09:08 Murid Barguti | |
MURID BARGUTI
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Murid Barguti (arapça: مريد البرغوثي, Murīd al-Barghūthī) 1944-nji ýylyň 8-nji iýulynda doglan Palestinaly şahyrdyr. Ol 2021-nji ýylyň 14-nji fewralynda aradan çykýar. Onuň ogly Tamim al-Barguti (1977 ý.d.) häzirki döwürde meşhur müsür-palestin şahyrydyr. Goşgularynda, "Men Ramallany gördüm" atly liriki kyssasynda şahyr we ýurt, aýralyk temasyny aýratyn inçelik bilen işlän palestin şahyry Murid Barguti agzalanda, onuň "balykdan hatda balykçynyň torundaka-da deňziň ysy gelýär" diýen sözleri ýada düşýär. Murid Barguti 1967-nji ýylda, alty günlük Arap-Ysraýyl urşy başlanda Kairde student eken we şondan soň ol dogduk mekany Palestina goýberilmeýär. 1977-nji ýylyň güýzünde, Anwar Sadatyň Ysraýyla dawaly saparyndan öň bolsa, ol Müsürden hem deportasiýa edilýär we 17 ýyllap Kairdäki maşgalasynyň ýanyna goýberilmeýär, çagalary bilen başga ýurtlarda duşuşýar. Barguti ilkinji goşgulary ýygyndysyny 1972-nji ýylda, Beýrutda çap etdirýär. Şondan bäri onuň 12 sany goşgular ýygyndysy çap edilipdir. Bargutiniň Oslo şertnamasyndan soň, 1996-njy ýylda, 30 ýyl aýralykdan soň ýurduny görüp ýazan we 1997-nji ýylda çap etdiren "Men Ramallany gördüm" romany edebiýat üçin berilýän Naguib Mahfouz medalyna mynasyp bolýar. 2000-nji ýylda bolsa ol poeziýa üçin Palestina sylagy bilen sylaglanýar. Onuň goşgulary arap we iňlis dillerinde (Al Ahram Weekly, Banipal, The Times Literary Supplement we Modern Poetry in Translation neşirlerinde) çap edilýär. Barguti arap we iňlis dillerinde poeziýa barada çap edilen esseleri bilen hem meşhurlyk gazanýar. Ol The Guardian gazetinde Maýa Jaggi bilen eden söhbetdeşliginde şeýle diýýär: "Men baglardan sapak alýaryn. Olar bişmezden öň, gör, näçe miwäni ýere taşlaýar. Men goşgy ýazamda, olara sagdyn gazap bilen daraýaryn, has gowularyny saýlap almak üçin köp setiri öçürýärin." Çeşmesi: https://wiki5.ru/wiki/Mourid_Barghouti. 08.04.2023ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |