16:00 Naakal siwilizasiýasy rowaýatmy, hakykat? | |
NAAKAL SIWILIZASIÝASY ROWAÝATMY, HAKYKAT?
Geň-taňsy wakalar
Naakal siwilizasiýasy - iñlis alymy Jeýms Çýorçward tarapyndan giñden tanadylan we taryhda bolup geçendigi öñe sürülen siwilizasiýadyr. Naakal medeniýetiniñ bolandygyna güwä geçýän hiç hili ylmy tapyndylar ýogam bolsa, Jeýms Çýorçwardyñ Günbatar Tibetde tapan naakal ýazuw ýadygärlikleri Atlantida we Mu siwilizasiýalarynyñ syrlaryna aralaşmagyñ täze ýollaryny açdy. Naakaldan ilkinji bolup 1896-njy ýylda amerikaly alym Ogýust Lýo-Plonžon "Queen Moo and the Egyptian Sphinx" kitabynda söz açdy. Lýo-Plonžonyñ pikiriçe, Naakal siwilizasiýasyny maýýa dinini wagyz edijiler döredipdir. Olar Orta Amerikadaly iñ gadymy we iñ güýçli siwilizasiýa bolupdyr. 1926-njy ýylda çap bolan "The Lost Continent of Mu, Motherland of Man" kitabynda Naakaldan söz açan Jeýms Çýorçwardyñ pikiriçe Naakal medeniýetiniñ 64 millionlyk ilaty bolupdyr we bu medeniýetiñ ömri 50 müñ ýyl dowam edipdir. Jeýms Çýorçward Tibetde tapdym diýen naakal ýazgylaryna salgylanyp, naakal medeniýetiniñ adamzat siwilizasiýasynyñ sakasy bolandygyny öñe sürdi. Ol Mu siwilizasiýasyna-da şol ýazgylar esasynda çemeleşip, Mu yklymyna we halkyna Naakal diýip at berlendigini ýazýar. Çýorçward nakal ýazgylarynda şeýle jümleleriñ bardygyny aýdýar: "Mu yklymy, güneşli, ýöne bol hasylly we bereketli, düzlük ýurtdy. Onuñ çar künjüni göm-gök otluk, sonarlyk meýdanlar, sümme tokaýlar gurşap alypdyr. Endigan akýan, giñ deltaly, bol suwly derýalaryñ boýunda gurlan ajaýyp uly şäherler ýerleşipdir. Ýer ýüzüniñ uçmahy diýilmäge mynasyp bu yklymda belent dag gerişleri bolmandyr. Daglar diñe ol ýerde däl, dünýäniñ beýleki yklymlarynda-da entek beýgelip ýetişmän eken. Mu we mulylaryñ döwri ýer ýüzünde entek daglaryñ emele gelmeginden owalky geologik eýýama, üçünji arz döwrüne gabat gelipdir. Mu tokaýlarynda we suwlarynda şol döwre mahsus haýwanlar ýaşapdyr. Muly adamlar islendik ýabany haýwany eldekileşdirmegiñ ýoluny tapypdyr. Olar möýüñ kerebiniñ mysalynda tutuş yklymy ykjam ýollar bilen doldurypdyrlar. Çar tarapa uzaýan ýollaryñ nireden başlap, nirede gutarýandygyny biler ýaly bolmandyr. Olar ýollary şeýle bir ökdelik bilen çekipdirler welin, hatda onuñ galyndylary-da biziñ günlerimiziñ ýol-gurluşykçylaryny, inženerlerini haýrana goýýar. Mina şeklindäki trotuar daşlary ýanaşyk däl-de, biri-birinden aýryp bolmaz ýaly oturdylypdyr. Onuñ haýsy tarapyndan seredende-de, ýoluñ gyralary oklaw ýaly göni bolupdyr. Mu ýurdunyñ jemagaty bitewi bir hökümetiñ tabyn on taýpanyñ bileleşen konfederasiýasyndan ybarat bolupdyr. Hökümet ýolbaşçysyna Munyñ Güni - jygasy, hökümdary, häkimi, emiri, ýagny Ra-Mu diýlipdir. Ramular jemagaty Tañrynyñ inderen mukaddes ýazgylaryna laýyklykda dolandyrypdyr. Ýolbaşçylar halkyñ öñündäki wezipe borçlaryny oýlanşykly we mylakatly ýerine ýetiripdirler. Mu ýurdunyñ uludan-kiçä hemmesi ýeke-täk Hudaýa ynanypdyr". Eýsem, adamzadyñ taryhynda gelip-geçen ähli siwilizasiýalaryñ enesi hasaplanýan Naakal siwilizasiýasynyñ bolup geçendigini ylmy taýdan tassyklap ýa-da doly ýalana çykaryp bolarmyka? Ylym hernäçe garşy çykýanam bolsa, soñky ýyllarda Naakal siwilizasiýasyndan söz açýan ylmy-fantastiki çeper eserler barha köpelmek bilen. Gynansak-da, 70 müñ ýyllyk taryhynyñ bardygy aýdylan Naakal medeniýetiniñ ýazuw ýadygärlikleri Jeýms Çýorçward ölenden soñ näbelli ýagdaýda ýitirim bolupdyr. Bu bolsa meseläniñ çözgüdini hasam kynlaşdyrýar. Belkäm, gelejekde muña jogap berip boljak ynamly maglumatlar tapylar? Häzirlikçe muña jogap tapylanok... @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||