23:36 Nätsemkäm? / ýumoreska | |
NÄTSEMKÄM?
Satiriki hekaýalar
Çüwmejek bolsa – çüwmez eken. Ýogsa, kül dökmedik ýerim galmady. Emelliräk ýerlerde ýaňybir ornaşyp ugraýan welin, ýa-ha ýokardaky süýreýjim işden aýrylýar, ýa-da “saglyk ýagdaýy” zerarly, arzasyny berýär, juda bolmanda, ölýär-de oturyberýär. Hamala, üç-dört ýyl ýerinde otursa, men özümi tutup, “Eşek semrese, eýesini deper” diýenlerini edäýjek ýaly. Garzahaý, şu durmuşda agzym ýagjarman geçdi. Emelli ýerler maňa düşmänsoň, olary owarram edip, bagtymy söwdada synap göreýin diýdim. Gedaýçylyga-da gurp gerek bolşy ýaly, söwda ulaşjak bolsaňam, maýa gerek. Onsoň, tanyş-bilişlerden, dogan-garyndaşlardan karz-kowal jemläp, geçgel diýilýän harytlardan lükgeläp aldym. Şol harytlary öýümiziň ýanyndaky uly köçäniň gyrasyna çykaryp, üstüne 40-50 manat goýup, güzledip ugradym. Şeýdip az-owlak üýşüberdi. Soňabaka çilimlerimi ştuklabam satyp başladym. Bäş-alty gün geçip-geçmänem ýüzüm düýäň dabanyna döndi. Indi awtobusda dagam bir zat düşjegini bilsem, “Pažalysta, mesto za 5 manat!” zowladyberýän. Dogry-da walla! Edýäniň söwda bolsa, onuň ownugy-irisi ýokdur. Kiçijik biznes azrak göründimi ýa-da nebsi günüme goýmadymy, onçasyny biljek däl, indi ulurak biznese-de baş goşup, tizräk baýasym geldi. Tokgalanja pulumy on-ýigrimi sany goýun, ýarty maşyn alma aldym. Bisähet güni söwda edendirin-dä, alan goýunlarymyň üçüsini maşyn kakdy, biri aşa düşüp, haram öldi, ikisini ogurlatdym. Galanlarynyňam agzyna seretmek hyllalla bolaýdy. Sygra horan diýýärler welin, meniň alan dowarlarymyň horanlygy şolara-da gaýra dur diýýär. Gepiň küle ýeri, alan goýunlarymy zordan alan ýerime ýelmedim. Alma diýlen närse ýaman ynjyk eken. Bir ýaşşikde çala zaýalanany bar bolsa, beýlekilerinem çüýredip çykýar. Soňabaka bäş şaýy görmekden geçen, gaýtam olary öňki bahasyna satyp bilmän kösendim. Asyl ýarpy bahasyna-da geçmese nätjek! Ahyry gaharyma: “Geliň how, alma alyň. Mugt. Hudaýýoluna berýän...” diýip gygyrsam, öten-geçen ýüzüme çiňerilip-çiňerilip, maňa akyly üýtgän terzde seňriklerini ýygyrdylar. Görüň-ä muny! Almamy mugtuna alanoklar. Tüýs taňry gargany diýlenleri boldum. Gaharyma almalary ýaşşigi-beýlekisi bilen zibilhana taşlap goýberdim. Lomaý söwdam oňmady. Ony taşlamaly boldy. Ýeri, taşladyň – taň etdiň, bergilerm-ä üzmeli bor. Indi köçede bergidarym duşsa gaçyp ýörün. Ýöne gaçyp nirä gitjek? Öň setanda-seýranda halymy soramaga gelýän algydarlarym indi günde-günaşa öýümi alşyp otyrlar. Utanç-haýalaram ýok. Hamala, men bergimi bermän, ölüp gidäýjek ýaly. Bir göwnüm-ä boýnumdan syrtmak salaga-da, şularyň içini-bagryny tütedäýeýinem bir diýdim. Arman, oňa-da atyň kellesi ýaly ýürek gerek eken. Ölmejek bolsaň – bergiden çykmanyň alajyny iýmeli. Nädendir öýdýäňiz? Nätmeden özi saklasyn! “Onda-munda gygyryp ýörenleriňem menden artyk ýeri ýok!” diýäge-de, bagşyçylyga baş goşdum. Ilki çaklaňja oturylyşyklarda aýdym aýtsam, soňra uluraklarynda-da çekinmän zowladyberdim. Hatda käbir ýoknasyz göribiň: “Agasy, arasynda nas-pas atybam hezil beräý-how!” diýmesine-de per bermedim. Bir üýşmeleňde-hä adamlar maňa ýöne pul oklady durdy. Öz ýanymdan ahyry hakyky bagşy hökmünde ykrar edildim diýip begenmek begendim. Ýöne ýalňyşan ekenim. Sebäbi: “Jemagat! Size haýsy dessany aýdyp bereýin? “Zöhre-Tahyrymy” ýa-da “Tahyr-Zöhräni” diýip, sorasam. “Gardaş, sen gaýrat et-de, bir käse çaý içip, dynjyňy alsana, biziň gulaklara dynç beresimiz gelýä!” diýmezlermi? Her näçe ýüz ýasy bolsa-da, bagşyçylygam, bialaç taşladym. Indi nätmeli? Näme käre baş goşmaly? Ýa miliselige geçäýsemmikäm? Walla, milise bolaýsam-a bir topar boýny ýogyny dyzyma çökärin. Dogrusy, men ile sala salyp, dost pendini tutup ýörenlerden däl. Emma şu sapar sylap ýören daşgynrak garyndaşymdan soradym. Ol ýüzüme äňetdi-äňetdi-de: - Dogrymy aýdaýynmy? – diýip sorady. - Elbetde! – diýip, menem gönüledim. - Miliselige kim geçse-de, sen geçme! – diýip, ol birsellem kürtdürdi. - O näme üçin? – diýip, men ony gyssadym. - Weý, sen dogryňy aýt diýdiň-ä! - Aýtsam şeýle: milise bolsaň, sen obany göçirsiň... - Näme-näme... - Milise bolsaň, dost-ýar diýmän, garyndaş diýmän, birýan ujundan gyr-ýapyr edip çykaýmasaň... Sen barymyzy tutup çykarsyň... - Edil beýdäýjegimi sen nireden bilýäň? – diýip, gaharym gelse-de, zordan ýuwutdym. - Özüňe-de belet, tohumyňa-da... – diýip, garyndaşym menden garaw görmänsoň, diliniň keýpini gördi. – Aslynda sen ýalakyny milisäň töweregindenem eltmezler. Ýaman gaharym geldi. Hatda gözlerimden ot çykdy. - Näme üçin? – diýip, men garyndaşymyň ýakasyndan tutdum. Garyndaşymyň tas ýüregi ýarylypdy. Ol zordan elimi ýakasyndan aýyrdy. - Ş-şuň üç-çin... – diýip, ol dilini peltekledip, töweregimden süzüberdi. Ine, indem ýeke özüm oýlanyp otyryn. Miliselige synanyşyp görmelimi ýa-da görmeli däl? Eýsem, men kimden kemmişim? Ýa, dogrudanam, o taýy meň ýerim dälmikä? Halys iki jähennemiň owarrasy bolup galdym. Il-gün, maslahat beriň, indi nätsemkäm? Maňa ýyljak, gazançlyja ýer tapyşmaga kömek ediň! Amangeldi AŞYRMÄMMEDOW. “Watan” gazeti, 01.06.1996 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |