20:47 Muhammet Aman Baga aradan çykdy... | |
• Şu gün - 1-nji martda görnükli türkmen suratkeşi Muhammet Aman Baga aradan çykdy. Merhuma iman baýlygyny dileýäris. ◇ Suratkeş hakynda Türkmen suratkeşi, dünýäniň onlarça ýurdunda sergileri açylan Muhammet Aman Baga Moskwada, öz ýurdundan uzakda, 81 ýaşynda aradan çykdy. 1943-nji ýylda doglan we bäş ýaşynda ýetim galan geljekki hudožnik, aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow bilen bir ýetimler öýünde terbiýelenipdir. 2018-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Moskwada, Hudožnikleriň Merkezi Öýünde “Günüň güýji” atly ýubileý sergisi açylanda hem Muhammet Aman Baganyň döredijiligi barada wideo köpçüligiñ dykgatyna ýetirildi. Ol şonda öz eserlerini ýürek bilen, hamala, öz gahrymanlarynyň holstlardaky kiçijik durmuşy bilen ýaşaýan ýaly bolup döredýändigini gürrüň beripdi. Özi hakyndaky dokumental filmde gürrüň bermegine görä, Muhammet Aman Baga entek kiçijik oglanka, horezmli bir aýal tarapyndan ogullyga alynýar we soň Köneürgenji köp küýsäp gezipdir. Ol öz çeken suratlarynda elmydama aýal keşbini, çaga dogran, ýöne öz çagasyny hiç haçan görmedik enäniň keşbini, özüni ogullyga alan, kiçijik oglanyň açlykdan ölmeginiň öňüni alan, ony ekläp-saklan we ulaldan, adam eden aýalyň keşbini şekillendirýärdi. Şeýle-de, Muhammet Aman Baga öz esasy işiniň daşyndan dürli filmlerde surata düşdi. Mundan öň, ýubileý sergisine gabatlap, ýaşuly hudožnigiň “Apa” ady bilen guralan sergisi hakynda hem wideo köpçüligiñ dykgatyna ýetirilipdi. Muhammet Aman Baganyň işleri dürli ýyllarda dünýäniň onlarça ýurdunda, Ýaponiýanyň, ABŞ-nyň, Russiýanyň, Alžiriň, Germaniýanyň, Bolgariýanyň we beýleki döwletleriň muzeýlerinde görkezildi. Muhammet aganyň ýakynlaryna we muşdaklaryna çyn ýürekden gynanç bildirýäris. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |