10:23 Atlantida rowaýatmy, hakykat? | |
ATLANTIDA ROWAÝATMY, HAKYKAT?
Geň-taňsy wakalar
Atlantida Eflatunyñ kitaplarynda agzalýan rowaýatlaşan yklymyñ we siwilizasiýanyñ adydyr. Eflatun Atlantidanyñ adyny ilkinji gezek "Timeý" we "Kritiý" atly kitaplarynda agzaýar. Onuñ aýtmagyna görä, Atlantida yklymy ymgyr baý ýurt bolupdyr we asylzada kişiler tarapyndan dolandyrylypdyr. Siwilizasiýa Afrikany we Amerikanyñ günbatar bölegini golastynda saklapfyr. Eflatun atlantidalylaryñ b.e.öñki 9500-nji ýylda Afinyny basyp almaga synanşyp şowsuzlyga uçrandyklaryny we bir gijäniñ içinde tutuş siwilizasiýanyñ deñiziñ teýine gapgarylandygyny aýdýar. Atlantidany käbir taryhçylar Eflatunyñ öz syýasy garaýyşlaryny beýan etmek üçin döreden toslama siwilizasiýasydygyny öñe sürýär. Emma Atlantidada gürrüñ berilen hekaýatlaryñ näçeräginiñ gadymy hekaýatlardan alynandygy, näçeräginiñ Eflatun tarapyndan toslanandygy barada hiç kim belli bir pikire gelip bilenok. Amerikaly alym Robert Sarmast Atlantidanyñ ýerleşýän ýerini anyklamak üçin Efkatunyñ kitaplaryna salgylanyp elli sany fiziki deliliñ üstünde işledi, muña garamazdan onuñam geçiren barlaglary netije bermedi. Şondan soñ ol geofizika ylymlarynyñ doktory Jon K.Hall bilen bilelikde iş geçirip, yklymyñ çuñluk ölçegleri bilen bile üç ölçegli kartasyny taýýarlady. Sarmastyñ pikiriçe Atlantida Siriýa bilen Kipriñ aralygynda bolupdyr we batan Atlantidanyñ suwuñ ýüzünde galan iñ ýokarky depesi häzirki Kipr adasydyr. Käbir alymlar Gurhanda heläk edilen kowumlaryñ biri hökmünde agzalýan Ad kowmunyñ Atlantida siwilizasiýasydygyny aýdýarlar. Ibn Haldunyñ "Mukaddimesinde" bu barada şeýle diýilýär: "Görmediňmi, Rebbiň Ad (kowumyna), diregleri bolan iremä näme etdi" manysyndaky aýaty düşündirýän tefsir alymlary «irem» sözüni bir şäheriň ady hökmünde beýan edýärler we bu şäheriň «diregleri bolan», ýagny «sütünleri bolan» diýip sypatlandyrýarlar. Olaryň aýtmaklaryna görä, Ad ibn Uws ibn Iremiň özünden soň hökümdar bolan iki ogly bolupdyr. Biriniň ady Şedit, beýlekisiniň ady Şetdat. Şedit heläk bolansoň mülk diňe Şetdada galýar. Beýleki hökümdarlar hem oňa tabyn bolýarlar. Jennetiň wasplaryny işiden Şetdat «Men hökman ýerde bir jennet dörederin» diýýär we üç ýüz ýyllap zähmet çekdirip, Aden şäherinde Irem şäherini gurdurýar. Onuň özi hem dokuz ýüz ýyl ýaşapdyr. Irem saraýlaryň we köşkleriň aşagyndan, sütünleri zeberjetden we ýakutdan bolan uly bir şäherdir. Ol ýerde dürli-dürli agaçlar we yzygiderli akýan derýalar bardyr (Erem bagy diýilýän bag-bakjalar bardyr). Şäheriň gurluşygy gutaransoň, Şetdat ülkesiniň raýatlaryny ýygnap ol ýere gidýär. Şähere bir günlük ýol galanda, Allatagala olaryň üstüne asmandan bir çirkin ses iberýär we olaryň hemmesi heläk bolýarlar. Bu habary Tabary, Saglaby, Zamahşary we beýleki tefsir alymlary gürrüň berendirler. Sahabadan Abdylla ibn Kilabeden (dogrusy tabygyndan Abu Kylaba bolmaly) şeýle rowaýat edýärler: «Abdylla ýitiren düesini gözläp ýörkä, Erem şäheriniň üstünden barýar. Ol ýerden göterip bilen altyn-kümüşini ýükläp getirýär. Muny eşiden Mugawyýa Abdyllany ýanyna çagyrýar. Ol hem gören zatlaryny oňa gürrüň berýär. Mugawyýa hem Kabul-Ahbary tapyp getirdýär, ondan ýagdaýy soraýar. Ol hem şeýle diýýär: «Ol ýeri direg we sütünleri bolan Eremdir. Musulmanlardan gyzyl, gysga boýly, gaşynyň we boýnunyň üstünde bir meň bolan bir adam düýesini gözlemäge çykar we bu şähere girer» diýýär. Soň başyny galdyryp seredýär we Abdylla ibn Kylabyny görüp: «Walla bu adam inse şu adamdyr» diýýär. Şol günden bu döwre çenli dünýäniň haýsydyr bir ýerinde bu şäher barada hiç bir zat eşidilen we habar alnan däldir. Erem şäheriniň gurlan ýeri hökmünde öňe sürülýän Aden sährasy Ýemeniň ortasyndadyr. Bu öňden bäri Ymran halykda barlygyny sürdürýändir. Deliller we ýolgörkezijiler hemmetaraplaýyn bu ýeriň ýollaryny suratlandyrýarlar. Ýöne bu şäher barada gürrüň gozgalan däldir. Ne habar ýygnamakda hünärmen bolan taryhçylaryň haýsydyr biri, ne-de haýsydyr bir millete degişli bolan şahsyýet bu ýer barada gürrüň agzandyr. Taryhçylaryň biri: «Bu şäher Damaskdyr. Çünki, Ad kowumy bu ýerde ýaşady» diýipdir. Hatda käbirleri has hem ileri gidip: «Bu şäher gaýypdyr, bu ýerini diňe jadygöýler we galandarlar bilerler» diýipdirler".[1] Belli ýazyjymyz Osman Ödäýew Nobatguly şahyr bilen geçiren gürrüñdeşliginde Atlantida barada şeýle pikirleri ýöredýär: "Ýer şarynda siwilizasiýanyň häzirkiden has ösen zamanlary hem bolupdyr diýip ylym tassyklaýar. Ylmy tassyklama indi eýe bolmadyk Atlantida hakyndaky rowaýata çalymdaş waka gaty täsin. Sebäbi ynandyrýar! Belki-de, ynanasym gelýändir. Biziň eramyzdan ozal Sokratyň okuwçysy, Yslam dünýäsinde Eflatun ady bilen meşhur bolan Platon özüniň «Timiý» hem «Kritiý» hakdaky dialog kitaplarynda Atlantida hakynda ýazýar. Ol şol wagtlar ýetmiş ýaşynda eken, ýagny biziň eramyzdan 355-nji ýylda ýazýar. Platon ol ada hakynda örän geň maglumat berip, 11500 ýyl mundan ozal örän syrly ýagdaýda Atlantidanyň okeanyň düýbüne batyp gidendigini ýazýar. Atlantika okeanynyň ady hem şonuň bilen bagly. Platon Atlantida adasynyň Gibraltar bogazynyň golaýynda ýerleşendigini beýan edipdir. Eflatunam, aga, seniň ýaly dünýäni düzetjek bolup, ideal jemgyýeti agtaryp, şol jemgyýeti, hiç bolman, hyýalynda döreden adam. Atlantida mifi dünýä döräp alymlaryň, dindarlaryň, ýazyjylaryň, geograflaryň mydama ünsüni çeken şäher-döwlet. Ol hakda bäş müň çemesi kitap ýazylypdyr, diýmek, ol ýöne owadan mif däl! Platonyň ýazyşyna görä, adanyň ini-boýy 370–570 kilometr çemesi, örän ajaýyp klimatly, boz toprakly haýwanat, ösümlik dünýäsine baý, ýaşaýyş üçin diýseň ýaramly bolupdyr. Atlantida gürrüňine başlamankam alymlaryň gipotezasyna görä, şol döwürde bolan Lemuriý döwleti hakynda-da aýdaýyn. Mundan elli müň ýyl ozal dünýäniň geografik kartasynyň başgarak bolandygyny alymlar tassyklaýar. Lemuriýa döwleti Peru döwletinden Gawaýýa, Polinez adalaryna çenli bolan arany tutupdyr. Atlantida döwleti Müsür, Ispaniýa bilen ýygy söwda we beýleki aragatnaşygy saklapdyr. Olaryň çagalary eýýäm ikinji-üçünji klaslarda ýokary matematikany bilipdirler, akyldarlyk ýaşy 23–25 ýaş hasap edilipdir. Adamzadyň altyn asyr diýip agzyny suwardýan asyryny olar başdan geçirip, her bir atlantly birnäçe ýüz ýyl ýaşapdyr. Şu taýda Oguz hanyň nebereleriniň birnäçe ýüz ýyl ýaşandyklaryny hem ýatlalyň! Lemuriýa döwleti has-da ösen eken! Gürrüň gaty uzyn boljak, şonuň üçin biz diňe Atlantida bilen oňaýaly. Atlantidaly adamlar filosofiýa bilen gaty gyzyklanman, matematika, oýlap tapyşlar bilen gyzyklanypdyr. Olar islendik sanlary edil kompýuter ýaly ýadynda hasaplap bilipdir. Her kim öz öljek wagtyny özi kesgitläpdir, ýagny olar tibetlileriň ösen danalary ýaly, aňsatlyk bilen öz ruhlaryny göwresinden çykaryp, o dünýä gitmegi başarýan eken. Atlantida-da ylym hem tehnika görlüp-eşidilmedik derejede ösüpdir welin, çakyň dälmiş. Olar gün energiýasyny doly uýanlamagy başaryp, öz adalarynda ummasyz uly energiýa zapaslaryny saklapdyrlar. Fantastiki çaltlyk bilen uçýan apparaturalary ýasap, başga planetalylar bilen ýygy aragatnaşykda bolupdyrlar. Başga planetalylar olara Güýç Kristallaryny ýasamaga ýardam edipdirler. Häzire çenli pynhan syr bolup galýan Bermud üçburçlugynda şol Güýç Kristallarynyň biri ýatyr diýip alymlar çaklaýar. Bermud üçburçlugynyň bolsa üstünden geçýän gämini hem, asmandan, onlarça kilometrden ýokarda barýan samolýoty hem bir demde ýuwdup goýberýändigi hakda bilýänsiň! Ýadro howpunyň şu gün dünýä howp salşy ýaly, olaryňam ylmy gazananlary özüne howp salýar. Atlantida-da has ösen Lemuriý döwleti başyna betbagtlyk inderýär. Atlantidanyň ykbaly hem şolaryňkydan gowy bolmaýar. Ada betbagtlyk abananyny duýan köp atlantlylar gaçyp Müsüre, Ispaniýa, Zakawkazýä, Italiýa, Gresiýa barýarlar. Müsür piramidalarynyň awtorlary hem adasyny suw basan şol atlantlylar hasap edilýär. Lemuriý döwleti Hytaýy basyp almak üçin Güýç Kristalyny göni ýeriň garnyndan Hytaýa gönükdirýär, netijede gaty ullakan ýer titremeler bolýar, Lemuriý hem suwuň astynda galýar. Güýç Kristalynyň gönükdirilen ýeri Sargass deňzi diýip hasap edilýär. Sargass deňzine korabllaryň gabrystanlygy diýilmegem ýöne ýere däl, şu mahala deňiç şol ýerde Güýç Kristalynyň täsiri bar diýlip çaklanylýar. Meniň pikirimçe, şol beýik atlantlylaryň nebereleri Oguzhanyň ýurduna hem aralaşan bolmaly! Elbetde, bu zatlar göräýmäge fantastika! Emma hakykata galtaşýan ýerleri gaty köp. Atlantlylar öz tejribelerini, paýhasly zatlaryny ýörite gutuda saklapdyrlar".[2] Eýsem, Atlantida Gurhanda ýok edilendigi aýdylýan Ad kowmumyka ýa-da bütinleý başga kowummy? Belkäm, ylym gelejekde muny tassyklap ýa-da ýalana çykaryp biljek ynamly maglumatlary tapar? Häzirlikçe muña jogap tapylanok... ____________________________________ [1] Maglumat üçin seret: http://www.kitapcy.ga/news/mukaddime_taryhcylaryn_yazyan_esassyz_habarlarynyn_sebapleri_barada/2019-12-07-9565 [2] Maglumat üçin seret: http://www.kitapcy.ga/news/ikinji_sohbet_bu_dunya_hudayyn_fantaziyasydyr/2018-12-24-4146 @ Kitapçylar. | |
|