11:52 Muhammet pygamber | |
MUHAMMET PYGAMBER
Taryhy şahslar
Hamd älemleriň ýaradyjysy bolan Allatagala mahsusdyr. Hezreti Muhammet pygambere salawat we salamlar bolsun! Hormatly okyjylar! Her ýylyñ 20-21-nji aprelinde bütin musulmanlar Allanyň ýerdäki iñ soňky resuly bolan Muhammet pygamberiñ (s.a.w) doglan gününi milady senesi boýunça belläp geçýär. Şu mynasybetli Allanyň ýaradan adamlarynyň içinde iñ beýigini ýatlap geçmegi makul bildik. Bu ynsan barada şeýle bir köp zat ýazylypdyr welin, nämedir bir täze zady aýtmak örän kyn. Şonuň üçin gürrüň berjek zatlarymyz hakynda öň hem eşiden bolmagyňyz mümkin. Emma bu beýik adam hakynda öň eşidenlerimizi ýatlamak hem peyda berer, iki jahan serweriniň durmuşyna seredip, şonuň ýaly ýaşamaga itergi berer diýen umyt bilen, şu söhbetdeşligi guradyk. • Hezreti Muhammet barada dostlary näme diýýärler? Allanyň in ýakyn dosty Resullulla (s.a.w) hakynda Gurhanda şeýle diýilyär. «Eý, pygamber! Biz seni Haka iman edenler üçin bir buşlukçy, ynanmaýanlar üçin oýaryjy hem-de Allanyň rugsady bilen dini çagyryjy nur saçan bir çyra hökmünde ýaratdyk» ("Ahzan", 45-46). Hezreti resulyň sahabalarynyň, okuwçylarynyň aýdanlary: «Allanyň resuly (s.a.w) güler ýüzli, yumşak hāsiýetli, alçak, merhemetli, beýik ahlak eýesidi. Gaty ýürekli däldi. Hiç wagt agzyndan erbet söz çykmazdy, adamlaryň günäsini gözläp, olaryň aýybyny ýüzüne urmazdy. Göwnüne degjek bir söz aýtmazdy. Onuň ahlagyny bilip, näme diýjegini ýüzünden añlardy». (Hezret Aly r.a.) «On ýyllap Resuly-Ekremiñ (s.a.w) hyzmatynda boldum. Maña bir gezek hem "Owf" diymedi». (Enes bin Malik r.a.) • Ol hakynda duşmanlary name diýipdir? Pygamberimiziň in ganym duşmanlaryndan biri Abu Jehil bir gezek oňa ýüzlenip şeyle diyipdir. «Eý, Muhammet, men saña sen ýalançysyň diýmeýärin, diñe şu getiren, çagyrýan zadyňa ynanmaýaryn». Bir gezek pygamberimiz (s.a.w) öz tiredeşlerini we garyndaşlaryny dine çagyrmak üçin Sapa dagyna ýygnap sorapdyr. "Eý, Kureýş! Siz şu dagyñ añyrsyndan bir goşun gelyär diýsem maña ynanarmysynyz?". Olaryň hemmesi birden: «Hawa, ynanarys, seniň ýalan sözlänini hiç eşitmedik» diyip jogap beripdirler. Inlis Bosuort Smit şeyle yazýar: «Hezreti Isanyň ýaşaýşy hakynda bilýän zatlarymyz örän azdyr. Bilenlerimiz hem onuñ durmuş sahypalarynyň käbirine degişlidir. Hezreti Isanyň durmuşynyň soňky üç yyly hakynda maglumat bardyr. Bu üç ýyla taýynlyk bolan 30 ýyl hakynda maglumaty açmaga kim milt edip biler? Ol dünýäniň üçden birini ýatan agyr ukusyndan oýardy. Emma onuň durmuşy bize ýakynlygyna seretman, örän uzakdyr. Çünki onuň durmuş sahypalarynyň birnäçesi hakynda hiç bir zat bilmeýäris. Hezreti Muhammede gelenimizde, onuñ işi örän aýdyňdyr. Onuň işlerinde taryhda garaňkylyk bolup galjak hiç bir zat ýokdur. Meselem, halk Lýuteri we şahyr Miltony nähili bilýän bolsa, hezreti Muhammediň durmuşynyň her bir sahypasyny şeýle bilýändir. Yslamda her zat açyk aýdyňdyr. Hezreti Muhammediñ taryhy doglanyndan ýaşlygyna çenli ähli inçelikleri bilen gözümiziñ öñündedir. Halk bilen gatnaşygyny, ilki pikirlerini, pygamberligini yglan edip, yslama çagyryşyny bilyändiris». Gibbon şeýle diýýär: «Hezreti Muhammet ilki bilen yslama öz ýakynlaryny çagyrdy. Ol kyn synagdan geçdi. Bu ugurda ondan ön gelip geçen pygamberler bu synagdan geçip bilmändirler. Hezreti Muhammedi söýmeýänler ony tanamayanlardyr». Pygamberimize döwürdeşleriniň garaýşy şu aşakdaky wakadan görünýär. Uhud gūni "Hezreti pygamber (s.a.a) şehit boldy" diýip, Medinede bir gürrüň ýaýrady. Aýallar-da Uhuda tarap ylgamaga başladylar. Ensarlarda Sümeyra bin Kays kakasynyň, doganynyň, ärınıñ ölendigini aýdanlarynda her gezek: «Pygamber (s.a.w) nähili, oña bir zat bolanok gerek?» diyip soraýardy. «Alhamdulilla, gowudyr diýen wagtlary: «Ony maña bir görkeziň, ony bir göreýin diyyärdi. Ony pygamberiñ ýanyna getirdiler, Sümeýra ony göreninden eteginden tutup: «Ýa Resullullah, enem-atam saña pida bolsun, sen sag bolsañ, ähli peläketlikler meniň üçin hiç zatdyr» diýdi. Iñ ajaýyp nusga Kurany-Kerimde şeýle diýilýär: "Allanyň resulunda siziñ üçin uýulmasy gerek bojan in gözel nusgalar bardyr" ("Ahzab", 21). Ol imanda, ybadatda, ahlakda, jomartlykda musulmanlar üçin iñ bir ajaýyp nusgadyr. • Imanda nusga Hezreti Muhammet Mustafa (s.a.w) bütin kalby we köňli bilen bir Allaha ynanan, şonuň tersine bolan ynançlara garşy göreş alyp barandyr. Bir gezek oňa: «Bu işi goýbolsun et, näme isleseň bereli» diyenler. «Allahdan kasam edýän, güneşi sag elime, aýy-da çep elime goysalar hem, men bu ýoldan el çekmerin» diyip jogap beripdir. • Ybadatda nusga Gurhanda şeýle diýilýär. "Olar aýak üstündekäler, otyrkalar, yatyrkalar we her şekilde Allahy ýatlarlar" (Ali-imran:191). Pygamberimiz bäş wagt parzyny kylmasynyň ýeterlikdigini bilse-de, günde 50-60 rekat namaz okaýar eken. Bir gezek hezreti Ayşa enemiz «Näme üçin beýle özüňi ýadadýarsyň hem beýle zorluga özüňi mejbur edýärsiň» diýip sorapdyr. Oña pygamberimiz (s.a.w) "Näme, men Allanyň şükür ediji bir guly bolmaýynmy?» diyip jogap berdi. Ýene-de bir mysal. Remezandan başga agyz beklemäniň parz edileni ýokdur. Emma pygamberimiziñ dolulygyna agzy açyk geçiren aýy ýa-da hepdesi örän azdyr. Aýşa enemiz şeýle diýýär. «Resuly-Ekrem (s.a.w) köp wagt agyz bekli gezerdi. Biz kāwagt agzyny açmajakmyka diyip pikir ederdik. Meret aýy bilen Remezan aýyny doly agzy bekli geçirerdi. Her aýyň 13, 14, 15-ne, Baýram aýy alty gün agzy bekli gezerdi». • Ahlakda nusga Aýşa enemiz diymişleyin, onuñ yhlasy Gurhandy. Adamyny onuñ maşgala agzalaryndan gowy tanap biljek adam yok. Ilki wehi gelip başlanynda Hatyja enemiz oňa şeýle teselli berýär. «Alla seni utanja goýmaz. Çünki sen garyndaşlyk hakyna seredersiň. Çäresizlere kömek bermäge howlugarsyň. Ýoksulyň hem zulum edileniñ elinden tutarsyň. Mysapyrlara hödür edersiñ, başy dertde galanlaryň dadyna yetişmäge howlugarsyň». Aýşa enemiz ol hakynda şeýle diýýär: «Ol hiç kimsäni aýyplamazdy, ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap bermezdi. Günälileri bagyşlardy, hoşluk bilen iş ederdi. Nebsi üçin hiç kimden hiç zat almazdy. Hiç bir guly ýa-da hyzmatkäri ynjytmazdy, hatda haýwana-da azar bermezdi, Özünden dileg edenleri hiç boş gaýtarmazdy. Ol hiç kimden ar almazdy, hatda janyna kast edenleri-de bagyşlardy». Bir gezek şeýle waka bolýar. Nejd söweşinden gelyärkä, bir agajyň aşagynda dynç almaga sowuldy. Ýanynda hiç kim yokdy. Şol wagt bir bedewi gelyär. Gylyjyny çykaryp pygamberimiziñ üstüne sürünýär: - Şu wagt seni kim meniñ elimden halas edip biljek. Pygamberimiz (s.a.w): - Alla - diyip jogap berýär. Bedewi sarsýar, titreýär, elindäki gylyjy gaçýar. Pygamberimiz (s.a.w) onuň gylyjyny alyp: - Indi meniñ elimden seni kim gutarjak - diyip soraýar. - Hiç kim - diýip, bedewi jogap berýär. Pygamberimiz oňa: - Biraz merhemetli bolmagy öwren. Bar, seniñ günäñi ötdüm - diyip, ony azat edyär. Ol soñra gowy bir musulman bolýar. Mekge azat edilende, garşysyna söweşip ýesir düşenleri toplap, önüne getirýärler. Ol olara yüzlenip: - Eý, Kureýş, size näme etjegimi pikir edýärmisiniz? - diydi. - Sen kerim bir dogansyň we kerim bir doganymyzyň oglusyň - diyip jogap berdiler. Menin sözüm Ýusubyň doganlaryna aýdan sözüdir. «Günäñiz ýüzüňize urulmaz. Baryň, hemmäñiz azatsyňyz» - diýip buýurdy. Bu günäsi geçilenleriň içinde pygamberimize (s.a.w) kast etmäge synanyşan Sufýan, hezreti Zeýnebi öldüren Abu Jahiliň ogly Ikrime, duşmanlaryň serkerdesi Abu Sufýan, hezreti Hemzäniň bagryny dişlän Abu Sufýanyň aýaly Hind, hezreti Hamzany öldüren Wahşy we başgalar bardy. • Jomartlykda nusga Ibni Abbas aýdýar: «Hezreti pygamber (s.a.w) hemmämiziň iň jomardymyzdy. Remezan aýynda bolsa sahawatynyň serhedi bolmazdy». Bir gün pygamber öýüne gelip, aýalyna: «Bize iberilen ýedi altyn şindize çenli hem düşegiñ aşagynda ýatyr. Agşam ýakynlaşdy. Bir ýoksul tapyp olary bermek gerek» diydi. Dünýäden gaýtmagyna sebäp bolan kesele sataşanyndan soň, öýünde birnäçe altynyň bardygy akylyna geldi-de, olary dargatmagy buýurdy. Gyzyny hem iki agtygyny gowy görýärdi. Emma olary zynatlar bilen bezemezdi. Adamsy Alynyň alyp beren bezegini dakynan gyzyna: «Ýa, Patma! Muhammediň gyzy boýnuna ataşdan halka dakypdyr diýmeklerini isleýärsiñmi?» diýıpdir. • Adalatda nusga Ol «Men hem siziň ýaly bir adam» diýip gaýtalamagy gowy görüpdi. Bir gezek mal soýup, iýmegi karar edýärler. Biri: "Men soýjak" diýýär, beýleki «Men bişirjek» diýýär. Onda pygamberimiz: «Men hem, odun çöpläýin» diýip, odun çöplemäge gidýär. Kakasyndan öý işlerine kömekleşjek gul bermegini soran gyzyna: "Ýa, Patma, beýlekileriň zerurlyklaryny ýerine ýetirip bilmedim. Seniň zerurlygyňa nädip seredeýin" diyip jogap beripdir. Başga bir gürrüne görä, «Gyzym, Bedir söweşiniñ şehitleriniň ýetimleri senden has mätäçdir» diyip jogap beripdir. Bir gün Beni Mahzum taýpasyndan ygtyýarly bir maşgalanyň aýaly ogurlyk edýär. Onuň maşgalasynyň hormatyna günäsiniň geçilmegini haýyş edenlerinde, pygamber. «Öňki milletler, ine, şunuň üçin heläk boldular. Çünki olar baýlary jezalandyrman, pakyrlary tapsalar, jeza bererlerdi. Alladan ant içýärin, gyzym Patma ogurlyk etse, oña-da ogrulara berilýän jeza berilmelidir» diyipdir. Ine, biziñ pygamberimiz şeýle adamdy. Söhbetimizi Gurhanda ol hakynda aýdylan şeýle sözler bilen tamamlamak isleýäris: "Ol Allanyñ resulydyr we iñ soñky pygamberdir". ("Ahzab", 40). Agamyrat MUHAMMEDOW. "ADALAT" gazeti, 21.04.2000 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |