekdi. Ýañky aglamyşlaýam çagajygyñ ejesi bolara çemeli. Çagasynyñ sesini eşidip, ýaşmak-da ýok, zat-da, "etek alty, ýeñ ýedi" bolup, agzyna geleni gargynjyrap gelşini görüp, oturan adamlar haýykdy. Onuñ zybanyndan çabraýan sözleri iki aýakly bendesi eşider ýaly däl. Şol mahal o gelin öz çagasyny agladan çagajyga gygyrýanam bolsa, oturanlaryñ üstüne gygyrylýan ýaly bolup eşidildi. Ýogsam, adamlaryñ arasynda uly iliñ hormatlaýan mollasyndan başga-da, gelniñ gaýynagasam, gaýynatasam bar ahyryn. Molla-da, adamlaram gelniñ gykylygyna ýüzlerini aşak salmak bilen jogap berdiler. Mollanyñ çepinde oturan inçemek ýüzli, ak sakgally goja gelin çagasy bilen gözden ýitýänçä, ýakasyny tutup oturyşyna, "tobacco estagpyrylla" diýen sözi birnäçe gezek gaýtalady. Töweregiñ goh-galmagaly ýatyşansoñ, haýykmadan ýaña ýüzüni aşak sallap oturan molla aga-da az-kem demini dürsedi. Şondan soñ, molla aganyñam, beýleki adamlaryñam oturyp, mazasy bolmady. Tizden turmak bilen boldular. Molla aga turup barýarka, gapdalyndaky ýaşuludan ýañky gelniñ nirelidigini sorady. - Sakgaldaş, ýañky kimiñ maşgalasy, tanamadym-la? - Molla aga, ýañky gelin ýas ýeriniñ goñşusy, özem obamyzyñ ilersindäki pylanyñ gyzy bolmaly... Molla aga-da "Hä, olardan diýsene..." diýdi-de, öz ýoluna rowana boluberdi. Ine, şeýlekin häsiýetli maşgalalary görüp, "Başdan daş etsin" diýäýmekden başga alaç galmaýar. Megerem, gudaçylyga barylmazdan öñ "musulman ýeriñ maşgalasymy?" diýlip soralmagy hem şondan bolsa gerek. Döwletmyrat AKMYRADOW, Murgap etrabynyñ 10-njy orta mekdebiniñ mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |