22:48 Nurmyrat Saryhanow hakynda | |
NURMYRAT SARYHANOW HAKYNDA
Edebi makalalar
Nurmyrat Saryhanowyň ady tutlanda, orta boýly, saryýagyz, mähirli adam, dury zehinli, janypkeş ýazyjy göz öňüňe gelýär. Onuň bilen her gezek söhbetdeş bolanyňda mertebeli adamdygyny, hakykaty gözleýji, täzeçil ýazyjydygyny ykrar edesiň gelýär. Nurmyrat Saryhanow bilen biz öň gaýybana tanyşdyk, men onuň başlangyç eserlerini gazet-žurnallaryň sahypalarynda okaýardym, olam meniň edebiýat mugallymydygymy bilýän ekeni. Hakyky tanyşlygymyz bolsa otuz altynjy ýylda Maryda başlanypdy. Men edara işi bilen Mara barypdym. Işimi gutaryp, Türkmen atly polkunda gulluk edýän ýoldaşymyň ýanyna sowuldym. Onuň bilen bir käse çaý içip yzyma gaýtmakçy bolanymda bolsa, şol wagtky “Gyzyl Goşun” gazetiniň sekretary Saryhanowa gabat geldim. Ol harby eşikdedi, elinde Anton Pawlowiç Çehowyň kitaby bardy. Ýoldaşym Söýünhan bizi tanyşdyrdy. Jaýyň daşynda igdedir tal agaçlarynyň goýy kölegesinde uzyn oturgyç bar ekeni, biz şonda oturyp, gyzykly söhbet etdik. Nurmyrat Saryhanow sähelçe ýylgyryp gepleýärdi, soranjaň adamdy, her bir zady bilmek isleýärdi. — Siziň Aşgabatda edebiýat okaýandygyňyzy men bilýärin, a indi bolsa sebäp bilen tanyş bolduk, gowy bolaýdy. Mümkin bolsa, Aşgabatdaky täzelikler barada, biziň galamdaşlarymyzyň ýazýan eserleri barada gürrüň edip berseňiz. Ähtibarly adamdan eşitseň gowy bolýar — diýip, ol maňa ýüzlendi. Dogrusyny aýtsam, meniň özümem ol döwürde edebiýatyň köp meselelerine akyl ýetirip bilmeýärdim, herhalda, men ýazyjynyň islegini kanagatlandyrmak isledim — öz bilşime görä aýtdym. Belkem, meniň aýdan zatlarym oňa azda-köpde peýda edendir. Biziň söhbet eden döwrümizde Nurmyrat Saryhanow edebiýat meýdanyna ýaňyrak gelipdi, harby-watançylyk temasyndan käbir çaklaňja hekaýadyr oçerkleri ýazýardy. Okyjylaryň göwnünden turan “Arzuw”, “Soňky öý”, “Şirin”, “Kitap”, “Şükür bagşy” eserlerini ol soň ýazdy. Ussat ýazyjy bilen eden söhbedimiziň soňunda men ondan döredijilik maksatlary bilen tanyşdyrmagy, geljekde öz okyjylaryny nähili eserler bilen begendirmek isleýändigini soradym. Şonda ol biraz pikir edip oturdy-da, şeýle diýdi: — “Arzuw” ady bilen iki sany hoş göwünli oba daýhany (aýal-erkek) barada bir hekaýa ýazmak isleýärin. Bu eserde men oba durmuşynyň daýhan ýaşaýşyna we aň-düşünjesine getiren üýtgeşikligini görkezmekçi bolýaryn. Garrylaryň “arzuw” diýen sözi giň manyda düşünmek derejesine baryp ýetendiklerini, ähli halkyň parahat durmuşda ynjalykly ýaşamagyny isleýändiklerini, şeýle bolanda öz maşgala durmuşlarynyň hem göwnejaý boljakdygyna ynam edýändiklerini görkezmekçi bolýaryn. Biziň gürrüňimiz uzaga çeken bolsa gerek, birden Söýünhan geldi-de: — Nurmyrat, myhman-a ýolagçydyr. Birden otludan galdyraýmaly — diýdi. — Ýolagçy bolsa, “Ýolagçy — ýolda ýagşy” diýenleri, indi biz mazaly tanyşdyk, her wagtam gürleşip bileris — diýip, ýazyjy ýerinden turdy. Olar meni Murgabyň köprüsine gelýänçä ugratdylar. Bu köp ýyl mundan öň bejerilen köneje köprüdi, ýöne özi ilata köp hyzmat edipdi, üstünden geçen adamlaryň hetdi-hasaby bolan däldir… Biziň üçimizem birden köprüniň erňeginden tutup, derýa seretdik. Şonda ýazyjy: — Murgabyň suwy azalypdyr, ýazda sil gelen döwründe ol joşup gyralaryna baryp urýardy — diýdi. Onsoň öz sözüne özi jogap beren ýaly edip: “pagta köp ekilýär, gök ekinlerem ekilýär, olaryň hemmesine suw gerek, bir kiçijik derýanyň suwy ýetýärmi näme? Berdi aga şu ýagdaýy nazarda tutup, baryp bäş ýyl mundan öň “Amyderýa” poemasyny ýazdy: “A:myny agdarsaň,kän hasyl önjek, Türkmenistan çöli gülzara dönjek” – diýip, uly arzuw etdi. — Bizde arzuwlar hasyl bolýar, bu gün bolmasa erte Amyderýanyň bol suwy Garagum çölüne akar. — Diýeniňiz gelsin, oňat niýet bilen geziber. “Ýagşy niýet – ýarym döwlet” — diýipdirler. Şu sözden soň biz bir-birimize saglyk we üstünlik arzuw edip hoşlaşdyk. Olar polka tarap ugradylar, men bolsam — otly menziline tarap. Olaryň ikisem harby eşikdedi, eşikleri gelşip durdy. Nurmyrat Saryhanow 1937-nji ýylda Aşgabada dolanyp gelipdi, gelen badyna hem “Arzuw” hekaýasyny çapa taýýarlamak bilen meşgullandy. Ol bir ýyl geçensoň “Sowet edebiýaty” (häzirki “Garagum”) žurnalynda çap edildi. Hekaýany köpçülik uly höwes bilen garşylady… *** Bir gezek men Nurmyrat Saryhanowa öz işleýän žanry boýunça sorag berdim — “Hekaýa ýazmak kynmy?” — Şeýle seretseň kyn däl ýaly: bir epizodly waka, çäkli gahrymanlar. A, özi welin, kyn, örän kyn — jemgyýete ýararly tema tapmaly, ony beýan etmek üçin degişli forma gözlemeli. “Forma” mazmuny beýan etmäge dahylly bolan ähli serişdeler girmeli: hekaýanyň kompozisiýasy, çeperçilik serişdeleri, gahrymanlaryň hereketleri… Iň soňunda hem ýazyjynyň ussatlygy — kiçi zatdan uly many çykarmaga bolan ukyby, bu bolsa aňsat däl, hemme adam Çehow däl ahbetin!.. Halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmek, parahatçylygy gorap saklamak Nurmyrat Saryhanowyň döredijiliginiň baş temasydyr. Parahatçylyk meselesi onuň irki eserlerinden başlap, iň soňky “Ene” hekaýasyna gelýänçä ähli döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ýazyjynyň öz ömri hem şunuň şaýadydyr, ol öz ömrüniň iň oňat ýyllaryny parahatçylygy goramaga sarp etdi. Nurmyrat Saryhanowyň soňky ýyllarda döreden ajaýyp eserleri “Şükür bagşydyr” “Ýagtylyga çykanlar” powestleri hem ýurt parahatçylygy bilen baglanyşyklydyr. Şükür bagşy halk sungatynyň tanymal wekili, halka ruhy taýdan lezzet beriji we adamçylyk sypatynda terbiýeleýji uly halypa. Ony gowy görýärler, hormatly myhman hökmünde bir obadan gelse, ikinji oba äkidýärler. Ol bir gezek myhmançylykdan dolananda, yzanda-çuwanlygyň üstüne gelýär. Onuň agasy eýranly Mämmetýar hanyň eline ýesir düşüpdir. Şu zerarly bütin maşgala, ähli oba gam çekýär. Şükür bagşy uzyn gije doganyny boşatmak barada pikir edýär, iň soňunda hem ony sazyň kömegi bilen boşatmagy ýüregine düwýär. Şeýdip, öň öz ilinde toý-baýramlarda şadyýan saz çalyp ýören bagşy, indi örän kyn we hatarly wezipäni ýerine ýetirmäge barýar. Ol Köpetdagyň çür depesine çykyp yzyna — ene topraga seredýär. Daglaryny, jülgelerini, ekerançylyk meýdanlaryny, ýurduň ähli gymmat, ähli mähriban zatlaryny göz öňüne getirýär. Bir görseň gaýgyly, bir görseň ýowuz ýagdaýa düşýär. “Bagşy atdan düşdi, onsoň sag gapdalyndaky üstüne abanyp duran uly dagyň çür depesine dyrmaşyp çykdy. Beýik dag! Ine, şu ýerde ol ozal yzyna öwrülip öz watanyna garady. Obasy aýak astyna geldi, näçe ýöredim diýse-de, giden ýeri ýok ýalydy…” Watan söýgüsi, dogan mähri oňa güýç berýär. Ol atyny gaty sürüp, dagdan aşýar, goňşy ýurduň çäginiň bir ýanyndan girýär… Bagşy keseki ýurtda, Mämmetýar hanyň tussaghanasynda bütin gijäni pikir edip geçirýär — Eýran halky onuň sazyna düşünermikä? Şükür bagşy Mämmetýar hanyň köşk bagşysy Gulam bagşy bilen ýaryşmaly. Gulam bagşy öz hanyny taryplaýar, Şükür bagşy bolsa halkyň güýç-kuwwatyny, adamçylyk sypatlaryny taryplaýar. Eýranlylar Şükür bagşynyň zähmetkeş halky wasp edip çalýan sazyna düşünýärler, onuň mazmunynyň özlerine ýakyndygyny duýýarlar we Şükür bagşynyň tarapyna geçýärler. “Şükür bagşy” powesti ekeranlaşdyryldy. Türkmen halk bagşysyny dünýäniň ähli päk ýürekli adamlary gördüler we halk sazynyň ynsanperwerligini ykrar etdiler. “Şükür bagşy” powesti jahanda gazaply uruş gidip durka çap edildi. Halklaryň, döwletleriň arasynda ýüze çykýan garşylyklary, dawa-jenjelleri ýarag güýji bilen çözmek gerek diýen faşistik düşünjäniň tersine türkmen ýazyjysynyň her bir jedelli meseläni ýaraşyk ýoly bilen, gan dökülişiksiz ýol bilen çözmek gerek diýen ideýany öňe sürmegi hemme ynsanperwer adamzada ýarady. Şu jähtden N.Saryhanowyň “Şükür bagşy” powesti biçak uly syýasy-jemgyýetçilik ähmiýete eýedir. Ol öz okyjylaryny watançylyk, doganlyk-dostluk we parahatçylyk ruhunda terbiýeleýär. … Şeýlelik bilen, biz hormatly ýazyjynyň döredijilik tematikasynyň ýene bir möhüm ugry bilen — watançylyk, doganlyk-dostluk we parahatçylyk meselelerini beýan edýän ugry bilen tanyşdyk. Agzybirlik, doganlyk-dostluk şeýle hem ýaraşmak meseleleri her bir halkyň durmuşyndaky iň wajyp, iň möhüm meselelerden hasaplanýar. Şonuň üçin hem jemgyýetde ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde onuň eserleriniň syýasy-terbiýeçilik ähmiýeti biçak uludyr. *** Nurmyrat Saryhanowyň ömri gysaga boldy, döredijilik işine ýeteni bolsa hasam az boldy. Bary-ýogy on-on iki ýyl. Ýöne şu aralykda hem merhum ýazyjy öz halkyna wepaly hyzmat etmegiň hötdesinden gelip bildi. Ol ýokary ideýaly eserleri döredip, türkmen edebiýatynyň altyn hazynasyna saldamly goşant goşdy. Nagym AŞYROW | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||