07:54 Mosartyñ ölümi | |
MOSARTYÑ ÖLÜMI
Geň-taňsy wakalar
Günbatar saz sungatynyñ klassyky döwrüniñ iñ görnükli kompozitorlaryndan bolan Wolfang Amadeý Mosart 1756-njy ýylyñ 27-nji ýanwarynda Awstriýanyñ Zalsburg şäherinde dünýä indi. Heniz çagajykka köşklerde konsert beren Mosart özgeler ýaly adaty çagalyk döwrüni başdan geçirmändir. Saz sungatynda ir kämillige ýetenem bolsa, başga ugurlarda oñaran zady bolmandyr. Muña esasy sebäp hökmünde ony kakasynyñ çagalykdan ezip saklandygy görkezilýär. Örän kiçi ýaşlarda okadylyp başlanan Mosart heniz üç ýaşyndaka pianiono çalyp başlapdyr, ilkinji sazyny bäş ýaşyndaka döredipdir. Mosartyñ uýasy-da sazsynas bolandygy üçin kakasy çagalaryny Ýewropa tanatmagy müwessa bilýär. Ilki 1762-nji ýylda Mýunhene we Wena gitdiler. Şol ýyl Mosart heniz düýpli bilim almadygam bolsa, skripka çalyp bilýän eken. 1763-nji ýyldan 1766-njy ýyla çenli uzak wagta çeken ilkinji turnirinde Mýunhene, Augsburga, Frankfurta, Kýolna, Brýussele, Pariže, Londona gidipdirler. Parižiñ "Wersal" köşgünde Luis XV, Londonda Jorj III bilen duşuşypdyrlar. Beýik kompozitora Londonda Iogann Kristian Bah, Abel we Jowanni Manzuoli dagylar bilen işleşmek miýesser edýär. 1766-njy ýylda Zalsburga dolanyp gelýärler. 1767-nji ýylda ikilenç Wena gidýär. 1769-njy ýyla çenli "Bastien und Bastienne", "La Finita Semplice" operalaryny ýazýar. Indi beýläk onuñ genial kompozitordygyny herkes ykrar edýärdi. Allegriniñ "Miserere" eserini birinji gezek diñländen soñ hiç bir kemçiliksiz saz eserlerini döretmegi Italiýada Mosarta bolan gyzyklanma hasam artýar. 1770-nji ýylyñ dekabr aýynda Milanda onuñ "Mitiridate re di Ponto" operasy görkezilýär. Opera öz öñünde goýan maksadyna ýetýär: tomaşaçylar operany diýseñ gowy garşylapdyr. Mannheýmde wagty on sekiz ýaşly Aloýsiýa aşyk bolýar, kompozitor ony ýanyna alyp Italiýa gidermen bolýar. Emme onuñ bu islegi ret edilensoñ, lapykeç ýagdaýda Zalsburga dolanýar. Ol mundan soñ skripka çalmagy taşlandygyny aýdýar. Mundan soñ diñe klawişeli saz gurallary bilen gyzyklanjakdygyny mälim edenem bolsa, "Sinfonia Concertante" konsertini skripkaly we wiolaly sazandalar üçin taýýarlapdyr. Kompozitor gaýtadan Wena dolanýar. Ol Wenada Weberler maşgalasynyñ gyzy Konstansä aşyk bolýar. Bu gezek söýen gyzyna öýlenen kompozitoryñ döredijiliginde öndümli döwür başlaýar. Ol dürli janrlarda naýbaşy saz eserlerini döredýär. "Le Nozze di Figaro" (1786), "Don Giovanni" (1787) ve "Cosi fan tutte" (1790) operalaryny döredýär. Şol döwür köp girdeji gazanandygyna garamazdan, elinde pul saklap oñarmaýar. Şeýle-de, dokuz ýylda on bir gezek öýüni çalşan kompozitor masonlaryñ hataryna goşulýar. Döredijiliginiñ iñ ajaýyp nusgalarynyñ biri bolan "The Magic Flute" operasyny döredýär. ■ ÖLÜMI Mosartyñ ölümi jedelli mesele. Romantiki nukdaýnazardan seredýänleriñ pikiriçe onuñ keseli barha ötüşdi, bu bolsa kompozitoryñ eserlerine-de ýiti täsirini ýetirdi. Muña garşylyklaýyn biziñ günlerimiziñ barlagçylary onuñ ömrüniñ ahyrky günlerinde saglygynyñ ýerinde bolandygyny we tarpa-taýyn ölendigini öñe sürýärler. Kompozitoryñ ölümi onuñ maşgalasyna juda agyr degýär. Onuñ ölüm sebäbi hökmünde görkezilen keseli-de häzire çenli jedelli bolup geldi. Ölümi baradaky biziñ döwrümize çenli gelip ýeten ýazgylarda "dary dänesi gyzgynlygy" diýip ýazylypdyr. Bu kesel kesgitlemesi häzirki döwrüñ medisinasynda-da duş gelnen we anyklanan kesgitleme däl. Mosart 1791-nji ýylyñ 5-nji dekabrynda, gije sagat 01:00 töwerekleri, bary-ýogy otuz bäş ýaşynyñ içindekä aradan çykypdyr. Ölmezinden birnäçe gün öñ ýazmaga başlan "Rekwiýemini" tamamlap bilmän aradan çykan Mosartyñ soñky sözleri şu aşakdaky sözler bolupdyr: "Ölümiñ tagamy dodagymda... Bu dünýäden bolmadyk bir zady duýýaryn." # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |