11:32 Metjidiñ gapysy açyk bolsa-da... | |
METJIDIÑ GAPYSY AÇYK BOLSA-DA...
Jemgyýetçilik tankydy
Türkmen ili 1991-nji ýylyñ 27-nji oktýabrynda Garaşsyzlygyny äşgär etdi. Munuñ özi bolsa dünýä ýurtlaryna täze, özboluşly milli häsiýetdäki demokratik, dünýewi döwletiñ goşulandygyny alamatlandyrdy. Dünýäniñ ençeme ýurtlary türkmen halkynyñ erkinligine tarap goýan gadamyny kanagatlanmak bilen goldadylar. Olar täze türkmen döwletiniñ geljekki gadamlarynyñ manylaryny çöşlemek üçin birbada eserdeñlik bilen syn etdiler. Netije-de, türkmen halkynyñ alyp barýan içki we daşky syýasatynyñ dünýä mynasybetinde örän oýlanyşyklydygyna, peýdalydygyna doly göz ýetirmäge başladylar. Garaşsyzlygyny yglan eden Türkmenistan döwleti öz üstüne örän uly jogapkärçiligiñ düşýändigine aýdyñ göz ýetirdi. Şol jähtden hem mertebeli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşy: "Türkmenistan dünýä arenasynda hemiđe parahatçylyk ugrunda, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ugrunda, garaşsyz döwletleriñ bir-biregiñ içki işine gatyşmazlyk ugrunda, daşary syýasat meseleleri siwilizlenen ýol çözmek ugrunda çykyş edýär" diýip, belli-külli aýdypdy. Garaşsyz Türkmenistan erkinligini, asudalygyny has-da pugtalandyrmak üçin, daş-töwerekdäki ýüze çykýan her dürli özgerişlere hötde gelmek üçin syýasy taýdan hem, ykdysady taýdan hem kuwwatyny artdyryp, geçirilýän çäreleriñ netijeliligini gazanmaly boldy. Bu günki Türkmenistanda ägirt uly özgerişlikler bolup geçýär. Olar diñe bir döwletiñ ykdysady, syýasy işlerinde däl-de, eýsem her bir adamyñ durmuş şertlerinde, ynançlarynda, zähmetinde, ýaşaýşynda barha aýdyñ görünýär. Munuñ özi bolsa ýurdumyzyñ demokratik, dünýewi häsiýetliligi bilen pugta arabaglanyşýar. Türkmen we beýleki milletler diñe Garaşsyzlygymyzdan soñ dine uýmaga hukuk aldylar. Indi her kim dine uýup hem, uýman hem biler. Köpmilletli Watanymyzda dürli dini garaýyşdaky şahslaryñ, guramalaryñ öz hereketleri bilen halkymyzyñ, jemgyýetimiziñ, galyberse-de, döwletimiziñ asudalygyna zelel ýetirmezlikleri üçin ähli mümkinçilikler döredildi, ýagny olara degişli kanunlar, düzgünnamalar, aktlar we beýlekiler GDA döwletleriniñ içinde, iñ öñki hatarlarynyñ birinde ygtyýarly organlar tarapyndan kabul edildi. Şeýle hem Türkmenistanyñ Prezidentiniñ ýanynda din işleri boýunça Geñeş hem döredildi. Şu faktlara seredeniñde Türkmenistanda dini garaýyşlar, ygtykatlar boýunça meseleler ýüze çykmajak ýaly... Türkmenistanyñ Konstitusiýasynyñ 11-nji maddasynda dine ynanýanlaryñ erkinligi we düzgünleri barada: "Döwlet dinleriñ we dine uýmagyñ erkinligini, olaryñ kanun öñünde deñligini kepillendirýär. Dini guramalar döwletden aýrydyr we olaryñ döwlet işlerini ýerine ýetirmegine ýol berilmeýär" diýlip kesgitli bellenilýär. Türkmen döwletinde musulman we prawoslaw dinlerine uýýan raýatlar bar. Olar dini dessurlaryny erkin, asuda ýerine ýetirmäge döwlet tarapyndan doly hukuga eýe boldular. Şeýlelikde, dindarlar hem ýurdumyzyñ syýasy, ykdysady ugurlar boýunça baýlaşmagyna, ösmegine goşant etmek bilen, olar adamlaryñ ruhy taýdan güýçli, ynamly bolmagy babatynda köp zähmet siñdirýärler. Olar dini ynançlaryna garamazdan, döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalaryñ dürli wezipelerini dolandyrmaga gatnaşýarlar. Munuñ özi bolsa ilatymyzyñ her biriniñ döwlet tarapyndan deñligini görkezýär. Şeýlelikde, dindarlar hem, beýleki adamlar ýaly, ýurdumyzda yglan edilen maksatnamalary durmuşa geçirmekdd uly goltgy berýärler. 1991-nji ýylda "Türkmenistanda wyždan we dini guramalaruñ azatlygy hakyndaky" Kanunyñ kabul edilmegi bilen bu babatdaky işleriñ gurluşu we dolandyrylyşy doly kesgitlenilipdi. Şunlukda, döwletimiz din işlerine goşulyşmazdan, döwletiñ dine bolan gatnaşygyny belli edipdi. Şu Kanun esasynda hem Türkmenistanda döwlet gurluşyna garşy wagyz-nesihat etmek, dini garaýyşlar esasynda agzalalyk döretmek, daşary ýurtlularyñ dini partiýalaryny ýa-da bölümlerini açmak, ýerli häkimiýetiñ işlerine gatyşmak ýaly, kanuna ters gelýän hereketleri etmek gadagandyr. Emma soñky döwürde ýurdumyzyñ daşyndan gelýän, özüni missioner diýip atlandyrýanlar dini garaýyşlara dulanmak bilen, ýerli dolandyryşa, dini-ygtykata zyýan ýetirmäge çalyşýarlar. Munuñ üçin bolsa dürli ýurtlardan gelýän sektantlar beýnisi bekeşmedik adamlary (esasanam maddy taýdan mätäçlik çekýänleri adamlary we düşünjesiz ýaş-ýeleñleri -t.b.) öz tarapyna çekmek üçin her hili pirimleri ulanýarlar. Muña bolsa köplenç ýaşlar ulaşýarlar. Käbir adamlar daşary ýurtly dindarlaryñ "sahylygyndan" baýajak bolup, din-ygtykatlaryny üýtgedip, öz iliniñ dinine, ynanjyna zeper ýetirmäge, ata-babalarynyñ ruhuna, urp-adatyna şek ýetirmäge hyýal edýärler (esasanam wahhabistler şeýle -t.b.). Ol tetelli adamlar daşary ýurtly missionerleriñ hažyk-hužugyna we boş pelsepesine aldanmak bilen, ýurdumyzyñ asudalygyna, il-günümiziñ ynanjyna şek ýetirýändirin hem öýtmeýärler. Elbetde, añly-düşünjeli adamlar ata-baba gelýän urp-adatyna we dinine uly hormat goýup, onuñ päkligi ugrunda alada edýärler. Açyk gapylar syýasatyna pugta eýermegimizden peýdalanyp, matlaplaryny ýamana diken, daşary ýurtdan gelen wagyzçylaryñ özlerine degişli kanunlary gödek bozandyklary üçin soñky iki ýylyñ dowamynda onlarçasy ýurdumyzdan kowuldy. Olar halkymyzyñ süññüne ornaşan dini ynançlaryna ýigrenç tutaşdyrjak bolanlarynda, öz pällerine jyzar boldular. Şu zeýilli adamlaryñ garşysyna göreşmekde degişli işler alnyp barylýar. Emma ilatyñ özüniñ hem bu meselede örän eserdeñligi, sowukganlylygy derwaýysdyr. Sebäbi soñky döwürde dünýä boýunça dini akymlaryñ, guramalaryñ sany 700-den-de agdy. Ol akymlar öz ujypsyzja bähbitlerine ýetmek üçin ummasyz çykdajylardan gaça durmaýarlar. Olar wagyz-nesihat işlerini giñden ýaýbañlandyrmagyñ oñaýly usullaryny peýdalanyp, saly gowşak adamlary, ýaşlary material, maliýe serişdeleriñ üsti bilen satyn alýarlar. Gynansak-da, Watanyny, il-gününi, ata-enesini, dogan-garyndaşlaryny, dini-ygtykatlaryny, ata-babadan gelýän däp-dessurlaryny şahsy bähbidi üçin pula çalyşýanlar-da birdir-ikidir tapdyrman hem duranok. Özlerini beýleki dinlerden rüstem saýýan "Isa Mesihler", "Iegowanyñ şaýatlary", "Baptistler", "Krişna añ ýetiriş jemgyýeti" diýen ýaly dini akymlaryñ ýaranlary öz matlaplaryna ýetmek üçin her hili bihaýaçylykdan gaýtmaýarlar. Olar özleriniñ pikirleriniñ, ynançlarynyñ dogrudygyny subut etmek üçin her dürli pyrryldaklara ýüz urýarlar. Dini garaýyşlaryna dulanyp, resmi rugsatnamasy bolmasa-da, özleriniñ matlaplaryna ýetmek üçin kanuna ters hereketleri edýärler. Günäleri ýüzlerine basylanda welin, "Biziñ dini garaýyşlarymyz kemsidilýär" diýip, dürli şerraýlyga ýüz urýarlar. Mysal üçin, Ş.Atakow Aşgabat şäheriniñ Polisiýa departamentiniñ derñew bölüminiñ işgärleri tarapyndan TJK-niñ 228-nji (başga biriniñ emlägine köp mukdarda zyýan ýetirmek ýetirmek ~ kezzapçylyk) maddasynyñ 2-nji böleginiñ "w" punkty boýunça günä bildirilip, jenaýatyñ üstünde saklanylanda onuñ howandarlary bolan baptistler goh turuzdylar. Nämemiş, Ş.Atakow baptistmişin. Baptistleriñ bolsa öz kanunlary barmyşyn. Şeýle etmek bilen olaryñ maksady Ş.Atakowa ýardam etmek däl-de, ýurdumyzda öz ideýalaryny wagyz etmek, ýurtda agzalalyk döretmek. Şeýle ýagdaý beýleki dini sektalarda hem duş gelýär. Mysal üçin, "Iegowanyñ şaýatlary" atly dini akymyñ agzalary Türkmenistanyñ kanunlaryny açykdan-açyk ret edýärler. Sektanyñ agzalaryndan: R.A.Seýitgulyýew, W.S.Sefulin, R.H.Karimow, I.A.Nazarow, R.A.Sidelnikow dagy öz ýaşaýan Watanyna gulluk etmekden, ýagny harby ugurdan gulluk etmekden ýüz dönderdiler. Elbetde, öz dogan-garyndaşlary, ata-enesi, duzuny iýýän Watany üçin gulluk etmekden ýüz öwren biynsap, züwwetdin, namartlar degişli jezalar berildi. Şu ýerde biz geçmişde zerur bolan ýagdaýynda ata-babalarymyz bilen birlikde, uýalarymyzyñ, ejelerimiziñ, mamalarymyzyñ hem ellerine çem gelen ýaraglary alyp, öz janlaryndan eý görýän Watanlaryny, dini ygtykatlaryny, däp-dessurlaryny, namyslaryny gorandyklaryny ýatladýarys. Geçmişde bolup geçen şujagaz taryhy hakykatyñ özi hem öz Watanyny, iýýän duzuny, urp-adatyny, dost-ýarlaryny, ata-enelerini türkmen halkynyñ ruhuna kybap gelmeýän haýsydyr bir dinu akyma çalşyp ýören, kalbynda azajyk hem bolsa wyždam diýen närse galmadyk sektantsumak namartlaryñ ýüreklerinden parran geçmeli, olary pälinden gaýtarmaly. Türkmenistanyñ Gümrük gullugynyñ 1993-nji ýylyñ 21-nki aprelinde kabul edilen düzgünnamasynyñ 2.1 punkty boýunça Türkmenistanyñ hem-de daşary ýurt raýatlaryna 2 nusgadan köp bolmadyk dini kitaplary geçirmäge rugsat berilýän hem bolsa, Türkmenistanda resmi bellige alynmadyk dini sektalar dürli bikanun ýollaryñ üsti bilen döwletimize köp mukdardaky dini kitap, audio-wideo önümlerini getirmäge çalyşýarlar. Diñe üstümizdäki ýylyñ dowamynda bikanun ýol bilen Türkmenistana ýaýratmak niýeti bilen getirilen dini kitaplaryñ segsen müñden-de agdygy, audio-wideo önümleriniñ hem müñlerçesi tapylyp alyndy. Gynandyrýan ýeri Türkmenistana şeýle önümleri bikanun ýagdaýda getirmek, ýaýratmak, adamlaryñ asudalygyny bozup kwartiralara üýşmeleñler gurap durmak bilen baglanyşykly jenaýatçylykly hereketlere baş goýýan daşary ýurtly wagyzçylar: A.T.Ten, D.M.Timohin, W.G.Şankow, A.W.Prinkur, P.M.Kaşin, A.W.Buhalow, L.Açilowa, W.W.Tereşin, A.Belýaýew, W.N.Malahow we beýlekileriñ (ýurdumyzyñ çäginden daşary çykarylanlar - deportasiýa edilenler) hatarynda Türkmenistanyñ raýatlary bolan D.J.Kakabaýew, Ç.Atakow, F.Z.Mustakimowa, T.N.Şukurow, I.O.Berkeliýewa, H.Taşew, B.Annamyradow, Ş.Piriýew, U.Koçkarow, Ýa.Sähedow, Ç.Annanyýazowa, E.Atabaýewa, G.Togtamyradowa dagynyñ bolmagydyr. Abadan geljegimize ynamly gadamlar bilen barýan asuda halkymyzyñ asudalygyny bozmagy, olaryñ ynançlaryna, dini-ygtykatlaryna, urp-adatlaryna zelel ýetirmegi özleriniñ baş maksatlary saýýan sektantsumaklaryñ raýatlarymyzyñ käbirini maliýe-material serişdeleri bilen satyn almaga, olary ters ýollara itermäge şu günler hem her dürli pyrryldaklaryñ üsti bilen synanyşmagy dowam etdirmeýänlerini gizläp durmagyñ hajaty ýok. Iñ ýowuz ýeri hem birdir-ikidir ýoluny urduryp, şeýle sektalara baş goşup ýörenler ata-ene, bala-çaga, dogan-garyndaş, dost-ýar ýaly ýakyn hossarlaryndan mahrum bolýarlar, çaga ata-enesiniñ, aksakgallarynyñ ýüzüne gelýär, agzybir maşgalalar dargaýar, dost-ýarlar ýitirilýär. Giñişleýin durup geçmesek hem şeýle faktlara eýýäm duş gelnendigini gepiñ gerdişine görä ýatladýarys. Türkmen öz depesinden agyr gara bulut kimin hallan atyp duran, zabunlygy taýdan dünýäde deñi-taýy bolmadyk sowetleriñ zamanasynda hem öz dini-imanyny ýitirmändi. Indi hem ýitirmez. Halkymyz, ýurdumyz üçin kabul edilen syýasy, ykdysady, medeni, sosial programmalaryñ üstünlikli amala aşýan döwründe, Altyn asyryñ bosagasynda agzalyp geçilen nogsanlyklaryñ öñüni almak üçin degişli organlar, guramalar bilen birlikde jemgyýetimiziñ, şol sanda her birimiziñ öz ornumyzda kanuny hereketleri amala aşyryp durmagymyz gerek. Ýaýlymdurdy GARAÝEW, Agamyrat MUHAMMEDOW. "Adalat". _____________________________ "Adalat" gazeti, 24.09.1999. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |