09:21 Nowruz hakyndaky rowaýatlar | |
NOWRUZ HAKYNDAKY ROWAÝATLAR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Döwletimiziñ ähli ýerinde Nowruz baýramyna gyzgyn taýýarlyk görülýär. Halkymyz gadymdan gelýän zähmet we bahar baýramyny bu ýyl özboluşly ruhubelentlik bilen belleýär. Asyrlaryñ dowamynda halkymyzyñ guwanjyna, şatlygyna şärik bolup gelýän Nowruz, örän gelýän Nowruz, örän gadym zamanlarda peýda bolupdyr. Taryhy esaslary ata-babalarymyz baharky urp-adatlaryna esaslanan Nowruz baýramy hakynda dürli rowaýatlar döredipdirler. Bu rowaýatlar dilden-dile geçip, halkyñ arasynda meşhur bolupdyr. Ata-babalarymyz Nowruz peýda bolmagyny tebigatyñ üýtgemegi, Gün, nur, zähmet we bahar, bereket bilen baglanyşdyrýarlar. Käbir hekaýatlarda Nowruzyñ legendar Jemşidiñ ady bilen baglanyşyklylygy, bu halk baýramynyñ örän gadymydygyna delil bolýar. Baharky zähmet möwsümini Nowruzdan başlamagy adat edinen halklar bu baýram hakynda biri-birinden ajaýyp rowaýatlar döredipdirler. Şolardan käbiri Abu Reýhan Birunynyñ ''Gadymy nesillerden galan ýadygärlikler'', Omar Haýýamynyñ ''Nowruznama'' eserlerinde beýan edilipdir. Bu rowaýatlarda Nowruzyñ haçan we nähili dörändigi hakynda anyk maglumat berilmese-de, nesillerimiziñ döredijiliginiñ gudratyna öwrülen bu söz dürdäneleri ㅡ rowaýatlar bahar baýramçylygynyñ örän gadymdan gelýänligini görkezýär. Aşakda Nowruz we onuñ käbir urp-adatlary hakyndaky rowaýatlary size hödürleýäris. JEMŞIDIÑ GUDRAT GÖRKEZEN GÜNI Jemşit patyşa bolansoñ, ma£usiýler dinini üýtgetdiler we bu iş edilen güni Nowruz, ýagny täze gün diýip atlandyrdylar. Bu gün Jemşitden öñ hem bellenýän bolsa-da, soñky haýyt gününe öwrüldi. Nowruzy haýyda öwürmek üçin şeýle hem diýipdirler: Jemşit özüne araba ýasadyp, şol gün araba mündi, jynlar we şeýtanlar ony howa göterip, bir günde Dunbowanddan Babyla alyp bardylar. Adamlar bu ajaýyp wakany görüp, şol gün haýyş etdiler we Jemşidiñ arabada uçuşyna öýkünip, sallançakda uçdular''. SÜLEÝMANYÑ ÝÜZÜGI Süleýman ibn Dawut özüniñ jadyly ýüzügini ýitiripdir. Tagta erki elden giden patyşa gamgyn bolup, näderini bilmändir. Emma aradan kyrk gün geçip, onuñ ýüzügi tapylypdyr we öñki ýagdaýyna dolanyp gelipdir. Şol gün älemdäki ähli hanlar, jandarlar, guşlar, döwler, a£darhalar, guşlar, döwler, a£darhalar Süleýmanyñ huzuryna baş egip gelipdirler. Muny görenler: ㅡ Nowruz omaded ㅡ ýagny ''täze gün geldi'' ㅡ diýipdirler. Şondan soñ şol güni ''Nowruz'' diýip atlandyrypdyrlar. Jadyly ýüzügiñ tapylanyna begenen Süleýman şemala buýruk beripdir, şemal ony täji-tagty bilen göterip barýarka, bir garlawajyñ höwürtgesine duşupdyrlar. Şonda garlawaç: ㅡ Eý, patyşa, höwürtgämde birnäçe ýumurtgam bar, olara azar berme ㅡ diýipdir. Süleýman garlawajyñ höwürtgesiniñ gapdalyndan geçipdir we bir bag-bakjaly ýere düşüpdir. Şol wagt ýañky garlawaç çüñkünde suw alyp gelipdir we Süleýmana bir çekirtgäniñ aýagyny sowgat beripdir. Nowruz güni suw sepip, sowgat bermek däbi, ine, şundan galypdyr. JEMŞIDIÑ TAGTY Rowaýat etmeklerine görä, Nowruz Jemşidiñ Häzirbeýjan iline gelen günümişin. Jemşit ol ýere gelip, özüne bir tagt ýasadyp, dürli gymmatbaha daşlar, dür-göwherler bilen bezelen täjini başyna geýip, tagtyna oturdy. Bu wagt Gün görnüp, onuñ şöhlesi Jemşidiñ täji bilen tagtyna düşüpdir. Birdenkä tutuş daş-töwerek ýagty bolupdyr. Bu ýagdaýy görüp geñ galan halk Jemşidiñ tagta çykan gününi ''nowruz", ýagny ''täze gün'' diýip baýram edipdirler. OT OÝLANYP TAPYLAN GÜNI Gündogar rowaýatlaryñ birinde aýdylmagyna görä, Jemşit günleriñ birinde towşan awlap ýören eken, birdenkä ol bir jadyly ýylany görüpdir. Derrew kemanyny eline alyp, ýylana tarap ok atypdyr. Ýylan bir görnüpdir-de, uly bir daşyñ aşagyndaky gowaga sümüp gaýyp bolupdyr. Jemşidiñ kemanyndan atylan ok bolsa daşa degipdir, daşdan bolsa uçgun syçrapdyr. Uçgunlaryñ biri daşyñ ýanyndaky gury ot-çöplere düşüp, ýanmaga başlapdyr. Adamlar şu wagta çenli ody görmändirler eken. Şonuñ üçin ody görüp, olar edil bir gudrat gören ýaly doñup galypdyrlar. Soñra derrew oda çokunypdyrlar. Şondan bäri olar ody mukaddes hasaplap gelipdirler we ony öçürmezlige çalşypdyrlar. Jemşidiñ ody ýüze çykaran gününi bolsa ''täze gün'', ýagny ''nowruz'' diýip atlandyrypdyrlar we baýram edip başlapdyrlar. BAÝRAMYÑ PERZENDI Ejiz baharyñ göbegenesimişin. Tañry oña gökden mesgen berenmişin. Onuñ Guldur mama diýen kömekçisi hem barmyşyn. Allatagalanyñ özi Ejize ýedi güni bagyşlapdyr, bu günler hutyñ on altynjy gününden başlanýarmyşyn. Nowruzyñ dünýä inmegine birnäçe gün galanda, aşak tarapdan ýyly şemal öwsüp başlaýar eken: bu Ejiz bilen Guldur mamanyñ şemalymyşyn. Olar wagty ýakynlan Baharaýyñ ýeñlegine çenli ýetip barmak üçin gyssagly ýola çykypdyrlar. Emma olara Kap dagynda ýaşaýan ýowuz döw päsgel berýärmişin. Döwüñ bir kömekçisi bar eken, mekirlikde Ýalmawuz kempir hem oña taý bolup biljek dälmiş. Agzynda bir dişi hem ýok eken, baryny döwler bilen urşup ýakalaşanda döwdüripdir, gaçyrypdyr. Bir gözli, hapa sözli, aýagy çolak, agsaklap ýöreýän, eñegi çüri, bir arryk garrap giden aýal bolup, adyna Lerzan kempir diýer ekenler. Ol Ejiz bilen Guldur mama päsgel berjek bolup, olaryñ ýolunda ähli erbetlikleri jemläp oturýan ekeni. Howada gümmürdi eşidilse, muny Guldur mama Baharaýyñ ýorganyny kakýar diýip pikir edipdirler. Eger ýorganyñ tozany bolsa, Guldur mama öz hasasy bilen uranda ýere gar ýagarmyşyn, eger tozany az bolsa, az-kem ýagyş ýagar ekeni. Ejiz bolsa Baharaýa göbegene bolmak üçin onuñ ýanyna barýarmyşyn. Ýowuz döw bilen onuñ hyzmatkäri Lerzan kempir Baharaýyñ jaýyna girmäge birnäçe gezek synanyşýar eken, emma her gezek Ejiziñ zarbasyna çydap bilmän, yzyna gaýdýarmyşyn. Lerzan kempir çydam edip bilmän daş-töwerekdäki daragtlara we jandarlara zäherini pürkýärmişin. Emma ýaşy birçene baran bu garrynyñ sowugy hiç zada kär etmez eken. Lerzan kempir aýazly sowuklaryny, gar tozgalaryny we gulagyñy kesip barýan ýiti sowuk ýellerini etegine salyp, meýdanlarda sergezdan bolup gezişine, eteginde baryny saçyp gidýär eken. Ol gyş ukusynda ýatan barlygyñ oýanmagyna päsgel berip, Baharyñ gelmegine ýol bermezlik maksady bilen o ýan-bu ýan ylgap, ýerden başyny göteren nahaly dagy göräýse iki üzüp bir ýalmaýar eken. Lerzan mamanyñ aýazyndan bihuş bolan daragtlar ençe wagta çenli doñup durýardylar. Ýedi günden soñ elinden hiç iş gelmedik Lerzan kempir özüniñ gowagyna gidýär eken. Ejiz Baharaýyñ çagasyny gundap, göz degäýmesin diýip hiç kime görkezmeýär. Çagany ýuwundyrmak üçin Aby rähnet suwy zerur eken. Guldur mama elindäki hasasy bilen hemme bulutlary üýşürip urýar eken. Bulutlardan ýagyş ýagyp başlaýarmyşyn. Ejiz Baharyñ perzendi ㅡ Nowruzy şol Aby rähmetde ýuwundyrýarmyşyn. Şondan soñ Ejiz bilen Guldur mama bäbegi Baharaýa berip, öz jaýlaryna dolandyrýar ekenler. Adamlar täze doglan çaganyñ ㅡ Nowruzyñ hatyrasyna baýram edýär ekenler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |