18:10 Oglum, düşün ahyryn... / gysga ýumor | |
OGLUM, DÜŞÜN AHYRYN...
Satiriki hekaýalar
- Eje, sen bir soñky wagtda ýazyp başlan ýaşlaryñ eserlerini okaýañny ýa kakamyñ ýazýan romanlaryndan, powestlerinden sypynyp bileñokmy? - Oglum, maña beýle töhmet atmagyn. Men ýaşlaryb eserleriniñ aglabasyny okaýandyryn. Ony señ özüñem añýansyñ. - Wah, añýan-la welin... - Weliñ näme, oglum? - Kakamam okaýsady. Eje, ýene bir gezek aýtsana oña, iñ bolmanda soñky döwürde çykýan hekaýalary bir okasyn-la. - Wah, oglum, kakañ o zatlary okamaga eli degýämi näme. Ol ýene bir romany gutarjak bolup ýör ahyry. Onsoñ ýazan eserlerim on tom boljak diýýär. Ogly uludan demini alyp, ýüzüni aşak saldy. "Beh, nädip kakama düşündirip bolarka?! Nädip soñky döwrüñ ýazyjy-şahyrlary bilen ony tanyşdyryp borka? Kakam olaryñ eserlerini okamakdan-a geçen, özlerinem tananok" diýip, ýuwaşja pyşyrdady. - Sen bir düşün ahyry - diýip, ejesi oglunyñ pikirini böldi. - Oglum, kakañ uly ýazyjy ahyryn. Ony tanamaýan ýok. Onsoñ ol wagt tapsa düýplüräk zatlary okamaly ahyryn. "Ýaşlaryñ eserlerini okanymdan daşary ýurt klassyklaryndan birini okanym maña peýdaly" diýip aýdýar ahyryn. - Daşary ýurt klassyklaryny bir okaýarmyka? Bu sapar oglanyñ ejesi uludan demini alyp ýüzüni aşak saldy. Ahyry hem oglunyñ gaýga batyp, alada galyp oturmagyna dözmän: Oglum, jan oglum, sen bir düşün ahyryn. Kakañ soñky döwürde dörän ýazyjylaryñ, aýratynam ýaşlaryñ eserini okap bilmez ahyryn. Olary okasa özüniñ nähili ýazyjydygyna gözi ýeter, düşüner, onsoñ hiç zat ýazybam bilmez - diýdi. Rejep ALLANAZAROW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1986. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |