23:29 Naska geoglifleri näme üçin çyzyldy? | |
NASKA GEOGLIFLERI NÄME ÜÇIN ÇYZYLDY?
Geň-taňsy wakalar
Taryhyñ häzire çenli çözülmän ýene bir gizlin syrlarynyñ biri-de Naska geoglifleridir. Perunyñ Ýuwaş okeana ýanaşýan günorta kenarlaryndaky Naska çöli we And daglarynyñ okeana uzap gidýän eteklerine oýulyp çekilen köp sanly geoglifler (ýer çyzgylary) alymlary ünjä goýýan birgiden sowallary jogapsyz galdyrmagyny dowam edýär. Naska geoglifleriniñ üsti Günorta Amerikany ispanlaryñ basyp almasyndan soñ açyldy. Çyzgylaryñ barlygy baradaky ilkinji subutnama 1939-njy ýylda orta çykdy. Amerikaly arheolog Pol Kosok Naska çölüniñ üstünde uçarly aýlandy we geoglifleriñ fotosuratlaryny aldy. Şol ýyldan başlabam Naska geoglifleri boýunça dürli ylmy barlaglar geçirilmäge başlandy we ilkinji teoriýa 1946-njy ýylda ömrüni bu geogliflere bagyşlan nemes matematigi Mariýa Raýhe (1903-1998) tarapyndan orta atyldy. Onuñ pikiriçe Naska geoglifleri çölüñ ýokarky gatlagyndaky goýy reñkli gumuñ gazylyp, aşaky gatlakdaky açyk reñkli gumuñ orta çykarylmagy bilen döredilipdir. Geoglifler Günüñ, Aýyñ we käbir ýyldyzlaryñ ýerleşişini suratlandyrypdyr. Bu şekil naskalylaryñ ekin-tikin, suwaryş, hasyl ýygnamak ýaly ekerançylyk işlerinde daýhan kalendarynyñ deregine ulanylypdyr. Raýhäniñ teoriýasy geometrik çyzgylara esaslanypdy, emma haýwan we ösümlik çyzgylary ýaly beýleki motiwler boýunça çaklamalary öz içine alyp bilmändi. Soñky ýyllarda uzak aralykdan surata alma tilsimatlary bilen geçirilen barlaglar Naskadaky geoglifleriñ sanynyñ bir müñ bäş ýüzden gowrakdygyny ýüze çykardy. Jemi 3.885 kilometr kwadrat meýdany tutan geoglifleriñ köpüsini spiral, trapesiýa, ok, zigzag ýaly näme many añladýandygy belli däl şekiller düzýär. Şeýle-de, guş, balyk, gaplañ, maýmyn ýaly haýwan motiwleri, agaç, gül ýaly ösümlik motiwleri, adam şekilleri we fantastiki mahluklardygy çak edilýän başga-da birnäçe şekiller bar. Iñ uly ölçegdäki geoglifiñ ululygy 300 metrdenem uly we birnäçe kilometri tutýar. Iki müñ dört ýüz ýyl ön naskalylar bu geoglifleri näme maksat bilen çyzdylarka diýen soraga alymlar şekilleriñ daşky görnüşine düşündiriş bermek arkaly jogap bermäge synanyşýarlar, şeýle-de olar öz aralarynda bu boýunça dürli-dürli çaklamalary orta atýarlar. Kolibri guşy, kelpeze, kit ýaly haýwanlaryñ şekili geoglifleriñ dini simwolizmi añladýandygyny çaklaýanlar bilen birlikde käbir hünärmenler geometrik çyzgylaryñ suwuñ akýan ugurlaryny ýa-da suwaryş diagrammasyny añladýandygyny çaklaýarlar. Hünärmenleriñ ýene bir topary bolsa bu geografiki çyzgylaryñ ýagmyr dogasyny okamak çäreleri bilen baglanyşykly bolup biljekdigini öñe sürýär. Başga bir tarapdan möýleriñ, guşlaryñ we ösümlikleriñ yrsgal-bereketi alamatlandyrýandygyny aýdýan hünärmenlerem bar. Eýsem, ylym Naska geoglifleriniñ syryny haçan doly we dogry düşündirip bilerkä? Belkäm, gelejekde muña ýardam edip biljek ynamly goşmaça maglumatlar tapylar? Häzirlikçe muña jogap tapylanok... ■ Goşmaça maglumat üçin seret: http://www.kitapcy.ga/news/naskanyn_aerodromyndaky_gen_tansy_sekiller/2020-03-19-10911 @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||