NAZYM HIKMET HAÝSY TARYKATYŃ ÝERINE ÝETIRÝÄN ZIKIRLERINI DIÑLEDI?
Nazym Hikmet Ran aradan çykanyna elli ýedi ýyl geçenem bolsa, onuñ adynyñ we pikirleriniñ üstünde turýan jedelleriñ gutarmaýan fenomen şahyrydyr.
Nazym şahyr hakynda hernäçe aýdylsa-da, düşünilşi ýaly tanap boljak beýik talantdyr, onuñ pelsepewi we mistiki taraplary öwrenilse-de, özüne dahylly beren ujypsyzja ýüpuçlary boýunça öwrenip boljak ekstensiw ruhly şahyrdyr.
Onuñ pelsepewi pozisiýasyny we zähmetkeşleriñ tarapyny tutup, eksplutatorlara garşy söweşjeñ kommunistik ruhunyñ bolandygyny hemmeler bilýär. Şahyr jemgyýetleriñ umumy gymmatlyklar we umumy önümçilige goşant goşmak arkaly deñligi gazanyp boljakdygyna ynanýardy. Nazymyñ kommunizme akyl we köñül ýakynlygyny diñe sap şygarly ideologlyk bilen garyşdyrmazlyk we ony dinden gözbaş alýan inçe tassawuf taglymatyndan daşdadyr öýtmezlik gerek.
■ "PELSEPEWI TARAPY BILEN..."
Nazym Hikmet eger deñsizlik we adalatsyzlyk kommunstlerden çyksa-da, oña garşy durup bilen, ynsanperwer ideýalar diniñ ahlak dissiplinasyndan gelip çykýan bolsa-da - oña arkasyny öwürmän gol-ganat gerip bilen ajaýyp häsiýetli seýrek adamlaryñ hilindendi.
Türkiýeden mejbury ýagdaýda gaçyp Moskwa baran güni aýdan sözünde: “Meni Stalin döretdi” diýen sözleri ulanan Nazym birnäçe ýyl geçensoñ, Staliniñ garşysyna:
"Ýok boldy bir saba,
Ýok boldy köwşi meydanlardan
Kölegesi agaçlarmyzyñ üstünden
Çorbamyzdan murty
Otaglarmyzdan gözleri... "
- diýen setirleri ýazyp, oña iñ gazaply garşylygy berip bilipdir.
Nazym pelsepewi tarapy bilen öñe saýlanan kişi bolanam bolsa, duýgy dünýäsinde tasawwufa (sopuçylyga) köñül beren sopynyñ keşbi bardy.
Nazym Hikmeti ulaldan atasy Nazym paşa möwlewiýe tarykatyna bagly dindar adam bolupdyr. Ol Konýa walylygynda bolanda Nazymam ýanynda eken. Paşanyñ öýünde üýşmeleñler bolupdyr, mesnewiler okalypdyr, tasawwuf söhbetleri edilipdir. Nazym hem şol üýşmeleñlerde bolupdyr, görýän we eşidýän zatlary oña ýiti täsir edipdir. Hususanam möwlewihanalara gidip möwlewiýeleriñ zikirlerini höwes bilen synlapdyr. Başlary uzyn külahly, arkasy tennureli semazenleriñ (möwlewiýe tansyny ýerine ýetirýän semaçylar) pyrlanyşlary diýseñ täsirlidi. Elbetde, Nazymyñ şular ýaly şertde möwlewiýe tarykatyndan täsirlenmezligi-de mümkin däldi.
■ POZISIÝASYNDA-DA MÖWLANANYÑ TERZINE KYBAP DURARDY
Onuñ möwlewiýe ruhy bilen ýazan goşgusy bu täsirlenmä güwä geçýän iñ gowy mysal bolsa gerek:
Uranda alnyma ýoklugyñ demi,
Sylyndy köñülden şatlykdyr gamy,
Kalba muhabbetde tapdym melhemi,
Men hem bir müridiñ, ynha, Möwlana.
Edebe set çeken zulmaty dildim,
Yşky içden duýdum, arşa beýgeldim,
Kalpdan tämizlendim, huzura geldim,
Men hem bir müridiñ, ynha, Möwlana.
Hakykatda şahyr "Men hem bir müridiñ" diýmek bilen ýüzlerçe ýyl öñ ýaşap geçen Möwlana Jelaleddin bilen edebi çekişmä girýär, çünki ol öz prinsipial düşünjesini döredip bilen şahsyýetdi, emma çekişmesini-de Möwlananyñ stiline mahsus terzde guraýar.
1945-nji ýylda Bursa türmesinden Wala Nureddine ýüzlenip ýazan hatynda muny şeýle beýan edýär: "Görýärsiñizmi, çekişmämi we pozisiýamy Hezreti Möwlana çenli uzatdym. "Sureti hemi zillest" diýip başlaýan we dünyanıñ gury ham-hyýaldan hem-de kölegeden ybaratdygyny söýleýän bir rubagysy bardyr.
Meniñki ýüzlerçe ýyldan soñ hezrete jogap:
Gördügüñ hakyky älem, eý Jelaleddin, hyýal däl
Uç-gyraksyz ýaradylman ressamy illeti-pylan däl,
Hem señ gyzgyn etiñden galan rubagylañ ajaby,
Sureti hemi zillest pylan diýp başlaýan däl...’’
(Sureti hemi zillest - Görünen hemme zat kölegedir. Illeti-ula: Birinji sebäp, ilkibaşky sebäp)
Stambuluñ daşary ýurtlular tarapyndan basylyp alnan agyr ýyllarynda Beýoglundaky "Aga metjidiniñ" harap we perişan halyny götüp, oña nebsi agyran Nazym Hikmet şu goşgyny ýazypdy:
"Havsalam almıyordu bu hazin hali önce
Ah, ey zavallı cami, seni böyle görünce
Dertli bir çocuk gibi imanıma bağlandım;
Allahımın ismini daha çok candan andım.
Ne kadar yabancısın böyle sokaklarda sen!
Böyle sokaklarda ki, anası can verirken,
Işıklı kahvelerde kendi öz evladı var...
Böyle sokaklarda ki, çamurlu kaldırımlar,
En kirlenmiş bayrağın taşıyor gölgesini,
Üstünde orospular yükseltiyor sesini.
Burda bütün gözleri bir siyah el bağlıyor,
Yalnız senin göğsünde büyük ruhun ağlıyor.
Kendi elemim gibi anlıyorum ben bunu,
Anlıyorum bu yerde azap çeken ruhunu
Bu imansız muhitte öyle yalnızsın ki sen
Bir teselli bulurdun ruhumu görebilsen!
Ey bu caminin ruhu: Bize mucize göster
Mukaddes huzurunda el bağlamayan bu yer
Bir gün harap olmazsa Türkün kılıç kınıyla,
Baştan başa tutuşsun göklerin yangınıyla!"
(Goşgy asyl nusgasynda berildi)
Nazym Hikmetiñ Rumyniýada ýaşan döwründe onuñ sürüjisi bolan Mämmet atly biri bilen bolan gürrüñleri tutaryk edinýänler şahyryñ ölmezden öñ dindar bir musulmana öwrülip, dine bagly ýaşandygyny öñe sürýärler. Rumyniýada Gadyr gijesinde aýaly Wera bilen baran metjidinde jemagata seslenip: “Gadyrly jemagat, men bir kommunist, emma bular ýaly mübärek gijede sizi metjit ýaly mukaddes mekanda görýänime özümi bagtly duýýaryn, ynanyñ, diýseñ duýgulandym!” diýendigini aýdýarlar. Şeýle-de Nazym şahyryñ 1951-nji ýylda bir kater bilen Garadeñiziñ üstünden daşary ýurda gaçmagyna kömek eden ýazyjy Refik Erduranyñam: "Nazym azan okalanda gözlerine ýaş aýlanan adamdy" diýendigi ýazylypdyr.
Aslynda men bulary Nazym Hikmetiñ hakykatdanam dindar bir musulman bolandygy baradaky gipotezalary delillendirmek üçin ýazmadym. Nazymyñ dine we dinden gözbaş alýan ahlak taglymaty bolan tasawwufa, hususanam möwlewiýeçilige çuññur hormaty bardy, emma onuñ bu tarapy hemme zatdan ötri medeni baglanşyklylykdan we bu topraklaryñ ynsany bolma psihologiýasyndan gelip çykýan artykmaçlygydygy anykdy. Ýöne şunu-da ýatdan çykarmazlyk gerek, kimdir biriniñ möwlewiýä meýil bildirmegi üçin onuñ musulman bolmagy, hasam beteri dindar bolmagy hökmany şert däl.
Nazym şahyr hem şahsyna mynasyp ahlakly kommunistdi, ol hem-ä ruhy gymmatlyklar bilen arasyny üzmeýän duýguçyl şahsyýetdi, hemem ýurduny janyndan eziz görýän hakyky watansöýüjidi.
Nazif AÝ.
06.06.2020 ý, ODATV.
Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW,
Stambul uniwersitetiniñ talyby.
Edebiýaty öwreniş