12:39 Mukgy aganyñ degişmeleri | |
MUKGY AGANYŇ TÄSIN BAŞDAN GEÇIRMELERI
Degişmeler
▶ “OŇAÝLY” SÖWDA Mukgynyň gaýyn atasy gurply maldar adam eken. Bir gün körekeni öýüne baranda, ol: - Senem demir ýoluň ugruny söw-söw syryp ýörmän, düşewüntliräk bir zat bilen meşgullansaň bolmaýarmy? -- diýip, takal okapdyr. Mukgy: - Wah, şeýderdim welin, indi şunymdan başga käri oňarmajak ýaly – diýip ikirjeňlenipdir. Gaýyny oňa: - Öwrenişersiň. Meniň aýdanym bilen boluber. Ilki şuny bazara äkidip satyp gel - diýip, oňa bir daýaw geçini görkezipdir. Ör-gökden gelen Mukgy: -- Men malyň bahasyny bilemok ahyry – diýende, gaýyny: -- Bahasyny müşderiniň özi sorar! – diýip, çürt-kesik edipdir. Bazara girip-girmänkä Mukgynyň geçisine alyjy tapylypdyr. Eden söwdasyndan onuň özi razy bolsa-da, gaýyny ony sowuk garşylapdyr.Mukgy “men” diýip duran ers-mers geçini çebişiň bahasyndan satyp gaýdan bolsa nätjek! Ýagyrnişligi köýüp giden gaýyn atanyň şondan Mukgy bilenem, onuň gün-güzerany bilenem işi bolmandyr. ▶ TELPEGINI DÄL-DE... Bir edara işi düşüp köp gatnasa-da, Mukgy aga edaranyň başlygyny hüjresinden tapyp bilmändir.Her gezek sekretar gyz oňa: -- Telpeg-ä bar, ýaşuly! -- diýip,asawajy görkezýärmiş. Ahyrsoňy şol jogapdan bizar bolan Mukgy aga: -- Jan gyzym, men başlygyňyzyň telpegini däl-de, özüni görjekdim –diýip, ümdüzine çykyp gaýdypdyr. Onsoň has sabyrly we irmezek Akjagül daýzanyň özi bu işiň ugruna çykyp, gatnaý-gatnaý bitirmeli bolupdyr. ▶ BIPERWAÝLYK Telewizoryň öňünde dünýäni unudyp, bir gepleşige tomaşa edýän Mukgy aganyň keýwanysy: - Çaýy näme bilen içjek? -- diýip sorady. Akjagül daýzanyň çaýly-çörekli gürrüňleri şu mahal-a Mukgy aga üçin hasam artykmaçdy. Şonuň üçinem ol “mawy ekrana” giräýjek bolup oturyşyna biperwaýlyk bilen: -- Käse bilen içeris–diýende, kempiri pahyra gaharly tasanjyrap supra ýazybermekden başga alaç galmady. ▶ DILEJEGIŇ ŞOL BOLSA... Mukgy aganyň deň-duşrak goňşusy Aljan aganyň indi aýagy ýöretmän başlapdy. Toýdan-ýasdan galman, öňler pyýada eňiberýän mollaçyrrak ýaşuly goňşy obadaky Meret togalagyň geňeş toýuna gitmek üçin Mukgy aganyň çal eşegini diledi. Özem aýak agyrydan kösenýän Mukgy aga oňa “ýok” diýip bilmedi. Aljan aga agşam eşegi yzyna getirip berende bu daýaw, gitgir, ýuwaş eşegi ýorgaladyp säpjemegiň onuň gaty hoşuna gidenligi görnüp durdy. Ertesi günem gapysynda gögeren goňşusynyň içgin-içgin hal-ýagdaý soraşmagynyň soňunyň nirä barjakdygy bellidi. Şonuň üçinem bir ýana gyssanyp barýan Mukgy aga onuň uzyn soraglaryny togtatmaly boldy: - Hudaýa ýüz-müň şükür, goňşy, men hassalab-a ýatamok. Onuň üçin ýörite ýagdaýymy soramaga gelmedigiňi bilýän.Nesýe ýa-da nagt pul arzuwunda bolsaňam, ol mende ýokdyr. Geregiň togalagyň toýuna münüp gitmäge çal eşek bolsa-da, hol-ha, ýatakda durandyr, al-da gidiber! Alkyş baryny ýagdyryp, ýataga tarap eňen goňşusyna ikinji gezegem eşegi berse-de berdi welin, yzyndan zowladyp gygyrýan Mukgy aga: - Ýöne arpa ýa-da ýorunjadan gowy garnyny doýraweri! Aňyrda, toýçulykda-da süýji paçaklara un-beýleki sepişdirip berýäňizmi, garaz, garnyny oňatja ýazaweri janaweriň! Eşik-palanyny gowy sal, kösemän sür! – diýip, bu sapar onuň üstüni tabşyrykdan gömüp ugratdy. ▶AÝAKLAR NENEŇ? - Aýaklar niçik, agyrýarmy?-- diýip, goňşusy Atjan aga soranda, Mukgy aga ýarym oýun, ýarym çyn bilen: -- Bir gezek sag aýagym, indiki sapar bolsasolaýak agyrýar. Şeýdip, derdimiň azaryny agzybirlik bilen öz aralarynda paýlaşýarlar. Ýöne iki aýagyň oňuşmadyk günlerini aýt! Ine, şonda yzanyň ýükini men çekmeli bolýaryn-- diýip, jogap beripdir. ▶ ÖZÜMIZ AT BOLDUK Mukgy aganyň okuw gutaryp gelen ogly seýisläp çapmak üçin höwes edip taý alypdyr. Emma basym ýaş ýigidiň özi başga şähere işe geçip, obadan gidipdir. Taýyň bar aladasy bolsa Mukgy aganyň başyna düşüpdir. Bir ýyldan soň oglunyň ýanyna görme-görüşe baran ýaşuludan ogly: -- Ýogsa-da, taýyma baş öwredip bildiňizmi?-- diýip gyzyklanypdyr. -- Taýyňa-ha baş öwretdik, han ogul, ýöne özümiz hem at boldyk-- diýip, bu iş üçin ýagşy kösenen Mukgy aga atalarymyzyň”Taýa baş öwredinçä seýisi at bolar” diýen pendini oňa ýatladypdyr. ▶ DERDIMIZI ÇALŞALY Dişagyrydan häli-şindi ejir çekýän biri lukmana ýüz tutmagyň deregine her märekede öz derdinden soz açyp, zeýrener oturar eken. Şeýdip toýda-da, ýasda-da gep-gürrüňi öz dişagysyna sowaýýar eken. Halys ýürege düşen bolarly, demgysmadan ejir çekýän Mukgy aga oňa: - Inim, seniň derdiň biziňkä garanyňda çörderräk ýaly-la, gel gowusy derdimizi çalşaly - diýip “teklip” edipdir. Şol gürrüňden soň zeýrenjeň gaýdyp bu mowzugy gozgamandyr. ▶ HUSYDYŇ ÜNJÜSI Heläkçilige uçran Mukgy aganyň goňşusyny lukmanlar ölüm penjesinden zordan halas edipdirler. Aldym-berdimli pursatda kimdir biri näsag üçin öz ganyny beren eken. Özüne gelenden soň muny eşiden näsag daşyny gallap duranlardan öz halasgäriniň kimdigi bilen gyzyklanypdyr.Onuň sahylykda tanalýan adamdygyny aýdanlarynda keselliniň reňki üýtgäp gidipdir. - Wah-eý, onuň gany gatyşan bolsa men hem illere elimi açmaly boilaryn -- diýip, husyt alada galypdyr. ▶ ÝARYM-ÝALPY Degene-de, degmedige-de degip ýören Mukgy aganyň obasynda ýaşaýan ýoknasyz oglanlaryň biri obada toý tutulsa suwasalma ýenjiler eken. Bir gezek ol sünnet toýda ýumrukdan ýagşy nesibesini alypdyr. Ertesi gözüni gögerdip märekä baranda bir dosty başyny ýaýkap: - Henizem Alla gorapdyr. Tasdan çep gözüňi çykaran ekenler. – diýip gynanypdyr. - Päheý-de munuň aýdýanyny! – diýip, çaýkaw göwni bir ýaly gürläpdir – Baýak ilerki obadaky Çary agalaryň toýunda meni gören bolsadyň! Ine, şonda meniň eýim ýagşyja ýetirilipdi. Aý, bu gezek ýarym-ýalpy-la... ▶ GAWUN IÝESIŇ GELÝÄRMI ? Mukgy aga gök bazara agtygy bilen bile gidende, körpeje gören zadyny alyp bermegi talap edip, oňa azar ýamanyny berýär eken. Şonuň üçin bu sapar ony öýde galdyrmakçy bolupdyrlar. Şonda agtygy şeýle hereketleri gaýtalamajakdygyna söz beripdir. Dogrudan hem agtygy bu sapar atasyna zat alyp ber diýmändir. Ol diňe münder-münder gawunlary görkezip: - Gawun iýmegi gowy görýärmiň, ata?- diýip sorapdyr. Atasy sary waharmany satyn alyp berende agtygy diýseň begenipdir. ▶ HEZIL-Ä ETMEZ Mukgy agalaryň obasynda tutulýan toýda myhmanlaryň biriniň köwşi ogurlanypdyr. Onuň bolsa peňine-de dälmiş. -- Ýitgiňe gynanmagyň deregine şatlanmaň nämä?—diýip jebir çekenden sorapdyrlar. Onda ol: -- Ol bende şol köwşi geýip hezil-ä etmez – diýip, aýaklaryny görkezende, daraklygynyň aralarynda gijilewigiň yzy mese-mälim görünip duranmyş. ▶ SAŇA HAÝSY HAS GOLAÝ? - Ogul ýakynmy, agtyk? - diýip Mukgy agadan sorapdyrlar. -- Agtyk gowydyr, ýöne ogul ondan has ýakyndyr. -- diýip, seýilgähde agtygyny ýörjen-ýörjen etdirip ýören ýaşuly ýüregini açypdyr. -- Ine, meniň şeýdip agtygymy güýmänimi oglum-da, gelnimiz-de gowy görýärler. Şeýtsem oglum gelni bilen agzybir bolýar. ▶ A SEN NÄMÄ AGLAÝARSYŇ? Ejesi sygyr sagmaga gidensoň Meretjik aglamaga başlapdyr. Ony köşeşdirmek agasy Oraza başarmandyr. Ejesi gelip: -- Oglum, näme üçin agladyň? – diýende, Meretjik: -- Seni göresim geldi, eje – diýipdir. Nowbahar oglunyň hem gözünde ýaş gören ejesi oňa-da şol sowaly berende, Oraz egnini gysyp: -- Jigimi köşedip bilmedim-dä, eje. Onsoň maňa aglamakdan başga näme çäre galýar?! -- diýip, Mukgy aganyň agtygy jogap beripdir. ▶ TÄZE DÖRÄN TAKWA Ömürboýy dine garşy göreşip gelen Mukgy aganyň goňşusy pensiýa çykansoň gaba telpekdir mele don geýip, iliň sadakadyr ýasyna gatnap ugrady. Bu gün ol ilkinji gezek äýnek dakynyp märekä geldi-de: - Allajanymyň akyl-hikmetinden aýlanaýyn! Gulak adamyň kellesinde ýerleşmedik bolsa äýnegi dakmaga başga bir çäre gözlemeli bolardy -- diýip, nokgy-nokgy takal okamaga başlady. ▶ GOŞGYNY KIM ÝAZDY? Agşamara maşgala bolup telewizorda berilýän gepleşigi diňleýärler. -- Goşgyny şol daýynyň özi ýadymyka?-- diýip, agtygyMukgy aga ýüzlenýär. -- Elbetde özi ýazandyr, oglum. -- Onda näme üçin kagyzdan okap aýdýarka? --?! ▶ “HEÝGENEK BIŞIRÄÝ” Aýaly irden ertirlik taýýarlamagyň ýerine, gaýtam düýş görendigini aýdyp, ýorgudyny sorap dur. -- Näme gördüň? – diýip, Mukgy aga sabyrsyzlyk bilen soraýar. -- Ýedi sany ýumurtga. Bu keramatyň ýorgudy nämekä? -- Ýedisinem derrew mesge ýaga çak-da, işdäaçarlar bilen getiräý! Wagtynda ertirlik edineli, ýorgudy şol —diýip, äri çöp döwen ýaly edýär. ▶ KIMIŇ IÇI ÝANARKA? Günleriň birinde Mukgy aga dosty bilenbir hysydyň öýüne myhman bolupdyrlar. Olar edil günorta naharynyň üstüne geläýipdirler.Mukgynyň ýanyndaky gaty süwümsiz eken. Açgöz ýigdekçe desterhandanäme görse, beýlekilere ýetirmän, saýgaryp-seljermän symyşlaberipdir. Ol hatda gapjagazda duran ary balyny hem gaby bilen göterip, erňeginden owurtlaberipdir. Onuň bolşundan gaty utanyp, otagda özüne orun tapman oturan Mukgy aga dostunyň gulagyna eglip: - Baly çaýa atyp ýa-da çörek bilen iýeweri, dogan jan, ýogsam içiň ýanar – diýip pyşyrdapdyr. - Häzir baly tükedeýin, onsoň kimiň içiniň ýanjagyny özüm gowy bilýärin -- diýip, arasynda bir demini dürsän ýalmawaz ýene-de agzyny ýokary tutup, baly horpuldadyp ugrapdyr. ▶ MUKGY AGANYŇ “BILGIÇLIGI” Ömrüniň köp bölegini demirýol ulgamynda işläp geçiren Mukgy aga il arasynda “Barometr” diýen lakam bilen meşhurdy. Sebäbi howanyň öwzaýyny ondan takyk bilýän ýokdy Günleriň birinde ol bir üýşmeleňde: “Ýagyş ýagjag-ow!” diýende, bu ýerde oturanlar: -- Päheý, güneşli howada ýagyş ýagarmy,ýaşuly? -- diýip, onuň bu pikirine göwünýetmezçik eden bolupdyrlar. Emma basym asmanda gara bulutlar peýda bolupdyr, gök gübürdäp, ýyldyrym çakypdyr. Ýagyş şeýle bir ýagypdyr welin, asla diňer ýerde diňmändir. Şol wakadan soň käbir adamlar Mukgy aganyň adatdan daşary ukybynyň bardygyna ynanyp, ony hakyt bilgiç hasaplap başlapdyrlar. Mukgy oga muňa biraz göwnühoş bolsa-da, hakykatda ol bilgiçlikden daşdady. Asyl ol beýle “bilgiçlikden” ellibizardy, heli-şinde melhemli ýerlere gatnap, ondan şypa gözleýärdi. Ylaýta-da howa üýtgejek bolsa onuň derdi güýçlenýärdi. Ýaşuly guragyrydan ejir çekýärdi. ▶ ÝENE-DE MUKGY AGANYŇ “BILGIÇLIGI” BARADA Bir gün Mukgy aga şatudyň saýasyndaky telärde, gülli keçäniň üstünde ýassyga ýaplanyp çaý içýär eken. Onuň ýanynda bolsa gum içindäki obadan myhmançylyga gelen garry zenen garyndaşy oturan. -- A-ýu, Mukgy, seniň bilgiçligiň baradaky gürrüňler aňrygam baryp ýetdi, şol hakykatmy? – diýip, soranynda Mukgy aga murtunyň aşagyndan ýylgyryp, tassyklaýan äheňde baş atyp oturanmyş. Sol arada ol demirýoldan geçip barýan otlyny görüp: -- Gygyr! Gygyr! Saňa “Gygyr” diýýän!– diýip zowladypdyr. Ol sözüni soňlap-soňlamanka otly zoguny çalypdyr. Mukgy aga: -- Iki gezek gygyr diýýärin, buýrugymy näme üçin kemter berjaý edýäň!-- diýip, elleriniň aýasy bilen sesini şol tarapa gönükdirip, otla täzeden buýruk beripdir. Şoňa mähetdel otly zoguny yzly-yzyna çalypdyr. Myhman kempir bu “keramata” tasdanam çaşan eken. Mukgy aganyň bütin ömrüni demirýoldur otlular bilen iş salşyp geçiren hormatly demirýolçudygy şol wagt onuň ýadyna-da düşýän däl bolarly. ▶ “BIZEM ÖZ NESIBÄMIZI ATALY” Günortanlyk nahary bişip durka, Mukgy aga keýwanysy bilen törde ümmüldeşip oturan ekenler. Öýüň durmuşa çykmadyk körpe gyzy gelin bilen oňuşman, häli-şindi ters bakyşyp ýörensoňlar, şol günem olaryň biri-biriniň edýän işinden habarlary ýok eken. Ine, häzirem Mukgy aganyň elýeterinde duran duzgapdan bir atymlyk duz alyp giden gelniň yzysüre onuň baldyzy hem ol ýerden ýarym çemçe duz alyp, aşhana ýönelipdir. Gürrüňe gyzan kempiri bu zatlara oňly üns bermese-de, hiz zady nazaryndan sypdyrman oturan gojanyň jany ýanyp, duzgapdan bir owuç duzy oýup alaga-da, aşhana ýönelipdir. - Haýt, atasy, duraweri! Gyzlar nahara duz atan ýaly boldular-la! Seniňki nämelik? – diýip, keýwanysy onuň yzyndan ylgapdyr. -- Bu öýde özüne gerek duzy her kimiň özi atýar! – diýip, Mukgy aga öýi ýaňlandyryp gygyrypdyr – Senem bir atym duzuňy alyp gel, keýwany! Bizem öz nesibämizi ataly ahyryn... Kempiri ony köşeşdirip, aşhanadan çykarypdyr, naharyň artykmaç duzuny aýrypdyr hem-de ýaşlara käýýäp, olary nobatdaky gezek ýaraşdyrypdyr. Garaz, naharyň duzy kadaly bolup, ýene-de saçak başynda asudalyk we agzybirlik höküm sürüpdir. ▶ SÖZLÄR SÖZÜŇ BILMESEŇ... Mukgy aganyň goňşysy Abadan mugallym heniz kiçijikkä onuň enesi oba ussasy Ata agsak diýen birine dürtgüçdir çemçe buýran eken. Bir ýoly düşende olary alyp gaýdan enesi:”Puluňy baran badyma agtygymdan ibererin” diýip gaýdypdyr. -- Enem elime pul berip: “Şuny Ata agalara eltip ber” diýenden, ylgap ugradym. Enem meni saklap: “Ilerdäki sürüji Ata aga däl, mekdebiň golaýynda ýaşaýan ussa Ata aga” diýip başga ugry görkezdi.“Men ol Ata agany tanamog-a” diýsem, “Mekdebe golaý bar-da “Ata agsaklar nirede?” diýip soraý, Ata agsagy tanamaýan ýokdur” diýip düşündirdi. Enemiň şol goşmaça maglumaty ussanyň öýüni tapmagyma kömek etse-de, soňundan işi bulaşdyrdy. Salam berip, puly öňünde goýanymdan soň, edeplije gyz bolup: -- Şuny size enem pylany iberdi. Taňryýalkasyn, Ata agsak daýy! –diýdimem welin, gaharyna sandyraklap, elini hasasyna ýetiren gojanyň peträn gözlerinden eýmenip, jaýdan atylyp çykdym. Yz ýanymdan gapynyň söýesine warkyldap degen hasa, gargyşgyr haýbat sözleri tizligimi has-da gataltmaga mejbur etdi. Aždar-şir gören ýaly, sojap gelşime, özümi zordan öýe atdym. Bolan wakany gürrüň berenimde ejem“Sözlär sözüňi bilmeseň şeýle bolar” diýip käýese, enem hezil edip güldi-de: “Wah aýlawsyz gyzjagazym, indi Ata aga ýüz tutar ýaly etmänsiň” diýip, bagryna basdy. ▶ YRYMÇYL BENDÄNIŇ BIRI... Mellekden daşgary berilýän ýeriniň çetinde ösüp otyran tut agajyna Mukgy aga dürli reňkli tut bagynyň nahallaryny sapypdyr. Birnäçe ýy daragt indi ak, gara, sary, gyzyl reňkli tudanalary bilen tapawutlanýar. Muny käbir was-wasy adamlar keramat diýip hasaplaýar. Arada tamarkasyndaky “ täsin” daragtyň şahasyna yrymçyl bendäniň biri täzeje ýaglyk daňan eken. ▶ GANYM GOŇŞULAR Mukgy aganyň ýaşaýan etrabynda üzümçilige has köp üns berilýärdi.Günleriň birinde çagalar öý eýesiniň ýoklugyndan peýdalanyp, Şyhy aganyň ekinine girip, ak, gara üzümlerden ýüküni ýetiripdirler. Ekinden çykan pursatynda bezzatlar Şyhy aganyň goňşusynyň eline düşüpdirler. Çagalar: “Gulagymyzdan towlap, suwasalma ýenjerow”-diýip, ýüzlerini sallap saňňyldaşyp duranmyşlar. Ýöne olaryň garaşan tamasy bolmandyr. --Indiki sapar şu ýerden girseňiz aňsat bolar—diýip,Şyhy aganyň goňşusy üzümçilige girmegiň aňsat usulyny salgy beripdir. Garaşylmadyk maslahata geň galan çagalar ol kişiniň Şyhy aganyň ganym goňşusydygyny näbilsinler! ▶ ADYNY ÖZÜŇIZ GOÝAÝYŇ Mukgy aganyň agtygy dünýä inende ogly ondan owladyna at goýmagy sorapdyr. --Gelin bilen maslahatlaşda göwün islän adyňyzy goýaýyň—diýipdir—Ynsanyň hakyky adyny halk dakýandyr. Garaýayz çaga Myrat diýip at goýupdyrlar. Häzir ilat onuň adynyň gaşdalyna garaja lakamy goýulyp, oňa garaja Myrat diýip ýüzlenýärler. ▶ BAKJALYKDA BOLAN WAKA Mukgy agagoňşulary bilen deňňene edip obasynyň gaýrasyndaky tarp ýere düme gawun-garpyz ekipdir.Bakjany mal-garadan gormak üçin daýhanlar gezekli gezegine nobatçylyk etmeli bolupdyrlar. Şol gije gezek Baýramgeldiniňkidi. Ol bakjaçylyga eşek arabaly geldi. Ir säher bilen ol bişen gawun-garpyzlary ýygnamalydy we araba ýükläp öýe alyp gaýtmalydy. Arabadan boşadylan eşek sonarly ýere goýberilensoň Baýramberdi çybyn-çirkeýlerden goranmak üçin ojakda gemre tütetdi. Soňra ýekenil tüpeňini eline alyp, teläriň üstünde gerilen peşehana sümüldi. Gijäniň ýaryndan soňra ekinçilikde bir garamça görünen ýaly boldy. Telärden düşen Baýramgeldi koneje tüpeňiniň nilini ýokary tutdy-da mäşesini gysdy. Gürpüldä “ ziňk” eden jandar özüne tarap okdurylanda Baýramgeldiniň ýazzyny bermekden başga çäresi ýokdy. Bakjalykdan çykan ýerinde şübheli garamça onuň yzyndan ýetdi. --Haý deýýus diýsäni--diýip, elini ysganjyrap duran çal eşege nägilelik b ildirdi:--Senigiňi bilen bolsam gaçar ýaly men bir züwwetdin däl ahyryn. Baýramgeldi ekinçilige tarap dolananda çal eşek hem onuň yzyndan galanokdy. Häzir ol: “ Muňa-da köp şükürler edeýin,yzymdan ýetende çirkin sesi bilen aňňyran bolsa näderdim” diýip, oýlanýardy. Şahymerdan SARY OGLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |