09:01 Meniň problemam ýok | |
MENIŇ PROBLEMAM ÝOK
Goşgular
![]() Men özüme syn edýärin: meniň problemam ýok. Daş görnüşim allanäme, hatda käbir gyzlara geňsi görner çal saçlarym; gözäýnegim bir eýjejik ýasalan, a bedenmiň gyzgyny otuz ýedi ylaýyk, köýnegim ütüklengi, aýakgabym gysanok. Meniň problemam ýok. Ellerim gandally däl, dilim entek susdurlanok, hemem häzirlikçe türmä, dar kapasa gabalamok, işimdenem kowulamok, zyndandaky garyndaşlaň käbirin görjek diýsem käte diýenoklar ýok, ygtyýar berýärler käbir ýurtlarda zyýarata barjak diýsem, ölenlermiň mazaryna. Meniň problemam ýok. Dostumyň başyndan şah çyksa ýaryp, aňk bolup, agzymy açamok haýran. Men onuň görnetin guýrugyn eşik aşagynda bukuşyna guwanýan, hem halaýan ümsüm penjelerini. Emma onuň birden bogmagam ahmal, öldürmegem ahmal meni, emma men bagyşlaryn, sebäbi ol dostum meniň jana-jan; agyrdyp, ynjydyp biler her haçan. Meniň problemam ýok. Indi TW diktorynyň ýylgyrşy edil öňki ýaly hassa edenok, öwrenişdim haki geýen kişileň saklaýşyna gije-gündiz maňa meňzeşleri köçe-haýatda. Şu sebäpden şahsy dokumentlerim ýanyma almagy saklaýan ýatda, suwa düşenimde howuzda hatda. Meniň problemam ýok. Emma düýn hyýallarym mündi gijeki otla, tapmadym men olara sagbol diýmegiň ugrun. Soň ol otlyň agdarlanyn eşitdim, ot bitmeýän derede (diňe sürüjisi galypdyr gurgun). Alkyş aýtdym ýaradana tükenmez, hemem şükür etdim, çünki garabasmalarym kiçi, ýöne umyt edýän olar uly arzuw bolar bir gün. Meniň problemam ýok. Men özüme bakýan dikan, doglanymdan şu güne çen. Emma göwnüm çökse ýatlaýan hökman ölümden soň ömür barny; ömür baryn ölümden soň, meniň problemam ýok. Emma men soraýan, Taňrym, ölümden öň ömür barmy? | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 9 | ||||||
| ||||||