00:12 O dünýäde ýagdaý niçik? | |
O DÜNÝÄDE ÝAGDAÝ NIÇIK?
Geň-taňsy wakalar
“Ilkidurmuş adamy hem ýata suwa sereden wagtynda o ýerde öz keşbiniň tersine görünýändigine, çep eliň düşnüksiz ýagdaýda sag el bolýandygyna, sag eliň bolsa çep el bolup görünýändigine üns bermän durup bilen däldir. Suwdaky keşp hem edil kölege ýaly hiç zat duýanok, onuň maddy babatdaky diriligi ýok. Ana, şunuň netijesinde hem,, bu ýagdaýdan şol döwre kybap logiki netijer çykarylypdyr – adam suwda, özüniň ýaşap bilmejek ýerinde öz diri, çyn göwresiniň keşbini görenok-da öz ruhunyň keşbini görýär, şol ruh bolsa suwda adam sypatynda görünýär...” Bu sözler taryh ylymlarynyň doktory E.Şawkukowyň sözleri. Rowaýatlardaky, ertekilerdäki “aýna” temasynyň görnüşlerini sanap çykmagam mümkin däl. Mysal üçin, aýdanymyzda, ine, şeýleräk hekaýat ýygy-ýyydan gaýtalanýar – gerçek, gahryman şazada gyzdan gizlenýär, ýöne ony jadyly aýna garaýarlar-da tapaýýarlar. Bu ýagdaý şol gahryman tä aýnanyň aňyrsynda gizlenmelidigini kellesine getirýänçä dowam edýär. Ýa-da başga bir mysal alyp göreliň. Häzirki wagtda entek öli çykarylýança aýnalaryň öňüni mata bilen ýapmak däbi bar. Munuň esasy şo-ol gadymy yrym-ynanja direýär – merhumyň ruhunyň aýnadaky keşbi bu ýerde duran diri adamlaryň ruhunyň keşplerini görmän olaryň özlerini ruhdur öýdüp o dünýä alyp gidibermesin diýen gorkydyr... Tenden çykan janyň o dünýädäki durmuşyny bärdäki diri adamyň durmuşyndan tapawutlandyrmak düşünjesi gadym-gadym wagtlardan bäri dowam edip gelýän düşünjedir. Gadymy ýunanlaryň hem-de rimlileriň göz öňüne getirişlerinr görä, dünýäden öten adamlaryň dünýäsi, ýagny o dünýä ilkinji nobatda sowuklyk dünýäsidir. Taryhçylara öňräkden bäri täsin bir subutnama – patyşa Paweliň edip beren gürrüňiniň mazmuny mälimdir. Bir gezek ol, entek beýik knýaz döwründe Aleksandr Kurakin bilen aý-aýdyň agşamda hiç kime özlerini tanatman gezelenje çykýar. Olar bir köçeden öwrülenlerinde bir jaýyň girelgesinde Pawel çäkmenli, uzyndan gelen arryk bir göwräni görýär. Ine, onuň gürrüňinden bir parça: “Men onuň ýüz keşbini aýyl-saýyl edip bilmedim. Göwünem bolmasa, onuň dabanlary ýanýodanyň sowuk daşlaryna degende daş çakyşdyralandaky ýaly ses çykýardy. Men haýran galdym, haçan-da göwrämiň çep tarapynda, ýaňky göwre diýýänim bolsa hut şo tarapyndady, buz ýaly sowuklyk duýanymda meni gaplap alan üýtgeşik duýgy has-da güýçlendi...” Kurakin bolsa şol göze görünýän adamy-da görmändir, onuň aýak sesini-de eşitmändir. Soňra Ol Paweli bu zatlaryň hemmesi agşamky gezelenç wagtynda görülen düýş ýaly bir zatdyr ddiýip ynandyrjak bolupdyr. Ýöne Pawel welin oňa "Meniň ýadymda, men häzirem görenimiň arwahdygyny tassyklaýaryn, arwahy görenimde bolan zatlar dek düýn bolan ýaly häzirem hakydamda. Öýe gelen wagtym men çep egnimiň doňan ýaly bolup galandygyny diýdum, ýüzugra ýyly düşege girsem-de diňe aradan birnäçe sagat geçeninden soňra ýylaşdym...” diýipdir. Indi bolsa biz o dünýäniň iblisleri, alamatlary barada alymlardan käbir zatlary eşidip bileris. Parapsihologiýa babatda meşhur alymlar A.Dubrow bilen W.Puşkin dagy arwah-jynlary kadadan çykma-nädürs häsiýetli hadysalaryň öwrenilmegini talap edýän 19 görnüşiniň jemleýji tablisasyna goşupdyrlar. Şeýlelikde göze görünmeler-arwahlar saldamly ylmy barlaglary talap edýän predmete öwrülýär. Şeýle “howaýylyk” bilen meşgullanýan fizigiň ýokarda beýan edilen waka-sowuklyk baradaky hadysanyň üstünden baran arwahyň sowadyjy kamera bilen galtaşygynyň bardygynyň üstüni açaýmagy juda ähtimal ahbetin... Iňlis parapsihologlary o dünýäden görünýän bu ýagdaýa ölçeýji apparatlary hem “goşmaga” synanyşyk etdiler. Olar arwah-jynyň kesgitli günde, kesgitli sagatda peýda bolýan ýeri diýilýän köne galalaryň birinde termometriki datçikleri oturtdylar. Nähili bolandyr öýdýärsiňiz? Arwah özüniň endik edinen ýoly boýunça ýöräp ugranda datçiklerden signal berýän liniýa geçirilen pultda alymlar sowuk tolkunyň hereketini registrirlendiler. Özi hem aşak düşen sowuklyk gradusa barabar boldy! Diýmek, “mazardaky ýaly sowuklyk urdy” diýen gürrüňde belli bir esas bar bolup çykýar-da?! Eger-de, bu ölçeg maglumatlaryny Paweliň agşamky gezelenç wagtyndaky hekaýatyndaky “göwrämiň çep tarapynda buz ýaly sowuklyk duýanymda” diýen sözleri bilen deňeşdirseň o sözleriň hakykatdygyny boýun alaýmak galýar... Arwah-jynyň göze görünen halatynda ol ses çykarýar, fiziki nukdaýnazardan seredeniňde bolsa, bu güýç-energiýa sarp etmek bilen baglanyşykly bolmaly. Ýöne o güýji nireden aljak. Töweregi gurşap alýan howadan alýar diýmek logiki çaklama kybap gelýär. Juda geň galdyryjy bu ýagdaýlarda temperaturanyň sowamagynyň geňligini diňe şu çaklama bilen düşündirip bolar. Synag geçiriji parapsiholog ekstrasens W.Safonow ine, şeýle ýazýar: “Men biziň döwrümiziň ylmynyň hemmä mälim gazananlaryna daýanjak bolýandygymy gizläp duramok, ýöne, men şol bir wagtyň özünde ýene-de bir dünýäniň - geçmiş, häzirki döwür hem-de geljek, ýag bilen bal ýaly gatyşyp gidýän arş habarlary-informasiýalary dünýäsiniň bardygyny-da boýun almalydyryn. Häzirki zatlaryň hemmesi hut şol dünýä gidýär, özi hem o zatlar çäksiz “kompýuteri” döredeniň pikirlerini ýerine ýetirip, has çylşyrymlylaşdyrylan kämilleşmesini dowam etdirmäge gidýär...” Indi bolsa onuň arwah-jyn bilen duşuşygy baradaky subutnamasyny getireýin, onuň müşderileriniň biri şeýle gürrüň beripdir: "...Biziň maşgalamyz Moskwa oblastynyň Istra şäheriniň eteginde ýaşaýarka ýedi ýaşymy hem doldurmandym. Men ýoldaşlarym bilen öýümiziň gapdalyndaky boşlukda, bede küdeleriniň ýanynda gizlenpeçek oýnap ýördüm. Men “eşekçidim”. Özümden sähel uly çagalar meni aldap, öýli-öýlerine dagapdylar, men bolsa aldananymdan bihabar gözlegimi dowam etdirip ýördüm. Iňrik garalyp başlanda bolsa, ýagtydy. Birdenem, goňşymyz Arhipowlaryň öýünden çykyp gelýän adamlara gözüm düşdi, olar ýoda bilen gelýärdiler. Men olar ýaşytdaşlarymdyr öýdüp yzlaryndan ýetjek boldum. Ýöne men birnäçe ädim olaryň ýakynyna baranymda gorkymdan ýaňa doňup galdym, men Arhipowyň ýakynda aradan çykan daýysy Nikitany, onuň merhum aýalyny hem-de olaryň meniň ýaşlarymda ölen ogullaryny tanap galdym. Olar maňa ünsem berenokdylar. Men şo bada bu ýerden gaçyp gitdim...” Safonowyň toplan gürrüňleriniň arasynda şuňa meňzeş başga gürrüňlerem juda köp. Dogrymdan gelsem ol wakalar örän aýylganç, belki, wagtyň geçmegi bilen men olar barada hem okyjylara gürrüň bererin... Safonowyň bu toplanlarynyň biderek bolmajagyna, wagt gelmegi bilen olaryň salyhatly barlaglar üçin esas boljagyna ynanýaryn. “Anyklanmadyk ekologiýa” assosiasiýasynyň eksperti Ý.Fomin ýörite seanslar döwründe 100 ýylyň dowamynda toplanan ummasyz maglumatlary öwrendi, derňedi, ol şonda bu maglumatlaryň diňe 5 prosenti töwereginiň tassyk bolýandygyny kesgitledi. Galanlary bolsa adamyň öz tapan zatlarydyr. Onsoňam şeýle adamlar öz akyl derejelerine, fantaziýalaryna daýanmak bilen, arwah-jynlara, dürli keramatlara, başga planetalardan gelenlere, arş güýçlerine salgylanýarlar. Bular bir bolgusyz gürrüňler, olaryň çuňňur öwrenilmegi “ýokary güýçler” bilen gatnaşygy ýola goýmakçy bolýanlaryň peýdasyna çözülenok. Ýöne ýaňky agzalan 5 prosente girýän gürrüň-hekaýatlar welin Fomine “ölenleriň ruhy bilen gepleşýänleriň arahabarçysy bolup “informasion kompleksler” ýagny, merhumlaryň keşpleri çykyş edýär, şol keşp-ruhlar bolsa, ylmy synaglaryň görkezişi ýaly, adam aradan çykandan soňam ýaşaýar, hatda olar akyl ýetiriş derejesinde saklaýarlar” diýen netijä gelmäge mümkinçilik berdi. Gürrüň nähili eksperimentler-synaglar hakynda barýar? Mysal üçin, alnanda psiholog-gipnozçy B.Raýkowyň tejribeleri göz öňünde tutulýar, ol sözüň doly manysynda geň galdyryjy netijelere eýe boldy. Onuň tejribe geçiren adamlary gipnoz bilen çuňňur uka batyrylan wagtynda bir wagtlar aradan çykan garyndaşlarynyň häsiýetlerini, özlerini alyp baryşlaryny görkezipdirler, bolmasa şol adamlar o merhum garyndaşlaryny görmän hem ekenler, durmuşda hem hiç babatda olara meňzemeýän ekenler. Diýmek, “o dünýäden” nähilidir bir informasiýa-habar almak mümkinçiligi, megerem bar, ony peýdalanmak hem mümkin. B.ORLOW. “Неделя” gazeti, Moskwa. “Balkan” gazeti, 1992 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |