17:35 Nagyşlara siñen söýgi / rowaýat | |
NAGYŞLARA SIÑEN SÖÝGI
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Ir döwürde gum içindäki çarwa obalarynyñ birinde sekiz ogully goja ýaşapdyr. Agzybir, döwletli maşgalada oglanlaryñ ýedisi öýli-işikli bolup, hatar-gatar ak öýleri tutupdyr. Goja il-günüñ ýagşysyna-ýamanyna ýarap ýören ogullaryna ýürekden guwanypdyr. Ol körpe ogluny öýerip, ýañy toýy sowan günleri çarwa obasyna bir şum habar gelipdir. Howlukmaç gelen ýigit atyndan hem düşmän, goñşy oba ýagy çozandygyny aýdypdyr. Atlynyñ habaryny diñlän goja derrew obanyñ ýaşulularyny ýygnap, maslahat edipdir. Ýaşulular: "Goñşulara haýdan-haý kömege ýetişmeli" diýen karara gelipdirler. Gojanyñ sekiz ogly hem sekiz ýerden atlaryna atlanyp, ugramaga taýyn bolupdyr. Şonda gojanyñ iñ kiçi ogly täze gelni bilen hoşlaşanda onuñ elinden tutup: ~ Sag-aman geleris, enşalla, hiç zady gaýgy etme, öýüñ hyzmatynda boluber! - diýipdir. Başy gyzyl kürteli gelin ýagşy niýet bilen söwer ýaryny ýola salypdyr. Gidenleriñ köpüsi birnäçe wagtdan ýagyny gaýtaryp, sag-aman obalaryna gaýdyp gelipdirler. Emma gidenleriñ birentegi gaýdyp gelmändir. Gaýdyp gelmedikleriñ arasynda gojanyñ hem ogullary bar eken. Sekiz oglunyñ ýedisi üçden-dörtden perzenrli bolan hem bolsa, söweşden gaýdyp gelmedik körpe oglunda heniz çaga bolmandyr. Aýlar aýlanyp, ýyllar geçýär. Ahyr gelin özüniñ söwer ýarynyñ keşbini nagşa geçirmegi hem-de baky nusga galdyrmagy ýüregine düwýär. Şol maksat bilen ençeme ýyllar kalbynda göterip ýören arzuwyny amala aşyrmak üçin ýüreginde nagyşlap ýören keşde nusgalaryny tahýanyñ ülñüsine geçirmegiñ aladasy bilen bolýar. Şunluk bilen, gelin ak ýollary arzuwlap ýola salan ýaryna umydygär bolup, akgaýmasyny çekipdir. Soñra hatar-hatar ak öýleri bolan obanyñ keşbini häli-häzire çenli salynýan süñşük nagşynda beýan edipdir. Sekiz oglanyñ keşbini nagyşlamaga oturan gelin kän oýlanyp, pikirlenip, daş-töweregine birgeñsi gözellik berýän, göreniñde gözüñ eglenýän meýdanyñ ot-çöplerini, ösümliklerini synlapdyr. Esli wagt kalbynyñ töründe saklap ýören isleg-arzuwyny, söwer ýaryna bolan söýgüsini nagyşlara geçirip, olaryñ has-da owadan hem gelşikli bolmagy, tebigatyñ gözelligi bilen sazlaşmagy üçin gaty köp pikirlenip gezipdir. Ahyry-da, sekiz sany ak bugdaýyñ dänesini aýasyna alyp, sekizsiniñ-de başyny bir ýere jemläp görüpdir. Şonda täsin bir nagyş emele gelipdir. Şol nagşy keşdä geçirmegi ýüregine düwen gelin olaryñ dördüsini gara, dördüsini dürli reñklerde edip, sünnäläp ýerleşdiripdir. Galan ak ýollaryñ daşyna bolsa öz durmuşynyñ ajaýyp, bagtly, şeýle-de gamly pursatlaryny, günlerini dürli çekdirme görnüşde edip salypdyr. Şeýlelik bilen, gitdigiçe täsin sungat eserine öwrülip barýan tahýanyñ etegi bitipdir. Depesini okarany tegelegine alyp, oña-da hatar gurap oturan ak öýleriñ keşbini çekip, boş galan ýerine-de jähek tutupdyr. Tahýany boldum edensoñ, gelin ony eltip gaýynatasynyñ başyna geýdiripdir. Gaýynatasy tahýany eline alyp, görüp, birsalym, gelniniñ ýüreginiñ ýagyny, mähir-yhlasyny siñdirip tikip-taýýarlan bu işine haýran bolup oturypdyr-da: ~ Eliñe güller bitsin gyzym! Neneñsi gözel iş! - diýipdir. Gelin ýaşmagynyñ aşagyndan pyşyrdap: ~ Sekiz ogluñ bakydyr. Olar gaýdyp gelmedi diýip, hiç haçan ýüregiñi agyrtmagyn! Olara bolan söýgi bakylygyñ nyşany bolup, şu tahýadaky nagyşlara siñendir - diýipdir. Gaýynatasy gelniñ bu sözlerini eşidip, gözünden boýur-boýur ýaş döküpdir. Tahýany eline alyp: ~ Tañryýalkasyn! Seniñ eliñ hünäri adamzadyñ köñül böleginde bolar! - diýipdir. Şondan bäri-de "Süñşük", "Sekizkeşde" we "Üçgyýak" nagyşlary türkmeniñ keşdeçilik sungatynda dowam edip gelýär. Olaryñ her biri biziñ mähriban gelin-gyzlarymyzyñ tebigatdan alan gözellik nusgasydyr. Eli çeper, dili şeker gelinlerimiziñ kalbyndan çykan şol ajaýyp nagyşlarda bolsa, olaryñ mukaddes maşgala ojagyna, söwer ýarlaryna bolan baky söýgüsi, wepalylygy ýatandyr. Annamyrat BERDIMYRADOW, žurnalist. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |