09:42 Muhammesler | |
Babarahym Meşrep
Goşgular
(1640 — 1711) Yşgyñda ýanmaz aşyk, diwana bolmagynça, Şemiñde köýmez aşyk perwana bolmagynça, Baglap bilin bu ýolda, merdana bolmagynça, Başyga alyp melamat efsana bolmagynça, Söýmez serrap sadapny, dürdäne bolmagynça. Sensiz maña nigäre, iki älem gerekmes, Tagt-y bagty Süleýman, maña hatam gerekmes, Hyzr ömri, zindeligi, maña ol hem gerekmes, Sensiz öleý doga kyl, maña bu dem gerekmez, Janu tenim galmady, bigäne bolmagynça. Arşyñ köýer ahymdan, tañla bolsa kyýamat, Yns-u melek titreşer, aýdar niçik alamat, Hüýru-gulman behişdiñ, edeşerler nedamat, Çyksa ahym uçguny, hiç kim galmaz salamat, Galmaz melek dowzahyñ, suzana bolmagynça. Düşdi başymga yşgyñ, lerza kylyp agladym Takdyr ezel şeýle-ken, bilim mäkäm bagladym, Aşyk işi mähnetde, ahu-waýlar eýledim, Derdim bihed zorlady, dergahyña ýygladym, Rehim eýlemez nigärim, girýana bolmagynça. Aşyk bolsañ gije-gün janyñ gurban eýlegil, Dagy fyrkat derdiñden, daýym efgan eýlegil, Zülfi çinler küfrüni, zynhar iman eýlegil, Hijru mähnet jepasy degse pynhan eýlegil, Janyña jan ulaşmaz, janana bolmagynça. Namys gitmez hiç kimden, yşga gadam goýmasa, Edhem sypat dünýäni paý-pyýada urmasa, Basyl etmez waslyga, ýalñyz özün söýmese, Razy bolup kazaga, her oduna köýmese, Tapmas dilber soragyn, bir ýana bolmagynça. Wagty bahar meý içgil, bilseñ eşret ganymat, Saky sungul kadahny pursat syhhat ganymat, Zahd aýdar ýaranlar, tesbih tagat ganymat, Meşreb galandaryñga derdu mehmet ganymat, Görmez magşuk ýüzüni efsana bolmagynça. Golýazmadan göçüren Aşyr Salyh ogly. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |